Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:57
Sähel zada ejizleýän...
Suratçy: © Oguldöndi Çerkezowa

Sähel zada ejizleýän,
Men bir sada görgüliň!
Geldim ýene huzuryňa,
Bütin ömür bergilim!

Sen dälmidiň çaga wagtym
Aglanymda köşeşdirip,
Sen dälmidiň örüm saçym
Emaý bilen çözleşdirip,
,, Entäk-entäk dirikäm bir,
Ýaş dökmegin gyzym " diýen.
,, Mele buýra saçjagazyň,
Sowuk ýele dözmen " diýen.

Şol günlerem daşda galdy,
Durmuş ara saldy wagty.
Ýöne, ýene agladym men,
Öňkümden has tapawutly.

Sebäp käbir duýgularym,
Ýüregime berýär agram.
Käbäm, indi barmagym däl,
Has näzigräk ýerde ýaram.

Köp ýerlerde sada boldum,
Köp ýerlerde gödek boldum.
Ýöne seniň diýişiň dek,
Ejizlere hemra boldum.

Indem özüm ejiz gelýän,
Durmuşyň agyr-ýeňlinden.
Şonda-da men ýeňilmerin,
Sypap durýarkaň egnimden.

© Enemähri GUWANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 241 | Mowzugy paýlaşan: Garlawac | Teg: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Pero • 13:13, 11.09.2023
Birhili motiwasiýa berýär bi goṣgy. Ṣeýle göreṣli,ýeñiṣ-ýeñliṣli durmuṣda ýaṣaýanyñy ýada düṣürdi. Menem goṣguny okap biraz joṣdum hemem özüme ṣeý diýdim: Büdresek büdräli,ýykylsak ýykylaly,esasy zat adam bolup galaly!

Awtora berekella!
avatar
0
2 Garlawac • 10:15, 29.09.2023
Sagboluň:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203