17:29 Sen özüňi ýigrendirjek bolmagyn! | |
Sen özüňi ýigrendirjek bolmagyn, Bilýäň-ä ýüregim o duýga gedaý. Gitmegiňe öýkäm sebäp bolmasyn, Gidesiň gelýämi, sebäpsiz gidäý! Bir gitdiňmi, dolanma soň yzyňa, Gün bolsamam saňa şugla saçmaryn. Bir gün ýetip duýgularmyň gadryna, Ýene kaksaň ýüregimiň gapysyn, Daşyndan ýapan sen, menem açmaryn. Ejizlemen jylawlaryn duýgymy, Ötä: gitsem setirlemde ýatlaryn. Ýöne welin dolanmazlygyň üçin Ýalanjykdan bagtlydygmam agzaryn. Wagtam geçip dur bize seretmän, Olam eder elden gelen kömegin. Haýp, eden arzuwlarma degmediň, Ýüregi söýgimden ejiz gelenim! Unudarnam belki seň unduşyň dek, Ýöne peýdasy ýok göwnüme degmäň. Sebäp meni söýüp başarmaýşyň dek, Menem ýigrenmegi başarman, didäm! 02.09.2022. © Enemähri GUWANOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |