11:05 Eý, şygrymyň muşdagy! | |
EÝ, ŞYGRYMYŇ MUŞDAGY! Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! Ol saňa hemişe şowlulyk getir. Ol seni hemişe gorar beladan, Ol seni hemişe arzuwňa ýetir. Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! Ýat tut, doga dönen täsin gepleri. Meniň her setirim, bilýärin, hökmän, Seniň ykbalyňa täsir etmeli. Ony ussadym Suw salandyr ýola, Oňa ussadym Gün demin salandyr, Oň ähli jadysy sadalygynda, Allanyň adyndan ylham alandyr. Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! Onuň ýöne ýazylmanyn bil indi. Her setiri üçin, her sözi üçin, Ýürejigim set müň para dilindi. Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! Çünki onda mukamy bar Karkaraň, Onda dyrnagna çen pähimli Ýunus, Parasatly Gülpamy bar Baýkaraň. Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! Onuň ýeke özi müň atlyk güýçdür. Diňe şol güýç seni duşurar söýgä, Söýgi – ýeke ýola görülýän düýşdür. Şol düýşi görmese, oýanmaz Bagtyň, Gündiziň reňkine boýanmaz Bagtyň, Säheriň gujagyn gereri ýaly, Şol oraşan düýşi göreri ýaly, Sen meniň ýekeje goşgymy ýat tut! 2006ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |