08:56 Üç goşgy | |
ÜÇ GOŞGY Düşelgemi, geçelgemi, bilmedim, Siňip gitdim adamlaryň içine. Salamlaşdym, sagbollaşdym, durmadym, Hiç çykyp bilmedim aňyrçetine. Adam tokaýynda azaşyp ýörün, Ýol-ýodany bilip, aýňalyp bilmän. Gowusy, has gür ýerine gideýin, Ölsem, gyra çykarlar-la eglemän. 22.08.1998ý. *** Az wagtlyk şatlyk beren Hudaýym: «Besdir, çagalygyň geçýär deňiňden. Özüň dürse, sen kyn ýola düşmeli, Wagt boldy!» diýip, çekýär ýeňimden. Çarkandakly ýoldan agras ädimläp, Uzakdan ynamly gelýär Hyýalym. Iň agyr ýüki alyp, iň agyr ýoldan, Barýar bolgusyzja, sada Ykbalym. 26.08.1998ý. *** Lezzetli hem ezýetli, Nämekä, bi terpinen?! Görüň, ýüregmi şumat, Ýüz perdesi serpilen. Şygrym joşman, şytyrdap, Ýüregimden kertilen. Goşgy, Aýdym suw bolup, Gursagyma serpilen. Ýaýylyp ýatan ýaýla:m-da, Maňa gudrat gördüren. ...Hanha, mazarym görýän, Üsti gül bilen örtülen. 29.08.1998ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |