Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:14
Galamyň gujagyndaky dünýä
GALAMYŇ GUJAGYNDAKY DÜNÝÄ
(Dürli ýyllaryň ýazgy depderçelerinden)

«Esse» fransuz sözi bolup, ýazyjynyň haýsydyr bir mesele boýunça pikir ýöretmesidir. Ýöne söz sungatynyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, onuň göwrümi gysgajyk bolýar. Ol çeper edebiýatyň edebi tankyt, publisistika görnüşlerini, şeýle-de, pelsepäni öz içine alýar.
Söz sungatynyň dünýä edebiýatynda giňden ýaýran bu görnüşini türkmen edebiýatyna şahyr Kerim Gurbannepesow getirdi. Halypanyň «Tomus ýazgylaryny» okyjylar gyzgyn garşyladylar.
Aradan birnäçe ýyl geçenden soňra, halypa ýazyjy Atajan Taganyň «Kyrk ýylda ýazylan kitap» gündelik — essesi döwürleýin metbugatda peýda boldy. Türkmeniň beýik ogullary hakdaky ýatlamalara, taryhymyza, edebiýatymyza, medeniýetimize dahylly gymmatly maglumatlara, adamyň durmuşdaky orny, edep-ekramy, ahlagy, borjy baradaky çugdamlanan pikirlere, pelsepeli oýlanmalara baý bu kitabam çeper sözüň teşnelerini biparh goýmady. Kim bilýär, belki, geljekde edebiýatyň bu özboluşly görnüşi täze söz ussatlaryny ýüze çykarar! Umytda bolmak gowy zat!
Men golaýda «Tomus ýazgylaryny» gaýtadan okap çykdym. «On tonna şöhraty omzuna atyp, Şonça ýüki duýman gelýän» Berdi Kerbabaýew, ýat ýurtda peji işlemeýän sowuk myhmanhanada ýarygije ýuwaşlyk bilen turup, ýoldaşynyň üstüne paltosyny ýapan Gara Seýitliýew, soňky deminde dutar soraýan Sahy Jepbarow hakdaky parçalary tolgunman okamak mümkin däl. Bu toprak, gör, nähili beýik şahslary dünýä beripdir!
«Tomus ýazgylaryndan» ýürege jüňk bolýan aşaky pikirleri göçürip aldym:«Sen dünýäde barmy? Bar. Emma öz barlygyň bilen, iň bolmanda, bir adamyň çökgün göwnüni göterip bilmedik bolsaň ýa-da bir bagtlynyň göterilen göwnüni bilkastlaýyn çökeren bolsaň, ol seniň ýoklugyňdyr.
...Özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.
Ýüzläp-ýüzläp kyn borçlaryň arasynda örän aňsat bir borç bar. Oňa «syrkaw soramak» diýilýär. Ýöne ol aňsat bolsa hem, hemme kişä başartmaýar».

* * *

Ejemiň çaý başynda aýdanlaryndan:
«Goňşyňyzda palaw bişip, öz öýüňizde çorba bişse, goňşyňyz tarapa agzyňyzy suwardyp bakmaň. Bu gün sizi çorba ýetiren Hudaý ertir palawa-da ýetirer.
Uly iliň sygýan köçesine bir özüňiz sygman ýörmäň!
Ägä boluň: bir kiçijik ýaman zat dörän ýerde hökman bir uly ýaman zat-da döreýändir.
Men şu ömrümde dogmadykdan ogully, dogramçadan ýagly bolan adamy görmedim.
Namysyny guma gömen kişiniň il-günden öýkelän bolmasy nämekä?
Agaç öýde oturan halyňa, altyn gapyny arzuw etmek nämä gerek?
Girim-çykymy bolmadyk öýden öý bolmaz.
Bäri daýy-daýzalaryňyzyň biri gelip, beýlekisi gidýändir. Hergiz daryganyňyzy, gaşyňyzy çytanyňyzy görmäýin. Entek pejiň golaýynda ejeňiz oturandyr, şonuň gözi hemişelik ýumuldygy, olaryňam aýaklary çekiler».

* * *

Utanjaňlyk zenanlary bezese hem, erkeklere köp ýerde zyýan edýär. Men bu pikiri öz mysalymda subut edip biljek.
Uniwersitetde okan döwrümde mugallymymyz — edebiýatçy alym, şahyr Begmyrat Ussaýew meni aýratyn gowy görerdi. Adymyň yzyna hemişe «jan» sözüni goşup ýüzlenerdi. Ol meni halypa şahyr, ussat terjimeçi Durdy Haldurdy bilen tanyşdyrmakçy bolupdy. Ýöne utanjaňlygym muňa ýol bermändi.
Diplom işimi hormatly mugallymymyň ýolbaşçylygynda Ata Atajanowyň döredijiliginden ýazdym. Onuň iň ýokary baha mynasyp bolanyna özümden artyk begenen Begmyrat Ussaýew: «Aman jan, işiň bir nusgasyny Ata Hajyýewiçe ýadygärlik bersek nädýär? Hoşgöwün adamdyr, hem tanşarsyň, hem-de ony begendirersiň» diýdi. Ýene-de utanjaňlyk päsgel berdi.
Ýokary okuw mekdebini tamamlap gelip, welaýat gazetinde işläp ýörün. Bir gün irden telefon uzyn jyrlady. Galdyrdym.
— Salawmaleýkim! Şu «Balkan» gazetiniň redaksiýasymy?
— Hawa.
— Maňa Amanmyrat Kiçigulow gerekdi.
— Şol-a men bolmaly.
— Hä, saglykmysyň, inim. Men — Ýylgaý dädeň...Ýylgaý Durdyýew.
Gaýtadan gadyrly salamlaşdyk.
— Inim, ýakyn wagtda ýaş ýazyjylaryň maslahaty geçiriljek. Men seniň terjimeleriňi okaýan. Şolardan has gowy hasap edýäniňden bir hekaýany taýýarla. Men anyk wagtyny soňra habar bererin. Sen maslahata hökman gatnaş, inim, bolýarmy?
— Bolýar, Ýylgaý däde!
Halypa söz bersemem, şol maslahata gatnaşmadym. Sebäbi — utanjaňlyk.
Türkmen terjimeçilik sungatynda uly yz goýan Kakabaý Gurbanmyradowyň salamyny birnäçe gezek gowşurdylar, halypanyň meniň bilen tanyşmakçy bolýandygyny aýtdylar. Zähmet rugsadynda onuň ýanyna gidip bolardy ahyry! Çaý başynda derdi-hal aýdyşardyk, döredijilik gürrüňini ederdik... Indi öküneniňden ne peýda!
Sypdyrylan pursatlar başga-da bar. Gereginden artyk utanjaňlyk ýaýdanjaňlygy döredýär. Ýaýdanjaňlygyň bolsa adamy köp zatdan mahrum edýändigi durmuş hakykaty.

* * *

Bir gün abraýly gazetiň redaktory aýalynyň doganyny A.P.Çehow bilen tanyşdyrypdyr.
— Anton Pawlowiç, ynha, bu hem ýazyjylyga baş goşdy. Hekaýalaryny okap gördüm. Olarda uçgunjyk, pikir bar — diýipdir.
Beýik ýazyjy gozgalaň tapypdyr. Soňra özüne zor salyp ýylgyryp, ýaş ýazyja şeýle maslahat beripdir:
— Pikir gerek däl! Onuň asla zerurlygy ýok. Diňe öz görýän, duýýan zadyňy dogruçyl beýan etmeli. Menden ol ýa-da beýleki hekaýada näme aýtmakçy bolandygymy soraýarlar, ýöne men beýle sowala hiç wagt jogap gaýtaramok. Men hekaýada hiç zat aýtmak islämok. Meniň borjum öwretmek däl-de, ýazmak!
Pikir gerek däl! Janly, dogruçyl keşpleriň özi pikir döredýär. Pikir hiç wagt keşp döredip bilýän däldir.

* * *

Ýaponiýada ussa zehinli hasaplaýan şägirdine öz familiýasyny berýär. Eger şägirt halypasynyň tamasyny ödemese, ýagny kämillige ýetmese, ussa oňa familiýasynyň diňe bir bölegini berýär.

* * *

Adam bu dünýäde ýaşap ýörkä, birnäçe nädogry hereketleri edýär. Özünden utanyp, olary unutmak isleýär. Unutdym hasap edibem, öz göwnüni aldap gezýär.
Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, nämedir bir zat bilen baglylykda, şol nädogry hereketler ýene ýadyna düşüp, ony bimaza edýärler.
Hawa, biziň unutdyk hasap edip ýören zatlarymyz geçmişe gidenoklar-da, tersine, özümize duýdurman, hemişe öňümizden ýöräp barýarlar.

* * *

Isaak Nýutony açyşa iteren alma agajy garraýar we 1820-nji ýylda gopan apy-tupana tap getirip bilmän, bölek-bölek bolýar. Onuň galyndylaryndan stol ýasap, beýik fizigiň muzeýinde goýýarlar.

* * *

Iki täsinlik:
Dünýäde ilkinji kosmonawt Ýuriý Gagarin asmanda adaty bolmadyk çylşyrymly hem-de aňrybaş şirin saz eşidýär. Aradan birnäçe wagt geçýär. Ol şol sazy indi Ýerde eşidip, juda geň galýar. Şol saz Wýaçeslaw Meşşeriniň ýolbaşçylygynda elektron gurallary ansamblynyň kompozisiýasy eken. Ýuriý Gagarin gyzyklanyp görse, kosmosdaka bu saz entek döredilmän eken. Ol birnäçe ýyl geçenden soňra döredilipdir.
Fransuz uçarmany, dünýä meşhur ýazyjy Antuan de Sent-Ekzýuperi uç-gyraksyz Saharada gonmaga mejbur bolýar. Dolandyryşy ýiten uçary bejerip, ýene asmana göterilip bolmajakdygy mese-mälim. Ilatly ýer 1000 kilometr daşlykda ýerleşýär. Oňa ýetmek mümkin däl. Ýazyjy ölümini boýun alýar.
Ol uçaryň ganatynyň aşagyna geçýär. Ýanyndaky suwdan owurtlaýar. Ýatmakçy bolup, gözlerini ýumýar. Ýöne ajal garawullap durka, ýatyp boljakmy. Ýazyjy gözlerini açýar weli, öňünde bir oglanjyk dur! Ol uçarmana ýylgyryp bakyp: «Gorkma! Seni basym halas ederler. Hemme zat gül ýaly bolar» diýýär.
«Oglanjyk meniň gözüme görünýän bolmaly ýa-da akylym üýtgäp ugrapdyr» diýip oýlanan Ekzýuperi ýene gözlerini ýumýar. Sähel salymdanam gürrüldi eşidilip, gözlerini ýalpa açýar. Görse, özüne tarap bir uçar golaýlap gelýär.
Şeýdibem, ol ölümden halas bolýar.

* * *

Söz ussady Mämmet Seýidowyň pähimlerinden:

Her kim öz-özüni bilýän bolsady,
Ne gybat bolardy, ne-de myjabat.

Gören ýokdur çaşyp ýatan göwheri,
Göwher bolsaň, göterenler tapylar.

Soňky göreşleriň hatyrasyna,
Ölümden eýmenmek gorkaklyk däldir.

Gowy adamlardan başlanýan ýollar,
Gowy adamlaryň işigne elter.

Bigadyr ýeriňde çabga bolandan,
Damja bolgun gadryň bilinýän ýerde.

Beýikleriň bu hem bir beýikligi:
Elmydama saklaýarlar bir tabyn.

Tylla deregine geçen apbasy,
Öňküje nyrhyna dolanyp geldi.

* * *

Zähmet rugsadynda Aşgabada geldim. Tutuş bir güni Döwlet kitaphanasynda geçirdim. Güler ýüzli işgärler soran neşirimi uzak garaşdyrman getirip duransoň, dünýäni unudyp, hezil edip işledim.
Maňa gerek žurnallardyr kitaplar geçen asyryň ellinji ýyllarynda çap edilen bolmalydy. Olaryň haýsyny eliňe alsaň, birinji sahypasynda: «Mämmetdurdy Annagurdowyň şahsy kitaphanasy» diýen bellik bardy. Ýurdumyzda sowatly ýaşlaryň kemala gelmeginde saldamly goşant goşan bu ýaşulynyň şahsy kitaphanasynda örän köp taryhy, edebi, ylmy žurnallaryň, kitaplaryň bolandygyndan, olary ömrüniň soňky ýyllarynda kitaphana tabşyrandygyndan habarlydym.
Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow bir goşgusynda:
Bu dünýä nähili owadan, dostlar,
Adam bu dünýäniň iň ajap nagşy.

diýip ýazypdy. Ynsan jemgyýetiň öňündäki borjuna düşünip, asylly, medeniýetli ýaşamaly, belent adamkärçiligi bilen töweregindäkilere görelde bolmaly. Halk ýagty jahanda manyly ömür süren adamlary unutmaýar, olary ýagşylykda ýatlaýar. Şeýle adamlaryň biri bolan Mämmetdurdy aganyň ýurduny täzelänine ençeme ýyl geçdi. Bu gün onuň nesillere miras goýan baý hazynasy il-güne hyzmat edýär.
Men kitaphanadan çykyp gaýdyşyma, ine, şu barada oýlandym.
Jaýyňyz jennet bolsun, Mämmetdurdy aga!

* * *

Okalan kitaplardan göçürilip alnan çuňňur pikirler
Oty süýde wagt öwürýändir.

* * *

Guşjagazy tutmak üçin, heý-de, agaç kesilermi?

* * *

Pesde uçýan adama aşak gaçmak howpy bardyr.

* * *

Adamlar, köplenç, uly daşlara däl-de, daşjagazlara büdreýändir.

* * *

Iň owadan guşlar tora beýleki guşlardan öň düşýändir.
(Iňlis ýazyjysy Erl Derr Biggersiň «Perdäniň aňry tarapynda» kitabyndan).
Meniň dymma häsiýetim bar, gören zadymy aýtmaýaryn, öz miwelerimiň süýjüligini-de lakgyldy bilen zäherlemeýärin.

* * *

Ýaman zat edil syrtlan ýalydyr: hiç wagt ýeke gezýän däldir.

* * *

Pil adamdan elli esse güýçli-de bolsa, ýa-ha şoňa tabyndyr, ýa-da şonuň elinden heläk bolýandyr.
(Polýak ýazyjysy Boleslaw Prusuň «Faraon» romanyndan).
Çalt akýan derýalar deňze ýetýän däldir. Olar çägä siňip gidýändir.

* * *

Öküz, näme, öz çekip gelýän arabasyny halaýandyr öýdýärmiň?

* * *

Bir zady berk bellegin: kim şatlygyny çakdanaşa ýüze çykarsa, oňa betbagtçylyk garaşýandyr.
(Burýat ýazyjysy Isaý Kalaşnikowyň «Ýowuz asyr» romanyndan).

* * *

Durmuşyň, mälim bolşy ýaly, müňläp oýny bar. Bu gün bir zat şatlandyrsa, ertir başga bir zat, aýdylyşy ýaly, keýpe sogan dograýar. Adamlar gylyk-häsiýetleri boýunça biri-birinden tapawutly: olaryň käbiri ýüze çykýan ahwalatlary ýüregine alyp ýörenok, käbiri bolsa gaýgy-hasrata batyp, giň jahanda janyna jaý tapanok... Ikinji häsiýetli adamlary keýpsizligiň torundan çykaryp biljek zat barmyka? Amerikaly professor Jeýms Pennebeýker olara gündelik ýöretmegi maslahat berýär. Onuň ynamly aýtmagyna görä, adam diňe özüne dahylly güýçli duýgulary, pikirleri kagyz ýüzüne geçirende, ýagny öz ýagdaýyny töwerekleýin seljerende, onuň bedenindäki dartgynlylyk mese-mälim gowşaýar, gan basyşy kadalaşýar. Bu birnäçe adamda geçirilen «ýazuw terapiýasynyň» beren netijesi.
«Azyndan 4 günläp, 20 minutyň dowamynda arasyny üzmezden hem-de harp ýalňyşydyr beýleki ýazuw ýalňyşlyklary hakda oýlanmazdan, gorkularyňyzyň, şowsuzlyklaryňyzyň, gaýgy-gussalaryňyzyň, öýke-kineleriňiziň sebäplerini özüňizçe düşündirip, kagyz ýüzüne geçiriň. Şonda onuň özboluşly lukmandygyna göz ýetirersiňiz. Ýöne hiç wagt öz öýke-kineleriňizi, arz-şikaýatlaryňyzy gury, ýagny düşündirişsiz beýan etmäň. Munuň hiç hili peýdasy ýokdur» diýip, professor maslahat berýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Amanmyrat Kiçigulow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 14:44, 26.02.2023
"Gören ýokdur çaşyp ýatan göwheri,
Göwher bolsaň, göterenler tapylar."

Mämmet Seýidowyñ juda manyly eserleri bar. Ýöne näme üçindir bu USATLARYŇ ady az tutulýar indi.
Gűrrüñçilikde şeýle diýýärler köplenç :
"Gowy ýazýan bolsa ir ölerdi-le" - elbetde bu ýönekeý aýdylaýýan, degişme, gürrüñdeşiñi diñleýänini bildirmek üçin gepgoşuldy bolýan wagtlary aydylýan umumy söz ýaly bir zat.

Mämmet Seýodow ýaly ussatlaryñ gyzylyñ gyryndysy ýaly goşgusyny okap bir zady pikir edýãn:
Şular hem ýaş wagty şunça ýazanlaryny ýazyp uly ýaşa ýetmänkäler dünýesini täzelän bolsalar poeziýalary dilden - dile dessan kibi geçip häzirem her temada, her edebi ýatlamalar, makalalarda agzalyp, has gymmatly bolup ýeterdiletmikä?!
avatar
0
2 Medicall • 14:48, 26.02.2023
Şu awtor aganyñ goýras, salyhatly makalalaryny okamagyñ özem bir mekdep. Öñ "Balkan" gazetinde köp çykardy, özem nurana ýaşuly adam ekeni, ýazýan zatlaram nurana, ýagśylyga ýugrulan öwüt-ündew ýaly täsirli
avatar
0
3 Pero • 15:38, 11.04.2023
Gowy zatlary bellik eden ekeni
avatar

Старая форма входа
Total users: 203