Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:22
Polkownige hat ýazýan ýok/powestiň dowamy-1
POLKOWNIGE HAT ÝAZÝAN ÝOK/dowamy-1

Poçta hadymy gäminiň üstüne çykyp, haltany çözüp, arkasyna atan pursadyndan başlap, polkownik ondan gözüni aýyrmady. Otlem-ötlem dükanjyklaryň we görkezmäge goýlan dürli reňkli harytlar münder bolup duran ammarlaryň arasyndan gämi duralgasyna ugurdaş köçe bilen onuň yzyna düşüp barýardy. Her
gezek poçta hadymynyň yzyna düşüp gidende, polkownik mydama, birhili, üýtgeşik, ýöne hökman edil gorky ýaly darykdyryjy howsalany başdan geçirerdi.
Poçtada lukman gazetleriň gelerine garaşýardy.
Polkownik:
— Lukman, aýalym öýümizde «siziň üstüňizden gaýnag suw dagy guýlan-a däldir-ä?» diýip soramagy haýyş etdi — diýdi.
Lukman ýaşdy, gara buýra saçlary ýalpyldap durdy, dişleriniň ajaýyplygy ynanardan beterdi. Ol näsagyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Polkownik hatlary öýjüklere elipbiý tertibinde ýerleşdirip duran poçta hadymyny gözden salman durşuna, jikme-jik jogap berdi. Onuň äwmezek hereketine polkownigiň ýeňse damary gataýardy.
Lukman hatlary we gazetli bukjany aldy. Ylmy neşirleriň gysgaça beýany berilýän kitapçalary bir gyra goýup, hatlary okamaga durdy. Poçta hadymy bolsa şol wagtýygnananlarapoçtany paýlaýardy. Polkownik öz adynyň birinji harpyna hatlar goýlan öýjüge nazar aýlady: bukjanyň gyralary gök zolakly we «awia» belgili hata gözi düşende tolgunmasy artdy.
Lukman gazetli bukjanyň möhürini gopardy. Ol has möhüm maglumatlary gözden geçirýärkä, polkownik öýjükden gözlerini aýranokdy — poçta hadymy öýjügiň ýanynda saklanar öýtdi. Ýöne ol saklanmady. Lukman gazetlerden ünsüni sowdy, ilki polkownige, soň eýýäm telegraf enjamynyň ýanynda oturan poçta hadymyna, soň ýene polkownige seretdi-de:
— Ýörüň — diýdi.
Poçta hadymy başyny galdyrmady.
— Polkownige hiç zat ýok.
Polkownik utandy.
— Men hiç zada garaşmandymam — diýip ýalan sözledi. Soň çaga garaýşy bilen lukmana seretdi. — Maňa hiç kim hat ýazanok.
Olar yzlaryna dymşyp gaýtdy. Lukman gazetlere gümrady. Polkownik adaty ýöreýşi bilen barýardy: ol hamana ýitiren teňňesini gözleýän ýaly görünýärdi. Güneşli agşamdy. Meýdançadaky badam agaçlary köne ýapraklaryny dökýärdi. Lukmanyň iş otagyna ýetenlerinde iňrik garalyp ugrapdy.

Polkownik:
— Näme täzelik? — diýip sorady.
Lukman oňa birnäçe gazet berdi.
— Belli däl. Elekden geçirilen setirleriň arasyndan bir zat okap aňmak kyn — diýdi.
Polkownik iň iri sözbaşylary okady. Halkara habarlary. Sahypanyň ýokarsynda Sues kanalyny döwlet eýeçiligine geçirmek hakynda dört sütün. Birinji sahypany tutuşlygyna diýen ýaly aradan çykanlar baradaky habarlar tutýardy.
— Saýlawlardan-ha hiç hili tama ýok — diýip, polkownik dillendi.
Lukman:
— Beýle sada bolmasaňyzlaň, polkownik. Biz täze bir pygamberiň gelerine bil baglar ýaly, indi oglan-oglanjyk däl ahyry — diýip jogap gaýtardy.
Polkownik gazetleri yzyna berjek boldy. Ýöne lukman:
— Özüňizde durubersin. Agşam okarsyňyz, ertir bolsa yzyna beräýersiňiz — diýdi.
Sagat sekizden işläninde, minarada kinolara degişli jaň kakylyp başlandy. Filmleriň gysgaça mazmuny ýazylan görkezijini poçta arkaly alýan tagsyr Anhel olaryň ahlak derejesi bilen halaýygy habarly etmek üçin kilise jaňlaryny peýdalanardy. Polkownigiň aýaly on iki urgy sanady. Ol:
— Hemme kişä zyýanly. Eýýäm bir ýyl bäri hemme kişä zyýanly filmler görkezilýär — diýdi-de, peşehanany goýberip: — Dünýä azgynlyga gark boldy — diýip pyşyrdady.
Polkownik jogap bermedi. Horazy krowatyň aýagyna daňdy, öýüň gapylaryny gulplady, ýatyş otagyna çybyn-çirkeýlere garşy serişdäni pürkdi. Soň çyrany ýerde goýup, tor sallançagy asdy-da, gazet okamak üçin gyşardy.
Gazetleri çap edilişi ýaly yzygiderlikde, birinji sahypadan başlap, soňkusyna çenli bildirişleri bilen okaýardy. Sagat on birde surnaýyň sesi komendant sagadynyň başlananyny7 mälim etdi. Ýarym sagatdan polkownik okamasyny gutardy, gapyny howla — gözedürtme garaňka tarap açdy, buşugdy-da, çybynlardan gaçyp ýeňse berdi. Otaga dolanyp gelende, aýaly entek uklaman eken. Aýaly:
— Weteranlar hakda hiç zat ýazanoklarmy? — diýip sorady.
— Hiç zat. — Polkownik çyrany öçürip, tor sallançakda gyşardy. — Öňler juda bolmanda pensionerleriň sanawlaryny çap ederdiler. Indi bolsa, ine, bäş ýyldyr, hiç zat ýazanoklar.
Ýagyş ýarygijeden soň başlady. Polkownik ymyzganypdy, emma garnyndaky agyry zerarly derrew oýandy. Öýüň bir ýerinden damja damýanyny eşitdi. Ýüň ýorgana kellesi bilen bürenip, anyk nirededigini kesgitlemäge çalyşdy. Buz ýaly der oňurgasynyň uzaboýuny yzarlap syrygýardy. Onuň gyzgyny galypdy, özüni, hamala, buz ýaly batgada halka atyp ýüzüp ýören ýaly duýýardy. Biri onuň bilen gepleşýärdi. Ol bolsa öz ýöriş krowatynda ýatyşyna jogap gaýtarýardy. Aýaly:
— Kim bilen gürleşýärsiň-ä? — diýip sorady.
— Gaplaň derisini geýip, polkownik Aureliano Buendianyň düşelgesine gelen iňlis bilen — diýip, polkownik jogap berdi. Ysytmadan ýaňa lowlap ýanyp, beýleki gapdalyna öwrüldi. — Oňa gersog Marlboro diýerdiler.
Polkownik irden özüni bütinleý ysgyn-mydarsyz, endamy kül-owram halda duýdy. Ybadat etmäge çagyrýan jaň ikinji gezek kakylanda, ol tor sallançakdan towsup düşdi we horazyň sesi bilen rahaty bozulan daň saz beren alasarmyk dünýä düşen ýaly boldy. Başy entegem aýlanýardy. Ýüregi bulanýardy. Ol gyşyň ýuwaş şygyrdysy we garyşyk yslary bilen gurşalan howla çykyp hajathana ýöneldi. Agaçdan salnan, üsti gögümtil reňkli ýuka demir bilen ýapylan hajathananyň içinde ammiagyň ysy bardy. Polkownik gapagy galdyrdy weli, çukurdan üçburç siňekler bulut bolup göterildi.
Hiç zat ýok ýerden howsala düşen eken. Ýonulmadyk tagtalaryň üstünde oturan polkownigiň öz-özüne haýpy gelýärdi. Meýdan etmek islegi içegelerindäki erbet agyry bilen çalyşdy. Ol:
— Dogrudanam, şeýle-dä. Oktýabrda meniňki hemişe şeýledir — diýip pyşyrdady we garnynda ösýän kömelekleriň ynjalaryna garaşyp doňup galdy. Soň ýene horazyň ýanyna, öýe girdi. Aýaly:
— Sen agşam ysytma tutup samradyň — diýdi.
Bir hepdä çeken nähoşlukdan soň, birneme özüne gelen aýaly, öýi syryp-süpürip başlapdy. Polkownik ýadyna salmaga synanyşdy.
— Ysytma däl. Düýşüme ýene kerep girdi — diýip, ol ýalan sözledi. Keseliň güýjemesi geçensoň, aýaly hemişe bolşy ýaly, tow berlene dönýärdi. Ir ertirden öýi agdar-düňder etmäge ýetişipdi. Sagatdan we perili suratdan başga ähli zadyň duran ýerlerini üýtgedipdi. Polkownigiň aýaly şeýle kiçijik hem arrykdy welin, öýde matadan edilen şypbykly we bokurdakly gara köýnekli öňe-yza gaýmalap ýörkä, diwaryň içinden geçip gidýän ýalydy. Ýöne sagat on ikilerde aýalyň gabarasy göze ilip, agramy-da bildirip başlaýardy. Ol krowatda ýatan mahaly göýä ýok ýalydy; häzir bolsa paporotnikli we begoniýaly8 küýzeleriň arasynda gezip ýörşüne tutuş öýi doldurýardy.
Ol tropiki topragyň şol pitide gaýnadylýan miweleriniň kesilen böleklerini garyp durşuna:
— Eger Agustiniň ýogalanyna bir ýyl geçen bolsady, men aýdym aýdardym — diýdi.
— Aýdasyň gelýän bolsa aýdyber. Aýdym aýtmak öt haltasy üçin peýdalymyş.
Lukman günorta naharyndan soň geldi. Gapyny zarply açyp:
— Biziň syrkawlarymyz nähili, entek ölenoklar dälmi? — diýip gygyran mahaly, polkownik aýaly bilen aşhanada kofe içip otyrdy.
Polkownik ony garşylamak üçin ýerinden turdy.
— Gynansagam, şeýle. Sagadyňyzyň öňe gidýänini men hemişe aýdyp ýörün-ä.
Aýaly lukmana görünmäge taýýarlanmak üçin otaga girdi, lukman bilen polkownik uly otagda galdy. Yssa garamazdan, lukmanyň kenep matadan tikilen kostýumy tämizjedi. Zenan taýýardygyny duýdurandan, lukman ýerinden galdy, polkownige içi bir kagyzly bukjany uzatdy.
— Bu ýerde düýnki gazetlerde ýazylmadyk zatlar o bar.
Polkownik kagyzlaryň mimeografda çap edilen, soňky wakalar hakda gizlin maglumatlardygyny derrew aňdy. Ýurduň içki etraplaryndaky ýaragly garşylyk görkezmeler baradaky habarlar. Polkownik aňk boldy. Gadagan edilen edebiýatlaryň on ýyllap okalmagy, oňa soňky täzelikleriň hemişe iň tama etdiriji bolýanyny öwredip bilmändi. Lukman uly otaga dolanyp gelende, ol eýýäm okap bolupdy. Lukman:
— Meniň näsagym mendenem salamat. Özüm-ä şeýle demgysma bilen ýene ýüz ýyl ýaşardym — diýdi.
Polkownik oňa tukat seretdi. Hiç zat diýmän, bukjany uzatdy. Emma lukman almady.
— Beýlekilere beriň — diýip ýuwaşja dillendi.
Polkownik bukjany jübüsine saldy.
Olaryň ýanyna gelen syrkaw zenan:
— Lukman, men bir gün ölerin, sizi-de ýanym bilen dowzaha alyp giderin — diýdi.
Jogap ýerine lukman diňe göz gamaşdyryjy dişlerini ýalpyldatdy-da oňaýdy. Soň çalasyn hereket edip oturgyjy stola tarap süýşürdi, gapyrjagyndan täze dermanlaryň birnäçe mahabatlyk nusgalaryny çykardy. Aýal eglenmän, aşhana geçdi.
— Garaşyň, men kofäni gyzdyraýyn.
— Ýok, sag boluň — diýip, lukman başyny galdyrman aýtdy: ol dermanhatyny ýazýardy. — Meni zäherlemek üçin size sähelçejigem mümkinçilik berjek gümanym ýokdur.
Aşhanadan aýalyň gülküsi eşidildi. Ýazmasyny gutaryp, öz hatyna hiç kimiň düşünmejegini bilensoň, lukman dermanhatyny sesli okady. Polkownik bar güýji bilen pikirini jemlemäge jan edýärdi. Aýal otaga girip, geçen gijäniň adamsy üçin ýöne geçmänini aňlady. Ol:
— Şu gün daňa golaý ony ysytma tutdy, lukman. Iki sagada golaý raýat urşy hakda samrady — diýip şikaýat etdi.
Polkownik tisginip gitdi. Ol özüni ele almaga çalşyp, hötjetlik bilen:
— Ysytma däl — diýdi. — Onsoňam ýagdaýymyň, dogrudan-da, ýaramazdygyny duýsam, hiç kime bil baglamaryn. Öz elim bilen özümi ýuwundy dökülýän çukura taşlaryn.
Ol gazetleri almaga otaga gitdi. Lukman:
— Güller üçin sag boluň — diýdi.
Ikisi meýdança çenli bile ýöredi. Howada nem-çyg ýokdy. Asfalt yssydan ýaňa eräp ugrapdy. Lukman hoşlaşan mahaly, polkownik mäkäm gysylan dişleriniň arasyndan syzdyryp, ýuwaşjadan:
— Size bergimiz näçe, lukman? — diýip sorady.
— Häzir-ä hiç zat — diýip, lukman onuň egnine kakdy. — Ine, horaz ýeňer weli, onsoň size eslije töleg hasabyny ibererin.
Polkownik lukmandan alan kagyzlaryny Agustiniň Q dostlaryna bermek üçin tikinçilik ussahanasyna ýöneldi. Ussahana onuň üçin ýeke-täk gaçybatalgady. Partiýadaş ýoldaşlary öldürileni ýa-da şäherden göçürileni bäri ol her anna güni poçtany garşylamakdan başga işi-pişesi bolmadyk ýalňyz adama öwrülipdi.
Gündiziň jokrama yssysy aýalyny has-da ruhlandyrdy. Dälizde begoniýalaryň arasynda, köne-sana eşik saklanýan sandygyň ýanynda oturyşyna, ol hiç zat ýok ýerden täze zatlary emele getirip, indi näçinji gezekdir baky täsinlik döredýärdi. Ýeňlerden ýakajyklar, eşigiň ýagyrny böleginden golsapylary, dürli reňkli gyýkyndylardan ajaýyp dörtburç ýamalyklar önüberýärdi. Howada teneçiriň birsyhly jyrryldysy ýaňlanýardy. Gün ýuwaşjadan gözýetime süýşüp barýardy, ýöne aýal onuň begoniýalaryň arasyndajan berşini görenokdy. Ol başyny işden diňe agşam, polkownik öýe dolanyp gelensoň galdyrdy. Barmaklary bilen boýnuny gysdy, soň ellerini aşak goýberip:
— Meniň beýnim halys agaja döndi — diýdi. Polkownik:
— Seniň beýniň hemişe-de şeýledi — diýdi. Soň aýalynyň daş-töwereginiň dürli reňkli gyýkyndylardan doludygyny görüp: — Sen daşdeşene meňzeýäň — diýip sözüniň üstüni ýetirdi. Aýaly:
— Seniň eginbaşyňy bejermek üçin daşdeşeniň sabyrlylygy gerek-dä — diýip, dürli reňkli üç bölekden tikilen köýnegi açyp görkezdi. Diňe golsapy we ýakajyk birmeňzeşdi. — Eger karnawala9 gitseň, penjegi çykarmak ýeterlik bolar duruberer.
Agşamky ybadata çagyrýan jaň sesi onuň sözleriniň arasyny kesdi.
Egin-eşikler bilen ýatyş otaga barşyna, aýaly:
— Hudaýyň perişdesi Bibi Merýeme ýüzlenip, şuny aýan etdi... — diýip samyrdady.
Polkownik mekdepden gelýärkäler, ýolugra horazy görmäge gelen çagalar bilen gümür-ýamyr etdi. Soň ertire mekgejöwen galmandygy ýadyna düşüp, aýalyndan pul soramak üçin ýatyş otagyna ýöneldi. Aýaly:
— Elli sentawodan10 köp galmadyk bolsa gerek — diýdi.
Ol puluny ýaglygynyň ujuna düwüp, düşeginiň aşagynda saklaýardy. Bu pul Agustiniň tikin maşyny üçin berlen puldy. Olar özlerine hem-de horaza her sentawony sanap sarp edip, indi dokuz aýdyr, şol puluň hasabyna ýaşaýardy. Häzir ýaglygyň ujunda diňe iki ýigrimi we bir on sentawolyk teňňe galypdy. Aýaly:
— Bir gadak mekgejöwen satyn al. Galanyna — ertire kofe. Dört unsiýa-da11 peýnir al — diýdi.
— Gapyda asyp goýar ýaly, gyzyl çaýylan pil hem alaýaýyn — diýip, polkownik alyp göterdi. — Mekgejöweniň özi kyrk iki sentawo ahyryn.
Olar oýa batdylar.
— Horaz — haýwandyr, diýmek, çydap biler — diýip, aýaly söze başlady. Ýöne polkownigiň ýüzüniň üýtgemegi ony dymmaga mejbur etdi.
Polkownik krowata geçdi, tirsegini dyzyna diräp, gysymyndaky teňňeleri jyňňyrdadýardy.
Birsalymdan:
— Gep mende däl — diýdi. — Maňa galsa-ha, şu günüň özünde ondan çorba bişirerdim, içimem mazaly bozulardy... Tutuş elli pesolyk! — Ol bir pursat dymdy, boýnundaky çybyny mynjyratdy. Nazary aýalynyň yzyna düşüp, otagda bir ýerde duranokdy. — Meni biynjalyk edýän zat biçäre oglanlar. Olar biziň horazymyza goýmak üçin pul süýşürýär ahyry.
Indi pikirlenmek gezegi ýene-de aýalyna ýetdi. Ol otagda aýlanyp, çybyn-çirkeýiň garşysyna serişdäni pürkýärdi. Polkownige birden aýaly öýüň ruhlaryny geňeşe çagyrýan ýaly bolup göründi. Ahyr aýaly pürkgüji daş basma suratyň ýanyndaky kiçijik doga tagtajygyna goýdy we onuň miwe şiresi ýaly gözleri äriniň miwe şiresi ýaly gözlerine dikanlap garady.
— Mekgejöwen satyn al. Biziň günümizi nädip aýlajagymyzy diňe Hudaý bilýä.
Soňky hepdäniň tutuş dowamynda her gezek stoluň başyna geçen mahaly, polkownik: «Çörege bereket goşup paýlamagyň gudraty bu» diýip gaýtalaýardy. Onuň hiç zat ýok ýerden täze çykalga döretmäge haýran galaýmaly ukyply aýaly hiç zat ýok ýerden owkat taýýarlamagyň-da tärini tapana meňzeýärdi. Oktýabr arakesmäni uzaltdy. Çyglylyk omuny alasarmyk ymyzganma bilen çalyşdy. Günüň mis kimin lowurdysyna göwni göterilen aýaly üç agşamy öz saçyna sarp etdi.
Kümüş sepen uzyn saçyny seýrek dişli darak bilen darap ugran güni polkownik:
— Ynha, dabaraly ybadat hem başlanýar — diýdi.
Ikinji gün aýaly howluda dyzyna ak örtük ýazyp, syrkawlan mahaly köpelen bitleri gür dişli darak bilen aýyrdy. Üçünji gün başyny lawanda suwy bilen ýuwdy, saçy guraýança garaşdy, ony ýeňsesinde çogdamja düwüp, saçgysgyç sançdy.
Polkownigiň küýi-köçesi horaz bilendi. Hatda gijesine, tor sallançakda oýa ýatyrka-da, diňe şol hakda pikirlenýärdi. Çarşenbe güni horazy çekip gördüler, agramy laýyk eken. Şol gün hem Agustiniň ýoldaşlary polkownik bilen hoşlaşan mahaly horazyň ýeňjegi barada welilik satanynda, polkownigem özüni oňat duýdy. Aýaly onuň saçyny bejerdi. Polkownik kellesini sypap:
— Sen-ä meni ýigrimi ýaş dagy ýigdeldäýdiň — diýdi. Aýaly: «Ol mamla» diýip oýlandy we:
— Özümi gowy duýýan mahalym merhumy-da direldip bilerin — diýdi.
Ýöne olaryň horramlygy uzak dowam etmedi. Öýde sagatdan we suratdan başga satar ýaly hiç zat galmandy. Penşenbe güni agşam, gorlarynyň düýbi görnüp ugranda, aýaly oda-köze düşüp başlady.
— Howsala düşme. Ertir poçta gelýär — diýip, polkownik ony köşeşdirdi.
Ertesi gün lukmanyň iş otagynyň ýanynda durup, gämä garaşdy.
— Uçar — ajaýyp zat. Onuň bir gijede Ýewropa uçup baryp bilýänini eşitdim — diýip, polkownik poçta haltasyndan gözüni aýyrman durşuna aýtdy.
Žurnal bilen ýelpenip oturan lukman:
— Bolup biler — diýdi.
Polkownik poçta hadymyny kater gelip kenara ýananda oňa böküp münmäge häzirlenip duran märekäniň içinde gördi. Poçtahadymy ilkinji bolup towusdy. Gämibaşydan möhürlenen bukjany aldy. Soňra gäminiň üstüne çykdy. Poçta haltasy iki nebitli çelegiň arasyndady we olara daňylgydy.
Polkownik:
— Ýöne uçarda uçmak howpludyram welin — diýdi. Ol poçta hadymyny tas gözden ýitiripdi, emma tiz wagtdan onuň ýürek sowudyjy içgili göz gamaşdyryjy çüýşeler ýüklenen söwdagär arabasynyň ýanynda duranyny gördi. — Adamzat ösüş üçin muzduny tölemeli-dä.
Lukman:
— Indi uçarda uçmak gämide ýüzenden howpsuz. Ýigrimi müň fut1 belentlikde hiç hili apy-tupan gorkuly däl — diýdi.
Haýran galan polkownik şeýle belentligi göz öňüne getirip bilmän:
— Ýigrimi müň fut — diýip gaýtalady.
Lukman gürrüňe gyzygypdy. Ol iki elini uzadyp žurnaly olaryň üstünde goýup galdyrdy-da, ony gymyldatman saklady.
— Ajaýyp dumuklylyk — diýdi.
Emma polkownigiň bar ünsi poçta hadymyndady. Onuň bulgury çep elinde saklap, köpürjikli limonad içişine seredýärdi. Sag elinde poçta haltasy sallanyp durdy.
Lukman gürrüňi dowam etdi:
— Mundan başga-da, deňizde labyr taşlap duran gämiler gijeki uçarlar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Şeýle ätiýaçlyk çäreleri görlende uçarlar gämilerden has howpsuz bolýar.
Polkownik lukmana seretdi.
— Elbetde. Megerem, uçarda uçmak halyda oturan o ýaly bolsa gerek.
Poçta hadymy göni olara tarap ýöneldi. Polkownigi birden sürgüç bilen möhürlenen bukja ýazylan ady okamaga şeýlebir isleg gurşap aldy weli, ol hatda çalt yza tesdi. Poçta hadymy haltanyň bogusyny çözdi. Lukmana gazetleri berdi. Soň şahsy hatlar salnan uly bukjany açdy, sanawhaty boýunça ibermeleriň sanyny barlady, bukjalardaky hat iberilen adamlaryň atlaryny okap başlady. Lukman gazetleri açdy. Sözbaşylary gözden geçirip:
— Ýene-de Sues meselesi. Günbatar ýan berýärmiş — diýdi.
Polkownigiň sözbaşylar ýadyna düşenokdy. Ol aşgazanyndaky agyrynyň hötdesinden gelmäge çalyşýardy.
— Gözegçilik girizileli bäri, gazetler diňe Ýewropa hakdaýazýar. Ýewropalylar-a bäri gelse, bizemÝewropa göç etsek gowy bolardy. Şonda her kim öz ýurdunda nämeleriň bolup geçýänini bilerdi — diýdi.
— Günorta Amerika diýlende ýewropalylaryň gözüniň öňüne murtly, gitaraly hem-de sapançaly erkek kişi gelýär — diýip, lukman gazetden ünsüni sowman oturyşyna güldi. — Olar bize düşünmeýär.
Poçta hadymy oňa hatlary berdi. Galanlaryny halta salyp, onuň agzyny ýene bogdy. Lukman hatlary okap başlajak boldy, ýöne ilki polkownige, soňra poçta hadymyna seretdi.
— Polkownige hiç zat ýokmy?
Polkownigi gurşan howsalanyň ejiri çydar ýaly däldi. Poçta hadymy haltany egnine atyp, basgançakdan düşdi-de, yzyna gaňrylman:
— Polkownige hat ýazýan ýok — diýdi.
Öňki endiginiň tersine, polkownik bada-bat öýüne ugramady. Agustiniň ýoldaşlary gazetleri gözden geçirýänçä, tikinçilik ussahanasynda kofe içdi. Özüni aldanan ýaly duýdy. Aýalynyň ýanyna iki elini burnuna sokup baranyndan, şol ýerde indiki anna çenli galanyny gowy görjekdi. Ýöne ussahanany ýapdylar, boljak işi soňa goýmak mümkin däldi.
Aýaly oňa garaşyp oturan eken. Ol:
— Habar ýokmy? — diýip sorady.
— Ýok.
Soňky annada-da ol, hemişekileri ýaly, kateri garşylady. Ýene hemişe bolşy ýaly, öýe hatsyz dolanyp geldi.
Şol agşam aýaly:
— Garaşa-garaşa gözümiz ýolda galdy. Diňe sen öz öküz kanagatyň bilen hata on bäş ýyl garaşyp bilýäň — diýdi.
Polkownik tor sallançakda gazet okamak üçin gyşardy.
— Nobatyň ýetýänçä garaşmaly-da. Biziň belgimiz: müň sekiz ýüz ýigrimi üç.
— Biziň garaşyp başlanymyz bäri bu belgi eýýäm iki gezek lotereýada utdy.
Polkownik, adatça bolşy ýaly, ählisini birden — bildirişleri-de goşmak bilen, birinjiden tä soňky sahypa çenli okardy. Emma bu gezek ünsüni bir ýere jemläp bilenokdy: ol özüniň weteran pensiýasy hakda oýlanýardy. On dokuz ýyl ozal, kongress kanun kabul edende, polkownik şol kanunyň özüne-de degişlidigini subut etmegiň ugruna çykypdy. Bu ýagdaý sekiz ýyl dowam edipdi. Soň polkownigiň weteranlaryň sanawyna girizilmegi üçin ýene alty ýyl gerek bolupdy. Şol hem onuň alan iň soňky hatydy.
Ol okamagyny komendant sagadynyň başlanany jar edilenden soň goýdy. Çyrany öçüijek bolanda, aýalynyň oýadygyny dykgat etdi.
— Sen gazetden kesilip alnan şol bölegi saklaýarmyň?
Aýaly oýa batdy.
— Hawa. Ol kagyzlaryň arasynda bolmaly.
Aýaly aýakçydan goraýan peşehanany galdyrdy-da, seneler boýunça goýlup, daşyna rezin dartylan petde hat salnan agaç gapyrjagy şkafdan çykardy. Uruş weteranlaryna pensiýany resmileşdirmekde işjeň kömek etjegini wada berýän aklawçylyk edarasynyň bildirişini tapdy.
Gazetiň kesilip alnan bölegini ärine berip durşuna:
— Aklawçyny çalyş diýip, men saňa näçe gezekler aýtdym-a — diýdi. — Biz şu mahala çenli puly diňe bir alyb-a däl, eýsem sowubam ýetişerdik. Indeýlere edilişi ýaly, biziňem tabydymyza pul salsalar, heý, hezili bolarmy?
Polkownik iki ýyl ozal kesilip alnan gazet bölegini okady. Soň ony gapynyň aňyrsynda asylgy köýnegiň jübüsine saldy.
— Aklawçyny çalyşmak üçin pulam-a gerekdir.
— Asyl beýle däl — diýip, aýaly ör-gökden geldi. — Ugruna çykyp pensiýamyzy alyp berseler, haklaryny şonuň ujundan tutup alaýyň diýip ýazybam bilýäris-ä. Olary höweslendirmegiň ýeke-täk usuly şudur.
Ine, onsoň polkownik şenbe güni aklawçysynyň ýanyna ugrady. Aklawçy tor sallançakda käwagt çala üwrelip bigam ýatyrdy. Ol ýokarky dişlerinden diňe iki gyraky alyn diş abat galan äpet negrdi. Aýaklaryny agaç oltaňly sandala12 sokup, iş otagynyň penjiresini açdy. Penjiräniň öňünde üsti kagyz düýrümlerinden, «Diario ofisialdan» kesilip alnan bölekler berkidilen köne hasaphana kitaplaryndan we Inspektor gözegçiliginiň bölek-büçek býulletenlerinden13 doly tozan basan pianola14 durdy. Düwmeleri gopan pianola hat stoly bolup hem hyzmat edýärdi. Polkownik gelmeginiň sebäbini düşündirmezden ozal, işiň ýagdaýynyň biynjalyk edýänini aýtdy.
— Beýle işiň sanlyja günde çözülmeýänini men size duýdurypdym ahyry — diýip, ara düşen böwşeňlikden peýdalanan aklawçy aýtdy. Yssy ony halys tapdan düşüripdi. Epleme kürside arkan gaýşyp oturyşyna, mahabat kitapçasy bilen ýelpenip, gyşaryp ýatyrdy. — Ynanylan adamlarym umytdan düşmeli däldigini maňa yzygiderli ýazýar.
Polkownik:
— Bu iş on bäş ýyla dagy çekdi-le. Eşidýänimizem şol bir heň. «Hoşuň atasy ölmändir» edýäňiz — diýdi.
Aklawçy edara ediş ulgamynyň çylşyrymlylygy barada örän çeper gürrüň etmäge başlady. Onuň ýag ýygnan kädisi kürsä sygmajak bolýardy.
— On bäş ýyl ozal hezildi — diýip, ol gürrüňi jemledi. — Şol wagt weteranlaryň ýerli birleşmesi hereket edýärdi, ol iki partiýadanam adamlary öz içine alýardy. — Ol ýakyp-ýandyryp barýan howany öýkenine dartdy we hamala edil şu wagt özi oýlap tapan ýaly, gopbamsylyk bilen: — Güýç bitewilikdedir — diýdi.
Özüniň ýalňyzdygyna ilkinji gezek göz ýetiren polkownik:
— Bu maňa degişli däl. Meniň ýoldaşlarymyň hemmesi poçta garaşa-garaşa ölüp gitdi — diýdi.
Emma aklawçy öz diýenine tutup dowam etdi:
— Kanun juda giç kabul edildi. Hemme kişiniňki siziňki ýaly şowlaýmandyr: siz eýýäm ýigrimi ýaşyňyzda polkownik bolupsyňyz. Onsoňam, kanun pensiýalar üçin puly nireden almalydygyny görkezmändir, şol sebäpli-de hökümet büjeti düýpli özgertmeli bolupdyr.
Şol bir heň. Polkownik ony her gezek diňlände, öz ýanyndan jany ýanardy. Ol:
— Biz sadaka soramyzok. Eglişik edilmegini-de soramyzok. Biz Respublikany halas etmek üçin janymyzy orta goýduk — diýdi.
Aklawçy gollaryny gerdi.
— Hawa, polkownik, bu şeýle. Adamyň gadyrbilmezliginiň çägi ýokdur.
Bu aýdymam polkownige tanyşdy. Ony ilkinji gezek hökümet ýitgileriň öwezini dolmaga we iki ýüz serkerdä öýüne dolanmaga kömek etjegine söz berende — Neýerland şertnamasy baglaşylan günüň ertesi eşidipdi. Ynkylap batalýony, esasan, mekdepden gaçan ýetginjeklerden ybaratdy. Olar Neýerlandda äpet seýbanyň15 töwereginde düşelgede ýerleşip, üç aý garaşypdy. Soň her kim öz gamyny özi iýip, öýüne aşypdy. Öýünde-de garaşmagyny dowam edipdi. Ondan bäri tas elli ýyl geçipdi, polkownigiň bolsa şol garaşyp ýörşüdi.
Ýatlamalar kalbynda tolgunma döreden polkownik buýsançly keşbe girdi. Süňklek elini hortaň ýanbaşyna diräp, gyryk ses bilen:
— Şeýlelikde, men bellibir karara geldim — diýdi.
Aklawçy üşerildi:
— Ýeri, nähili netijä?
— Men aklawçymy çalyşýaryn.
Saryja jüýjejiklerini yzyna tirkäp, iş otagyna ördek girdi. Aklawçy olary kowmak üçin kürsüden turdy. Gollaryny galgadyp durşuna:
— Gözel göwnüňiz, polkownik. Goý, aýdyşyňyz ýaly bolsun. Gudrat görkezmegi başarýan bolsam, bu ketekde ýaşamazdym — diýdi. Gapa agaç gözenek diredi-de, kürsä dolanyp geldi. Polkownik:
— Meniň oglum ömürboýy işledi. Öýüm girewe goýlan. Pensiýalar hakdaky kanun bolsa aklawçylara aňsat eklenjiň çeşmesine öwrüldi — diýdi.
Aklawçy:
— Ýöne maňa däl — diýip garşy çykdy. — Alan pulumyň hemmesi iň soňkuja sentawo çenli kazyýet hysyrdylaryna sarp edildi.
Nähak göwne degen bolaýmaýyn diýen pikiriň özi polkownige ezýet berdi.
— Menem hut şony aýtmak isläpdim. Bu yssy beýniňem eretjek — diýip, ol soňuny ýuwmarlady.
Bir minut geçenden soň, aklawçy ynanç hatyny gözläp, ähli zady agdar-düňder etdi. Gün eýýäm onuň ýonulmadyk agaçlardan ýasalan bigörk külbesiniň ortasyna ýetipdi. Uzaga çeken we şowsuz gözleglerden soň, aklawçy dyzyna çökdi-de, haşlap, pianolanyň aşagyndan düýrmek kagyz çykardy. Tugraly bir tagta kagyzy polkownige uzatdy.
— Ynha, ol — diýdi. — Meniň ynanylan adamlaryma onuň nusgasyny ýok etmelidigini ýazmaly.
Polkownik tozanyny kakyp, kagyzy köýneginiň jübüsine saldy.
Aklawçy:
— Ony siziň özüňiz ýyrtaýyň — diýdi.
Polkownik:
— Ýok. Bu hat meniň ömrümiň ýigrimi ýyly — diýip jogap berdi. Ol aklawçynyň gözlegi dowam etmegine garaşdy, emma aklawçy tor sallançagyň ýanyna bardy-da, derini syldy. Soň Gün şöhlesine ýaldyrap duran howanyň aňyrsyndan polkownige seretdi. Polkownik:
— Maňa beýleki resminamalaram gerek — diýdi.
— Haýsylar?
— Ozaly bilen-ä polkownik Buendianyň dilhaty.
Aklawçy gollaryny gerdi.
— Bu mümkin däl, polkownik.
Polkownik alada galdy. Makondo ynkylap bölüminiň gaznaçysy hökmünde ol ynkylap goşunynyň gatyra ýüklenen iki çemedan gaznasy bilen alty günlük agyr ýol geçipdi. Açlykdan ýaňa zordan yraň atyp gelýän gatyry yzyna tirkäp, şertnama gol çekilmezinden ýarym sagat öň Neýerland düşelgesine gelipdi. Atlantik kenarýakasynyň ynkylap güýçleriniň baş intendanty16 polkownik Aureliano Buendia oňa dilhaty berip, iki çemedany-da urşy bes edip boýun egilýän mahaly tabşyrylýan emläkleriň sanawyna girizipdi. Polkownik:
— Şol resminamalaryň uly ähmiýeti bar. Polkownik Aureliano Buendianyň öz eli bilen ýazan dilhaty aýratyn-da möhüm — diýdi.
Aklawçy:
— Mümkin — diýdi. — Ýöne şol resminamalar müňlerçe elden, müňlerçe edaradan geçip, harby ministrligiň haýsy bölüminde ýatanyny Hudaý bilsin.
Polkownik:
— Beýle resminamalar haýsy işgär bolanda-da, görünmän geçip bilmez — diýdi.
— Emma soňky on bäş ýylda emeldarlaryň özleri-de köp gezek çalşyldy ahbetin — diýip, aklawçy ünsi çekdi. — Ýadyňyza salyň, şol wagtyň içinde ýedi prezident boldy, her prezidentem öz ministrler kabinetini azyndan on gezek çalyşdy; her ministr bolsa öz işgärlerini ýüz gezekden az çalyşmandy.
Polkownik:
— Ýöne hiç kim şol resminamalary ýany bilen äkiden däldir-ä. Her täze emeldar olary hökman öňki ýerinden tapandyr — diýdi.
Aklawçynyň sabyr käsesi doldy.
— Ýöne şol resminamalar häzir ministrlikden çykaýanda, siz ýene sanawa goşulýançaňyz, olar täze öwrüm etmeli bolar.
— Tapawudy ýok.
— Bu ýene ýüz ýyla çeker.
— Tapawudy ýok. Şunça garaşan adam ýene birneme garaşyp biler.

* * *

Polkownik stoljuga bir topbak çyzykly kagyz, syýagalam, sorguç, syýadan goýdy. Birden aýaly bilen maslahatlaşmaly bolaýmagynyňam gamyny iýip, ýatyş otagynyň gapysyny açyp goýdy. Aýaly tesbisini sanap oturyşyna, doga okaýardy.
— Şu gün aýyň näçesi?
— Ýigrimi ýedinji oktýabr.
Ol ýeňil dem alar ýaly, arkasyny göni tutup, galam tutýan elini sorguç kagyza goýup, örän yhlasly — edil özüne mekdepde öwredilişi deý ýazýardy. Öýdäki kapaslygy çekip-çydar ýaly däldi. Der damjasy hata damdy. Polkownik ony sorguç bilen sordurdy. Soň ýaýrap giden harplary sylmaga synanyşdy, ýöne hapa tegmil emele geldi. Emma ol ruhdan düşmedi. Bellik edip, kagyzyň gyralaryna:
«Ähli hukuklar goralýar» diýip ýazdy. Ýazanlaryny okady.
— Meni sanawa haçan girizipdiler?
Aýaly okaýan dogasynyň arasyny kesmän oýlandy.
— Bir müň dokuz ýüz kyrk dokuzynjy ýylyň on ikinji awgustynda.
Edil şol wagt ýagyş ýagyp başlady. Polkownik sahypany Manaurdaky döwlet mekdebinde hat ýazmagy öwredişleri ýaly, çaganyňka meňzeş iri harplar bilen doldurdy. Soň ikinji sahypanyň ýarysyna çenli ýazyp, goluny çekdi.
Haty aýalyna okap berdi. Aýaly her jümleden soň makullaýan terzde baş atyp diňledi.
— Haty maşynkada ýazyp bermegi birinden haýyş edäýseň nädýär?
Polkownik:
— Ýok. Men kömek soramakdan ýadadym — diýdi.
Ol ýagyş damjalarynyň üçekdäki palma ýapraklaryna degip seslenişini ýarym sagatlap diňledi. Şähere hakyky sil inipdi. Komendant sagady başlanyndan soň, ýagyş jaýyň depesiniň bir ýerinden ýene geçip ugrady.
— Bireýýäm şeýtmelidiň. Öz işiňi özüň ýöretseň hemişe-de gowudyr — diýdi.
— Bu hiç wagtam giç däl — diýdi.
Suwuň damyşyny diňläp oturan polkownik dillendi:
— Belki, mesele öýüň girew hatynyň möhletinden öň çözläýedi-dä.
Aýaly:
— Iki ýyl galdy — diýdi.
Polkownik çyrany ýakdy, suw goýberýän ýeri tapdy, şol ýere horazyň okarajygyny goýdy we onuň galaýy düýbüne düşýän damjalaryň şaňňy sesini diňläp, ýatyş otagyna dolanyp geldi.
— Belki, olar öz pulumy çalt alar ýaly, meseläni ýanwara çenli çözer — diýdi we muňa özi hem ynandy. — Şoňa çenli Agustiniň aradan çykanyna bir ýylam geçer, onsoň ikimiz kino gidip bileris.
Aýaly ýuwaşjadan güldi.
— Men-ä multiplikasiýalaryň nähili bolýanynam unudypdyryn.
Polkownik peşehananyň içinde oturan aýalyny görmäge synanyşdy.
— Sen iň soňky gezek kino haçan gidipdiň?
— Otuz birinji ýylda. «Merhumyň wesýetini» görkezipdiler.
— Ýumruklaşmalymydy?
— Muny bilmän galdym. Arwah ýaňy bir gyzyň gymmat monjugyny ogurlajak bolanda, güýçli jala gelipdi.
Ýagşyň sesi olaryň ukusyny tutdurdy. Polkownik garnynda çala agyry duýdy. Ýöne howatyrlanmady. Bu ýylyň oktýabryndan sag-aman geçdi diýen ýalydy.
Aýalynyň boguk demi polkownigiň düýşüne sähelçe pursatlyk aralaşan mahaly, ol ýüň ýorgana dolanyp, eýýäm uklapdy. Polkownik oýandy-da, gepläp başlady.
Aýaly hem oýandy.
— Sen kim bilen gürleşýärsiň?
Polkownik:
— Hiç kim bilen. Men şol wagt, Makondoda özümiziň mamla ekenidigimiz hakda oýlandym. Biz boýun synmaly däldigini polkownik Aureliano Buendia aýdypdyk. Şondan soň ähli zat puç bolupdy — diýdi.
Ýagyş bir hepdeläp ýagdy. Ikinji noýabrda, merhumlar ýatlanýan günde, polkownik göwnemese-de, aýaly Agustiniň mazaryna gül äkitdi. Gonamçylykdan dolanyp gelende, onuň derdi täzeden möwç aldy. Hepde agyr boldy. Polkownige «ölmesem ýagşy» diýdiren dört sany oktýabr hepdesindenem agyr boldy. Lukman geldi. Syrkawa seretdi, onuň otagyndan çykyp barşyna gaty ses bilen:
— Men şeýle kesellere üns berenimde, tutuş şäheri ölüme höküm etmeli bolardym — diýdi. Ýöne soň polkownik bilen ýüzbe-ýüz gürrüň edip, aýalyna berk berhiz saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Polkownik hem gaýra üzüldi. Ol sowuk dere batyp hem-de içgoşlarynyň çüýreýşini, böleklere bölünişini duýup, hajathanada birnäçe sagatlap oturardy. Umydyny ýitirmezlik üçin «Belanyň körügi gyşda. Ýagyş tamamlanaram weli, ähli zat başgaça bolar» diýip, özüne göwünlik berýärdi. Özi-de hat gelen wagty aýatda diri boljagyna, hakykatdanam, ynanýardy.
Indi hojalyk bilen meşgullanmak — güzerany aýlamak nobaty oňa ýetipdi. Häli-şindi dişlerini gysyp, goňşy dükanjyklardan nesýe soramaly bolýardy. Öz sözlerine özi-de ynanman:
— Diňe indiki hepdä çenli. Men anna güni az-owlak pul almaly — diýmeli bolýardy.
Birneme bäri bakan aýaly äriniň keşbini görüp haýran galdy:
— Süňk bolup galaýypsyň-la.
Polkownik:
— Özümi satuwa taýýarlaýaryn. Eýýäm klarnet fabriginden buýurma-da bar — diýdi.
Ol diňe hata bolan umyt bilen aýak üstünde gezip ýördi. Ysgyn-deramatsyz, ukusyzlykdan ýaňa süňkleri sorkuldap duran halyna öý işleri bilen horazyň arasynda legzan urýardy. Noýabryň ikinji ýarymynda horaz iki gün mekgejöwensiz oturdy weli, polkownik ol öler öýtdi. Ine, şol wagt hem iýul aýynda pejiň ýokarsynda asyp goýan bir daňy noýbasy ýadyna düşäýdi. Gabygyny artyp, horazyň okarajygyna bir gysym gury noýba guýdy.
— Bärik gel — diýip, aýaly çagyrdy. Polkownik horazy synlap oturyşyna:
— Häzir — diýdi. — Işdä bolsa, nahar dannalmaz.
Ol ýanyna baranda, aýaly ýerinden dikelmäge çalyşdy. Bedeninden derman ösümlikleriň ysy gelýärdi. Aýaly her sözi pert-pert aýdyp:
— Sen haýal etmän horazdan dynmaly — diýdi.
Polkownik onuň iru-giç şeýle diýjegini bilýärdi. Bu pursada ogly öldürilen we horazy saklamagy makul bilen agşamyndan bäri garaşypdy. Oňa aýalyna berjek jogaby barada oýlanmaga wagt bardy.
— Indi howlugasy iş ýok. Ýene üç aýdan horaz urşy başlanar, ine, onsoň biz ony has gymmat satyp bileris.
Aýaly:
— Gep pulda däl. Oglanlar geler welin, olara aýt, goý, horazy alsynlar-da, nätseler şeýtsin — diýdi.
— Men ony Agustiniň hatyrasyna saklaýaryn — Polkownik bu delili bireýýäm taýýarlap goýupdy. — Bize horazyň ýeňeni barada gürrüň berjek mahaly onuň ýüzüniň nähili boljagyny göz öňüne getirip bir gör-ä!
Ogly ýadyna düşen aýaly:
— Şol nälet siňen horazlar dälmi onuň başyna ýeten! Üçünji ýanwarda öýde oturaýanynda, belki, betbagtlygam bolmazdy — diýip gygyrdy. Çöpe dönen barmagyny gapa çömmeldip dowam etdi: — Goltugy horazly hol ýerde durany ýaňy ýaly. Onuň bagta töwekgellik etmezligini, galýerada17 görünmezligini özelenipler ýalbardym. Ol bolsa gülüp, «Bes etsene! Biz şu gün agşam altyny suw kimin üstümizden guýarys» diýipdi.
Biçäräniň ysgyny gaçyp, özüni düşege goýberdi. Polkownik usullyk bilen onuň kellesiniň aşagyna ýassyk goýdy. Onuň gözleri aýalynyň özüniňkä meňzeş gözlerine sataşdy. Aýalynyň gursagyndan sykylyk atýan ýaly sesiň çykýanyny eşidip:
— Hereket etmejek bol — diýdi.
Aýal özünden gitdi. Ýene aýňalanda, dem alşy birneme asuda ýalydy. Ol:
— Munuň hemmesi doýa garna iýmeýänimizden. Çöregi öz agzyňdan kesip, horaza bermek günädir — diýdi.
Polkownik maňlaýyny düşekdaşynyň burçy bilen süpürdi.
— Eýdip-beýdip üç aý çydajak bolarys-la.
— Ýeri, onsoň şol üç aýda näme iýeris?
Polkownik:
— Bilemok. Ýöne açlykdan ölmek maňlaýymyza ýazylan bolsa, bireýýäm ölüp giderdik — diýdi.
Horaz diri we salamatdy, ol boşan okarajygyň öňünde durdy. Polkownigi görende, kellesini silkip goýberäge-de, adamyňka çalymdaş ses bilen bogazynda gaýnatdy. Polkownik oňa duýgudaşlyk bilen ýylgyrdy.
— Durmuş — agyr zat, gardaş.
Polkownik soň öýden çykdy. Hiç zat hakda pikir etmän, ýagdaýdan nähili-de bolsa bir çykalganyň bardygyna hatda özüni ynandyrmaga-da çalyşman, siýestany — günorta dynç alşyny — gulaçlaýan şäherde aýlandy. Tä öler ýaly ýadaýança boş köçelerde entedi.
Soň öýüne dolandy. Aýaly onuň gelenini eşidip, ýanyna çagyrdy.
— Näme gerek?
Ol äriniň ýüzüne seretmän:
— Biz sagady satyp bileris — diýdi.
Polkownik bu barada eýýäm pikirlenipdi. Aýaly:
— Alwaronyň onuň üçin saňa gep-gürrüňsiz kyrk peso berjegi ikuçsuz. Onuň tikin maşynyny derrew satyn alanyny ýadyňa sal — diýdi.
Ol Agustiniň işlän ýeriniň tikinçisini göz öňünde tutýardy. Polkownik:
— Ertir onuň bilen gepleşerin — diýip ylalaşdy.
Aýaly:
— Ertire goýmak nämä gerek? — diýip garşy boldy. — Oňa sagady häzir äkidersiň. Stolda goýarsyňda, «Alwaro, ynha, satmaga sagat getirdim» diýersiň. Ol derrew düşüner.
Polkownik özüni betbagt duýdy.
— Munyňyz merhumyň tabydyny köçeden süýräp barýan ýaly ildençykgyç bir zad-a — diýip garşy çykdy. — Eger elimde daşy dolangy bu zat bilen göräýseler, men hakda aýdym aýdyp ugrarlar — diýdi.
Ýöne aýaly ony bu gezegem göwnetdi. Sagady özi diwardan aldy-da, gazete dolap, ärine uzatdy.
— Kyrk pesosyz dolanaýmagyn.
Polkownik goltugy daşy dolanan sagatly tikinçilik ussahanasyna ugrady. Gapynyň agzynda Agustiniň dostlary oturan eken.
Olaryň biri polkownige oturmagy mürähet etdi. Ol aljyrady.
— Sag bol. Men ýekeje minutlyk — diýdi. Ussahanadan Alwaro çykyp, dälizde çekilen sime bir bölek öl matany serip başlady.
Alwaro ýaş, berk bedenli, tagaşyksyzrak ýigitdi; gözleri hemişe göçgünli uçganaklap durdy. Ol hem polkownige oturmagy mürähet etdi. Polkownik biraz dogumlandy. Oturgyjy gapa tarap süýşürip oturdy-da, sagady hödür eder ýaly, Alwaro bilen ikiçäk galaryna garaşdy. Ýöne bahym töweregindäkileriň hemmesiniň ýüzleriniň galagoplydygyny gördi.
32
— Men päsgel beren-ä däldirin-dä? — diýip sorady. Ýigitler «ýok-da-ýok» boluşdy. Olaryň biri oňa tarap egildi-de, pyşyrdap:
— Bizde Agustiniň ýazan çagyryş haty bar — diýdi.
— Näme hakda?
— Şol bir zat hakda.
Oňa haty berdiler. Polkownik ony jübüsine saldyda, ses-üýnsüz doňup galdy. Diňe barmaklary bilen daşy dolanan sagady tyrkyldatdy oturdy. Özüne seredýändiklerini görensoň, asla doňan ýaly boldy.
— Eliňizdäki daşy dolanan zat näme, polkownik?
Polkownik Germanyň bilesigeliji ýaşyl gözleriniň nazaryndan gutulmaga jan etdi.
— Hiç-le. Ine, şu sagady bejermäge nemese alyp barýan — diýip ýalan sözledi. German:
— Kelläňize gelýän zady diýsene, polkownik. Siz bärde otyrkaňyz, oňa özüm seredeýin — diýip, German gazete dolanan sagady almakçy boldy.
Polkownik sagady elinden goýbermedi. Ol ýeke sözem diýmedi. Ýöne gabagyna çenli gyzardy. Töweregindäkileriň hemmesi:
— Oňa seretmäge beriň, polkownik. Mehanikadan başy çykýandyr — diýişdi.
— Ony azara goýasym gelenok-da.
— Onuňam bir azary bormy — diýip, German ahyr sagady aldy. — Nemes on pesony-ha ýonar, bitiren goşy-da bolmaz.
German Alwaronyň eýýäm tikin maşynyny işledip oturan ussahanasyna giripdi. Biraz aňyrda, diwara golaý oturan bir gyz ilik tikip otyrdy. Onuň depesinde, diwarda gitara asylgydy, has ýokarda-da: «Syýasat hakda gürrüň etmek gadagan!» diýen ýazgy bardy.
Elinden sagady alnan polkownik näme etjegini bilenokdy. Aýagyny oturgyjyň kese agajyna goýdy.
— Ýagdaý-ha pyrryk, polkownik.
Ol tisginip gitdi.
— Sögünmek gerek däl.
Alfonso polkownigiň köwşüni ýagşyja synlamak üçin, burnundaky äýnegini düzetdi.
— Men köwüş hakda aýdýaryn. Siz-ä indi ýalpyldawugyny geýäýen ekeniňiz — diýdi.
— Muny paýyş sözsüzem aýdyp bolýandyr ahyry — diýip, polkownik jogap gaýtardy-da, ýalpyldawuk köwşüniň oltaňyny görkezdi. — Bu şylha kyrk ýyl boldy, ýöne bütin ömründe ýeke gezegem hapa söz eşiden däldir.
— Taýýar! — diýip, German ussahanadan gygyran badyna sagadyň zarňyldysy eşidildi. Goňşulardan biri diwary tyrkyldatdy-da, aýal sesi:
— Gitara degmäň, Agustiniň ýogalanyna entek bir ýyl bolanok! — diýip gygyrdy.
Hemmeler gülüşdi.
— Bu sagadyň sesi.
German daşy dolanan sagatly daş çykdy.
— Sagat gül ýaly işleýär. Isleseňiz, sizi öýüňize çenli ugradaýyn: ony dogry asmak gerek.
Polkownik boýun towlady.
— Men näçe tölemeli?
Ýene-de öz ornuna geçen German:
— Azara galmaň, polkownik. Ýanwarda horaz tölär — diýdi.
Polkownik amatly pursady elden sypdyrmak islemedi.
— Men saňa bir zat teklip etmekçi — diýdi.
— Näme?
— Men horazy saňa sowgat berýän. — Polkownik oturanlaryň ýüzlerine ünsli seretdi. — Men horazy siziň hemmäňize sowgat berýän.
German geň galyp oňa tiňkesini dikdi.
— Men indi gojalypdyryn — diýip, polkownik dowam etdi. Ol öz sesiniň saldamly çykmagyny isledi.
— Onsoň bu meniň üçin örän uly jogapkärçilik. Ynha, birnäçe aý bäri göwnüme horaz öläýjek ýaly bolup dur.
Alfonso:
— Biynjalyk bolmaň, polkownik. Şu wagt horazlaryň täze peri ösýär, şonuň üçin siziňkiniň-de häzir hamy çişýändir — diýdi.
German ony goldady:
— Bir aýdan dikgerer.
— Barybir, men ony özümde saklamak islämok.
German polkownigi gözi bilen iýäýjek boldy.
— Düşüniň ahyry, polkownik, horazy galýera siziň hut özüňiziň eltmegiňiz zerur.
Polkownik böwrüni diňledi.
— Düşünýärin. Ony şonuň üçin häzire çenli saklap ýörün-dä. — Ol dişlerini gysdy, güýjüni jemläp, dowam etdi: — Uruşdyrma çenli üç aýyň bardygy ýaman.
German düşündi.
— Eger iş şunda bolsa, ondan aňsat zat ýok-la — diýdi.
Soň teklibini aýtdy, hemmesi onuň bilen ylalaşdy.
Polkownik agşam daşy dolanan sagady goltugyna gysyp öýüne dolananda, aýaly ondan göwnüniň geçenini gizläp bilmedi.
— Satmadyňmy? — diýip sorady.
Polkownik:
— Satmadym. Ýöne indi munuň ähmiýeti ýok. Horazy oglanlar iýmlejek — diýip jogap gaýtardy.

--------------------------------
6 Kater – kiçeňräk gämi.
7 Komendant sagady — adatdan daşary ýagdaý we şuňa meňzeş düzgün- ler yglan edilende laýyk öýünden çykmagyna girizilýän çäklendirme.
8 Paporotnik, begoniýa — tropiklerde we subtropiklerde ýaýran reňkli ýaprakly, açyk gülli ösümlikler.
9 Kamawal — şüweleň.
10 Sentawo – ownuk pul birligi.
11 Unsiýa – 300 gramdan sähel agyr agram birligi.
12 Sandal – teletin bagjykly, ökjesiz ýeňil köwüş (ýelken köwüş mysaly).
13 Býulleten — bellibir edaranyň çykarýan ýörite neşiri.
14 Pianola – saz guralynyň bir görnüşi.
15 Seýba – tropiki agaç. — Terjimeçiniň belligi.
16 Intendant – üpjünçilik işgäri.
17 Galýera – horaz uruşdyrmak üçin ýörite jaý.


© Gabriel Garsia MARKES
Terjime: © Amanmyrat KICIGULOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Amanmyrat Kiçigulow, Gabriel Garsia Markes | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 12:38, 11.06.2023
Gowy powest şu, Amanmyrat dädäñ terjimesi. Öñem okapdym. Näme üçindir gaýtadan okasym geldi durdy, bir hepde bäri okamaga elim degmedi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202