12:54 Polkownige hat ýazýan ýok /powestiň dowamy-2 | |
DOWAMY - 2 — Tagapyl ediň, garyndaş, men size saýawan bereýin. Don Sabas edaranyň diwarynda gurnalan şkafy açdy. Onuň içi akan-dökändi: at münülende geýilýän ädikler, üzeňňiler, jylawlar, ökje depgisinden hyryn-dykyn alýumin gapyrjak münder bolup durdy. Ýokarky böleginde alty sany gara ýagyş saýawany we Günden goranmak üçin ala-mula zenan saýawany asylgy durdy. Polkownik: «Bir weýrançylygyň galyndylaryna meňzeýär» diýip oýlandy. Penjiräniň bosagasyna elini diräp: — Sag boluň, garyndaş, men gowsy howa açylyşýança garaşaýaýyn — diýdi. Don Sabas şkafy ýapyp-da durmady. Ol hat stolunyň başynda ýelpewaçdan özüne salkynlyk geler ýaly oturdy, gapyrjakdan deri derman goýberilmegi üçin pagta dolanan sanjym iňňesini çykardy. Polkownik ýagyş zerarly küljümek bolup görünýän badam agaçlaryna seredýärdi. Köçede janly-jemende ýokdy. — Siziň penjiräňizden ýagyş bütinleý başgaça bolup görünýär. Göýä ol bärde däl-de, başga bir şäherde ýagýan ýaly — diýdi. — Nireden seredeniňde hem, ýagyş ýagyşdyr-da — diýip, don Sabas seslendi. Ol aýna düşelen hat stolunyň üstünde iňňäni gaýnatmaga goýdy. — Şäher dälde, poh-püsür-le bi. Polkownik egnini gysyp, edaranyň içinde gezmeledi: ýere ýasy ýaşyl daş düşelipdir, mebeliň ýüzüne açyk reňkli matalar tutulypdyr. Tördäki duzly haltalar, bally meşikler, eýerler bitertip münder bolup durdy. Don Sabas polkownige perwaýsyz nazar aýlady. Polkownik: — Siziň ýeriňize bolsam, men-ä beýle pikir etmezdim — diýdi. Ornaşdy, aýaklaryny biri-biriniň üstüne atyp, kiçijik adamjygyň küýkerip oturan hat stoluna asuda nazar aýlady. Onuň göwresi ýarsandy, tultukdy, bakyşynda, birhili, gurbaga gussasy bardy. Don Sabas: — Sizem lukmana görünäýmeli eken, garyndaş. Ol günki gölegçilikden soň, siz öte tukat görünýärsiňiz — diýdi. Polkownik başyny galdyrdy. — Men özümi örän oňat duýýaryn. Don Sabas suw gaýnaýança garaşdy. — Menem özüm hakda şeýle diýip bilsedim — diýip zeýrendi. — Siz bagtly adam, hatda mis ökje depgisini-de iýip biljek. — Ol özüniň tüý örten we goýy goňur siňňilden doly ellerine dykgat bilen syn etdi. Ogulhajat barmagynda nika ýüzüginden başga-da, gara gaşly ýüzük ýalpyldaýardy. Polkownik: — Hawa, başararyn — diýip ylalaşdy. Don Sabas öýüň ýaşalýan bölegine girilýän gapa tarap öwrülip, aýalyny çagyrdy. Soň ejirli zeýrenip iýmitleniş tertibi hakda gürrüň berip ugrady. Köýneginiň jübüsinden kiçijik çüýşejik çykaryp, nohudyň ululygyndaky ak gerdejigi stolda goýdy. — Muny hemişe ýanyňda göterip ýörmegiň özem ezýet. Göýä jübiňde ajaly göterip ýören ýaly-da — diýdi. Polkownik stoluň ýanyna bardy, gerdejigi eline aldy we don Sabas dadyp görmegi teklip edýänçä, oňa seretdi durdy. Don Sabas: — Muny kofä atýarlar. Bu şeker, ýöne şekersiz — diýdi. — Düşnükli — diýen polkownik agzynda süýjümtik kakýan tagam duýdy. — Edil jaň sesi ýaly, ýöne jaňsyz. Aýaly sanjym edenden soň, don Sabas tirsegini stola diräp, ýüzüni aýalarynda gizledi. Polkownik özüni nirä uijagyny bilenokdy. Aýal elektrik ýelpewajy öçürdi, ony seýfiň üstünde goýdy-da, şkafa ýöneldi. — Saýawanlar maňa, näme üçindir, ölümi ýatladýar — diýdi. Polkownik ony diňlänokdy. Ol bu gün poçtany garşylamak üçin öýünden sagat dörtde çykypdy. Emma ýagyş ony don Sabasyň edarasynda gizlenmäge mejbur etdi. Katerler zoguny çalanda, ýagyş entegem guýup durdy. Don Sabasyň aýaly: — Hemmeler ajaly aýal sypatynda göz öňüne getirýär — diýip, sözüni dowam etdi. Ol ärinden uzyndy, etli-ganlydy, ýokarky dodagynda tüýli meň bardy. Sesi elektrik ýelpewajyň hyzzyldysyna meňzeýärdi. — Men-ä ony asla beýle göz öňüne getiremok... — Şkafy ýapyp, polkownigiň nazaryna sataşmak isläp, bärsine öwrüldi. — Meniň göwnüme-hä, ol haýwan sypatly ýaly. Toýnakly. Polkownik: — Mümkin. Jahanda nämeler bolmaýar — diýdi. Ol: «Suw geçirmeýän ýapynjaly poçta hadymy häzir, megerem, katere böküp girýän bolsa gerek» diýip oýlandy. Polkownigiň aklawçyny çalşanyna bir aý geçipdi, indi onda jogap tamasyny etmäge esas bardy. Don Sabasyň aýaly polkownigiň özüni diňlemeýänini aňýança, ölüm hakda gürlemegini dowam etdi. — Garyndaş, endişeli görünýäňiz-le? — diýdi. Polkownik pikirleriniň arasyny böldi. — Hawa, garyndaş, men sagadyň eýýäm bäşdigi, horaza bolsa entegem sanjym edilmändigi hakda oýlanýaryn. Aýal ör-gökden geldi: — Horaza, sanjym etmelimişin! Ol nä adammy? Bu ne tersalyk! — diýip haýkyrdy. Don Sabasyň sabyr käsesi doldy. Çym-gyzyl bolan ýüzüni galdyryp, aýalyna: — Agzyňy bir minutjyk berin ýumsana — diýip buýurdy. Aýaly, dogrudanam, elini agzyna ýetirdi. — Sen eýýäm ýarym sagat bäri öz samsyklygyň bilen garyndaşy bizar edip dursuň. Polkownik: — Asla beýle däl — diýip garşylyk görkezdi. Aýal gapyny gürpüldedip ýapdy. Don Sabas lawanda18 müşki sepilen ýaglygy bilen boýnuny süpürdi. Polkownik ýene-de penjiräniň öňüne bardy. Ýagyş diňer ýaly däldi. Uzyn sary aýakly towuk boş meýdançany kesip geçdi. — Horaza, hakykatdanam, sanjym edilýärmi? Polkownik: — Hawa. Indiki hepde türgenleşik başlanýar — diýdi. — Bu-ha paýhassyzlyk bolýar. Beýle zatlar siziň üçin däl. — Ylalaşýan. Emma bu ýagdaý horazyň boýnuny towlamak üçinem sebäp däl-dä. — Barypýatan paýhassyzlyk — diýip, penjirä ýönelen don Sabas gaýtalady. Onuň agyr dem alşy körügiň sesini ýadyňa salýardy. Garaýşy bolsa polkownigiň ýüregini awadýardy. Don Sabas: — Meniň maslahatymy alyň, garyndaş. Siz şol horazy satyň, ýogsam soňra juda giç bolar — diýdi. — Hiç wagtam juda giç bolýan däldir. Don Sabas öz diýenine tutdy: — Öňüni-soňuny ölçeriň ahyry. Sizde bir okda iki towşan urmaga mümkinçilik bar: birinjiden-ä, bu aladalardyr hysyrdylaryň hemmesinden dynarsyňyz, ikinjidenem, jübüňize dokuz ýüz peso salarsyňyz. Polkownik: — Dokuz ýüz peso! — diýip gygyrdy. — Dokuz ýüz peso. Polkownik pikirlendi. — Şonça pul bererler öýdýäňizmi? — Öýdemok. Doly gözüm ýetip dur — diýip, don Sabas jogap berdi. Ynkylap goşunynyň gaznasyny tabşyrandan soň, polkownige şeýle köp pul bilen iş salyşmak miýesser etmändi. Don Sabasyň edarasyndan çykan mahaly, ýene garnynda güýçli agyry duýdy. Ýöne bu gezek munuň howanyň işi däldigini bilýärdi. Ol poçtada göni hadymyň ýanyna ugrady. — Men gyssagly bir hata garaşýan. Awiapoçta bilen gelmeli. Hadym bukjalaryň hemmesini elden geçirip, ýeke agyz söz diýmezden, ýene öňki ýerlerinde goýdy. Diňe aýalaryny kakyşdyryp, polkownige manyly seretdi. — Maňa şu gün hat gelmelidi ahyry. Hökman. Hadym egnini gysdy. — Diňe ajal hökman gelýändir, polkownik. Onuň dolanyp gelerine aýaly mekgejöwen ýarmasyny bişiren eken. Ol her çemçeden soň uzak wagtlap pikire çümüp, naharyny sessiz-üýnsüz iýdi. Garşysynda oturan aýaly onuň ugrunyň ýokdugyny duýdy: — Saňa näme bolýar? — Men güzerany pensiýama bagly emeldar hakda oýlanýaryn — diýip, polkownik ýalan sözledi. — Elli ýyldan soň, biz-ä gabyrda arkaýyn ýatarys, ol biçäre bolsa özüne pensiýa bellendimikä ýa-da bellenmedimikä diýip pikir edip, her anna güni ezýet çeker ýörer. Aýaly: — Bu ýaramaz alamat. Bu seniň ýan berip ugranyňy aňladýar — diýdi. Ol ýene aşyny iýmäge durdy, ýöne bir minutdan adamsynyň ýene pikire çümüp oturanyna dykgat etdi. — Hany, sowamanka, aşyňy iýsene. Polkownik: — Tagamly bolupdyr. Sen mekgejöweni nireden aldyň? — diýdi. Aýaly: — Horazdan. Ussahananyň oglanlary oňa köp mekge getirdi-de, men özümize hem almagy makul bildim. Ýagdaý-ha, ine, şeýle! — diýip jogap berdi. Polkownik uludan dem aldy. — Hawa. Durmuşda şeýlebir zatlar bolup geçýär weli, ýörite oýlabam tapjak gümanyň ýok. Ol peje daňlan horaza seretdi. Onuň bir zady üýtgän ýalydy. Aýaly-da horaza seretdi. — Men şu gün çagalary taýaklap kowmaly boldum. Horaza depeletmäge bir garry towuk getiripdirler — diýdi. Polkownik: — Bolaýýan zat-da. Obalarda polkownik Aureliano Buendia üçin hem gyzlary getirerdiler — diýdi. Degişme aýalyna ýarady. Horaz bir zat madyrdan ýaly etdi, onuň madyrdysy uzakdan ynsanyň bogazynda sesini gaýnadyşyna meňzeýärdi. Aýaly: — Kämahal şu birden gepläberjek ýaly bolubam görünýär — diýdi. Polkownik ýene horaza seretdi. — Horaz-a horazjandyr-la. — Ol gäwüşäp oturyşyna, aňynda bir zatlary hasaplaýardy. — Bizi üç ýyllap iýmit bilen üpjün eder bi. Aýaly: — Arzuwlar! Arzuwdan aş bişiresiň ýok-la — diýdi. Polkownik: — Arzuw-hyýaly iýip bolmaz, ýöne ol garnyňy doýrup biler. Bu edil garyndaş Sabasyň täsin dermanlary ýaly bir zat-da — diýip jogap berdi. Gije ukusynyň mazasy bolmady — şol sanady, hasaplady ýatdy. Ertesi aýaly günorta naharyna ýene mekgejöwen atardy. Aýaly kelam agyz diýmän, başyny galdyrman iýip otyrdy. Polkownik onuň keýpsizliginiň özüne-de geçýänini duýdy. — Saňa näme bolýar? — Hiç zat. Polkownik düşündi: ýalan sözlemek nobaty indi aýalyna ýetipdi. Aýalyny köşeşdirjek boldy, ýöne ol diňlemedi. — Merhumyň ýerlenenine iki aýa golaý geçen bolsa gerek, men welin onuň ýerine henizem görnemok. Men şol hakda pikir edip otyryn. Ol şol agşam aýdan ýerine gitdi. Polkownik aýalyny ugratdy, soň bolsa ses güýçlendirijiler arkaly ýaňlanýan saz bilen özüne imrindirýän kinoteatra sowuldy. Öýüniň işiginde oturan tagsyr Anhel märekä seredýärdi — ol özüniň on iki gezek kakan duýduryjy zaňlaryna garamazdan, kimiň kino girjegini barlaýardy. Çagalaryň gykylygy, gulagy deşip barýan saz, girelgäniň öňündäki kiçijik giňişlikdäki ýagtylyk mähelläniň köpdügini mesaňa mälim edýärdi. Bir oglanjyk polkownige agaç tüpeň gezäp: — Horaz nähili, polkownik? — diýip gygyrdy. Polkownik ellerini galdyrdy. — Gezip ýör öz-ä. Jaýyň ýüz tarapyny «ýarygijelik boý gyz» diýen dürli reňkli bildiriş tutup durdy. Boý gyzyň egninde dilkawyndan bir aýagy görnüp duran meýlis köýnegi bardy. Polkownik tä uzakda ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp başlaýança, kinoteatryň golaýynda köw-söw etdi. Şondan soň aýalynyň yzyndan gitdi. Aýaly merhumyň öýünde ýok eken. Öýe-de dolanmandyr. Diwardaky sagat ýatyp galypdyr, emma polkownik komendant sagadyna çenli az wagt galan bolsa gerek diýip çaklady. Ol tupanyň şähere golaýlaşyşyny diňläp garaşýardy. Aýalyny gözlemäge gitmekçi bolany-da şoldy weli, onuň özi geläýdi. Polkownik horazy ýatyş otagyna geçirdi. Aýaly çalşyrynyp uly otaga çykdy, ol ýerde polkownik sagada tow berip bolup, ony düzlär ýaly, komendant sagadynyň duýduryşyna garaşyp otyrdy. Ol: — Sen nirede bolduň? — diýip sorady. Aýaly: — Şol ýerde — diýdi. Ärine seretmän, bulgur bilen legenden suw susup alyp, ýatyş otagyna dolanyp bardy. — Ýagyş şu gün şeýle ir başlar öýdüp, kimiň kellesine geljek?! Polkownik sesini çykarmady. Surnaý sesini eşidip, sagady düzetdi, penjiräni ýapdy, oturgyjy ýerine süýşürdi. Ýatyş otagyna girende, aýaly tesbisini sanap, doga okaýardy. Polkownik: — Meniň sowalyma jogap bermediň-le — diýdi. — Haýsy sowala? — Nirede bolduň? — Şol ýerde düşegim ýumşaýdy-da. Öýden çykman oturanyma ýoňsuzja wagt bolaýypdyr. Polkownik tor sallançagy asdy. Gapyny gulplady, o çybyn-çirkeýe garşy serişdäni pürkdi. Soň çyrany ýerde goýup gyşardy-da, gussa bilen: — Men saňa düşünýärin. Garyplygyň iň ýaramaz ýeri — ýalan sözlemäge mejbur edýäni — diýdi. Aýaly uludan demini aldy. — Men tagsyr Anheliň ýanynda boldum. Nika ýüzügimi girew goýup, ondan pul alaýjakdym. — Ýeri, ol näme diýdi? — «Mukaddes zady girew goýmak günädir» diýdi. — Ol peşehanany aşak goýberdi. — Birki günlükde sagady satmaga synanyşdym. Ýöne ony hiç kim almady, häzir san belgileri yşykly täze sagatlar-da nesýe satylýar. Oňa seredip, garaňkyda hem wagty bilmek bolýar. Polkownik kyrk ýyl bile ýaşalsa-da, bile açlyk çekilse-de, bile ezýet görülse-de, aýalyny gowy tanamanyna düşündi. Olaryň söýgüsi-de, megerem, garran bolsa gerek. Aýaly: — Suratam hiç kime gerek däl. Hemme kişide diýen ýaly şoňa meňzeşi bar. Men hatda türk dükanlaryna-da bardym — diýdi. Polkownik hapa boldy. — Ine, şonuň üçinem biziň açlykdan ölýänimizi indi hemme kişi bilýär-dä. Aýaly: — Men ýadadym. Erkekler hojalyk barada alada etmeýär. Bişirmäge zadymyzyň ýokdugyny goňşular aňmasyn diýip, men telim gezek peje içi daşly gazan atarypdym — diýdi. Polkownik utandy: — Kemsidiji ahwal. Aýaly peşehanany galdyrdy, onuň tor sallançagynyň ýanyna geldi-de: — Bu sapalaklardyr hilegärlikleri bes edere çen boldy. Men kaýyllykdanam, mertebedenem gerk-gäbe doýdum — diýende, onuň sesi gahardan ýaňa gödeňsi çykdy. Polkownigiň ýüzüniň ýeke damary-da tirsildemedi. Aýaly dowam etdi: — Her gezekki saýlawdan soň, wada berlen durna ýere düşer diýip tama edip ýörmek, ahyrynda-da ogluňy ýitirmek — ine, biziň garaşa-garaşa ýeten zadymyz. Polkownik bu gyjalatlara eýýäm werdiş bolupdy. Ol: — Biz öz borjumyzy berjaý edýäris — diýdi. — Olar bolsa öz borçlaryny ýigrimi ýyllap senatda berjaý etdi, her aýda müň pesony-da jübülerine urdy. Sabas garyndaşy alyp göräý: onuň puly ikigat jaýyna-da syganok. Şähere gelende bolsa entäp ýören söwdagärdi ahyryn. Boýnuna ýylan orap, derman satar ýörerdi — diýip, aýaly jogap gaýtardy. — Ol süýji keseli sebäpli öljek bolup ýörem-dä. — Sen bolsaň açlykdan ölýärsiň. Mertebe bilen garny doýrup bolmaýanyna düşün ahyry! Ýyldyrym çakdy. Daşarda gök gübürdäp, ýatyş otagyna kürsäp urdy, üýşmek daş ýaly, krowatyň aşagyna togalanyp gitdi. Aýaly hasyr-husur tesbisine ýapyşdy. Polkownik ýylgyrdy: — Bu saňa diliňi saklap bilmeýäniň üçin. «Hudaý — meniň partiýa egindeşim» diýip, saňa hemişe aýdýardym ahyry. Aslynda welin, onuň oýun ýadyna düşenokdy. Birsalymdan çyrany öçürip, ýyldyrym bilen paralanýan garaňkylykda ýatyşyna, gamly oýlara çümdi. Makondony ýadyna saldy. Neýerlandiýanyň öz wadasyna wepaly bolaryna polkownik on ýyllap garaşypdy. Ol bir gezek günorta dynç alşynyň melul sagady yssydan demigýän, hatda wagonlaryň depesine dyrmaşyp çykan erkeklerdir aýallardan, haýwanlardan hyryn-dykyn tot-tozanly sary otlynyň ýetip gelýänini görüpdi. Banan «keseli» başlanypdy. Şäherçe bir gije-gündizde üýtgäpdi. Polkownik şol wagt özüne: «Giderin. Bananyň ysyna ýüregim bulanýar» diýipdi. Ol yzyna gidýän otly bilen 1906-njy ýylyň 24-nji iýunynda, çarşenbe güni, öýlän iki sagat on sekiz minutda Makondodan ugrapdy. Neýerlandiýa synaly bäri ýeke minut hem rahat bolmanyna polkownigiň akyl ýetirmegi üçin ýarym asyr gerek bolupdy. Ol gözlerini açdy. — Diýmek, bu barada indi pikir etmek hem gerek däl. — Näme barada? Polkownik: — Horaz barada. Ony ertir irden garyndaş Sabasa dokuz ýüz peso satjak — diýdi. * * * Penjiräniň aňyrsyndan biçilen haýwanlaryň naýynjar sesleri, don Sabasyň gykylygy eşidilýärdi. Iki sagat irikge bolandan soň, polkownik: «Eger on minutdan dolanyp gelmese giderin» diýip, özüne söz berdi. Ýöne ýene ýigrimi minut garaşdy. Ahyry ýüregini bire baglap, gitmekçi bolany hem şoldy weli, don Sabas işgärler bilen edarada peýda boldy. Ol polkownigiň hatda ýüzüne-de seretmän, deňinden birnäçe gezek eýläk-beýläk geçdi. Diňe işgärler gidenden soň, polkownige üns berdi. — Garyndaş, maňa garaşýaňyzmy? Polkownik: — Hawa, garyndaş. Ýöne siz iş bilen başagaý bolsaňyz, men başga bir gün geläýerin — diýdi. Don Sabas muny eşitmedi, ol eýýäm gapynyň aňyrsyndady we şol ýerden: — Häzir gelýän — diýip gygyrdy. Günortanyň tüp yssysydy. Edaranyň içi daşardan düşýän Gün şöhlesine gark bolupdy. Yssydan ýaňa tapdan düşen polkownik gabagyny aşak goýberdem weli, gözüniň öňünde aýalynyň keşbi janlandy. Edara jaýyna daraklygyna basyp, don Sabasyň aýaly girdi. Ol: — Dynç alyň, dynç alyň, garyndaş. Men häzir tutulary ýapaýyn: bu ýer dowzah ýaly gyzgyn — diýdi. Polkownik oňa düşünmeýän garaýyş bilen seretdi. Don Sabasyň aýaly tutulary ýapyp, alagaraňkyda geplemegini dowam etdi: — Siz düýşi köp görýäňizmi? Ymyzgananyna utanan polkownik: — Kämahal. Hemişe diýen ýaly hem meniň daşyma kerep saralýar — diýip jogap gaýtardy. Aýal: — Maňa bolsa her agşam garabasma ezýet berýär. Ine, onsoň men düýşümde görýän adamlarymyň kimdigini bilmek kararyna geldim — diýdi. Ol elektirk ýelpewajy işletdi. — Geçen hepde başujumda bir aýal peýda boldy. Men batyrgaýlanyp, ondan kimdigini soradym. Ol: «Men şu otagda on iki ýyl ozal ýogalypdym» diýdi. — Öý bary-ýogy iki ýyl ozal gurlupdy ahyry. — Hut şeýle. Diýmek, hatda merhumlaram ýalňyşýan bolmaly. Ýelpewajyň hyzzyldysy alagaraňkylygy goýaldýardy. Polkownik ynjalyksyzdy, uky melullygy we düýşlerden merhumlaryň janlanmagynyň syryna geçen aýalyň lakgyldysy ony horlaýardy. Ol hoşlaşmak üçin böwşeňlige garaşýardy, ýöne şol wagt edara jaýyna dolandyryjy bilen don Sabas giräýdi. Aýaly: — Men saňa çorbany dört gezek gyzdyrdym — diýdi. Don Sabas: — Ýene on gezek gyzdyryber, ýöne häzir meni günüme goý — diýip jogap gaýtardy. Ol seýfi açdy, dolandyryja bir daňy pul uzadyp, käbir görkezmeleri berdi. Dolandyryjy tutyny syryp, puly sanap başlady. Don Sabas edaranyň töründe oturan polkownige seretdi, emma onuň ýanyna baraýynam diýmän, dolandyryjy bilen gürrüňi dowam etdi. Olar ýene gitmekçi bolanda, polkownik ýerinden turdy. Eýýäm gapyny açmak üçin elini uzadan don Sabas aýak çekdi: — Bärläpsiňiz-le, garyndaş? Polkownik dolandyryjynyň özüne seredýänini gördi. — Aý, hiç-le. Siziň bilen gürleşäýjekdim. — Aýdyberiň-dä onda. Men ýekeje minuty-da ýitirip bilemok. Ol gapynyň tutawajyny sabyrsyzlyk bilen tutup durdy. Polkownik sekuntlaryň — öz ömrüniň iň uzak bäş sekundynyň nähili geçýänini duýdy. Ol dişlerini gysdy-da: — Men horaz barada gürleşäýjekdim — diýip pyşyrdady. Don Sabas gapyny açdy. Ýylgyryp, dolandyryjyny çykalga itekläp durşuna: — Hä, horaz barada... — diýip gaýtalady. — Dünýe agdar-düňder bolaýsyn, garyndaş horazynyň aladasy bilendir — diýdi. Soň polkownige ýüzlenip dowam etdi: — Ýagşy, garyndaş. Häzir gelýän. Däliziň aňry çetinde olaryň aýak sesleri ýatýança, polkownik otagyň ortasynda gymyldaman durdy. Onsoň köçä çykyp, ýekşenbäniň siýestasy gurşap alan şähere aýlandy. Tikinçilik ussahanasynda hiç kim ýokdy. Lukmanyň iş otagy ýapykdy. Siriýalylaryň dükanlarynda çykarylyp goýlan harytlary hiç kim goranokdy. Derýa polat zolak ýaly ýaldyraýardy. Gämi menzilinde bir kişi başgaby bilen ýüzüni Günden gorap, nebitli çelekleriň üstünde ukyny urýardy. Polkownik öýüne barýarka, özüniň şu mahal tutuş şäherde köçä çykmaga het eden ýeke-täk adamdygyna gözi ýetip durdy. Günortan naharyny taýýarlap garaşýan aýaly: — Bulary ertir irden tölejegime söz berip, nesýe aldym — diýip düşündirdi. Nahar başynda polkownik oňa don Sabasyň edarasynda bolup geçenler barada gürrüň berdi. Aýaly ony darygyp diňledi. Polkownik gürrüňini gutaranda, ol: — Saňa tutanýerlilik ýetenok. Belanyň körügi şonda. Özüňi hamala sadaka dileýän ýaly alyp barýaň. Garyndaşy bir çete çekäge-de, gümmi-sümmi edip durman, «Garyndaş, men horazy satmakçy» diýmeli ekeniň — diýdi. — Durmuşda ähli zat şeýle aňsat bolsady. Şol günüň säherinde aýaly bilini berk guşady. Äri gelýänçä öýi tertibe saldy, özem üst-başy diýseň üýtgeşikdi: aýagyna ýassykdaşynyň köne köwşüni geýipdi, horoşaja öňlük daňynypdy, kellesine oralan esginiň uçlary gulaklarynyň ýokary ýanynda düwülgidi. Ol: — Sen tutan ýeriňi goparyp bileňok. Bir zat satjak bolaňda özüňi hamala sen satyn aljak ýaly alyp barmaly — diýdi. Aýaly häzirki sypatynda polkownige şoh bolup göründi. — Hemişe şeýle geýinsene — diýip, ol aýalynyň sözüni böldi. — Sen süleli gapyrjagyň ýüzündäki adamjyga meňzeýärsiň. Aýaly kellesindäki esgini aýyrdy. — Meniň gara çynym. Häziriň özünde horazy garyndaşa äkitjek, ýene ýarym sagatdan dokuz ýüz pesoly dolanyp geljegime nämeden jedel etseňem men bar. Polkownik: — Şonça puldan başyň aýlanaýdy öýdýän. Sen eýýäm horazy jedele goýup başladyň — diýdi. Aýalyny pälinden dändirmek hyllalla boldy. Säher bilen aýaly puluň üç ýyla ýetjegini, ikisiniň her annada janhowluna düşen ýaly bolman ýaşap biljegini çaklamaga eýýäm ýetişipdi. Ol dokuz ýüz pesony almaga taýýarlanypdy. Satyn alynmaly iň zerur zatlaryň sanawyny düzüpdi, polkownik üçin täze köwşi-de unutmandy. Aýnany ýatyş otagynyň niresinde goýjaklaryny takyklapdy. Ähli etsem-pessemleriniň duýdansyz puja çykmagy onda utançdyr ahmyryň garyşyk duýgusyny döretdi. Ol dynç almaga gyşardy. Turanda polkownik howluda otyrdy. Ol: — Ýeri, sen indi näme edýäň? — diýip sorady. — Oýlanýaryn. — Aý, onda hemme zat gül ýaly. Biz şol puly elli ýyla-da ýetirmän alarys. Polkownik bolsa horazy şol gün agşam satmagy karar etdi. Ol don Sabasyň boş edarada, elektrik ýelpewajyň öňünde gündelik sanjyma garaşyp oturanyny göz öňüne getirdi. Polkownik garyndaşynyň näme diýjegi barada öňünden pikirlendi. Aýaly: — Horazy ýanyň bilen alyp git. Harydyňy elin görkezmelisiň — diýip ündeýärdi. Emma polkownik boýun bolmady. Umydyny ýitirip, jany ýanan aýaly ony howlynyň dereçesine çenli ugratdy. — Edarasy märekeden doly bolaýsyn, elinden tut-da, tä dokuz ýüz pesony berýänçä goýberäýmegin. — Görsene muny, biz hamala hüjüme taýýarlanýan ýaly-aýt. Aýaly onuň sözlerini gulagynyň duşundan geçirdi. — Horazyň eýesidigiňi, eglişik edýäniň ol däl-de, sendigiňi unutma. — Bolýar. Don Sabas lukman bilen ýatyş otagynda otyrdy. Don Sabasyň aýaly polkownige: — Pursady sypdyrmaň, onuň bilen edil häzir gepleşiň. Ol mülke ugramagyndan öň lukman bilen maslahatlaşýar. Yzyna penşenbeden bäri dolanmaz — diýdi. Polkownigi garyşyk duýgular gurşap aldy. Ol horazy satmagy berk ýüregine düwüpdi, şol bir wagtyň özünde-de, gijä galmanyna, don Sabasyň öýünden gitmänkä gelenine gynanýardy. — Men garaşybam bilerin — diýdi. Ýöne aýal ony diňlemegem islemedi. Ony ýatyş otagyna eltdi. Don Sabas bulançak gözlerini lukmana dikip, ýumşak düşelen gaba krowatda içki tammanly otyrdy. Polkownik lukman syrkawyň peşewi guýlan çüýşejigi gyzdyryp, bugy ysgap, don Sabasa makullamaklyk bilen baş atýança garaşdy. Lukman polkownige ýüzlenip: — Muny atyp dynmakdan gowusy ýok. Süýji keseli öte uzaga çekýän kesel, beýdip biz baýlardan hiç wagt dynyp bilmeris — diýdi. — Şonda-da näletsiňen insulin sanjymlaryňyz bilen eliňizden gelenini edýäňiz-le — diýip, don Sabas myssyk otyrýerinde towsanjyrady. — Ýöne men berkje hozduryn, maňa dişiňiz ötmez. — Soň polkownige ýüzlendi: — Geliň, geçiň, garyndaş. Men irdenem sizi gözledim, ýöne başgabyňyza-da gözüm düşmedi. — Hiç kimiň öňünde çykarmaz ýaly, men ony geýemok. Don Sabas geýnip ugrady. Lukman içine seljerilme üçin gan guýlan çüýşejigi penjeginiň jübüsine saldy. Polkownik ol gitmekçidir öýtdi. — Siziň ýeriňize bolsam, lukman, garyndaşa müň pesolyk töleg hatyny bererdim. Şonda ol iş bilen ber-başagaý bolup ýörmezdi. Lukman: — Men oňa eýýäm bir millionlyk ylalaşygy teklip etdim. Süýji keseliniň iň gowy dermany garyplykdyr — diýdi. Don Sabas gaba garnyny at münülende geýilýän balaga saljak bolup jan edip durşuna: — Teklibiňiz üçin sag boluň. Ýöne men sizi baý bolmak betbagtlygyndan halas etmek üçin ol maslahatyňyzy peýdalanmaryn — diýdi. Lukman çemodanyň nikel çaýylan ildirewajynda görünýän dişlerine buýsançly seredip monça boldy. Gyssanmaçlygyň hiç hili alamaty bolmadyk görnüşde sagadyna seretdi. Şol wagt ädigini geýmäge oturan don Sabas polkownige duýdansyz ýüzlendi: — Ýeri, garyndaş, horazyň ýagdaýy nähili? Polkownik lukmanyňam jogaba garaşýanyny gördi. Dişlerini gysdy. — Erbet däl, garyndaş. Ýöne men ony satmaga geldim — diýip pyşyrdady. Don Sabas ädigini geýip boldy. Ol hiç zat aňlatmaýan äheňde: — Gowy edipsiňiz, garyndaş. Bu siziň pikirlenip tapyp biljek zadyňyzyň iň gowsudyr — diýdi. Polkownik hiç zat aňşyrmaýan lukmanyň ýüzüne seredip durşuna: — Beýle işler üçin men juda garry — diýip, özüni aklajak boldy. — Häzirkimden ýigrimi ýyl ýaş bolsadym, ähli zat başgaça bolardy. — Siz hemişe-de öz ýaşyňyzdan ýigrimi ýyl dagy juwan görnersiňiz — diýip, lukman seslendi. Polkownik demini dürsedi. Don Sabasyň bir zat aýdaryna garaşdy, ýöne ol dymýardy. Syrmaly gaýyş keltekçesini geýip, gapa ýöneldi. Polkownik: — Eger isleseňiz, indiki hepdede gürleşäýeliň, garyndaş — diýdi. — Meniň özümem size hut şuny teklip etmekçidim. Meniň bir müşderim bar, siziň horazyňyz üçin dört ýüz peso beräýmegi mümkin. Ýöne penşenbä çenli garaşmaly bolar. Lukman: — Näçe? — diýip sorady. — Dört ýüz peso. — Men onuň has gymmat durýanyny eşidipdim — diýip, lukman geň galdy. — Siz maňa dokuz ýüz peso agzapdyňyz — diýip, lukmanyň sözlerine ruhlanan polkownik ýatlatdy. — Ol tutuş etrapda iň gowy horazdyr! — Başga wagt bolanlygynda oňa müň peso-da bererdiler. Ýöne häzir gowy horazy orta çykarmaga hiç kim ýürek edip bilmez. Galýerada gülle iýmek töwekgelligi hemişe bar — diýip, don Sabas lukmana düşündirdi. Soň polkownige öwrüldi-de aýratyn haýpygelijilik bilen: — Men size hut şuny ýatlatmak isläpdim, garyndaş — diýdi. Polkownik baş atdy. — Düşnükli. Ol däliz içi bilen ikisiniň yzyna düşüp barýardy. Lukmany don Sabasyň aýaly saklady. Ol «duýdansyz peýda bolaga-da, alarladyberýän keselleriň» dermanyny sorady. Polkownik lukmana edara jaýynda garaşdy. Don Sabas seýfi açdy, pullary jübülerine dykyşdyrdy we polkownige dört sany kagyzjyk uzatdy. — Ynha, size altmyş peso, garyndaş. Horazy satanyňyzda hasaplaşaýarys — diýdi. Polkownik lukman bilen agşam serginliginiň golaýlaşmagy bilen janlanyp başlan dükanlaryň we dükanjyklaryň deňinden barýardy. Şekerçiňrik ýüklenen barkas19 aşak ýüzüp barýardy. Polkownik birden lukmanyň şu gün, birhili, juda köp dymýanyna üns berdi. — Ýeri, onsoň siziň özüňizi duýşuňyz nähili, lukman? Lukman kibtini gysdy. — Bir mydar bar. Menem özümi lukmana görkezsem, zyýany degmezdi diýip pikir edýärin. Polkownik: — Munuň hemmesine gyş sebäpkär. Ynha, meniňem içimde bir zadyň sepi açylan ýaly — diýdi. Lukman oňa aladaly nazar saldy, garaýşy-da lukman garaýşy däldi. Soň dükanlarynyň gapylarynyň agzynda oturan siriýalylara ýekänme-ýekän baş atdy. Lukmanyň iş otagyna ýetenlerinde, polkownik ýene horazdan söz açdy. — Mende başga alaç galmady. Bu janawar adamyň eti bilen iýmitlenýär — diýip düşündirdi. Lukman: — Adamyň eti bilen iýmitlenýän ýeke-täk haýwan don Sabasdyr. Onuň horazy soň dokuz ýüz peso satjagyny bilipjik durun — diýdi. — Şeýle bolar öýdýäňizmi? — Gözüm ýetip dur — diýip, lukman gaýtalady. — Bu iş onuň edil alkald bilen baglaşan meşhur watançylyk ylalaşygy ýaly düşewüntli işjagaz-a. Polkownik öz gulaklaryna ynanmady. — Garyndaş öz janyny halas etmek üçin geleşige gitdi. Diňe şol sebäpli-de şäherde galyp bildi — diýdi. — Diňe şol sebäpli-de ol alkaldyň şäherden kowan adamlarynyň — öz partiýadaş ýoldaşlarynyň emläklerini ýarpy bahasyna satyn alyp bildi — diýip, lukman garşy çykdy. Ol jübüsinden açary tapmady, gapyny kakdy, ýene ýaňky aýdylanlara ynanyp bilmän duran polkownige ýüzlendi: — Beýle mön bolmaň. Pul don Sabasy öz janyndanam has köp gyzyklandyrýar. Şol agşam polkownigiň aýaly odur-budur satyn almaga çykdy. Ony siriýalylaryň dükanyna çenli ugradyp barşyna, polkownik lukman bilen bolan gürrüňini gaýta-gaýta ýatlady. Aýaly: — Häziriň özünde ussahananyň oglanlaryny tap-da, horazyň satylanyny aýt. Biderek ýere tama edip ýörmesinler — diýdi. — Tä don Sabas dolanyp gelýänçä horaz satylmaz — diýip, polkownik jogap gaýtardy. Ol Alwaro bilýard oýnalýan jaýynda duş geldi. Ýigit ruletka20 oýnaýan eken. Şenbe agşamy bolansoň, jaý baş-başa, jan-janady. Doly güýjünde goýberilen radiodan ýaňa yssy has güýçlenen ýalydy. Polkownik uzyn stoluň ýüzüne çekilen gara kleýonkadaky açyk reňkli sanlara seretdi. Stoluň ortasynda, gapyrjagyň üstünde kerosin çyra ýanyp durdy. Alwaro kesirlik edip, zol ýigrimi üçe goýýardy, her gezegem utdurýardy. Oýna onuň egninden üstaşyr syn edip duran polkownik on biriň köplenç utýanyna dykgat etdi. Alwaronyň gulagyna pyşyrdap: — On bire goý — diýdi. Alwaro kleýonka çekilen stoluň ýüzüne ünsli seretdi. Indiki oýunda hiç zat goýmady. Jübüsinden petde pul bilen bilelikde bir tagta kagyz çykaryp, ony stoluň aşagyndan polkownige berdi. — Agustiniň ýazany — diýdi. Polkownik gizlin çagyryş ýazylan ýaňky el ýaly kagyzy jübüsinde gizledi. Alwaro on birlige birbada köp pul goýdy. Polkownik: — Az-azdan başla — diýdi. Alwaro: — Siziň duýgurlygyňyz gowy bolmaly — diýip jogap berdi. Dürli reňkli ullakan tigirçek aýlanyp başlanynda, Alwaronyň gapdalynda oturan oýunçylar birden öz goýumlaryny beýleki belliklerden aýyrdy-da, on bire goýdy. Polkownigiň ýüregi süýşüp gitdi. Humaryň o süýjüsini we ajysyny ilkinji gezek dadyşydy. Utuş bäşlik belgä düşdi. — Şeýle bolaram öýtdüm-le. Başganyň işine sokjaryp, nä körüň bar diýsene — diýip, polkownik Alwaronyň pullaryny agaç dyrmyjygyň çekip alşyna seredip durşuna müýnli gepledi. Alwaro oňa seretmän ýylgyrdy. — Gamlanmaň, polkownik. Bagtyňyzy söýgüde synap görüň. Birden mambany21 ýerine ýetirýän surnaýlar sem boldy. Oýunçylar ellerini galdyryp, dyr-pytrak boldy. Polkownik ýeňsesinde ýarag çakmagynyň hyrsyz, sowuk, aýdyň şakyrdysyny eşitdi. Ol polisiýa gabawyna duş bolanyna düşündi we şobada jübüsindäki kagyz ýadyna düşdi. Elini galdyrman, yzyna çalaja öwrüldi. Ine, şol wagtam — ilkinji gezek — öz ogluny atan adamy gördi. Ol tüpeňi polkownigiň garnyna degrip diýen ýaly, göni öňünde durdy. Kelte boýly, indeýlere mahsus ýüz keşpli, hamy gaýzygan kişidi. Onuň ysy körpeje bäbegiňki ýalydy. Polkownik dişlerini gysdy, nili barmaklarynyň ujy bilen bir ýana ýuwaşja sowdy. — Rugsat ediň — diýdi, soň nazary ýarganatyňky ýaly kiçijik, tegelejik gözlere kaklyşdy. Şol gözler ony bir pursatda ýuwutdy, çeýnedi hem-de yzyna gaýtardy. — Baş üstüne, polkownik. Geçiň. * * Dekabryň başlananyna göz ýetirmek üçin penjiräni açmagyň zerurlygy ýokdy. Polkownik muny aşhanada horaza ertirlik üçin miwe dograp oturyşyna her süýejigi bilen duýdy. Gapyny açanynda bolsa, howlynyň birgeňsi keşbi ýaňky duýgusyny tassyklady. Otlar, agaçlar, hajathananyň külbejigi ertiriň dury howasynda gaýyp ýören ýalydy. Aýaly dokuza çenli düşekden galmady. Ol aşhana çykan mahaly polkownik eýýäm otaglary ýygnaşdyrypdy we horazyň daşyna egelenişip oturan çagalar bilen gürleşýärdi. Aýaly pejiň ýanyna barmak üçin olaryň daşyndan aýlanyp geçmeli boldy. Ol horaza ýüz-gözüni egşidip seretdi-de: — Siz maňa päsgel berýäňiz! Biz bu näletsiňen guşdan haçan dynarkak? — diýip gygyrdy. Polkownik horaza ünsli seredip, onuň nämesi bilen aýalynyň gaharyny getirenine düşünjek boldy. Horaz bigörkdi, naýynjardy: kekeji dilim-dilimdi, per galmadyk boýundyr aýaklary gök öwüsýärdi. Ýöne synasy birkemsiz guratdy. Ol türgenleşige eýýäm taýýardy. Çagalar gidensoň polkownik: — Horazy unut-da, penjireden seretsene. Şeýle säherde ýadygärlik üçin surata düşäýesiň gelýär — diýdi. Aýaly penjireden boýnuny uzatdy, emma onuň ýüzünden entegem gar ýagýardy. Pejiň ýanyna dolanyp gelşine: — Meniň bägül ekesim gelýär — diýdi. Polkownik kerpiçden örülen pejiň ýüzünde aýnany asyp, sakgalyny syrmaga durdy. — Ekesiň gelýän bolsa, ekibermeli-dä. Ol päkini aýnada görünýän aýalynyň hereketi bilen sazlaşykly ýöretmäge jan edýärdi. Aýaly: — Olary doňuzlar iýer-dä — diýdi. — Iýende näme?! Bägül bilen bakylan doňuzlaryň eti, baý, süýji bolar-a. Ol aýalyny aýnada gözledi, ýüz-gözüniň öňküsi ýaly gamaşyp duranyny gördi. Ýalnyň öwüşginlerinde ol hem peç deý, şol bir toýundan ýasalan ýalydy. Polkownik ondan gözlerini aýyrman, uzak ýyllaryň endigi boýunça aýna seretmän syrynmagyny dowam etdi. Oz pikirlerine gümra aýalyndan uzak wagtlap ses çykmady. Ol ahyry: — Şonuň üçinem bägül ekesim gelenok — diýip dillendi. — Bolýa-da, islemeýän bolsaň ekme. Ol özüni gowy duýýardy. Dekabr onuň içegelerindäki suwotularyny birneme guratdy. Tutuş säheriň dowamynda diňe kelte gonçly täze köwşüni geýmäge synanyşanda, bir ýakymsyzlyga sezewar bolupdy. Birnäçe gezek synanyp, biderek azap edýänine göz ýetirdi-de, gonçsuz ýalpyldawuk köwşüni geýdi. Aýaly muny gördi. — Eger täze köwşi geýmeseň, ony giňeldip bilmersiň — diýdi. Polkownik garşy boldy. — Bu ysmazlaryň köwşi ahyry. Köwşi ilki bir aýlap geýip, şondan soň satsalar gowy bolardy. Şu gün hökman hat aljagyna berk ynanç duýgusy bilen gurşalyp, polkownik köçä çykdy. Kateriň gelmegine entek esli wagt bolansoň, ol don Sabasyň edarasyna degip geçmegi karar etdi. Ýöne ol ýerde oňa don Sabasyň duşenbeden bärde gelmejegini aýtdylar. Polkownik bu garaşylmadyk eglenme sebäpli ruhdan düşmedi. «Iru-giç ahyr-a geler» diýip özüne göwünlik berdi-de, gämi menziline ugrady. Nurana säheriň entek hiç zat zeper ýetirmedik ajaýyp pursadydy. Ol siriýaly Moiseýiň dükanyna baryp dyz epdi-de: — Dekabr arly ýyllap dowam etse gowy bolardy. Özüňi şähdaçyk, ýep-ýeňilje duýýarsyň — diýip pyşyrdady. Siriýaly Moiseý bu sözleri unudaňkyrlan arap diline geçirmek üçin özüne zor salmaly boldy. Ol ýylmanak ýüzünde ýekeje ýygyrt hem bolmadyk, gark bolanyňky ýaly gowuşgynsyz hereketli, ýuwaş adamdy. Ol, dogrudanam, ýap-ýaňyja suwdan çykarylan ýaly bolup görünýärdi. Moiseý: — Ozal şeýledi. Häzirem şeýle bolaýanlygynda men sekiz ýüz togsan alty ýaşy arka atmaly. Sen näçe ýaşamaly? — diýdi. Poçta hadymyndan gözüni aýyrman oturan polkownik: — Ýetmiş bäş — diýip jogap gaýtardy. Birdenem sirke gözi düşdi, poçta kateriniň üstünde — münderlenip ýatan ala-mula gülberleriň arasynda onuň ýama salnan çadyryny tanady. Beýleki katerlerde münderlenen gapyrjaklaryň arasynda haýwanlary görjek bolup, hadymy bir pursatlyk gözden ýitirdi. Ýöne haýwanlar görnenokdy. Polkownik: — Sirk geläýipdir. Soňky on ýylda ilkinji gezek — diýdi. Siriýaly Moiseý bu habary aýaly bilen paýlaşdy. Olar arap hem-de ispan sözlerini dürüşde edip gepleşýärdi. Aýaly oňa dükanyň yzyndaky jaýdan jogap berýärdi. Moiseý onuň aýdan sözlerini ilki aňynda aýlady, soň aýalynyň nämäniň aladasyny edýänini polkownige düşündirdi. — Ol pişigini gizleýär, polkownik. Ýogsam oglanjyklar ony ogurlar-da, sirke satar. Polkownik poçta hadymynyň yzy bilen ýöneldi. Ol: — Bu sirkde haýwanlar ýok — diýdi. — Tapawudy näme. Darbazlar süňkleriniň döwülmezligi üçin pişik etini iýýär. Polkownik gämi menziliniň dükanjyklarynyň deňi bilen hadymyň yzyna düşüp barýardy. Meýdança ýetende, galýeradan çykýan güýçli sesler onuň ünsüni çekdi. Geçip barýan ötegçi oňa horaz hakda bir zatlary aýtdy. Şu gün türgenleşige başlamagyň belleneni polkownigiň ýadyna düşdi we ol poçtanyň deňinden geçip gitdi. Aradan bir minut geçmänkä, eýýäm galýeranyň galagoply ýagdaýyna çümüpdi. Ortada onuň horazy durdy: ol ýalňyzdy, gorawsyzdy, dyrnaklaryna esgi oralandy, gorkýany mese mälimdi — muny titreýän aýaklaryndan aňmak bolýardy. Onuň garşydaşy kül reňkli, ýüzi salyk horazdy. Polkownik horazlaryň darkaşyna biperwaý syn edýärdi. Olar biri-birine zol-zol gazap bilen topulýardy. Aýaklar, boýunlar, perler ýumak ýaly pyrlanýardy. Daş-töwerekdäki şadyýan gykylyk möwç alýardy. Tagta germewe tarap pyzylyp giden kül reňk horaz kellesiniň üstünden omman aşaga-da, ýene söweşe girýärdi. Polkownigiň horazy hüjüm edenokdy. Ol garşydaşynyň ähli hüjümlerini yzyna gaýtarýardy-da, ýene göni öz ornuna baryp durýardy. Indi aýaklary titränokdy. German germewden böküp geçdi, polkownigiň horazyny göterip, tribunalardaky22 tomaşaçylara görkezdi. Şowhunly gykylyk, el çarpyşmalar ýaňlandy. Polkownik: «Märekäniň ruhubelentligi-hä çişirilen» diýip oýlandy. Bolup geçýän zatlaryň hemmesi ýasama pyrryldak bolup, horazlaram oňa bilgeşleýin, öz islegi bilen gatnaşýan ýalydy. Ol bildirer-bildirmez göwnüýetmezçilikli bilesigelijilik bilen tegelek galýera göz aýlady. Göçgünli märeke tribunalaryň basgançaklaryndan ortadaky aýtyma eňdi. Polkownik şatlykly umyt bilen gurşalan göçgünli, gyzaran ýüzlere seretdi. Bular eýýäm başga adamlardy. Bu şäheriň täze adamlarydy. Ine, şol wagt hem, aňyna üýtgeşik bir ýalkym düşen ýaly, ol hakydasynyň gyrak-bujagynda bireýýäm ýitip giden pursatlary ýadyna salyp, ýaňadan örtenip-bişdi. Ýadyna salybam, germewden aşdy-da, märekäni itişdirip barşyna, Germanyň asuda garaýşyna sataşdy. Olar biri-birine gözlerini gyrpman seretdi. — Gün haýyrly bolsun, polkownik! Polkownik horazy onuň elinden aldy. — Şeýle bolsun! — diýip pyşyrdady. Guşuň gyzgyn galpyldysyny barmaklary bilen duýup, başga hiç zat diýmedi. Ellerinde şu horazdan gaýry hiç bir janly zady duýmagyň özüne hiç wagt miýesser etmäni barada oýlandy. German geň galyp: — Siz öýde ýok ekeniňiz — diýdi. Täzeden ýaňlanan göçgünli el çarpyşmalar onuň sözüni böldi. Polkownik özüni oňaýsyz duýdy. El çarpyşmalardyr gykylyklardan gulagy gapylara gelip, ýene-de hiç kime seretmän, horazy goltugyna gysdy-da dyzap märekäniň arasyndan sogrulyp köçä çykdy. Tutuş şäher, has takygy, ähli garamaýaklar daşyna mekdep okuwçylaryny üýşürip onuň nirä barýanyna seretmäge çykdy. Meýdançanyň burçunda boýnuna ýylan oran döw ýaly negr stoluň üstüne çykyp derman satýardy. Gämi menzilinden dolanyp gelýän märeke onuň harydyny magtamasyny diňlemek üçin aýak çekdi. Ýöne goltugy horazly polkownigi görüp, hemmesi oňa tarap öwrüldi. Öýe barýan ýol hiç wagt oňa şeýle uzak bolup görünmändi. Polkownik muňa gynananokdy. Şäher on ýyllap ukudan aýňalmandy, wagt onuň üçin doňup galan ýalydy. Emma bu anna güni — ýene bir hatsyz anna güni — şäher oýandy. Polkownik başga döwri ýatlady: ynha, onuň özi, aýaly we ogly güýçli ýagýan ýagşa garamazdan, teatr oýnunda saýawanyň astynda gizlenip otyr; ynha, saçlary yhlasly daralan partiýa ýolbaşçylary onuň öýüniň howlusynda sazyň depginine görä ýelpewaç bilen ýelpenişip dur. Depregiň tagyrdysy polkownige ezýet berip, gulagynda ýaňlanýardy. Ol derýanyň gapdaly bilen uzalyp ýatan köçäni kesip geçdi, bu ýerde-de hemme kişi tarapyndan bir eýýäm unudylan saýlawlardaky ýaly, göçgünli märekä gözi düşdi. Märeke sirkiň goş-golamynyň düşürilişine syn edýärdi. Polkownik dükançalaryň biriniň deňinden geçip barýarka, ol ýerden bir aýal horaz hakda bir zat diýip gygyrdy. Emma polkownik düýrmegi bilen özüne berlipdi: göýä galýeradaky ýaňky el çarpyşmalaryň ýaňy mysaly, kalbynda entegem ýaňlanyp duran, uzaklarda galan, unudylan diýen ýaly sesleri diňleýärdi. Öýüniň öňüne ýetip, çagalara tarap öwrüldi-de: — Hany, öýli-öýüňize dagaň! Ýogsam häzir elime kemer alýan — diýdi. Gapynyň sürgüsini itekledi-de, göni aşhana ugrady. Ýatyş otagyndan haşlap çykan aýaly: — Olar horazy güýç bilen alyp gitdi — diýip gygyrdy. — Men olara «dirikäm horazy size beräýmen» diýdim. Polkownik horazy peje daňyp, okarajygyndaky suwy çalşyrýarka, aýaly janyýangynly nalamagyny dowam edýärdi. — Olar bolsa hatda ikimiziň ölümimiziňem öňlerine böwet bolup bilmejegini aýdyp «Horaz size däl-de, tutuş şähere degişlidir» diýip, ony alyp gitdi. Polkownik diňe aýaly dymandan soň, onuň perişan ýüzüne seredip, oňa ýüreginiň awamaýanyna-da, oňa haýpynyňam gelmeýänine-de geň galdy. — Olar dogry edipdir — diýip, ol parahat jogap berdi. Soň jübülerini elleşdirip: — Horaz satylmaýar — diýip, birhili, aýratyn ýumşaklyk bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Aýaly ony ýatyş otagyna çenli ugratdy. Polkownik hem-ä adatdakysy ýalydy, şol bir wagtyň özünde-de, göýä aýaly ony ekranda görýän deý daşdady. Ol şkafdaky puly çykardy, jübülerindäkileri-de üstüne goşdy, gaýtadan sanabam, şkafda gizledi. — Bärde ýigrimi dokuz peso bar, biz ony garyndaş Sabasa yzyna bereris. Galanyny pensiýany alanymyzda üzeris — diýdi. — Almasak näme? — Alarys. — Birden almasak? — Diýmek, üzmeris. Krowatyň aşagyndaky täze köwşüni tapdy. Karton gapyrjagy almaga şkafa dolandy, köwşüň oltaňyny esgi bilen süpürdi-de, ony aýalynyň ýekşenbe agşamy getirişi ýaly edip, gapyrjaga saldy. Aýal gozganmady. Polkownik: — Köwşi dükana gaýtararys. Bu bolsa ýene otuz peso — diýdi. — Yzyna almazlar. — Alaýmaly. Men ony bary-ýogy iki gezejik geýdim — diýip, polkownik garşy çykdy. — Türkler muňa düşünmeýär. — Düşünäýmeli. — Düşünmeseler? — Düşünmän geçsin. Olar şamlyk edinmän düşege girdi. Polkownik aýaly doga okap bolýança garaşyp, çyrany öçürdi. Ýöne uklap bilmedi. Ol filmleriň ahlak derejesine baha berilýän jaňy, yz ýanyndan diýen ýaly hem — aslynda bolsa aradan üç sagat geçensoň — komendant sagadynyň duýduryşyny eşitdi. Gijäniň sowuk howasyndan aýaly ýene harlap dem alyp başlady. Aýaly onuň bilen, özi-de bu gezek parahat, ylalaşykly gepleşip başlan mahaly polkownigiň gözleri entek açykdy. — Sen uklaňokmy? — Ýok. — Haýyş edýän: oňatja oýlan. Ertir garyndaş Sabas bilen gürleş. — Ol duşenbeden bäri gelmez. — Has hem gowy. Sende pikiriňi üýtgetmäge üç gün bar. — Pikirimi üýtgedere zat ýok. Oktýabryň ýürege düşgünç ümür-dumanyndan soň, ýakymly hoştaplyk başlandy. Dekabryň başlany hakgeý guşuň indi başga wagtda gygyrýanyndan bellidi. Sagat iki bitdi, polkownigiň gözüne çiş kakylan ýalydy. Aýalynyňam oýadygyny bilýärdi. Ol tor sallançakda beýlesine agdaryldy. — Sen uklaňokmy? — diýip, aýaly ýene sorady. — Ýok. Aýaly birsalym geplemedi. — Biziň beýtmäge ýagdaýymyz ýok. Ikimiz üçin dört ýüz pesonyň nämedigi hakda özüň pikir edip gör-ä. — Indi az galdy, pensiýa bahym geler. — Men muny on bäş ýyl bäri eşidip gelýärin-ä. — Ine, şonuň üçin hem, ol indi kän garaşdyrmaz. Aýaly dilini ýygdy. Ýöne ol ýene gürläp ugranda, polkownige bir sekundam geçmedik ýaly bolup göründi. — Meniň göwnüme-hä şol pul hiç wagt gelmejek ýaly. — Geler. — Gelmese näme? Polkownik muňa jogap gaýtarmady. Horazyň ilkinji sesi ony oýardy, ýöne ol ýene uklady, özem düýş görmän agyr uka gitdi. Oýananda, Gün al-asmandady. Aýaly entek oýanmandy. Iki sagat gijä galsa-da, polkownik, adatça, irden meşgullanýan zatlarynyň ählisini yzygiderli bitirdi. Ertirlik edinmäge saçak başyna geçer ýaly, aýalynyň oýanaryna garaşdy. Ol ýatyş otagyndan çykanda, ýüz-gözi gamaşykdy. Birek-birege ertiriň haýyrly bolmagyny diläp, stoluň başyna sessiz-üýnsüz geçdiler. Polkownik süýji zatlar goşulyp ýugrulan hamyrdan bişirilen çörekdir bölek peýnir bilen bir bulgur gara kofe içdi. Günortana çenli wagtyny tikinçilik ussahanasynda geçirdi. Sagat birde öýe dolanyp gelende, aýalynyň begoniýa gülleriniň arasynda oturanyny gördi: ol eşikleriň tikin-çatyny bilen gümrady. Polkownik: — Nahar wagty-da boluberen ýaly — diýdi. Aýaly: — Nahar ýok — diýdi. Polkownik kibtini gysdy, çagalaryň aşhana sümlüp geçýän ýerini — germewdäki gädigi beklemäge gitdi. Öýe dolanyp gelende saçak ýazylgydy. Nahar başynda polkownik aýalynyň gözýaşyny zordan saklaýanyny gördi. Ol howsala düşdi. Aýalynyň häsiýetiniň dogabitdi berkdigini, kyrk ýyllyk hasratdyr mätäçlikden soň has-da berkänini birinden sorap bilmeli däldi; hatda ogly ölende hem gözlerinden ýeke damja ýaş çykarmandy. Ol aýalyna teýeneli seretdi. Aýaly dodagyny dişledi, gözlerini köýneginiň ýeňi bilen süpürdi-de, ýene nahar iýip başlady. — Sen meni sylaňok — diýdi. Polkownik jogap gaýtarmady. — Sen ynjyk, dikdüşdi adam, özi-de meni birjigem sylaňok. — Ol çemçedir çarşagy atanaklaýyn goýdy, yryma eýeribem, derrew biri-birinden aýyrdy. — Men saňa tutuş ömrümi bagyş etdim, indi bolsa, gel-gel, horaz seniň üçin menden zyýada boldy duruberdi. — Beýle däl — diýip, polkownik dillendi. — Ýok, şeýle — diýip, aýaly ýan bererli däldi. — Saňa meniň aňrymyň golaýlaýanyna düşünerçe wagt boldy. Häzir meniň enter-pelegimi öwürýän zat kesel däl-de, janhowly. Polkownik tä stoluň başyndan turýança, başga bir söz hem diýmedi. — Eger horazy satanymdan soň, seniň demgysmadan gutuljagyňa lukman kepil geçse, men ony haýal etmän sataryn. Kepil geçmese — satman. Polkownik nahardan soň, horazy galýera alyp gitdi. Öýüne dolanyp gelende, aýalynyň ýagdaýy has agyrlaşdy. Ol tiz-tizden hyklap dem alyp, saçy bulaşan halda ellerini serip, dälizde eýläk-beýläk gatnaýardy. Iňrik garalýança şeýtdi ýördi. Soň ärine ýeke agyz söz aýtman, düşegine geçdi. Komendant sagady jar edilip başlanan mahaly, ol henizem doga okap otyrdy. Polkownik çyrany öçürmekçi boldy, ýöne aýaly ony etdirmedi: — Garaňkyda ölesim gelenok. Polkownik çyrany öňküsi ýaly edip ýerde goýdy. Özüni kül-owram edilen ýaly duýýardy. Ähli zady unudasy, uka gidäge-de, kyrk bäş günden, ýigriminji ýanwarda, öýlän sagat üçde galýerada — öz horazy orta çykýan pursatda oýanasy gelýärdi. Emma aýalynyň oýadygy sebäpli, onuň hem gözüne uky gelmeýärdi. Az salymdan aýaly ýene dillendi: — Durmuş diýlen şeýle-dä: özgeler iýsinler diýip, özümiz aç gezýäris. Eýýäm kyrk ýyl bäri şeýle. Polkownik aýalynyň uklanyny-uklamanyny soraryna garaşdy. «Ýok» diýip jogap gaýtardy. Aýal sözüni aýlaw-öwrümsiz, birsydyrgyn äheňde, rehimsizlik bilen dowam etdi: — Bizden başgasynyň ýüzi utuşa düşýär. Horaza goýara birje sentawo-da çykmajak ýeke-täk maşgala bizdiris. — Horazyň eýesiniň ýigrimi göterime hukugy bar. — Saýlawlar mahaly maňlaýyňy ýardyranyňda-da saýlawly wezipä hukugyň bardy — diýip, aýal hüňürdedi. — Raýat urşunda janyňy orta ataňda hem weteranyň pensiýasyna hukugyň bardy. Ýöne illeriňk-ä gülala-güllük boldy, sen bolsa ýeke galyp, açlygyňdan öljek. Polkownik: — Beýle güne düşen diňe men däl — diýdi. Ol aýalyna bir zatlary düşündirjek boldy, ýöne uky bürdi. Aýaly tä äriniň uklanyny görýänçä samyrdady oturdy. Soň peşehanany galdyrdy-da, geplemegini dowam edip, garaňky otagda ikibaka ýöräp ugrady. Polkownik daňdan onuň adyny tutup çagyrdy. Aýaly ýerde duran çyranyň öçügsi ýagtysynda arwah ýaly bolup, gapyda peýda boldy. Düşege girmezden öň çyrany öçürdi. Ýöne geplemegini dowam etdi. Polkownik onuň sözüni bölüp: — Gel, näme edeli diýsene... — diýdi. — Edip boljak ýeke-täk zat — horazy satmaly. — Sagady satybam bolar-a. — Ony hiç kim satyn almaz. — Ertir ony Alwaro kyrk peso teklip ederin. — Bermez. — Onda suraty satarys. Aýaly ýene düşekden turdy-da, hümürdäp ugrady. Polkownik onuň dermanlyk ot-çöpleriň ysy ornan demini syzdy. — Ony hem satyn almazlar. — Görübereris. Häzir ýat. Eger ertir hiç zat satmasak, ýene näme edip boljagy barada akyllaşarys — diýip, polkownik ýumşak, parahat ses bilen jogap gaýtardy. Ol gözlerini ýummazlyga synanyşdy, emma uky rüstem çykdy. Polkownik gorpa gaçan ýaly uka gitdi. Wagt-da, giňişlik-de duýulmaýan äleme, aýalynyň sözleri hem başgaça mana eýe bolýan dünýä düşdi. Ýöne bir minutdan soň, aýalynyň egninden silterleýänini duýdy. — Maňa jogap ber ahyry! Polkownik bu sözleri düýşünde ýa-da huşunda eşidýänini birbada aňşyryp bilmedi. Daň saz beripdi. Penjireden ýekşenbe säheriniň açyk ýaşyl öwüşgini aýdyň görünýärdi. Polkownigiň gyzgyny galyp başlady, gabaklary ýanyp barýardy, ol diňe özüne zor salyp, pikirlerini bir ýere çugdamlady. — Eger hiç zat satyp bilmesek, biz näme ederis? — diýip, aýaly teý köşeşerli däldi. Ukudan doly aýňalan polkownik: — Ondan soň eýýäm ýigriminji ýanwar geler. Ýigrimi göterimi şol günüň özünde töleýärler — diýdi. — Eger horaz ýeňäýse şeýle. Ýeňmese näme? Onuň ýeňiläýmeginiň mümkindigi kelläňe gelenokmy? — Biziň horazymyzy ýeňip bilmezler. — Birden ýeňäýdiler-dä? — Ýene kyrk bäş gün bar. Bu hakda häzir kelle agyrtmak nämä gerek? Aýaly janyýangynlyk bilen: — Ýeri, onsoň biz şoňa çenli näme iýmeli? — diýdi. Äriniň ýakasyndan ebşitläp tutup, batly silterledi. — Aýt-da, biz näme iýeris? Polkownige şu pursada gelip ýetmek üçin ýetmiş bäş ýyl — minutma-minut, göni ýetmiş bäş ýyl — ýaşamak gerek bolupdy. Ol: — Poh-püsür iýibiris-dä — diýip, pert hem düşnükli jogap gaýtardy we şol pursat özüni mertebesini goramagy başaran kişi hökmünde duýdy. ------------------------------------------- 18 Lawanda – gülüň ady 19 Barkas — kiçeňräk ýük gämisi. 20 Ruletka – humarly oýnuň bir gömüşi. 21 Mamba – latyn-amerikan sazy we tansy. 22 Tribuna — sport we ş.m. çäreler geçirmek üçin niýetlenen desgalarda tomaşaçylaryň oturýan ýeri. © Gabriel Garsia MARKES Terjime: © Amanmyrat KIÇIGULOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |