Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:11
Polkownige hat ýazýan ýok/powest

POLKOWNIGE HAT ÝAZÝAN ÝOK

«Polkownige hat ýazýan ýok» powesti, Gabriel Garsia Markesiň özüniň aýtmagyna görä, onuň eserleriniň iň naýbaşylarynyň biridir. 1958-nji ýylda okyjylara hödürlenen bu powestiniň has çeper, gahrymanlaryň ruhy dünýäsiniň doly açylyp görkezilmegi üçin ýazyjy ony 11 gezek täzeden göçüripdir. Ýazyjynyň yhlas baryny siňdiren bu eseri okyjylaryň ünsüni çekmegi başardy.
Ýalňyzlyk, durmuşyň hupbatlary, mätäçlik, açlyk we bimarlyk, emeldarlaryň parhsyzlygy hakda söhbet açýan, şol bir wagtda hem şeýle kynçylyklara uçran adamyň ýanbermezligi, adalatyň dabaralanmagyna egsilmez ynamy wasp edilýän bu powest diňe bir kolumbiýa edebiýatynda däl, eýsem, tutuş latyn-amerikan edebiýatynda hem nusgalyk eserdir.
Döredijilik terzi, diliniň özboluşlulygy, birnäçe jümlede ummasyz manyny beýan edip bilýändigi, döreden keşplerini aýdyň göz öňüne getirip bolýandygy bilen tapawutlanýan ussat ýazyjynyň bu powesti onuň esasy eseriniň — «Ýüz ýyl ýalňyzlyk» romanynyň buşlukçysy mysalydyr.

POWEST

Polkownik demir gutyny açdy-da, onuň içinde galan kofäniň bir çaý çemçeden köp däldigini gördi. Gazanjygy otdan aýryp, suwuň ýarysyny ýere dökdi we pos bilen garyşan iň soňkuja kofe owuntyklaryny gazanjyga silkeläp başlady.
Polkownik kofe gaýnaýança, pejiň golaýynda oturyp, böwrüne diň saldy. Onuň göwnüne iç goşlarynda zäherli kömelekdir suwotulary gögeren ýalydy. Hatda wagtyň ýüregedüşgünç akymyna werdiş bolan polkownik ýaly adama-da çekip-çydamak kyn düşýän oktýabr günleriniň säher çagydy. Ýogsam ol, gör, näçe oktýabry başdan geçiripdi ahyry! Ynha, indi elli alty ýyldyr — raýat urşundan bäri şunça ýyl geçipdi — polkownigiň bar edýäni garaşmakdy. Bu oktýabr säheri hem onuň garaşyp ýeten günleriniň biridi.
Aýaly onuň ýatyş otagyna kofeli girenini görüp peşehanany galdyrdy. Agşam demgysma horlansoň, häzir uky bürüp barýardy. Ýöne, her niçigem bolsa, ol kofeli gaby almak üçin dikeldi.
— Özüňe-de barmy?
— Men eýýäm içdim. Gutynyň içinde tutuş bir nahar çemçesi kofe bar eken — diýip, polkownik ýalan sözledi.
Şol pursatda kilisäniň jaňynyň sesi eşidildi. Bu gün merhumyň jaýlanylýany polkownigiň ýadyna düşdi. Aýaly kofe içýänçä, ol ýatýan tor sallançagyny aýyrdy, düýrläp, gapynyň aňyrsyna ýygşyrdy.
Aýaly merhum hakda pikirlenip oturyşyna:
— Ol ýigrimi ikinji ýylda doglupdy. Oglumyzdan laýyk alty aý soň. Altynjy aprelde — diýdi.
Haşlap, agyr dem alyp, arasynda kofäni az-azdan owurtlaýardy. Onuň süňkleri inçedi, sähel zada döwläýjek ýalydy, bedeni bireýýäm çeýeligini ýitiripdi. Demini kynlyk bilen alýanlygy sebäpli, sesine bat berip bilenokdy, şonuň üçin hem onuň ähli sowallary tassyklama äheňinde eşidilýärdi. Ol kofäni içip boldy. Merhum hakdaky pikirler halys ony goýmady.
— Oktýabrda jaýlanylsaň, elhenç bolýar gerek, dogry dälmi? — diýdi.
Emma adamsy onuň sözlerine üns bermedi, baryp penjiräni açdy. Eýýäm oktýabr höküm sürýärdi. Suwy bol ýeten gür ösümliklere, ýagyş gurçuklarynyň yzgarly ýeriň ýüzünde görünýän yzlaryna ser salyp durşuna, polkownik ýene onuň elhençligini ähli içgoşy bilen duýdy.
— Meniň-ä süňklerimem çyg çekipdir öýdýän — diýdi.
— Gyş-da. Ýagyş başlaly bäri saňa aýagyň joraply ýat diýe-diýe dilim syryldy — diýip, aýaly jogap gaýtardy.
Ownuk, ýüregedüşgünç ýagyş ýagýardy. Polkownigiň ýüň ýapynja dolanaga-da, ýene-de tor sallançakda ýatasy gelýärdi. Ýöne çat açan bürünç jaňlaryň batly sesi merhumyň jaýlanyljagyny ýatladýardy. Ol:
— Hawa, oktýabr-da — diýip pyşyrdady-da, penjiräniň öňünden aýryldy.
Krowatyň aýagyna daňlan horaz diňe şol wagt onuň ýadyna düşdi. Ol uruşdyrylýan horazdy.
Polkownik kofe içilen gaby aşhana äkitdi, uly otagdaky oýulyp nagyş çekilen agaç gapyrjakly diwar sagadyna tow berdi. Demgysmaly üçin juda darajyk ýatyş otagyndan tapawutlylykda, uly otag has giňdi, içinde örtük örtülen, üstünde gipsden ýasalan owadan pişik oturan stol, onuň töwereginde bolsa dört sany örme kürsi bardy. Diwarda, sagadyň garşysynda gaýykda oturan ýukajyk ak eşikli, daşy bägüllerdir amurlar1 bilen gurşalan aýalyň keşbi çekilen surat asylgydy.
Sagada tow berip bolanda, ýediden ýigrimi minut işleýärdi. Horazy aşhana äkitdi, ony ojagyň golaýynda daňdy, jamdaky suwy täzeledi, öňüne bir goşawuç mekgejöwen guýdy. Çybyklardan örülen haýatyň deşiginden birnäçe oglanjyk girip, horazyň daşynda egele bolup oturdylar we ony ses-üýnsüz synlap başladylar.
Polkownik:

— Hany, tiňkäňizi dikip oturmaň. Uzak syn edilse, horazlar sandan çykýar — diýdi.
Çagalar gymyldamady. Olaryň biri dodak garmonikasynda2 ýoň bolan aýdymjygyň heňini çalyp başlady. Polkownik:
— Bu gün saz çalmak bolmaýar. Şäherde adam ýogaldy — diýdi.
Oglanjyk garmonikasyny jübüsinde ýygşyrdy, polkownik bolsa ýas ýerine gitmek üçin eşigini çalşyrmak üçin otaga girdi.
Demgysmanyň güýjemegi sebäpli, aýaly onuň ak kostýumyny ütüklemändi, onsoň polkownige öýlenenden soň diňe seýrek ýagdaýlarda geýýän gara mawut kostýumyny geýmekden başga alaç galmady. Ol naftalin sepilip, gazete dolanan eginbaşyny sandygyň düýbünden kynlyk bilen tapdy. Aýaly düşeginde süýnüp ýatyşyna, entegem merhum hakda oýlanýardy.
— Ol häzir Agustin bilen eýýäm duşuşan bolsa gerek. Ýöne ýogalandan soň güzeranymyzyň agyrlaşanyny Agustine gürrüň bermäýbilsedir — diýdi.
— Megerem, ol ýerde-de horazlar hakda jedelleşýän bolsalar gerek — diýip, polkownik çak etdi.
Ol sandykdan örän ullakan, köne saýawan tapdy. Aýaly ony polkownik hem agzasy bolan partiýanyň haýryna geçirilen lotereýada3 utupdy. Olar şol agşam spektakldady; oýun daşarda görkezilipdi, hatda ýagyş ýagsa-da, onuň arasyny kesmändiler. Polkownik, onuň aýaly we Agustin — ol şol wagt sekiz ýaşyndady — saýawanyň aşagynda gizlenip, soňuna çenli oturypdy. Indi Agustin-ä aýatdaýok, saýawanyň ak atlaz içligine bolsa güýe düşüpdir.
— Bu masgarabaz saýawanyna seretsene — diýip, polkownik endigi boýunça bälçiredi-de, saýawanyň demir simlerden örülen binýadyny depesinde açdy. — Bu indi diňe ýyldyzlary sanamagaýarajak.
Ol ýylgyrdy. Emma zenan saýawana seretmedem.
— Indi hemme zat gutardy. Biz diriligimize çüýräp barýarys — diýip, aýaly pyşyrdady.

Hiç bir zat merhum hakda pikirlenmäge päsgel bermez ýaly gözlerini ýumdy.
Telli-pelli syrynyp — aýna bireýýämden bäri ýokdy — polkownik sesini çykarman geýindi. Içinden geýilýän eşik ýaly dar jalbary aýaklaryna syrlaşyp durdy, ilikleri topugyň ýanynda ildirilip, bilinde iki sany insizje mata bölegi gyzyl çaýylan halkajykdan geçirilip daňylýardy. Polkownik kemer dakynanokdy. Könelen gaty kagyza meňzeş galyň matadan tikilen köýnegi mis ilik bilen baglanýardy, köýnegiň ýakasynam şol ilik saklaýardy. Ýöne ýaka ýyrtylypdy, şol sebäpli polkownik ony daňmazlygy, bolanyna görä, boýunbagyny-da dakynmazlygy makul bildi.
Onuň geýnişi dabaraly bir dessury berjaý edýäne meňzeýärdi. Süňklek eliniň gyzyl menekler — şeýle menekler boýnunda hem bardy — ören aňyrsy görünýän hamy çekilişip durdy. Ýalpyldawuk köwşüni geýmezden ozal, onuň tikinli gyrasyna ýelmeşen hapany gazap aýyrdy. Polkownige nazar aýlan aýaly onuň edil toý günündäki ýaly geýnenini gördi. Şobada hem ýanýoldaşynyň gaty garranyna dykgat etdi.
— Ne beýle bezenipsiň-le? Hamala diýersiň, üýtgeşik bir waka bolan ýaly — diýdi.
— Elbetde, üýtgeşik zat. Şunçaýylyň içinde ilkinji adam öz ajalyna ýogaldy — diýip, polkownik jogap gaýtardy.
Sagat dokuzlara ýagyş diňdi. Polkownik öýden çykjak bolanda, aýaly ýeňinden tutup saklady.
— Saçyňy dara.
Ol özüniň polat reňkli gaty saçyny buýnuz darak bilen ýylmamaga synandy. Ýöne eýgertmedi.
— Men, totuguşa meňzeýän öýdýän — diýdi.
Zenan ärine ünsli syn etdi. «Ýok, ol totuguşa meňzänok» diýip oýlandy. Polkownik berk bedenli, agajet adamdy. Ýöne ol spirtli çüýşä salnan ýaly görünýän gojalara meňzänokdy: gözi ýaşamak hyjuwyndan purepürdi. Aýaly:
— Hemme zat gül ýaly — diýdi. Äri otagdan çykyberende hem — Lukmandan sorasana: bize gelenok welin, näme, üstünden gaýnag suw dagy guýlaýdymyka? — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi:

Olar kiçijik şäherjigiň çetinde, diwarlarynyň kä ýerinde suwagy gopan, üsti palma ýapraklary bilen basyrylan öýjagazda ýaşaýardy. Ýagyş eýýäm diňenem bolsa, howa ozalkysy ýaly çyglydy. Polkownik öýler biri-birine gysylyşyp duran kiçijik köçe bilen ýöräp meýdança bardy. Merkezi köçä ýetenden, birden üşüdip başlady. Tutuş şäherjige garagörnüme çenli, göýä haly ýaly edilip güller düşelipdi. Gara geýnen aýallar gapylarynyň agzynda oturyşyna, gölegçileriň geçerine garaşýardy.
Polkownik meýdançadan geçip barýarka, ýagyş gaýtadan çisňäp ugrady. Bilýardhananyň hojaýyny jaýynyň açyk gapysyndan seredip, elini bulady-da:
— Polkownik, aýak çekiň, men size saýawan bereýin — diýip gygyrdy.
Polkownik yzyna gaňrylman:
— Alada galmaň, şeýle-de bolýar — diýip jogap gaýtardy.
Merhum heniz çykarylmandy. Ak kostýum geýip gara boýunbag daňnan erkek kişiler saýawanlaryny açyp girelgäniň ýanynda durdy. Olaryň biri polkownigiň meýdançada oýtumlara ýygnanan suwuň üstünden böküp geçýänine gözi düşüp:
— Garyndaş, şu ýere geläý — diýip, saýawanyň aşagynda ýer hödürledi.
Polkownik:
— Sag bol, garyndaş — diýip jogap berdi.
Ýöne mürehetden peýdalanmady. Merhumyň ejesine gynanç bildirmek üçin, derrew öýe girdi. Şobada hem, burnuna gül ysy urdy. Demi tutuldy. Ýatyş otagynda hyň berýän märekäniň arasyndan omzap başlady. Bir-ä onuň arkasyna elini diräp, hatar-hatar bolup duran aljyraňňy ýüzleriň deňinden otagyň törüne — merhumyň burnunyň uly we çuň deşikleri garalyp görünýän ýere itekläp goýberdi.
Merhumyň ejesi tabydyň ýanynda oturyşyna, palma ýapraklaryndan ýasalan ýelpewaç bilen siňekleri kowýardy. Gara geýnen beýleki aýallar jan giden göwrä edil derýanyň akyşyna seredýän terzde seredýärdi. Birden märekede gowur eşidildi. Polkownik bir aýaly gapdala sowdy-da, merhumyň ejesine eglip, elini onuň egnine goýdy. Dişini gysyp:
— Çuňňur gynanjymy kabul ediň — diýdi.
Merhumyň ejesi başyny galdyrmady. Agzyny açyp, uwlamaga başlady. Polkownik tisginip gitdi. Gamgyn ahy-nala başlan märekäniň özüni jesede tarap itekleýänini duýdy. Diwardan ýapyşmaga synandy, emma elleri ony tapman, adamlaryň bedenine direnýärdi. Gulagynyň ýanynda biriniň ýumşak, ýuwaş sesi eşidildi:
— Ägä bolaweriň, polkownik!
Ol öwrüldi. Gözi merhuma düşdi. Ony tanamak kyndy: diri mahaly berdaşly, ýeňil gopýan adamdy, häzir weli, ak kepene dolanan, eli klarnetli halda edil polkownik ýaly aljyraňňy görünýärdi. Polkownik agzy bilen birneme howa dartmak üçin kellesini galdyran mahaly, eýýäm ýapylan tabydyň adamlaryň depesinde hallan atyp, diwara degip ezilýän gülleriň tolkuny bilen gapa tarap äkidilip barýanyny gördi. Polkownigi der basdy. Bogunlary syrkyrap başlady. Bir minutdan gabaklaryna ýagyş damjalary düşdi — şonda polkownik köçede duranyna düşündi. Biri ýeňinden tutup:
— Çaltrak, garyndaş, men size garaşýaryn — diýdi.
Ol don Sabasdy. Ol polkownigiň ýogalan oglunyň çokundyran atasydy, partiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda syýasy yzarlanmalardan sypan we şäherde ýaşamagyny dowam edýän ýeke-täk adamdy.
Polkownik:
— Sag bol, garyndaş — diýdi-de, saýawany penalanyp sesini çykarman ýöräberdi. Orkestr göleg sazyny çalýardy. Polkownik klarnetiň ýetmeýänine üns berdi we merhumyň, dogrudanam, aradan çykany edil şu pursatda hem oňa, hakykatdanam, düşnükli boldy-da:
— Biçäre — diýip pyşyrdady.
Don Sabas ardynjyrady. Ol polkownikden esli gysga bolansoň, saýawany tutýan çep elini ýüzüniň deňine diýen ýaly galdyrypdy. Gölegçiler meýdançadan geçensoň, erkekler dil açdy. Don Sabas gussaly görnüşde polkownige tarap öwrüldi:
— Horaz nähili, garyndaş?
— Gezip ýör öz-ä.
Şol wagt hem:
— Merhumyň yzynda sürrenekleşip nirä barýaňyz-how? — diýen gykylyk eşidildi.

Polkownik gözüni galdyrdy: kazarmanyň eýwanynda nutuk sözlejek ýaly bolup, alkald4 durdy. Ol tammanly, ýeňiljek ýüň köýneklidi, sakgal-murty syrylmadyk, ýüzi ýellenendi. Sazandalar göleg sazynyň arasyny kesdi. Edil şol pursatda diýen ýaly hem, polkownik jogap hökmünde alkalda bir zat diýip gygyrýan tagsyr Anhemiň sesini eşitdi. Polkownik gulagyny keýertdi: saýawana urulýan ýagşyň şybyrdysy sözleri basýardy.
— Näme bold-aý? — diýip, don Sabas sorady.
— Hiç zat — diýip, polkownik jogap berdi. — «Merhumy polisiýa jaýynyň öňünden göterip geçmek bolmaýar» diýýär.
— Men düýbünden unudan ekenim-ä! Gabaw ýagdaýynda ýaşaýanymyzy mydama unudyp ýörşüm-dä — diýip, don Sabas janykdy.
— Ýöne biz gozgalaň turzamzok ahbetin. Ýönekeý garyp sazandany jaýlaýarys-a— diýip, polkownik närazylyk bildirdi.
Gölegçiler başga ugur bilen ýöräp ugrady. Şäheriň garamaýaklar ýaşaýan çetinden geçilende, aýallar gölegçilere seredişip, sesini çykarman dyrnaklaryny dişledi. Soň bolsa köçäniň ortasyna döküldiler-de, hamala diýersiň, merhumyň tabytda özlerini eşidip ýatanyna ynanýan ýaly, gölegçileriň yzyndan öwgi, minnetdarlyk, hoşlaşyk sözlerini aýtmaga durdular. Gonamçylykda polkownigiň özüni duýşy ýaramazlaşdy. Don Sabas tabyt göterip gelýän adamlary geçirmek üçin, polkownigi diwara tarap itdi, soň ötünç soraýan şekilde ýylgyryp oňa tarap öwrülende, polkownigiň ýüzüniň garört bolanyny gördi.
— Size näme boldy, garyndaş?
Polkownik tisgindi.
— Oktýabr, garyndaş, otýabr...
Yzlaryna-da şol ýol bilen dolandylar. Ýagyş diňdi. Asman has beýgelipdi, göm-gökdi. «Ine, ýagyşam diňdi» diýip, polkownik oýlandy. Özüni duýşy oňadrakdy, ýöne ol entegem içki ýagdaýyna diň salýardy. Don Sabas:
— Siziň lukmana görünmegiňiz gerek, garyndaş — diýip, ony hakykata dolap getirdi.

— Men syrkaw däl. Ýöne oktýabrda özümi içgoşlarymy edil ýabany haýwanlar çeýneýän ýaly duýýaryn — diýip, polkownik jogap berdi.
— Hä-ä...
Don Sabas penjireli ýerine demir gözenek edilen täze, ikigat öýüniň gapysynyň agzynda onuň bilen hoşlaşdy. Polkownik öýüne tarap ýöneldi, gara toý kostýumyny çaltrak egninden sypyrasy gelýärdi. Az salymdan çüňkdäki dükanjykdan bir guty kofe we horaza ýarym gadak mekgejöwen satyn almak üçin ýene daşary çykdy.
Polkownik bu penşenbäni tor sallançakda ýatyp geçirmegi kem görmese-de, horaz bilen meşgul boldy. Ýagyş eýýäm birnäçe günläp dyngysyz ýagýardy. Onuň garnyndaky suwotulary geçen hepdäniň içinde pajarlap ösüpdi. Aýalynyň boguk hyrryldysy uklamaga goýmansoň, gijelerini çirim etmän geçirdi. Anna güni gündiz oktýabr arakesme etdi. Agustiniň işlän ussahanasynyň tikinçileri — horaz urşunyň janköýerleri bolan deň-duşlary — pursatdan peýdalanyp, horazy görmäge geldi. Horaz guratdy. Polkownik olar gidenden soň, aýalynyň ýanyna gaýdyp bardy. Aýaly:
— Olar näme diýýär? — diýip sorady.
— Olaryň-ha gaty göwni ýetdi. Eýýäm horaza goýmak üçin pul süýşürip başlapdyrlar.
— Olaryň bu gorkunç horazyň nämesine söýünýänini bilýän däldirin — diýip, aýaly seslendi. Aýaklaryna seredeniňde kellesi juda kiçi gelýär — tüýs bir betnyşanyň bar-da.
— Olar-a «Munyň töwerekde iň gowy horazdyr» diýýär. Bahasy elli pesodan5 arzan dälmiş — diýip, polkownik garşy boldy.
Polkownik bu deliliň oglundan galan horazy özüniň saklamak niýetini aklaýanyna ynanýardy: ogluny çagyryş kagyzlaryny ýaýradýany üçin dokuz aý ozal horaz uruşdyrylýan mahaly oka tutup eleme-deşik edipdiler.
— Näme peýdasy bar? Mekgejöwen gutarsa, biz ony öz bagrymyz bilen iýmlemeli bolaýmasak — diýip, aýaly ýeň bererli däldi.
Şol wagt eşik salynýandan kenep matadan tikilen balagyny gözleýän polkownik oýa batdy.

— Birküç aý sabyr etsek, bolany. Ýanwarda horaz urşunyň boljagy anyk belli. Onsoň ony has gymmat satarys — diýdi.
Balak ýygyrt-ýygyrtdy. Aýaly ony ýasy demriň üstünde goýup, gyzgyn howa bilen gyzdyrylýan iki ütükde ütükläp başlady.
— Saňa öýden çykmagyň näme zerurlygy bar? — diýip adamsyndan sorady.
— Poçta aýlanmakçy...
Aýaly otaga dolanyp barşyna:
— Şu gün annadygyny asla unudaýan bolsam nätjek — diýdi. Polkownige diňe balagyny geýäýmek galypdy. Aýaly onuň köwşüne seretdi. — Muny-ha indi zyňaýmaly bolupdyr. Ýalpyldawuk köwşüňi geýiber-dä.
Polkownik lapykeç boldy.
— Ol ýetimiňkä meňzeýär ahyry. Her gezek geýenimde, özümi ýetimler öýünden gaçyp gaýdan ýaly duýýaryn.
Aýaly:
— Agustin aradan çykandan soň, biz ýetimem-dä — diýdi.
Bu gezek hem polkownigi göwnetdi. Ol gämi menziline ir, heniz katerleriň6 zoklary ýaňlanmanka ugrady. Ýalpyldawuk köwüşli, ak balakly we mis ilik ildirilen ýakasyz köýneklidi. Siriýaly Moiseýiň dükanynda durup katerleriň duralga gelşine syn etdi. Şol birýerde sekiz sagatlap gymyldaman oturmakdan halys bolan ýolagçylar kenara düşüp başlady. Hemişe bolşy ýaly, olar gezende söwdagärler we geçen hepdede şäherçeden giden, indi bolsa adaty durmuşa dolanyp gelýän ýaşaýjylardy.
Poçta kateri iň soňundan geldi. Howsalaly garaşýan polkownik onuň gelip durşuna seredýärdi. Kateriň üstünde turba daňlan we bölek çadyr bilen örtülen poçta haltasy ýatyrdy. Polkownik ony derrew nazary bilen tapdy. On bäş ýylyň intizarlygy onuň duýgurlygyny ösdüripdi. Horaz bolsa sabyrsyzlygy güýçlendiripdi.

----------------------------------------------------------
1 Amur – antik mifologiýada ganatly oglanjyk şekilinde suratlandyrylýan eli ok-ýaýly söýgi Hudaýy. — Terjimeçiniň belligi.
2 Garmonika – üflenip çalynýan saz gurallarynyň bir görnüşi.
3 Lotereýa – petek çekilip ýa satyn alnyp oýnalýan bijeli oýun.
4 Alkald – Ispaniýada we Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurtlarynda ýerli häkimiýet edarasynyň başlygy.
5 Peso – ownuk pul birligi.


Dowam y bar
© Gabriel Garsia MARKES

Terjime:© Amanmyrat KIÇIGULOW
Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Amanmyrat Kiçigulow, Gabriel Garsia Markes | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202