12:19 Girdaba düşenler / nowella | |
Girdaba düşenler nowella Raul Arewalo penjiräni ýapdy, ýukajyk tagtalardan edilen eňsini goýberdi, ildirgiçleri birin-birin ildirdi, daşky gapynyň iki taý gabsasynam özüne çekdi-de, sokmany sürüp bekledi, açary towlady, agyr demir germewem goýberdi. Tirsekleri bilen söýege direnip duran aýaly ýuwaşja dillendi: — Bu ümsümligi! Hatda deňziň sesem eşidilenok-da. — Biz hiç haçanam gapymyzy ýapyp goýmandyk, Huliýa — diýip, adamsy ýatlatdy. — Eger biri geläýse, ýapyk gapymyzy görüp üşeriler. — Gijäniň ýarynda kim gelsin?! — diýip, Huliýa garşy çykdy. — Akylyň berin ýerindemi? Müşderiler şeýdip, yzly-yzyna gelip duranlygynda, biz bergä batyp oturmazdyk. Öçür çyrany. Adamsy boýun boldy. Jaý garaňkyrady, diňe söýegiň ýokarsyndaky çyra ýanýardy. — Isläniňi et, ýöne nämüçin başga çykalganyň ýokdugyna men-ä düşünemok — diýip, Arewalo özüni atanak çyzykly saçak bilen örtülen stoluň ýanyndaky oturgyja goýberdi. Bu ikisi örän görmegeýdi, özlerem şeýlebir ýaşdylar welin, hiç kim olary hojaýyndyr öýtmezdi. Aksowult saçy keltejik gyrkylan Huliýa stoluň ýanyna gelip, oňa ellerini diräp, adamsyna dikanlap seretdi-de, ýuwaşja, ýöne kesgitli: — Başga çykalga ýok — diýdi. — Bilmedim-dä — diýip, Arewalo nägile dillendi. — Girdeji almasagam, biz bagtlydyk. — Ýuwaşyrak — diýip, Huliýa onuň sözüni böldi. Elini galdyrdy-da, diňşirgenip, basgançaga bakan öwrüldi. — Entegem gezmeläp ýör. Henizem ýatanok. Beýdip ýörşüne asylam uklamaz. Arewalo başlan gürrüňini dowam etdi: — Wyždanymyza şu agyr ýüki uranymyzdan soň, bagtly bolup bilermikäk diýip, öz-özüme sowal berýän. *** Olar iki ýyl ozal Nekoçeada, deňizýaka myhmanhanada duşuşyp tanşypdylar. Gyz-a ene-atasy bilen, ýigidiňem ýeke özi dynç alýardy. Goş birikdirmekçi boldular. Buenes-Aýrese, ýüreklerine düşen işe dolanyp baraslary gelmedi. Olaryň arzuwy deňziň üstüne abanyp duran gaýalaryň birinde, çolaja bir ýerde kafe açynmakdy. Hiç zat, hatda toý tutmagam başa bararly däldi, sebäbi olaryň pullary ýokdy. Bir gezek awtobusda gaýaly kenar bilen gidip barýarkalar, gyzyl kerpiçden salnyp, üçegi çal şifer bilen örtülen ýalňyz jaýy gördüler, ol edil kert kenarda sosnalar bilen gurşalyp durdy, ýanynda bolsa gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda çala saýgardýan: «Kafe üçin aňrybaş amatly. Satylýar» diýen bildiriş görünýärdi. Olar biri-birine bu zatlar düýşe meňzeş diýişdiler, dogrudan-da, hut düýşdäki ýaly, şol minutdan başlap ähli kynçylyklar ýitirim boldy. Agşam myhmanhananyň ýanyndaky oturgyçda otyrkalar, bir hoşniýetli jenap bilen tanyşdylar, oňa-da öz paýhassyz meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Bu jenabam, eger soňra şärik etseler, karz pul bermäge taýyn başga bir jenaby tanaýan eken. Gepiň keltesi, goş birikdirdiler, kafelerinem açdylar, «Çyrajyk» diýen ýazgyny bolsa suwap, üstünden «Arzuw» diýip ýazdylar. Megerem, kafeniň özüne gelşip duran adyny çalyşmagyň oňat alamat däldigini aýtjaklar hem tapylar, bir zat welin jedelsiz: ýaşlaryň arzuwlary hasyl bolan bu çola ýer diýseň owadandy, ýöne müşderiler welin bu ýere gelmeýärdiler. Huliýa bilen Arewalo salgyt töläp, bergilerinem doly berip boljak puly hiç haçanam toplap bilmejekdiklerine ahyrsoňy düşündiler, karzyň göterimi bolsa baş aýlar derejede artyp barýardy. Olar öz «Arzuwlaryny» ýitirmek, Buenos-Aýrese dolanyp, her kimiň öz edarasynda şol bir ýüregedüşgünç iş bilen gümra bolmak barada asyl-ha eşideslerem gelmeýärdi. Başda bar zat gülala-güllükdi welin, indi hiç zat ugruna bolmansoň, täleý birden gaharlanyp, olara badak atan ýaly boldy. Olar şu jaýda ýaşaýandyklary üçin, gün geçdigiçe has garyplaşdylar, has mährem, has bagtly boldular, ony ýitirmekden günsaýyn has beter gorkdular, ine, birdenem, eşigini üýtgedip, bulary synamak üçin arşdan ýollanan perişde ýa-da eli ähli dertlerden halas edýän dermanly jadygöý lukman ýaly bolup, bir nätanyş gartaşan zenan olaryň alnynda peýda boldy. Ol häzir ikinji gatda gyzgyn suw akyp, bugaryp duran wannanyň ýanynda eşiklerini çalyşýardy. *** Biraz wagt ozal bular boş zaldaky myhmana biderek garaşýan stoljuklaryň biriniň başynda ýalňyz özleri oturyp, hasap-hesip depderlerini barlaýardylar hem-de ýene-de umytsyz gürrüňe başlapdylar: — Kagyzlary hernäçe dörjelesek-de, içinden pul tapmarys — diýip, bu işden çalt ýadan Arewalo dil ýardy. — Töleg günem ýakynlady. — Ýöne biz ýan berib-ä bilmeris — diýip, Huliýa jogap berdi. — Gep ýan bermekde ýa bermezlikde däl, biziň gürrüňimizden kän bir netije ýok, gury söz bilen gudrat döredip bolmaz. Biz näme edip bileris? Ýene Nekoçea hem Miramara mahabat hatlaryny ibermelimi? Olaram-a bize arzan düşmedi. Netijesi näme? Birnäçe hanym gelip, hersi bir käse çaý içip gitdi. — Diýmek, sen ýeňlenimizi boýun alyp, Buenos Aýrese dolanmagymyzy teklip edýäň-dä? — Ikimiz islendik ýerde-de bagtly bolarys. Huliýa «boş warsakylardan ýüreginiň bulanýandygyny» aýdyp jogap berdi, Buenos-Aýresde diňe şenbe we ýekşenbe günleri görşerler, onsoň nädip bagtly boljakmyşlar, üstesine-de, adamsynyň işe girjek edarasynda aýallaram bolar. — Ahyrsoňunda-da men ýaly o diýen betnyşan bolmadyk birini taparsyň — diýibem sözüni jemledi. Adamsy: — Sen, näme, maňa ynanaňokmy? — diýdi. — Ýok-la, ynanýan. Ýöne hemişe gününi bir jaýda geçirýän erkek bilen aýal hökman bir düşege girýärler. Arewalo gara depderi gaharly ýapyp jogap gaýtardy: — Ýok, meniň dolanasym gelenok. Ýaşamaga şundan gowy ýer ýok, ýöne edil häziriň özünde içi puldan doly çemedanly perişde peýda bolaýmasa... — Bu näme? — diýip, Huliýa onuň sözüni böldi. Iki sany ugurdaş sargylt şöhle çaltlyk bilen zaly kesip geçen ýaly boldy. Soňra awtoulagyň sesi eşidildi, birsalymdanam gapynyň agzynda bir zenan peýda boldy. Ol aşagyndan çal saçlary çykyp duran tegelek şlýapalydy, egni biraz gapdala gyşaran ýol ýapynjasy bardy, sag elinde bolsa çemedany berk saklap durdy. Hanym olara seretdi-de, köne tanyşlaryny gören ýaly ýylgyrdy. Ol: — Siziň otagyňyz barmy? — diýip sorady. — Siz maňa otag berip biljekmi? Ýekeje gijelik. Garbanma meýlim ýok, ýöne maňa bir gije ýatyp-turmak üçin otag gerek, onsoňam, eger mümkin bolsa, gyzgynrak wanna... Olar «elbetde» diýdiler, hanymam şadyýanlyk bilen «taňryýalkasyn, taňryýalkasyn» diýip gaýtalap başlady. Soň dünýewi üýşmeleňlerde baý zenanlaryň jedirdeýişleri ýaly, ýasama, joşgunly äheňde köp gürläp, biraz tolgunyp düşündirmäge durdy: — Haýsydygynam bilemok, bir şäherjikden çykanymda azaşypdyryn, saga sowulmaň ýerine çepe sowlandyryn-da. Ine, onsoň şu ýere — siziň ýanyňyza geldim, bäri Miramaryň golaýy gerek, şeýle dälmi? Maňa bolsa Nekoçeadaky myhmanhanada garaşýarlar. Ýöne, bilýäňizmi, size bir zat aýdasym gelýär? Ikiňiziňem şeýle ýaş, şeýle görmegeýdigiňize begenýän, hawa, owadan — muny sizden çekinmän aýdyp biljek — men bir kempir ahyryn, özüňizem ynam döredýäňiz. Büs-bütin köşeşmek üçin size bada-bat bir syry açasym gelýär: men gorkdum, eýýäm garaňky ahyryn, özümem çemedanymdaky ep-eslije pulum bilen azaşdym, häzir bolsa adamlar sähel zat üçin islendik kişini öldürmäge-de taýyn. Ertir günortana çenli Nekoçea barasym gelýär, ýetişerin-le, siz nähili pikir edýäňiz? O ýerde sagat üçde auksionda bir jaý satylýar, şol jaýy görelim bäri satyn alasym gelýär. Ol deňizýaka ýoluň ugrunda, kert kenarda duran eken, penjireleri deňze bakyp dur, hut arzuwym-da, ömürboýy arzuwym. Huliýa: — Men hanymy ýokaryk, onuň otagyna ugradaýyn, senem gazanyň aşagyny ýak — diýdi. Birnäçe minutdan ýene-de zalda ikiçäk galanlarynda, Arewalo: — Hernä şo jaýy alaýbilsedi! Görgüli kempir, onuňam arzuwy edil biziňki ýaly eken — diýdi. — Duýduryp goýaýyn: meniň nebsimi agyrdarsyň öýtme — diýdi-de, Huliýa hahahaýlap goýberdi. — Şeýle amatly pursat gabat gelensoň, ony sypdyryp bolmaz. — O nähili pursat? — diýip, Arewalo düşünmezlige saldy. — Çemedanly perişde — diýip, Huliýa dillendi. Ylla bir ýat adamlar ýaly bolşup, olar bir-birlerine dymşyp seredişdiler. Ýokarda poluň tagtalary jygyldady: otagda hanym gezmeleýärdi. — Ol Nekoçea barýan eken-de, azaşypdyr — diýip, Huliýa dowam etdi. — Häzir onuň islendik ýerde bolmagy mümkin. Onuň şu ýerdedigini diňe ikimiz bilýäs. — Üstesine-de çemedanynda ýoňsuzja puluň bardygyny bilýäs — diýip, Arewalo alyp göterdi. — Onam özi aýtdy, bizi aldamak onuň nämesine gerek? — Kelläň işläp başlady — diýip, Huliýa tas gynanyp diýen ýaly mydyrdady. — Bä, eýsem, sen ony öldürenimi isleýäňmi? — Seni ilkinji gezek jüýje soýmaga iberenimde-de şu gepi eşidipdim. Şondan bäri näçesini soýduň? — Kempiriň gany çüwdüriler ýaly alagada pyçak sokaýmaly-da onda... — Kempiriň gany bilen jüýjäň ganynyň tapawudyny bilersiň öýdemok, ýöne ynjalykdan gaçma, gan bolmaz. Ol uklanda, taýak tapmaly... — Kellesine taýak bilen urmalymy? Men başarman. — O nähili başarmarsyň? Taýak bilen urmak — taýak bilen urmakdyr-da, stola urduň nä, kellä urduň nä, saňa näme parhy bar? Ýa-ha kempir, ýa-da biz. Ýa kempir öz jaýyny satyn alar... — Düşnükli, düşnükli, ýöne men seni tanamajak bolýan. Saňa bu rehimsizlik nireden geldi... Huliýa ýerliksiz ýylgyrdy-da: — Zenan öz ojagyny goramaly — diýdi. — Şu gün-ä sen ene möjek ýaly wagşy. — Zerur bolsa, men ony ene möjek ýaly gorarynam. Seniň dostlaryň arasynda nikada bagtly bolany barmy? Meniňkilerde-hä ýok. Saňa dogrujasyny aýdaýynmy? Ähli zady ýaşaýyş şertleri kesgitleýär. Buenos-Aýres ýaly şäherde adamlar hemişe göçgünli, töwerek-daşyň maýyl edýän zatlardan doly. Puluň bolmasa-ha, dat günüňe. Bu ýerde bolsa, Raul, ikimize hiç zat howp salanok, sebäbi bilekäk hiç haçan içimiz gysanok. Etsem-petsemlerimi düşündireýinmi? Ýoldan maşyn geçdi, ýokardan aýak sesleri eşidildi. Arewalo: — Ýok — diýdi. — Hiç zady göz öňüme getiresim gelenok. Beýtsem, oňa nebsim agyrar-da, başarman... Sen-ä buýur, menem ýerine ýetireýin. — Bolýa. Hemme zady — gapylary, pernjireleri, tutulary ýapyşdyr. Raul Arewalo penjiräni ýapdy, ýukajyk tagtalardan edilen eňsini goýberdi, ildirgiçleri birin-birin ildirdi, daşky gapynyň iki taý gabsasynam özüne çekdi-de, sokmany sürüp bekledi, açary towlady, agyr demir germewem goýberdi. Olar jaýda birden şeýle ümsümlik bolandygy, eger kimdir biri geläýse, näme boljakdygy, başga bir çykalganyň barlygy-ýoklugy, jenaýat edensoňlar wyždan azabynyň derdinden bagtly bolup bijekleri-bilmejekleri barada gürleşdiler. — Dyrmyklar nirede? — diýip, Huliýa sorady. — Ýerzeminde, gurallaryň arasynda. — Ýör, ýerzemine gideli. Hanyma maý bereli, goý, berkje uklasyn, senem entek ussaçylyk et. Dyrmyklara täze sap ýasa, ýöne gysgarak bolsun. Arewalo edil yhlasly işgär ýaly işe girişdi. Ýöne soň, barybir: — Bu nämä gerek? — diýip sorady. — Hiç zady göz öňüne getiresiň gelmeýän bolsa sorama. Indi ujundaky demir dyrmygyň deregine dikligine ondan inliräk tagta berkit. Arewalo işläp durka, Huliýa oda odun oklady. — Hanym eýýäm suwa düşüp boldy — diýip, Arewalo ýatlatdy. Elinde serdessä meňzeş toňňäni saldarlap durşuna, Huliýa: — Zeleli ýok. Gysganma. Biz indi baý. Gyzgyn suwumyzyň bolaryny isleýän. Birhaýukdanam: — Bir minutlyjak seni ýeke galdyraýyn. Öz otagyma baryp geljek. Gaçaýmagyn — diýip sargady. Arewalo işine öňküsinden-de erjel ýapyşdy. Aýaly iki sany gaýyş ellikli hem-de bir çüýşe spirtli dolanyp geldi. Ol: — Sen nämüçin hiç haçan özüňe ellik satyn alaňok? — diýip, aljyraňňy sorady, çüýşejigi odunlaryň ýanynda goýdy-da, jogaba-da garaşman dowam etdi: — Bir jübüt ellik hiç wagtam zelel etmez, ynanaý maňa. Täze dyrmyklar eýýäm taýynmy? Ýokary galaly, sen birini göterersiň, menem birini. Wah, bu töňňe ýadymdanam çykypdyr. Ol serdessä meňzeş oduny aldy, onsoň ikisem zala dolanyp geldiler. Dyrmyklary gapylaryň ýanynda goýdular. Huliýa germewiň aňyrsyna geçdi, demir mejimäni, bulgury hem-de grafini aldy, ony suwdan doldurdy. — Birdenkä oýanaýsa, gerek bolar, bu ýaşdaky adamlar çaga ýaly berk ýatmasalar, ukularyna sak bolýalar. Men mejimeli öňden ýöräýin. Sen şuny al-da, yzyma düş. Ol stoluň üstünde ýatan töňňäni görkezdi. Arewalo ýaýdanjyrady. Huliýa töňňäni aldy-da, onuň eline tutdurdy. — Näme, men biraz yhlas edeniňe degemokmy? — diýip ýylgyrdy-da, adamsynyň ýaňagyndan ogşady. — Bir zatjyk owurtlaýsak nähili bolarka? — diýip, Arewalo teklip etdi. — Maňa-ha dury kelle gerek, seniň gujurly bolmagyň üçinem men bar. — Çaltrak dynaly-la — diýip, Arewalo haýyş etdi. — Nirä howlugýaň? — diýip, Huliýa jogap berdi. Olar basgançakdan ýokaryk galyp ugradylar. — Seniň aýagyň aşagynda-ha basgançak jygyldanok — diýip, Arewalo dillendi. — Men bolsam aýy ýaly bolup barýan. Nämüçin men beýle tagaşyksyzkam? — Jygyldamasa-ha, gowy bolardy — diýip, Huliýa ylalaşdy. — Oýanaýsa, ýaman bolar. — Ýolda ýene bir maşyn-a bar. Bu gün olar ne beýle köpkä? — Hemişekilerden köp däl. — Geçip gidäýseler ýagşydyr. Bir-ä saklandy öýdýän? — Ýok, eýýäm gitdi — diýip, Huliýa ony köşeşdirdi. — Onda bu ses näme? — Turba güwleýär. Huliýa ýokarky dälizde çyra ýakdy. Olar otaga golaý bardylar. Huliýa gapynyň tutawajyny örän seresap towlady-da, gapyny çalaja açdy. Arewalo aýalynyň ýeňsesine, diňe ýeňsesine tiňkesini dikipdi, birdenem kellesini bir ýana sowdu-da, otagyň içine seretdi. Onuň nazaryna otagyň diňe boş bölegi ildi — hemişekiler ýaly penjirede nah tuty, prowans biçüwindäki kürsi. Huliýa ýeňil hem ynamly hereket bilen gapyny doly açdy. Henize çenli eşidilen dürli sesler duýdansyz kesildi. Ümsümlikde tebigy däl bir zatlar bardy: sagat jykgyldap durdy, düşekde ýatan biçäre zenan welin, eýýäm dem almaýan ýaly bolup duýulýardy. Belki, ol bulara garaşandyr, gelenlerini görübem, demini saklandyr. Bulara ýeňsesini öwrüp ýatyşyna, ol, nämüçindir, ýygyrt-ýygyrt äpet harsaň ýatan ýaly bolup göründi. Ýokarrakda, alagaraňkyda kellesi hem ýassygy saýgardýardy. Birden horruldy eşidildi. Megerem, Arewalonyň dözmezçilik ederinden howatyrlanan Huliýa onuň elini gysdy-da: — Bol! — diýip pyşyrdady. Raul ýatalga bilen diwaryň aralygyndaky boşluga bardy-da, töňňäni ýokary galdyrdy. Soňam bat bilen aşak inderdi. Aýalyň bogazyndan sygyr molan ýaly güňleç iňňildi, hyrkyldy çykdy. Arewalo ýene bir gezek urdy. Huliýa: — Besdir! — diýdi. — Göreýin, öldümikä. Ol stoluň üstüne goýulýan çyrany ýakdy. Dyzyna çöküp, ýarany barlady, garry hanymyň döşüne gulagyny tutup diňledi. — Berekella! — diýdi. Iki elinem adamsynyň eginlerine goýdy-da, oňa dikanlap seretdi, özüne çekdi-de, ýeňiljek ogşady. Arewalonyň aňyrsy bärsine geldi, ýöne saklandy. — Raulito — diýip, Huliýa makullaýjylyk bilen pyşyrdady-da, onuň elinden töňňäni aldy. Gabygyny ellikli barmaklary bilen sypalap: — Ýylmanak — diýdi. — Ýarada taraşa galan bolaýmasyn, barlamaly. Oduny stoluň üstünde goýdy-da, merhumyň ýanyna dolandy. Daşyndan oýlanýan ýaly bolup, sözüne goşdy: — Barybir, ýarany ýuwar. Düşnüksiz yşarat bilen oturgyjyň üstünde eplenip goýlan eşikleri, asylgy köýnegi görkezip: — Äber hemmesini — diýdi. Merhumy geýindirip durşuna: — Saňa ýaramasa seretme-de — diýip, biperwaý dillendi. Jübülerini sermeşdirip, açarlary aldy. Soňra jesediň goltugyndan göterip, düşeginden çykardy. Arewalo kömekleşjek bolup, öňe süýşdi. — Muny maňa goý — diýip, Huliýa ony saklady. — Oňa eliňi degirme. Seniň elligiň ýok. Barmak yzlary baradaky ertekä känbir ynanyp baramok, ýöne töwekgellik etmäli. — Sen örän gujurly — diýip, Arewalo dillendi. — Agyrdygyny! — diýip, Huliýa seslendi. Dogrudan-da, jeset bilen başagaýlykdan ýaňa ikisiniňem damarlary dartylyşyp durdy. Huliýa özüne kömek etdirmänsoň, basgançakdan aşak düşülende, pantomimany ýada salýan her hili garaşylmadyk hereketler bolýardy. Merhumyň ökjeleri basgançaga urulýardy. Arewalo: — Edil deprek ýaly — diýdi. — Sirkde ölüm howply oýnuň öň ýanynda çalynýan deprek ýaly. Huliýa demini dürsemek hem-de gülmek üçin germewe ýaplandy. — Seniň gowjadygyňy! — diýip, Arewalo buýsançly gürledi. — Agrasrak bolsana! — diýip, aýaly haýyş etdi-de, elleri bilen ýüzüni ýapdy. — Hernä bize päsgel bermäýediler-dä. Sesler gaýtadan peýda boldy, aýratyn-da turbanyň güwwüldisi oňat eşidilýärdi. Jesedi basgançagyň ýanynda polda goýup, özleri ýokary galdylar. Huliýa birnäçe açary synap görensoň, ahyry çemedany açdy. Iki elinem oňa sokup çykardy-da, adamsyna görkezdi: her elinde dykylyp doldurylan bukja bardy. Ol bukjalary Arewalo berdi, özi bolsa zenanyň şlýapasyny, çemedany, töňňäni aldy. — Puly nirede gizlemelidigini oýlanyşmaly. Entek, goý, ýatsyn — diýdi. Olar zala düşdüler. Huliýa aýnan bolup, şlýapany merhumyň kellesine çümre geýdirdi. Ýerzemine ylgap gitdi, töňňäniň üstünden spirt guýdy-da, oda oklady. Soň gaýdyp geldi. Ol: — Gapyny aç-da, daşaryk seret — diýdi. Arewalo diýlenini etdi. — Hiç kim ýok — diýip pyşyrdady. Olar bir-birleriniň ellerinden tutuşyp, öýden çykdylar. Gije salkyndy, Aý şugla saçyp, deňiz güwleýär. Huliýa zala girdi, çemedany alyp çykdy, könepisint äpet «Pakkard» maşynynyň gapysyny açdy, çemedany içine oklady. Huliýa: — Ýör, ony getireli — diýip pyşyrdady, soňam sesini gataltdy: — Maňa kömekleş. Indi ol agyr zady götermäge gurbatym ýok. Barmak yzlaram jähenneme gitsin. Olar çyrany öçürdiler, hanymy çykaryp, aralarynda oturtdylar. Huliýa maşyny otlady. Çyralaryny ýakman, ýoluň edil uçudyň kert gyrasyndan geçýän ýerine bardylar. Ol uzakda däldi, olaryň «Arzuwyndan» iki ýüz metr daşlykda. Huliýa «Pakkardy» saklanda, maşynyň öňdäki çep tarapky tigri uçutdan sallandy. Gapyny açdy-da, adamsyna: — Çyk — diýip buýurdy. — Bärde aýak basara köp ýerem goýmansyň — diýip, Arewalo maşyndan seresaplyk bilen düşüp barýarka närazylyk bildirdi. Huliýa-da maşyndan çykyp, jesedi roluň başyna itekledi. Hamana, awtoulag öz-özünden süýşüp, uçuda barýan ýalydy. Arewalo: — Seresap bol! — diýip gygyrdy. Huliýa maşynyň gapysyny ýapdy, uçudyň üstüne egildi, ökjesi bilen gyrasyny depip, kesegiň aşak gaçyşyna seretdi. Üsti keşde ýaly bölek-bölek köpürjikli şar-gara deňiz aşakda güwläp ýatyrdy. Huliýa: — Suw entek ýokary galýar. Bir gezek iteklesek bolany, onsoň biz azat! — diýdi. Olar taýynlandylar. — Men «bol» diýenimde bar güýjümiz bilen itekleýäs — diýip, aýaly duýdurdy. — Hany, bol! «Pakkard» kynlyk bilen uçutdan gaýtdy. Onsoň ýaşlar galpyldaşyp, biri-birlerini gujaklap, uçudyň gyrasyndaky otuň üstüne süýndüler. Huliýa, ylla, ony ýer ýüzünde hiç bir zat hiç haçan diňdirip bilmejek ýaly möňňürdi, gözýaşa ezilen ýüzünden Arewalo öpüp ugranynda ýylgyrdy. Olar ahyry turdular-da, aşak seretdiler. Arewalo: — Ýatyr — diýdi. — Deňze gidenliginde gowy bolardy, gitmäýende-de gorkuly zat ýok-la. Olar yza gaýtdylar. Dyrmyklar bilen maşynyň ýodajykdaky hem-de howludaky yzlaryny bozuşdyrdylar. Heniz öz garşylaryna ähli subutnamalary ýok edip, öýi gül ýaly edýänçäler, täze günem başlandy. Arewalo: — Ýör göreli, näçe pulumyz barka? — diýdi. Bukjalary alyp, pul sanap başladylar. — Iki ýüz ýedi müň peso — diýip, Huliýa jemini aýtdy. Olar eger bu zenan jaý bahasynyň ujundan bermek üçin ýanyna iki ýüz müň pesodan artyk pul alan bolsa, diýmek, onuň jaý üçin iki milliondan-da artyk tölemäge taýyn ekendigi, soňky ýyllarda puluň hümmetiniň gaçandygy, munuň özleri üçin bähbitlidigi, sebäbi şu puluň öz jaýlarynyň bahasyny üzlüşmäge-de, karz alan pullarynyň göterimini tölemäge-de ýetjekdigi barada pikir alyşdylar. Eýýäm ruhlanan Huliýa: — Bagtymyza gyzgyn suw bar. Bileje ýuwunarys-da, oňatja ertirlik edineris — diýdi. Dogrusy, olar birnäçe günläp birahat boldular. Huliýa sowukganlylyga ündeýärdi, her geçen günüň öz haýyrlarynadygyny aýdýardy. Olar deňziň awtoulagy äkidendigini ýa-da kenara oklandygyny bilmeýärdiler. — Isleseň, men görüp geleýin — diýip, Huliýa teklip etdi. — Pikirem etme. Biziň o ýerde byzbydyklap ýörenimizi birden göräýseler nätjek? — diýip, Arewalo onuň al-petinden aldy. Arewalo öýlän gazet oklap geçýän awtobusa bisabyr garaşýardy. Başda hanymyň ýitendigi barada gazetlerem, radio-da habar bermedi. Hamana, hemme waka bu ganhorlara düýşde görnen ýaly boldy. — Sen nähili pikir edýäň: men doga-dileg edip bilermikäm? Meniň doga okap, gudratly güýçlerden maşyny deňze äkitmeklerini haýyş edesim gelýär. Şonda biz rahadrak ýaşardyk. Bizi şu melgun kempir bilen baglamak hiç kimiň kellesine-de gelmezdi. — Gorkma — diýip, Huliýa jogap berdi. — Gaty gitse, bizi soraga çagyrarlar. Bu ölümlikli däl: biziň geljekki bagtly durmuşymyz bilen deňeşdireniňde, polisiýa bölüminde geçirjek bir sagatjygymyz nämejikmiş?! Eýsem, şoňa çydamaz ýaly, biz şeýle lellimmi? Biçäre hanymyň başyndan inen zat üçin günäni nädip biziň boýnumyza atyp bilsinler? — Şol agşam biz giç ýatdyk — diýip, Arewola daşyndan sesli pikir öwrüp başlady. — Muny inkär edip bolmaz. Islendik ötegçi yşygy görüp biler. — Biz giç ýatdyk, ýöne awtoulagyň sesini eşitmedik. — Ýok. Biz hiç zat eşitmedik. Ýöne biz näme işledik? — Radio diňledik. — Biz, hatda şol agşam näme eşitdirenlerinem bilemzok. — Gürleşip oturdyk. — Näme hakda? Eger çynymyzy aýtsak, jenaýatyň sebäpleri baradaky pikire gönükdireris. Biz batypdyk, birdenem içi puldan doly çemedanly kempir asmandan inýär. — Pulsuzlaryň hemmesi terslin-oňlyn öldürip başlasalar... Arewalo: — Bize häzir bergimizi bermek bolmaýar — diýdi. Huliýa ýaňsyly gürledi: — Onsoňam müňkür bolmazlar ýaly, «Arzuw» bilen hoşlaşýas-da, ülhit gedaýlar kimin, Buenos-Aýrese ugraýas. Ömür-ömürem beýtmeris! Isleseň, algydaryň ýanyna gideýin. Ony eýdip-beýdip yraryn. Eger biraz pursat berse, işimiziň ugruna bolup düzeljekdigini, onsoň onuň ähli algysyny birden alyp biljekdigine söz bererin. Töläp biljekdigime gözüm ýetip durka, ynamly gürlärin-de yraryn. Bir gezek irden radio, yz ýanyndan gazetlerem ýiten hanym barada habar berdiler. Arewalo gazetden: «Komissar Garibeto bilen söhbetdeşligiň netijesinde, biziň habarçymyzda jenaýatçylygyň bolanlygy baradaky ähtimallygy aradan aýyrmak bolmaýandygy barada polisiýada bellibir maglumatlar bardyr diýen pikir döredi» diýen habary okady. — Eşidýämiň? Jenaýatyň gürrüňini edip başlaýarlar. — Bu atdanlykda dörän betbagtçylyk — diýip, Huliýa garşy çykdy. — Ýuwaş-ýuwaş özlerem göz ýetirerler. Häzir polisiýa hanymyň diridigi hem-de sag-salamatdygy, Hudaý bilsin, nirelerde entäp ýörenligi baradaky mümkinçiligi aradan aýranok. Şoňa görä-de, onuň kellesine taýak bilen ýelmemek hiç kimiň hyýalyna-da gelmez ýaly, bu ýerde pul barada ýeke agzam gürrüň edilenok. Ýalpyldap duran maý günüdi. Olar penjiräniň öňünde güneşe çoýunyp otyrdylar. Arewalo: — «Bellibir maglumatlar» diýildigi nämekä? — diýip sorady. — Pul — diýip, Huliýa ikirjiňlenmän jogap berdi. — Diňe pul. Kimdir biri gelip, hanymyň çemedany ummasyz pully gezip ýörendigini gürrüň berendir. Arewalo birden: — O ýerde näme bar? — diýip sorady. Birtopar adam awtoulagyň uçuda gaçan ýerinde üýşüp durdy. — Ulagy tapypdyrlar. — Ýör, göreli. Bilesigelijilik görkezmesek şübheli bolar — diýip, Huliýa teklip etdi. — Men barjak däl — diýip, Arewalo jogap berdi. Baryp bilmediler. Kafe günuzyn müşderili boldy. Megerem, bu ýagdaýdan hyjuwlanan Arewalo şadyýan hem geplemsek boldy, bolan hadysany soraşdyrdy, ýoluň käbir ýerde uçudyň edil gyrasyna barýandygy, gynansak-da, sürüjilere-de geleňsizligiň mahsusdygyny boýun alýandygy baradaky pikirini aýtdy. Biraz ynjalykdan gaçan Huliýa oňa buýsançly seretdi. Ýoluň gyrasynda awtoulaglar hatar tutup durdular. Soňra üýşen ulaglaryň hem adamlaryň arasynda Arewalo bilen Huliýa ägirt ululykdaky nähilidir bir uzyn boýunly jandarmy ýa mör-möjekmi bir zady saýgardylar. Bu kran eken. Kimdir biri eýýäm iňrik garalyp başlany üçin, kranyň şu ýerde ertire çenli durjakdygyny aýtdy. Başga biri bolsa kolonial döwründen galan örän ajap «Pakkardyň» içinden, hatda iki jesediň tapylandygyny habar berdi. — Gör-ä olary, höwürtgedäki gumrular ýaly öpüşendirler, birdenem «Pakkard» agdarylaga-da, uçudyň gyrasyndan uçup gidýä-de, suwa pagşyldap gaçýar. — Bagyşlaň welin — diýip, bir inçejik ses gepe goşulýar. — Ýöne awtoulag «Pakkard» däl-de, «Kadillak». «Arzuwa» kellesine şlýapasyny çümre geýen, ýaşyl ýapynjaly, çal saçly jenap bilen polisiýanyň serkerdesi girdi. Jenap şlýapasyny çykaryp, Huliýa bilen salamlaşdy. Oňa mylakatly seretdi-de: — Işleýäsmi, onsoň? — diýen boldy. Huliýa: — Hemmeler kafe ummasyz girdeji getirýändir öýdýärler. Gynansagam, iş hemişe şu günki ýaly ýöränok. — Ýöne siz zeýrenýän dälsiňiz-ä, dogry dälmi? — Ýok, zeýrenemok. Ýapynjaly jenap polisiýa işgärine ýüzlenip: — Eger hemişe gullugymyzyň hyzmatynda durman, şunuň ýalyjak gelşiklije kafe ýa-da bar edinen bolsak, bizem zeýrenmezdik. Sabyr etmeli, Matorras — diýdi. Biraz salymdan ýaşyl ýapynjaly jenap Huliýadan: — Wakanyň bolan gijesi, heý, bir zat eşitdiňizmi? — diýip sorady. — Haçan boldy ol? — diýip, Huliýa sowal berdi. Polisiýa eşikli adam: — Megerem, anna gijesi — diýip jogap berdi. — Anna gijesimi? — diýip, Arewalo gürrüňe goşuldy. — Men-ä hiç zat eşitmedim öýdýän. Ýadyma düşenok. — Menem — diýip, Huliýa-da dillendi. Ýapynjaly jenap ötünç soraýan äheňde: — Birnäçe günden sizi görkezme bermek üçin, belki, Miramara, komissarlyga çagyrmaly bolarys — diýdi. — Sizem şonda müşderilere hyzmat etmek üçin polisiýa işgärini iberersiňizmi? — diýip, Huliýa sorady. Jenap ýylgyrdy-da: — Bu aňrybaş seresapsyzlyk bolardy — diýdi. — Olara tölenýänje hak bilen aga-ýana ýaşap biljek gümanyň ýok. Bu gije ýaşlar uklamadylar diýen ýaly. Düşekde ýatyşlaryna polisiýa işgärleriniň gelip-gidişleriniň, soraga çagyrsalar, özlerini nähili alyp barmalydyklarynyň, entegem uçudyň aşagynda içi jesetli ýatan awtoulagyň gürrüňini etdiler. Daňdanlar Arewalo gaý-tupanyň turanynyň, harasadyň eýýäm ýatandygynyň, ýöne tolkunlaryň maşyny deňze äkiden bolmagynyň ahmaldygynyň gürrüňini edip başlady. Sözüni soňlamanka-da özüniň uklandygyna, harasadyň düýşüne girendigine düşündi. Gülüşdiler. Içgi soran müşderileriň biri: — Ony bärik getirerler — diýdi. Bular köp garaşdylar. Ýöne soňra jesedi Miramara alyp gidendikleri belli boldy. Arewalo: — Şu mahal şeýlebir häzirkizaman gurallary köp welin, kempiriň ýaralarynyň awtoulagyň burçlaryna urlup bolmandygyny seljermek kyn bolmaz — diýdi. — Sen şoňa ynanýaňmy? — diýip, Huliýa sorady. — Ähli seljerme darajyk otagda ekspertsumagyň primusda paragwaý çaýyny gyzdyrýan ýerinde geçirilýär. Deňiz suwuna myžžyk bolan kempiri öňlerinde ýatyranlarynda, nämäni anyklajaklaryny görübereris. Diýseň gyzgalaňly bir hepde geçdi. Awtoulag tapylan güni şu ýerde bolanlaryň birentegi maşgalasy, çagalary bilen ýa-da jübüt-jübüt bolup dolanyp geldiler. — Gördüňmi, meniň aýdanym dogry bolup çykdy — diýip, Huliýa «Arzuwyň» ajaýyp ýerdiginem sözüniň üstüne goşdy. — Öň bu ýere hiç kimiň gelmänligi biadyllyk. Indi bizi tanansoňlar gelerler. Boljak bolanlygynda, hemme zadam ugruna boluberýär. Sülçüden çakylyk geldi. — Görsene muny, esger iberselerem men-ä gitjek däl — diýip, Arewalo närazy hüňürdedi. Çagyrylan günleri edil bellenen wagty geldiler. Ilki Huliýa girdi. Arewalonyň girmeli gezegi gelende, ol biraz tolgundy. Stoluň başynda oňa «Arzuwa» baryp gaýdan şol ýaşyl ýapynjaly, çal saçly jenap garaşyp otyrdy. Häzir ol ýapynjasyz otyrdy, özem mylakatly ýylgyrýardy. Arewalo, nämüçindir, ýaşarýan gözlerine elýaglygyny iki-üç gezek ýetirmeli boldy. Söhbetdeşligiň soňragynda ol özüni kafede dostlary bilen oturan ýaly ynamly hem rahat alyp bardy, sülçi örän mylakatly adam diýip pikir etdi (muny soňundan inkärem etdi). Çal saçly jenap ahyrsoňy: — Köp sag boluň. Gidip bilersiňiz. Gutlaýan... — az-kem säginibem çalaja ýigrenç bilen: — şeýle aýalyňyzyň barlygy bilen — diýip, sözüniň üstüne goşdy. Olar «Arzuwa» dolandylar, Huliýa biş-düşüň ugruna çykdy, Arewalo stoluň üstüne ony-muny goýuşdyrdy. — Nähili nejis adamlar — diýip, Arewalo janagyryly gürledi. — Bularyň arkasynda döwlet maşyny dur, bagty ýatyp penjelerine düşen islendik adamy jähenneme ýollamak bularyň arkaýyn elinden gelip dur. Olaryň ýanyndan çykyp, ýene-de arassa howadan dem alyp bilerin diýen umyt bilen kemsitmelere nalaç çydamaly bolýaň. Hudaý saklasyn, boýun gaçyrdygyň dagy seni gynap başlarlar, gabat gelen zady aýdarsyň, onsoň janyň çykýança türmede çüýrärsiň. Söz berýän: eger degilmejegimi bilsedim, şol ýapynjalyny urup öldürerdim. — Sen edil guduzlan gaplaň ýaly-la — diýip, Huliýa güldi. — Indi bar zat geçdi. — Geçdi, ýöne diňe şu günlükçe. Bize öňde şular ýaly gürrüňleriň ýa has beterräk zatlaryň näçesiniň garaşýandygyny kim bilýär. — Men-ä beýle bolar öýdemok. Bu işi seniň çak edişiňden çalt unudarlar. — Şeýle bolaýsady. Käte ähli zat üçin hasaplaşmaly diýýänleriňki nähak däl bolaýmasyn diýip pikir edýän. — Hasaplaşmaly? Bolgusyz zatlar gürlemesene. Köp pikir edip ýörme, hemme zat düzelişer gider — diýip, Huliýa ony köşeşdirdi. Olary ýene bir gezek çagyrdylar, ýaşyl ýapynjaly jenap bilen ýene-de bir gezek gepleşik boldy. Gorkuly zat bolmady, soň bolsa köşeşdiler. Birnäçe aý geçdi, Arewalo hiç ynanyp bilmese-de, Huliýanyňky dogry bolup çykana çalymdaşdy: jenaýaty, hakykatdan-da, unutdylar. Göýä, pullary ýok ýaly, her gezek bergilerini bermek möhletini paýhaslylyk bilen yza tesdirmegi haýyş edip, ahyrsoňy bergilerini üzlüşdiler. Ýaza golaý köneje «Pirs-errou» maşynyny satyn aldylar. Ýaşlar benzini köp iýýäni üçin arzan düşen maşynlary bilen gezelenç etmäni çykardylar, her gün diýen ýaly azyk almak üçin ýa-da başga bahana bilen Miramara gatnadylar. Tomsuň bütin dowamynda irden sagat dokuzda gidip, sagat onda eýýäm dolanyp gelýärdiler, ýöne aprelde müşderä garaşmakdan ýadap, öýleden soňam gezelenç etdiler. Deňizýaka ýol bilen gezelenç etmek hezildi. Bir gezek agşamara öýlerine dolanyp gelýärkäler, bir adamjyk gözlerine ildi. Şadyýan halda aşyk magşuklar ýaly bir-birlerine berlip, deňiz hakynda, bu ýaýlalaryň maýyl ediji gözel görnüşi hakynda gürleşýärkäler, birden yzlaryndan gelýän awtoulagy gördüler. Roluň başynda horja çepiksi adam otyrdy. Onuň ýüregedüşgünçliginde bulara nähilidir bir betniýet bar ýaly bolup göründi. Arewalo yzarlaýany aýna seredip gördi, ol maşyny seýle eserdeň hem biperwaý, arkaýynlyk bilen sürýärdi welin, Arewalo bahym onuň ýüzüni ýigrendi. Onuň «Opeliniň» öňi bularyň «Pirs-errounyň» yzyna degip diýen ýaly gelýärdi. Başda Arewalo ony hiç haçan maşyny düzüwli sürmegi öwrenmejek geleňsizleriň biri hasap etdi. Birden säginäýse, «Opeliň» gelip urulmagyndan heder eden Arewalo elini çykaryp salgady-da, çalaja ýuwaşap ýol berdi. Ýöne adamjygam badyny gowşadyp yzdan aýrylmady. Şonda Arewalo ondan ara açmakçy boldy. «Pirs-errou» sandyrap, tizligini sagatda ýüz kilometre ýetirdi, ýöne yzarlaýanyň häzirki zaman maşyny ondan birjik-de galman gelýärdi. — Bu tentege näme gerekkä? — diýip, Arewalo gaharlanyp gygyrdy. — Ol näme bize ýelmeşäýdi-le? Saklanyp, tumşugyna gowuja ýelmäýinmi? — Bize soňy polisiýada tamamlanjak waka asla gerek däl — diýip, Huliýa ýatlatdy. Kempiri hanymy ymykly unudan Arewalo tas «nämüçin?» diýip sorapdy. Ýolda başga-da maşynlar peýda bolanda ökde sürüjiniň elindäki «Pirs-errou» olara goşulyp, düşnüksiz yzarlaýançydan dyndy. «Arzuwa» gaýdyp gelenlerinde bulara ýene şadyýanlyk aralaşdy: Huliýa maşynlary köne bolsa-da, adamsynyň ussatlygyny magtady. Gije düşekde ýatyrkalaram ýoldaky duşuşygy ýatladylar, Arewalo ol adamjygyň kim bolup biljekdigine, hyýalynda näme bardygyna düşünjek boldy. — Belki, ol bizi kowalaýandyr öýdüp göwnümize gelendir — diýip, Huliýa çak urdy. — Ol bolsa ýöne bir gezelenje çykan aljyraňňy, göwnaçyk jenapdyr. Arewalo: — Ýok — diýip jogap berdi. — Ol ýa-ha polisiýa işgäri ýa-da bir deýýusdyr, belki, has-da beterräk biridir. Huliýa: — Indi ähli zatlar üçin hasaplaşmaly pursatymyz gelip ýetdi, bu tagaşyksyzja adam kysmatyň şekili, etmişlerimiz üçin bizi yzarlaýan melgundyr öýdüp pikir edýän dälsiň-dä hernä? — diýdi. Arewalo perwaýsyzlyk bilen öňüne garady-da, jogap bermedi. — Men saňa, gör, näderejede belet bolup gidipdirin — diýip, aýaly ýylgyrdy. Ol başda dymdy-da, soň ýalbaryp başlady: — Biz gitmeli. Düşünýäňmi, Hulita? Bärde ele düşeris. Galyp, bizi gapjaýançalar garaşyp bolmaz. — Ol aýalyna naýynjar garady. — Bu gün bujagaz adam, ertir başga biri. Düşünýäňmi? Başymyz çaşýança, meýletin boýun alýançak, kimdir biri yzymyza düşer ýörer. Gel, gaçaly. Belki, entek pursat bardyr. — Nähili samsyklyk — diýdi-de, Huliýa çyrany öçürip, ärine ýeňsesini öwrüp uka gitdi. Ertesi öýlän maşynly gidenlerinde, ol çepiksi adama duşmadylar, ýöne bir günden soň ol ýene-de peýda boldy. Öýe öwrülenlerinde, Arewalo ony maşynyň aýnasyndan gördi. Ol adamdan ara açmakçy boldy, gazy soňuna çenli basdy, ýöne ol çepiksiniň özünden galman, öňki ýaly golaýdan dykylyp gelýändigini gördi. Arewalo badyny haýallatdy, saklanyp diýen ýaly elini gapydan çykaryp salgady-da: — Geçiň, geçiň! — diýip gygyrdy. Ol adama kaýyl bolmakdan özge alaç galmady. Ol bularyň deňinden ýoluň edil uçudyň dik depesinden geçýän howply ýerinde ötüp gitdi. Ýaşlar ony synlap ýetişdiler — şyr kelle, pyşbaganyň gözi ýaly peträp duran ullakan äýnekli, hargulak, timarlanan inçejik murtly biri. «Pirs-errounyň» çyralary onuň takyr kellesini hem-de gulaklaryny ýagtyltdy. — Onuň kellesine taýak bilen ýelmäsiň gelenokmy? — diýip, Huliýa gülüp sorady. — Aýnasynda onuň gözlerini görýäňmi? Ol bizi gizlin yzarlaýar — diýip, Arewalo aýtdy. Şu ýerde-de tersine kowalaşyk başlandy. Yzarlaýan öňden barýady, ol tizligini bularyň edişine görä artdyrýardy ýa-da peseldýärdi. Arewalo: — Oňa näme gerek? — diýip, lapykeçligini känbir ýaşyryp bilmän sorady. — Gel, duraly — diýip, Huliýa jogap berdi. — Ol nalaç gitmeli bolar. — O nähili? Biz nämüçin durmalymyş? — diýip, Arewalo batly seslendi. — Şondan sypmak üçin. — Beýdip sypyp bilmeris. — Saklan! — diýip, Huliýa gaýtalady. Arewalo maşyny saklady. Birnäçe metr öňde adamjygam togtady. — Men häzir ony maýyp ederin! — diýip, Arewalo demi demine ýetmän gygyrdy. — Çykma! — diýip, Huliýa haýyş etdi. Arewalo çykdy-da ylgady, ýöne yzarlaýan howlukman ugrady-da, derrewem öwrümde gözden ýitdi. Huliýa: — Indi garaşmaly, goý, aňyrrak gitsin — diýdi. — Ol gitmez — diýip, Arewalo maşyna münüp durka aýtdy. — Ýör, başga tarapa gaçaly. — Gaçmaly? Ömürem gaçmaýan. — On minutjyk garaşaýaly-da! — diýip, Huliýa ondan haýyş etdi. Arewalo oňa sagady görkezdi. Dymyşyp oturdylar. Bäş minutam geçmänkä, ol: — Besdir. Ant içýän: «Opel» öwrümiň aňyrsynda durandyr — diýdi. Arewalonyňky dogry bolup çykdy: olar öwrüläýen ýeriňde duran maşyny bada-bat gördüler. Arewalo gazap bilen gaza basdy. Huliýa: — Akylyňdan azaşypsyň — diýip pyşyrdady. Aýalynyň gorkusy itergi beren ýaly boldy-da, ol tizligini hasam beter artdyrdy. «Opel» hernäçe çalt ugrasa-da, bular onuň yzyndan ýetjekdiler, sebäbi ol entek ýerinde durdy, bular bolsa sagatda ýüz kilometrden-de çalt okdurylyp barýardylar. — Indi biz ony kowalaýas — diýip, Arewalo joşup gygyrdy. Olar «Opeliň» yzyndan ýoluň birnäçe aý ozal hanym kempirli maşyny uçutdan goýberen howply ýerinde ýetdiler. «Opeliň» çepinden geçmegiň deregine Arewalo sagyraga aldy, adamjygam uçuda tarap çepe sowdy. Arewalo beýleki maşyny ýoldan çykaryp diýen ýaly sagdan gitdi. Ilkibaşda iki ketjäniň göreşi uzaga çekerli göründi, ýöne birdenkä çepiksi adam gorkdy, ýol berdi, has-da çepiräge sowuldy, ýaşlaram «Opeliň» uçutdan aşak gaçanyny gördüler. Huliýa: — Saklanma! — diýip buýruk berdi. — Biz bu ýerde görünmeli däl. — Onuň diridigini ýa ölendiginem barlamaly dälmi? Uzyn gije ol ir bilen bizi jenaýatda aýyplap geläýmesin diýip garaşmalymy? Huliýa oňa: — Sen ony öldürdiň — diýip jogap berdi. — Özüňe erk edip bilmediň. Indi munuň pikirini etme. Özem gorkma. Gelse, görübereris. Al kakmyş, utulsaňam mertebäňi saklap utulmaly. Arewalo: — Indi pikir etmen — diýdi. Birinji ganhorluklary pul sebäpli adam öldürendikleri üçinmi, ýa merhumyň olara ynanandygy üçinmi, ýa-da polisiýadaky soraglar üçinmi, ýa bolmasa, onuň ilkinji gezekligi üçinmi — garaz, olara agyr täsir etdi. Olar indi täzeden adam öldürip, öňkini ýatdan çykardylar, bu gezek olaryň bisebäp janlaryny ýakyp başladylar, ýigrenji yzarlaýjy olaryň entek hözirini doly görüp ýetişmedik bol-telkiliginiň kastyna çykyp kowalady... Ikinji gezek adam öldürensoňlar, olar ünji-aladasyz ýaşadylar. Bagtly günleri hepdäniň birinji güni günorta çagy zalda çişik adam peýda bolýança dowam etdi. Ol aşa semizdi, salparyşyp, gapdallaryna ýaýrap giden bedeni çogup barýan hamyr kerseni ýada salýardy. Öçügsi, mäzerip duran gözleri, akýagyz hamy, goşalanan ullakan alkymy bardy. Oturgyç, stol, kofeli çaşka bilen kanýa içgili bulgury onuň göwresi bilen deňäniňde, oýunjak ýaly bir naşyja zat bolup görünýärdi. Arewalo: — Men ony bir ýerde-hä görüpdim welin, nirede görenim teý ýadyma düşenok — diýdi. — Gören bolsaň, ýatda saklardyň. Beýle adamy ýatdan çykarmazdyň — diýip, Huliýa jogap berdi. — Ol gidenok. — Gitmese gitmesin. Goý, uzyn gün otursyn, tölese bolýar-da. Ol bularyň ýanynda günuzynlap oturdam. Ertesi ýene gaýdyp geldi. Öňki stoljugyň başyna geçdi-de, kofe hem garamtyl içgi äbermegi sorady. Arewalo: — Görýäňmi? — diýdi. — Nämäni görmeli? — diýip, Huliýa onuň özüne sorag berdi. — Şoň ýaly ýene bir adam. — Her niçik käbir tapawutlary bar — diýip, Huliýa gülüp goýberdi. — Seniň gülüp bilşiňe haýran — diýip, Arewalo närazy dillendi. — Men-ä indi çydamok. Eger ol polisiýadan bolsa, muny derhal bilenimiz gowy. Oňa her gün gelip, hiç zat diýmän, bizden gözüni aýyrman sagatlap oturmaga ýol bersek, ahyrsoňy biziň nerwlerimiz çydamaz, gapan gurdugy bes, bizem oňa düşeris. Bu täze geň adam näme hyýaldaka diýip kelle döwüp, indi gijeleri ukusyz geçiresim gelenok. Ahyry kimdir biri geler diýip aýtdym-a... Huliýa: — Belki, hiç zadyň niýetinde-de däldir. Ýöne bir gussaly çişikdir — diýip göwünlik berdi. — Men-ä ony öz erkine goýsaň oňat bolar diýip çaklaýan, goý, öz derdine özi gümra bolsun. Ony öz oýnunda utmaly. Göwnüne jaý bolsa, goý, her gün gelsin, goý, gelsin, tölesin, wessalam. Arewalo: — Şeýtseň iň gowusy — diýip jogap berdi. — Ýöne bu oýunda kim uzak çydasa, şol utýar, men bolsam, eýýäm ýetjek derejäme ýetdim. Agşam düşdi. Çişik gidenokdy. Huliýa özüne hem adamsyna şamlyk getirdi. Olar germewiň üstünde garbanyp durdular. — Jenap agşamlyk edinmeýärmi? — diýip, agzy nahardan doly Huliýa çişikden sorady. Olam: — Ýok, taňryýalkasyn — diýip jogap berdi. — Wah, käşgä gidäýsediň — diýip, Arewalo oňa garap, uludan demini aldy. Huliýa: — Onuň bilen gürleşeýinmi? Osmakladyp bir zatlar bileýinmi? — diýip teklip etdi. — Belki, ol seniň bilen gürleşmezem, «hawa, hawa», «ýok, ýok» diýer oturar-da — diýip, Arewalo dillendi. Ýöne çişik gürrüňden boýun towlamady. Howanyň ekiş geçirerden gurakdygyna, adamlardan, olaryň näme küýseýändikleriniň belli däldiginden zeýrendi. — Olar häzire çenli nädip siziň kafeňizi ysyrganyp tapmadykalar?! Bu ýer kenar boýunyň iň gözel ýeri ahbetin — diýdi. — Eger size kafe ýaran bolsa, onda siz biziň dostumyz — diýip, germewiň aňyrsynda diňläp oturan Arewalo gürrüňe goşuldy. — Jenap küýsän zadyny sorasyn, eýeleri hezzetleýär. — Siz hödür edip dursaňyz, ýene bir bulgurjyk garamtyl kanýadan içerdim. Soň ol ýene bir bulgura razy boldy. Bular näme diýseler ylalaşdy. Bular bilen pişik-syçan oýnuny oýnady. Ine, birdenem içgi dilini açan ýaly: — Nähili ajaýyp ýer, ýöne nähili zatlar bolup geçýär. Ine, gynandyrýan ýeri — diýip goýberdi. Arewalo Huliýa seredip, bialaç egnini gysdy. — Näme bolup geçýärmiş? — diýip, Huliýa gatyrgandy. — Men edil bu ýerde diýemok — diýip, çişik boýun aldy. — Golaýdaky uçutda. Pikir edip görüň, edil şo ýerde ilki bir maşyn, soň başga biri deňze gaçýar. Biz tötänden bilip galdyk. — Nämäni? — diýip, Huliýa sorady. Arewalo-da: — «Biz» kim? — diýip sorady. Çişik: — Biz — diýip jogap berdi. — Bilýäňizmi, deňze gaçan «Opeliň» eýesiniň başyna — onuň familiýasy Treho — birnäçe ýyl ozal betbagtçylyk inipdir. Onuň ýaş gyzy şu golaýda suwa düşüp ýörkä gark boldy. Ol deňze şol gidişine kenara çykmady. Ol adam dul eken, gyzyny ýitirip, dünýäde sopbaş özi galypdyr. Gyzynyň gark bolan ýerine golaý göçüp gelipdir. Gyzyma golaý bolaryn diýip oýlanandyr-da, elbetde, ol eýýäm biraz üýtgän ýalam bolupdyr, bu-da düşnükli zat. Belki, siz oňa duşanam bolmagyňyz mümkin, jenap Treho gysga boýly, horja, takyr kelle, sypaýyja murtly hem äýnekli açyk göwün adamdy, öz hasratyny çekip ýaşar ýörerdi, birmahal özüni bejeren, şondan bärem her agşam şamlyk nahardan soň ýanyna gelýän lukman goňşusy Labordeden başga adam bilen görüşmezdem. Dostlar kofe içerdiler, gümür-ýamyr ederdiler, bir döw-ýarym döw küşt oýnardylar. Her agşam şeýle-dä. Siz bolsa näme, ýaş adamlar, bagtly, maňa: haý, durmuş bolaýşynam diýersiňiz. Käbir adamyň endigi beýlekä örän paýhassyzam görünýär, ýöne, görýäňizmi, şol köneçilligem adamlara çydamly bolmaga, bolşuna görä ýuwaşja ýaşap ýörmäge kömek edýär. Ynha, onsoň, şu golaýdaky agşamlaryň birinde jenap Treho küşdi diýseň ýaramaz oýnaýar. Çişik, hamana, örän gyzykly hem-de biçak möhüm bir zat aýdan ýaly dymdy. Soňam: — Nämüçindigini bilýäňizmi? — diýip sorady. — Men bilgiç däl — diýip, Huliýa çürt-kesik aýtdy. — Sebäbi şol gün jenap Treho deňizýaka ýoldan geçip barýarka, öz gyzyna duşupdyr. Gyzynyň jesedini görmänsoň, ol diridir diýip özüni ynandyryp, ony şoldur öýden bolmagam ahmal. Umuman, ol gyzyny görenine ynanypdyr-da. Ol doly aldanmasa-da, şu pikir ony gaplap alypdyr. Gyzyny görýändirin diýip pikir edipdir, gowusy golaý barmaly däldigini, gürleşmeli däldiginem bilipdir. Biçäre jenap Treho ham-hyýalynyň dagap giderini islemändir. Dosty lukman Laborde şol agşam oňa käýäpdir. Medeniýetli adam Trehonyň özüni çaga ýaly alyp barmagy, beýle çuňňur hem mukaddes duýgular bilen oýun etmegi akyla sygjak zat däl, bu ýaramaz hem howply zat diýipdir. Treho dostunyň mamladygyny boýun alypdyr, ýöne başda bu oýna göre-bile goşulan-da bolsa, soňra oňa haýsydyr bir başga, keramatly, has kuwwatly, üýtgeşik häsiýetli güýçlerem, belki, kysmatam goşulyşdy diýipdir. Sebäbi akylyňa sygmajak zatlar bolup geçýär. Özüniňki hasap eden gyzy, gör-ä ony, ýaş ýigidiň sürüp barýan maşynynda ondan gaçyp sypmakçy bolupdyr. Treho: «Bu ýaşlar özlerini ýöne bir keseki adamlar babatda düşnüksiz alyp bardylar» diýipdir. Olar meni görüp, hamana, hakykatdan-da, meniň gyzym ýaly menden gaçyp başladylar, haýsydyr bir syrly sebäplere görä, menden gizlenmekçi boldular. Men özümi dabanymyň astynda ýer ýarylan ýaly duýdum, bu adaty dünýä başga bir keramatly dünýä öwrülen ýaly boldy, yzly-yzyna-da içimden: «bolup bilmez, bolup bilmez» diýip gaýtalaýardym. Ol özüni gelşiksiz alyp barýandygyny bilipdir, barybir, olaryň yzyndan ýetmäge synanyşypdyr. Ýaşlar ýe ne-de gaçypdyr. Çişik bulara öçügsi gözlerini gyrpman garady. Birsellemden soňra ýene dowam etdi: Lukman Laborde oňa: «Ýat adamlara azar bermek bolmaýar» diýipdir. Soňam: «Eger ýaş adamlara ýene-de sataşaýsaň, olary kowalap, ýüreklerine düşmersiň diýip umyt edýän» diýip gaýtalapdyr. — Labordeniň maslahaty biçemem däl eken — diýip, Huliýa gürrüňe goşuldy. — Näbelet adamlary bizar etmek nämä gerek?! A siz muny nämüçin gürrüň berýäňiz? — Siz örän ýerlikli sorag berdiňiz — diýip, çişik tassyklady. — Tüýs jüpüne düşen sorag. Her kimiň oý-pikiri bizden ýaşyryn ahyry, onsoň biz häzir kim bilen gürleşýänimizi bilmeýäris. Öz-özümizi bolsa aňrymyz görnüp duran ýaly duýýarys, ýöne bu düýbünden beýle däl. Ýakyn adamymyz biz barada diňe daşky alamatlar näme aýdýan bolsa şony bilýär, ol özüni öli guşlaryň içgoşuna, guşlaryň uçuşyna seredýän gadymy palçylar ýaly alyp barýar. Bu bolsa asyl-ha kämil däl, onsoň her dürli ýalňyşlyklara getirýär. Mysal üçin, jenap Treho ol gyz öz gyzy bolany üçin ýaşlar ondan gaçýandyrlar diýip çaklapdyr, olar bolsa özlerinde, Hudaý bilsin, nähili günä duýup, görgüli jenap Treho, Hudaý bilsin, nähili matlap ýöňkäpdirler. Ýolda gaçha-kowluk bolandyr, olam Trehonyň ajalyna sebäp bolan betbagtçylykly hadysa getirendir diýip pikir edýän. Birnäçe aý mundan ozal edil şol ýerde şuňa meňzeş ýagdaýda bir hanymam heläk boldy. Indi bize Laborde gelip, öz dostunyň başyndan geçenleri gürrüň berdi. Men nämüçindir bir hadysany ýa-da, aýdaly, bir delili beýleki bilen deňeşdirip gördüm. Jenap, men sizi şol gezek görkezme bermäge çagyranymyzda derňewler bolüminde görüpdim, ýöne siz şonda-da tolgunýardyňyz, şoňa görä ýadyňyza düşmeýän bolmagym hem mümkin. Meniň açyklygymyň gadyryny biliň, men size içimi dökýän. Ol sagadyna seretdi-de, elini stoluň üstüne goýdy. — Maňa häzir gidere çen boldy, ýöne wagtym näçe diýseň bar, onsoň ertir ýene geläýerin — diýip, bulguryna, käsesine garady-da: — Men näçe bermeli? — diýip sorady. Çişik turdy, ysgytsyz hoşlaşdy-da, çykyp gitdi. Arewalo öz-özüne ýüzlenýän şekilde: — Gör, nähili? — diýdi. — Onuň subutnamasy ýok — diýip, Huliýa seslendi. — Subutnamasy bolanlygynda, şonça boş wagty bilen bizi tussag ederdi. — Howlukma, ol entek bizi tussag eder — diýip, Arewalo ýadaw dillendi. — Çişik dogry yz çalýar: ol kempir ölmänkä hem ölenden soňky pul ýagdaýymyzy derňär, onsoň ýumagyň ujuny tapar. — Ýöne subutnama tapmaz — diýip, Huliýa kejirligine tutdy. — Subutnama nämä gerek? Kalbymyz günäli özümiz bar ahyry. Nämüçin seniň hakykatyň garagyna göni garasyň gelenok, Huliýa? Bizi gapana düşürdiler. Huliýa: — Gel, gaçaly — diýip haýyş etdi. — Giç. Yzarlap, bizi taparlar-da tutarlar. — Bile söweşeris. — Aýry-aýrylykda, Huliýa, her kim türmede öz ornunda. Diňe ýeke çykalga bar: özüňi öldürmek. — Özüňi öldürmek? — Utulmagam başarmaly, muny özüň aýdypdyň-a. Bileje, ikimiz, bu belany, bu argynlygy unutmaly. — Ertir gürleşeris. Häzir saňa dynç almak gerek. — Dynç almak ikimize-de gerek. — Ýör. — Baryber. Men soňrak bararyn. Raul Arewalo penjiräni ýapdy, ýukajyk tagtalardan edilen eňsini goýberdi, ildirgiçleri birin-birin ildirdi, daşky gapynyň iki taý gabsasynam özüne çekdi-de, sokmany sürüp bekledi, açary towlady, agyr demir germewem goýberdi. © Adolfo BIOÝ KASARES Terjime: © Bäşim ÖDEK | |
|
Ähli teswirler: 24 | |
| |