19:29 Göwher monjuk / nowella | |
Bu gyz, göýä, pelegiň gerdişi bilen käte-käte ýönekeý gullukçylaryň maşgalasynda-da dünýä inäýýän näzikden eýjejik gyzlaryň hilindendi. Onuň şaýsepli bukjasy-da, geljege umydy-da, ýokary jemgyýetden barlyja bir adamyň gözüne ilip, onuň özüni söýüp, öýlener mümkinçiligide ýokdy. Onsoň ol halk magaryf ministrliginden kiçiräk bir gullukçynyň sözüni alaýdy. Geýimgejim, şaýsep edinmäge serişdesi bolmansoň, sadaja geýnerdi, özüni welin hakhukukdan mahrum, betbagt saýardy, sebäbi zenan maşgala üçin synp, nebere diýen ýaly zatlar ýok; owadanlyk, gelşikli syna hem mylaýymlyk olar üçin islän maşgalasynda dogulmaga hukugyňam, şol maşgala berilmeli artykmaçlyklaryňam öwezini dolaýmaly. Olara mahsus bolan sypaýylyk, kesgir zehin hem duýgy — ine, şular garamaýak gyzlary abraýly hanymlaryň derejesine göterip, olar bilen deňleşdirip biljek ýeke-täk basgançakdy. Özüni iň bir nepis durmuşda, iň aňrybaş elpe-şelpelikde ýaşamak üçin doglan hasaplansoň, hemişe ejir çekerdi. Özüniň pukara durmuşyndan, ýalaňaç diwarlarynyň gözgynylygyndan, sürtülip giden oturgyçlaryndan, solak tutularyndan ejir çekerdi. Öz deňindäki başga bir aýalyň gözünede ilmejek zatlaryň barjasy oňa jebir berýärdi, myrryhyny atlandyrýardy. Pukaraja hojalyklaryny dolandyrýan keltejik breton zenanynyň sypatynyň özem onda ajy ahmyr, başa barmajak hamhyýallary döredýärdi. Düýşüne diwarlaryna gündogar ýurtlarynyň matalary çekilen, gadymy bürünçden ýasalan şemdanlar bilen ýagtylandyrylan, bug peçleriniň yssysyna aýaklary ýüpek joraply meýmireşip ýatan epeý-epeý hyzmatçylary bolan kaşaň kabulhananyň lal-jim ümsümligi girerdi. Düýşüne gadymy agyr ştof mata çekilen, nepislik bilen ýasalan stoljuklaryň üstünde gymmat bahaly her dürli şaýsepler goýlan bezegjaýlary, islendik zenanyň göwnüni awlap biljek atlyabraýly dostýarlaryň bilen üýşüp çaý içilýän anbar ysly kaşaň myhmanjaýlary girerdi. Üç gün ozal arassalanan saçagyny tegelek stoluň üstüne ýazyp, adamsynyň garşysyna geçip oturanda, olam çorbaly jamyň gapagyny galdyryp: «Ohow, kelemli çorba! Mundan gowy zat bolup bilmez!» diýip, göwnühoş seslenende, aýaly hoşboý naharlaryň, lowurdap duran kümüş gapgaçlaryň, gadymyýetiň gahrymanlarynyň hem-de täsin tokaýlardaky hyýaly guşlaryň suratlary çitilip, diwarlaryny bezäp duran halylaryň arzuwyny ederdi; farfor gaplarda äberilýän datly tagamlaryň, forel balygynyň gülgün etini ýa-da turajyň ganatjygyny çokjalan bolup otyrkaň, gulagyňa pyşyrdap aýdylýan mylaýym sözleri eşitmegi, aýdan zadyňy bolsa syrlyja ýylgyryp diňlemeklerini küýsärdi. Onuň ne geýim-gejimi, ne-de şaýsepi bardy, asla hiç zady ýokdy. Ol bolsa diňe şu zatlary halaýardy, özüni diňe şu zatlar üçin ýaradylan hasaplaýardy. Hemmelere ýarasy, hemmeleri özüne maýyl edesi, jemgyýetde üstünlik gazanasy gelýärdi, beýleki aýallaryň özüne gözleriniň giderini isleýärdi. Kilisede bile terbiýelenen baý jorasynyňka setanda-seýranda görme-görşe giderdi, her gezegem şol jorasynyňkydan gaýdanda ejir çekerdi, indi şolara barmazlyga ant içerdi. Hasratdan, özüne nebsi agyrmakdan, tukatlykdan hem umytsyzlykdan ýaňa günuzyn aglap geçerdi. Bir gezek agşamara öýüne gelen adamsy dabaraly sypata girip: — Me, al, bu saňa garaşylmadyk sowgat — diýip, aýalyna uly bukja uzatdy. Aýaly bukjany hasyr-husur ýyrtyp, içinden gatyja kagyz çykardy. Onda: «Halk magaryf ministri bilen onuň aýaly hanym Žorž Ramponno jenap we hanym Luazelleri 18-nji ýanwarda, duşenbe güni ministrlikde boljak agşamlyga çagyrýarlar» diýlip ýazylandy. Adamsynyň garaşyşy ýaly şatlanmagyň ýerine, aýaly çakylygy janyýangynlyk bilen stoluň üstüne oklap goýberdi: — Ýeri, bu meniň nämäme gerek?! — Bu nähili beýle bolýa, ezizim? Me-nä sen örän hoş bolarsyň öýdüpdim. Sen hiç ýerde bolaňok, bu bolsa gaty gowy mümkinçilik ahyryn, gaty gowy! Men bu çakylygy zordan aldym-a. O ýere hemmeleriňem barasy gelýär, hemme kişini bolsa çagyryp duranoklar, kiçeňräk gullukçylara-ha asla çakylyk beribem baranoklar. Sen ol ýerde ähli ýokary wezipeli gullukçylary görersiň. Aýaly adamsyna alarylyp seretdi-de, janyýangynly gürledi: — Nämede gideýin o ýere? Mende geýere zat ýok! Bu ýagdaý öň onuň kellesine-de gelmänsoň, hüňürdedi: — Teatra geýýän köýnegiňde gidersiň-dä. Meniň pikirimçe-hä, ol örän gowy. Şonda ol aýalynyň aglaýanyny gördi-de, aljyraňňy hem gaýgyly halda dymdy. Iki sany iri gözýaş damjasy aýalynyň ýaňaklaryndan syrygyp, dodaklarynyň gyrasyna barýardy. Ol sakawlap: — Saňa näme bolýar? Ýeri näme bolýar? — diýip sorady. Aýaly özüne zor salyp hasratyny basdy, nemli ýaňaklaryny süpürdi-de, parahat jogap berdi: — Hiç zat. Ýöne meniň eşigim ýok. Şoň üçinem agşamlyga gidip biljek däl. Çakylygyňy aýaly menden gowy geýinýän işdeşleriň birine beräý. Adamsy lapykeç bolup, oňa naýynjar garady: — Gulak as, Matilda. Soňam geýäýmäge ýaraýjak oňatja, ýönekeýje köýnek näçä düşer öýdýäň? Ol boljak çykdajyny hyýalynda hasaplap, onsoňam tygşytly adamsynyň gorkusyndan içini çekip, hiç zat bermän goýmazlygy üçin, näçe soramalydygynyň pikirini edip, biraz dymyp durdy. Ahyrsoňy sakynyp jogap gaýtardy: — Anyk bilemok, dört ýüz frank maňa ýetermikä diýýän. Adamsynyň ýüzi biraz agardy; her ýekşenbede torgaý awlamaga gidýän ýoldaşlary bilen Nanteriň eteklerine tomus awa gitmek üçin tüpeň satyn alaryn diýip edil şonça puly süýşürip goýupdy. Her niçik bolsa-da ol: — Bolýa. Men saňa dört ýüz frank bereýin. Ýöne owadanja, gelşikli köýnek aljak bol. Şowhunly agşam golaýlaşýardy, hanym Luazel bolsa janyna jaý tapmaýardy, gaýgylanýardy, ynjalykdan gaçýardy, ýogsam köýnegem eýýäm taýyndy. Bir agşam adamsy oňa: — Hany, aýt, saňa näme bolýar? Şu günler seniň bolşuň geň-le — diýdi. — Hiç zadymyň, ýekeje-de bezeg şaýymyň, ýekeje-de gaşly zadymyň ýoklugyna gynanýan. Köýnegime gelşik berjek zadym ýok. Men horaşaja görnerin. Iň gowusy agşamlyga gitmezlik. Adamsy garşy çykdy: — Janly gül dakaý. Gyşyna ol kaşaňam görülýär. On franka bolsa birküç sany örän owadan bägül alsa bolýar. Aýaly ýeň bermedi: — Ýok, islämok... Baý aýallaryň arasynda gedaý ýaly görünmek öz mertebäňi kemsitmeg-ä. Şonda adamsy bir çykalga tapdy: — Seniň samsyjakdygyňy! Joraň hanym Forestýeniň ýanyna git-de, şaý-seplerinden bir zat bermegini haýyş et. Şeýderçe ýakyndan gatnaşýaňyz-a. Aýaly şatlygyndan gygyryp goýberdi: — Dogry! Şeýtmek kelläme-de gelmändir. Ol ertesi hanym Forestýeniň ýanyna gidip, hasratyny gürrüň berdi. Olam ýüz görülýän aýnaly şkafyň ýanyna bardy-da, ondan ullakan guty çykaryp getirdi, açdy-da, hanym Luazele: — Saýla, ezizim! — diýdi. Hanym Luazel ilki bilezikleri, soňra dürleri, soň gaşly ajaýyp wenesian altyn hajyny gördi. Altyn-kümüş şaýlary aýnanyň öňünde özüne deňäp gördi, olary yzyna bermäge dözmän ýaýdandy. Zol-zolam: — Başga zadyň ýokmy? — diýip sorady. — Elbetde, bar. Gözläber. Men saňa nämäniň ýarajagyny bilemog-a. Birdenem oňa gara atlaz gutujykdaky ajaýyp göwher monjuk gabat geldi, şonda huşuny başyndan uçuran höwesinden ýaňa ýüregi gürsüldedi. Ony sandyraýan elleri bilen garbap aldy-da, dikýaka köýneginiň üstünden deňäp gördi, haýran galmakdan ýaňa aýnanyň öňünde doňup galdy. Soňra ýaýdanyp, gorka sorady: — Maňa, ine, şuny, diňe şuny berip bilmezmiň? — Elbetde, bererin. Hanym Luazel jorasynyň boýnuna towusdy, ony mähir bilen ogşady-da, öz hazynasyny alyp ylgap gitdi. Şowhun günem ýetip geldi. Hanym Luazel uly üstünlik gazandy. Näzikligi, nepis görmegeýligi, begenmekden serhoş bolan ýaly şadyýanlygy bilen ol hemmelerden owadandy. Ähli erkek kişiler şoňa seredip, kimdigini soraýardylar, özlerine dereje saýyp, onuň bilen tanyşdyrmaklaryny gazanmaga çalyşýardylar. Aýratyn tabşyryklary berjaý edýän gullukçylar diňe şonuň bilen wals oýnamagy höwes edýärdiler. Ol hut ministriňem gözüne ildi. Ol şatlykdan ýaňa akyly çaşyp, höwes bilen, hyjuw bilen tans etdi. Öz gözelliginiň ýeňşinden, ýaranjaň öwgülerden lezzet alyp, hiç zadyň pikirini etmän, ylla, bir bagt buludyna çolanan ýaly, şu ähli hormat goýmalardan, öz oýaran ähli hyjuwlaryndan, zenan kalby üçin hemişe ýakymly doly ýeňşiniň dabarasyndan lezzet alyp tans etdi. Olar diňe daňdan dörtde gaýtdylar. Adamsy ýarygijeden bäri boş diýen ýaly kiçi otagda aýallary örän şatlanýan üç gullukçynyň ýanynda ymyzganyp otyrdy. Ol aýalynyň egnine şowhunly agşamda geýen eşikleri bilen çapraz gelýän, gündelik ulanylýan ýapynjany atdy. Muny duýan aýalynyň, eginlerini gymmat bahaly sütükli derä çolan aýallara görünmezlik üçin, çaltrak gaçasy geldi. Ony Luazel saklady: — Dursana. Sen daşarda üşärsiň. Men paýtun gözläýin. Oňa gulak salman, aýaly basgançakdan aşaklygyna ylgady. Köçede golaý-goltumda paýtun ýokdy, olaram aňyrrakdan geçip barýan paýtunçylaryň gözlegine çykdylar. Olar üşäp, indi hiç zada umyt etmän aşak — derýanyň boýuna indiler. Ahyrsoňy olara kenarda, hamana, gündizine pukaralygyndan utanyp, Pariže diňe gijelerine çykýan köneje paýtun gabat geldi. Paýtunçy olary Görgüliler köçesindäki jaýlaryna getirdi, olaram seslerini çykarman öýlerine girdiler. Aýal üçinä bar zat gutarypdy. Adamsy bolsa, sagat onda ministrlikde bolmalydygynyň pikirini edýärdi. Aýaly özüni ähli gözelliginde synlamak üçin ýüz görülýän aýnanyň öňünde ýapynjasyny aýyrdy. Birdenem, çirkin gygyryp goýberdi. Boýnunda göwher monjugy ýokdy. Adamsy eşiklerini çalşyrynyp durşuna: — Saňa näme boldy? — diýip sorady. — Maňa... meniň... mende... hanym Forestýeniň göwher monjugy ýitipdir. — Näme?! O nähili? Bolup bilmez! — diýip, adamsy aljyrap, ýerinden böküp turdy. Olar monjugy köýnegiň, ýapynjanyň gasynlaryndan, jübülerinden, hemme ýerden gözläp başladylar. Tapmadylar. — Agşamlykdan gaýdanymyzda onuň boýnuňda bardygy ýadyňa düşýämi? — Hawa, men ony ministrlikden çykylýan ýerde elläbem gördüm. — Eger sen ony köçede gaçyran bolsaň, sesini eşiderdik. Diýmek, ol paýtunda bolmaly. — Dogry. Şeýle-de bolmaly. Sen paýtunyň belgisini ýatda sakladyňmy? — Ýok. Senem seretmediňmi? — Ýok. Onsoň olar halys gama batyp, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, epesli salym durdular. Soňra Luazel geýindi. — Gideýin. Pyýada ýörän ýollarymyzyň barysyny geçeýin, gözläýin, monjuk tapylmazmyka? Şeý diýibem çykyp gitdi. Ol bolsa agşamky eşiginde odam ýakman, ýatmaga-da gurbaty çatman, ylla, jansyz ýaly, duran ýerinde doňup galdy. Adamsy irden sagat ýedide gaýdyp geldi. Hiç zat tapmandyr. Soňra ol polisiýa edarasyna, ýitig barada bildiriş beren gazetleriniň redaksiýalaryna, paýtun duralgalaryna — garaz, umyt baglan ähli ýerlerine baryp gördi. Aýaly başlaryna inen aýylganç betbagtçylykdan aýňalyp bilmän, uzynly gün saňsar ýaly bolup garaşdy. Luazel agşamara ak tam bolup, duluklary çekilişip geldi, hiç zat bilip bilmändir. Ol: — Joraňa: «Monjugyň ildirgijini döwdüm-de, bejermäge berdim» diýip ýaz. Şeýdibem, eýdipbeýdip baş alyp çykmaga wagt utarys — diýdi. Adamsy näme ýazmalydygyny aýdyp berdi, olam ýazdy. Hepdäniň aýagyna olar barja umytlaryndan el üzdüler, onsoň şu arada bäş ýaş garran Luazel: — Bu ýitigiň öwezini dolmaly — diýdi. Ertesi olar gapagynda gyzylkümüş satýanyň ady ýazylan gutujygy alyp, onuň ýanyna bardylar. Olam kitaplaryny dörüşdirdi-de: — Hanym, bu göwher monjuk menden satyn alynmandyr, men diňe gutusyny satypdyryn — diýdi. Onsoň, olar ýitiren göwher monjuklarynyň nähilidigini ýatlaşyp, biri-birleri bilen geňeşip, hasratdan hem howsaladan ýaňa çalajan halda, edil şoňa meňzeş monjuklary gözläp, bir gyzyl-kümüş satýançydan beýlekiniň ýanyna gatnap başladylar. Pale-Roýal köçesiniň dükanlarynyň birinde olar, öz göwünlerine, edil gözläp ýörenlerine meňzeş monjuk tapdylar. Bahasy kyrk müň frankdy. Söwdalaşyp, otuz alty müňe çenli arzanlatdylar. Olar dükançydan monjugy üç günläp satmazlygy haýyş etdiler, onsoňam eger fewral aýynyň ahyryna çenli öňki monjuk tapylaýsa, muny otuz dört müň franka yzyna gaýdyp almaga şert goýdular. Luazelde kakasyndan galan on sekiz müň frank bardy. Galanyny karz almagy ýüregine düwdi. Onsoň ol kimden müň frank, başga birinden bäş ýüz, bärden ýüz, aňyrdan elli frank diläp, karz alyp başlady. Dilhatylar berdi, tozduryjy borçnamalary üstüne aldy, süýthorlar, karz berýän adamlar bilen tanyşdy. Ol ömri ötinçä elgarama boldy, hatda aşagyndan çykyp biljeginebilmejegine bakman, dilhatylara gol goýdy. Öňde duran aladalaryň, ýetip gelýän mätäçligiň, maddy horlugyň hem-de ruhy ezýetiň agramyna ýegşerilibem gyzyl-kümüş satýançynyň ýanyna gidip, onuň öňünde otuz alty müňi goýdy. Hanym Luazel monjugy hanym Forestýe eltip berende, ol: — Muny nämüçin beýle köp sakladyň? Maňa gerek bolmagy mümkindi ahyryn — diýip nägilelik bildirdi. Ol hatda gutujygy açmadam. Jorasy bolsa şondan gorkýardy. Monjugyň çalşylanyny aňsa, gör, näme pikir ederdi, näme diýerdi. Belki, ony ogry hasaplardy? Hanym Luazel garyplaryň elhenç durmuşynyň nähilidigini gördi. Her niçik bolsa-da, ol turuwbaşdan kysmatyna kaýyl boldy. Bu eýmenç bergini üzmelidi. Üzerem. Hyzmatçy bilen hasaplaşdylar, jaýlaryny üçegiň aşagyndaky arzan otaga çalyşdylar. Ol öýüň agyr işini, aşhananyň ýüregedüşgünç hysyrdysyny gördi. Gülgün dyrnaklaryny gazanlara, tabaklara döwdürip, gap-çanak ýuwdy. Ýorgan-ýassygyň daşlyklaryny, köýnekleri, el süpürgiçleri ýuwdy, olary ýüpe serdi; her gün irden hapany daşaryk çykardy, her basgançakda demini dürsäp suw çekdi. Garamaýak aýallar ýaly geýnip, eli sebetli çörek, et, gök-sök dükanlaryna aýlandy, ujypsyzja serişdesiniň her şaýysyny tygşytlajak bolup, dükançylar bilen sögüşdi. Her aýda bir dilhaty boýunça bergiňi bermelidi, käbirini täzelemelidi, üçünji biriniň möhletini uzaldyň diýip ýalbarmalydy. Adamsy bir täjiriň hasap-hesibini ýöredişip, agşamlaryna-da işleýärdi, käte bolsa her sahypasyna bäş su üçin golýazmalary göçürip, gijelerine-de ýatmazdy. Şeýle durmuş on ýyllap dowam etdi. On ýylda olar ähli bergilerini üzlüşdiler, ählije zatlary, hatda talaňçylyga salýan göterimden toplanan bergilerinem tölediler. Hanym Luazel gaty garrady. Eginleri ýazyldy, hyrsyzlandy, gödekleşdi, pukara maşgalalar ýaly bolup galdy. Saçlaryny hüžžerdip, ýubkasyny bir tarapa gyşardyp, ellerini gyzardyp gezdi, gaty-gaty gürledi, poluny gyzgyn suw bilen özi ýuwdy. Ýöne käte adamsy işde wagty penjiräniň öňünde oturyp, şeýle üstünlik gazanan, özüne maýyl edip aňkardan şol şowhuny, şol agşamy ýatlaýardy. Eger ol monjugy ýitirmedik bolanlygynda näme bolardy? Kim bilýär? Kim bilýär? Äl, bu durmuşyň agyp-dönüp durşuny, ynjykdygyny! Adamy halas etmek ýa-da heläklemek üçin sähelçe zat gerek. Bir gezek ýekşenbe güni, tutuş hepdäniň azabyndan dynç almakçy bolup, Ýeliseý seýilgähine gezmelemäge çykanda, çaganyň elinden tutup barýan aýaly gördi. Ol edil öňküsi ýaly ýaş, öňküsi ýaly görmegeý, öňküsi ýaly näzik hanym Forestýedi. Hanym Luazel tolgundy. Onuň bilen gürleşmelimi? Elbetde! Indi bergilerinden dynansoň, ähli zady gürrüň berse bolar. Näme üçin şeýtmeli dälmiş? Ol golaýrak bardy. — Salam, Žanna! — Hanym... men sizi tanamadym-la... Siz ýalňyşdyňyz öýdýän. — Ýok. Men Matilda Luazel. Jorasy içini çekdi: — Görgüli Matilda, sen nähili üýtgäpsiň! — Hawa, ikimiz aýrylyşalymyz bäri men kyn günleri başdan geçirmeli boldum. Agyr mätäçlik çekdim... hemmesem sen zerarly. — Men zerarly? Nädip? — Ministrlikdäki şowhunda dakynmak üçin maňa beren göwher monjugyň ýadyňa düşýämi? — Ýadymda. Ýeri, onsoň? — Onsoňy şol — men ony ýitirdim. — O nähili?! Sen ony gaýtaryp berdiň-ä. — Men başgasyny gaýtaryp berdim, edil şonuň ýalysyny. Tutuş on ýyllabam şonuň üçin eden bergilerimizi berdik. Bize nähili kyn bolandygyna düşünýäňmi berin, biziň hiç zadymyz ýokdy. Indi dyndyk. Meniň begenjimi aýdyp-diýer ýaly däl. Hanym Forestýe dikilgazyk bolup doňup galdy. — Sen meniňkä derek täze monjuk aldyk diýýäňmi? — Hawa. Sen hiç zat aňlamadyňammy? Olar örän meňzeşdiler. Şeýle diýibem, buýsançly hem sadaja ýylgyrdy. Hanym Forestýe tolgunyp, onuň ellerine ýapyşdy. — Wah, görgülijigim Matilda! Meniň göwherlerim ýasamady ahyryn! Olaryň aňry bahasy bäş ýüz frankdy. © Gi de MOPASSAN Terjime eden © Bäşim ÖDEK | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |