10:36 Borhes (Gündelikden parçalar) - dowamy | |
BORHES (Gündelikden parçalar) - dowamy [başy] 1960-njy ýyl. Şenbe, 2-nji ýanwar. Borhes: «Kimiň dünýä ýaýran we syrly şöhratynyň bardygyny bilýäňizmi? Şol adama Gýote diýýärler. Ol diňe bir uly şahyr bolman, Konfusiý ýa-da Budda ýaly dana hökmünde hem orta çykýar. Gýotäniň fransuz we iňlis dilindäki şygyrlary örän gowşak. Gýotede nähilidir bir ýönekeýlik duýulýar. Onuň şahsyýetinde kitaplaryna siňmedik bir güýçli zat bolan bolmaly. Tanyşlarynyň ählisi ony geniý hasaplapdyr». *** Borhes Geýnäniň aýdan sözlerini ýatlaýar. Onuň aýtmagyna görä, Geýne Gýotäniň, göýä, ýeke-täk gahryman — ýeke-täk taglym üsti ýapyk we ýany bir topar garawully bezemen paýtunda barýarmyka diýdirýän ajaýyp jümlelerine ýokary baha beripdir. Çarşenbe, 6-njy aprel. Borhes: «Kitap yzyna kitap ýazmaly. Ýazmajak bolup bahana agtarmagyň geregi ýok. Ol ýa-da bu päsgel berdi diýmekden samsyklaç zat ýok! Ýazmaly zadyňy ýaz. Bu ýeke-täk borç, ondan bahana arap gutulyp bilmersiň». Penşenbe, 7-nji aprel. «Gara çyzyk» romanyny ara alyp maslahatlaşýarys. Borhes: «Romanyň başy örän tebigy görünýär. Konradyň jümleleri anyklygy, aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Ol okyjy bilen bada-bat ynamly gatnaşygy ýola goýýar. Göwnüme, gürrüňe şunuň ýaly başlamak usuly Henri Jeýmsiň ýa-da Folkneriň gürrüňe başlaýşyndan biraz ýönekeýräk ýaly bolup dur. Şunuň ýaly tebigylygyň Konrada zyýan berýän bolmagy hem mümkin: netijede bu onuň özüne mahsus gürrüň beriş usuly däl we ony özi oýlap tapanok. Hemmelerem şonuň ýaly gürrüň berýär — ýöne kämil derejä ýetirip. Jeýmsiň ýa-da Folkneriň bolsa hersiniň öz gürrüň beriş usuly bar, ony hiç kimiňkä meňzetjek gümanyň ýok. Bu olaryň özüniň oýlap tapan zady bolup, tankytçylar şonuň arkasyndan garynlaryny doýurýarlar». Penşenbe, 12-nji maý. Borhes Semýuel Jonsonyň «Sözlüge» ýazan sözbaşysyny okap, şeýle diýdi: «Ajaýyp zat. Jonsonyň ähli zadyň bir gün unudylýandygyna göz ýetirişine, özüni däli hasaplaýşyna bir baksana! Her kişiniň durmuşy, ömrümiziň her güni «Odisseýadan» has gözilginç ahyryn. Bu ýadyň gaýtalanmalaryndan ybarat şeýlebir darajyk ýodajykdyr... «Sözlügi» düzmäge başlamanka, Jonson danalyk çeşmesine eňegini basan mahaly, öz maňlaýyndan çykjak täsin lezzetleriň arzuwynda gezipdir... Soňra bu arzuwy amala aşyp, zähmet onuň üçin agyr ýüke öwrülipdir, nusgawy ýazyjydyr şahyrlaryň eliniň astyndaky eserlerinden mysal gözlemäge başlapdyr». Ýekşenbe, 15-nji maý. Borhes sözleriň gelip çykyşyndan söz açyp şeýle diýdi: «Muňa bir baksana: «grammatical» (grammatiki) we «glamorous» (jadylaýjy) sözleriniň köki bir bolsa nätjek! Grammatikaçy bilen jadygöýi bir adam hasaplapdyrlar». Şenbe, 2-nji iýul. Borhes: «Ýurtlaryň özleriniň hakyky wekili hökmünde öňe çykarýan ýazyjylary ýa-da şahyrlary şol ýurtlardaky görýän adamlarymyza meňzemeýärler. Gýote sazyň gadyryny bilmändir we umumy şekilde oýlanmagy başarmandyr. Şekspir geleňsiz suhangöý, emma iňlise welin meňzeýän ýeri ýok. Onda özüňe erk edijiligi, deňze bolan hyjuwly iňlis söýgüsini asla görmersiňiz. Şu wagt ýaşan bolsa, ol peronçy bolardy. Serwantese garanyňda, gamgyn hem yňdarma Kewedo ispaniýala has beter meňzeýär. Dante biziň bilýän italiýalylarymyza meňzeş däl. Barypýatan iňlisiň kimdigini bilýäňizmi? Semýuel Batleriň, Jonsonyň, Wordswortyň şonuň ýalylardan bolaýmaklary ahmal. Beýlekilerden — Şekspir, Dante, Serwantes ýalylardan ýokarda durýan ýazyjylarynyň ýoklugyny käbir adamlar fransuzlaryň gowşaklygy hasaplaýarlar. Fransuzlar bolsa şolar ýaly birini öňe çykarjak hem bolman, olaryň köp bolmagyny isläpdirler. Kimdir birini saýlamakçy bolsalar, bu olara asla kyn düşmezdi». Ýekşenbe, 3-nji iýul. Borhes: «Hemmeler Tennessi Wilýamsy, Saroýany, «Godonyň ýoluna garap» eseriniň awtory şu tentek Bekketi dilinden düşürenok. Näçe geň görünse-de, Şow şweýsariýaly Dýurrenmattdan başga kişiniň gözüne ilmedi diýen ýaly». Çarşenbe, 17-nji awgust. Borhes: «Don Kihotyň we Sançonyň edýän işlerini, aýdýan zatlaryny töwerekdäkileriň öwüşlerini bize görkezmegi endik edinmegi Serwantesiň kemçiligi hem, üstünligi hem bolup biler. Bu barada bada-bat kesgitli bir zat aýtmak kyn. Bu usul kinoda ulanylýar: baş gahryman saz çalyp ýa-da aýdym aýdyp, ýaňybir peýda bolanda, beýleki gahrymanlaryň ählisi doňup galýar, gulak asýar, soňra bolsa el çarpýar. Gahrymanlaryň ählisiniň awtor tarapyndan döredilýändigini göz öňünde tutsaň, olar onuň özüne el çarpan bolup çykýar. Don Kihot we Sanço bütin kitabyň dowamynda görnükli sungat işgäri hökmünde çykyş edýärler». Duşenbe, 22-nji awgust. Borhes: «Ýyl-ýyldan ukyň gaçyp gidip otyr. Bu örän ýürekgysdyryjy. Ukusyzlykdan ejir çekýän adam özüni ýazykly saýýar». Duşenbe, 29-njy awgust. Borhes: «Strawinskiniň üýtgeşik, ýagny ajaýyp sazy bar. Ol jazz ýaly, örän täsin, örän şadyýan ýaňlanýar. Emma muny Strawinskä aýtmanyňdan gowusy ýok. Dogrusy, onuň sazynda häzirki dünýäniň gam-gussasynyň ählisi jemlenen bolsa gerek». Anna, 16-njy sentýabr. Borhes: «Gündelik edýän hereketlerimiziň köpüsiniň ýadymyzda galmaýandygyny, baryp-ha Masedonio Fernandesem belläp geçipdi. Onuň aýtmagyna görä, biziň geýnendigimizi diňe egnimizdäki eşigimiz tassyklaýarmyş». Anna, 25-nji noýabr. Greýwsiň terjimesinde Apuleýiň «Altyn eşek» romanyny daşymdan okaýaryn we arasynda bu eser barada gürrüň edýäris. Borhes: «Bu kitap, gör, näçe zadyň peýda bolmagyna sebäp boldy... Ondan hyýalbentçilik romany gözbaş aldy». Duşenbe, 28-nji noýabr. Borhes: «Deňzi wasp etmek üçin ol hakda ähli zady jikme-jik bilmegiň geregi ýok, Kipling ýaly, gämilerden we gämi sürmekden ýa-da zoologiýanyň balyklary öwrenýän bölüminden baş çykarmak hem talap edilmeýär. Munuň üçin şahyr deňze-de girjek bolmasyn». 1961-nji ýyl. Anna, 1-nji sentýabr. Borhes: «Ýazyjylaryň hiç biri gowşak kitap ýazmajagyndan arkaýyn bolup bilmez. Köplenç, eseriň nähili çykjagy onuň äheňine bagly bolýar: gerekli äheňi tapmagy başarsaň, wakalaryň ýordumy onçakly özüne çekiji bolmaýanda-da, roman ýa-da hekaýa gowy bolup çykýar. Tersine, ýalňyş äheň wakalaryň iň gowy ýordumynyň hem işini görüp bilýär. «Persiles we Sihizmundanyň» şowsuz çykandygy ilkinji jümlesinden mälim bolýar. Ol örän gowşak başlanýar. «Don Kihotyň» başlanyşyna bolsa söz diýer ýaly däl. Ol: «La Mança diýen haýsydyr bir obada...» diýen sözler bilen başlanýar. Yzy hem şol äheňde dowam edýär. Serwantes başdangeçirmelere baý kitaplary gowy gören bolmaly. Ol hem, edil Don Kihot ýaly, ömrüni rysarlary taryplaýan romanlary okap geçirmäge taýyn eken. Emma paýhasyň sesine gulak asyp, «Don Kihotda» olary ýazgarypdyr we soňra wyždanynyň azar bermejeginden arkaýyn bir şekilde hakykatdan hem göwnüne ýaraýan iş bilen meşgullanmaga başlapdyr, ýagny «Persiles we Sihizmundany» ýazypdyr». 1962-nji ýyl. Çarşenbe, 23-nji maý. Borhes: «Şopenhaueriň aýtmagyna görä, ýazyjylary üç topara bölmek mümkin. Birinji topardakylar hiç haçan pikir etmeýärler. Ikinji topardakylar ýazyp otyrkalar pikirlenýärler. Üçünji topardakylar bolsa, ýazmaga başlamankalar kellelerine agram salýarlar. Şopenhauer üçünji topara girýänleriň beýlekilerden üstündigini aýdýar. Pelsepe häsiýetli eserler babatda onuň bilen ylalaşsa bolar, emma hekaýa ýa-da şygyr ýazýan kişi ýadynda öňden bar zatlary kagyza geçirmän, ýazyp oturan mahaly pikirlense gowy bolýar. Çestertonyň şygyrlarynyň ajaýyplygyna söz ýok, emma olarda şu kemçiligiň bardygy duýulýar. Onuň öňünden oýlap tapan beýanyna eýerýänligi şygyrlarynyň şowly çykan bölekleriniň hemmesinden belli bolup dur». Penşenbe, 24-nji maý Borhes: «“Ybadathanada” Folkneriň ýazyş uslyby beýleki kitaplaryndaka garanda wakalaryň ýordumyna has laýyk gelipdir. Folkner wakalary dartgynly beýan etmek we täsirli jümleleri gurmak babatda Şekspiriň ýoluna eýerýän ýeke-täk döwürdeş ýazyjymyzdyr». Bioý: «Konrad beýle dälmi?». Borhes: «Konradyň galamyndan güýçli täsir galdyrýan eserler köp çykdy, emma onda gitdigiçe kenara gaty sürünýän daşgyn ýaly, Şekspire mahsus bolan dartgynlylyk ýok. Meniň özüm Konrady ileri tutýan. Onuň ýazyjy hökmünde Folknerden ýokarda durýanlygyna ynanýan, emma Şekspiriň stili iň ýokary edebi başarnyk hasap edilse, Folkner döwrümiziň iň ussat ýazyjysy bolardy». Eserleri şonuň ýaly dartgynlylyga eýe bolan başga ýazyjylary ýadymyza salmaga çalyşýarys. Borhes: «Gýugonyň eserlerinde şunuň ýaly bir zadyň bolmagy mümkin». Bioý: «Joýsuň eserleriniň käbir böleklerinde dartgynlylyk duýulýar, emma şol böleklerde-de dartgynlylygy peseldýän birhili kinaýaly äheň bar». Borhes: «Joýs Folknere täsir eden bolmaly». Bioý: «d' Annunsionyň eserleri bilen tanyşlygym ýok diýen ýaly». Borhes: «Onuň eserleri Larretanyň eserlerini ýa-da Waýldyň iň gowşak eserlerini ýatladýan bolsa gerek. Inçeden yzarlamagy başarýanlygyny görkezjek bolup, ol çylşyrymlylyga we owadan zatjagazlara kowalaşýar». Bioý: «Gýuismans «Tersine» atly eserinde hut şunuň ýaly säwlik goýberipdir. Bu mesele babatda, megerem, Barresiň hem adyny tutup bolarmyka diýýän». Borhes: «Barbýusyň dartgynlylyk bilen arasy neneň?». Biz sesiň ýetdiginden gygyryp, şowly eser ýazmagyň aňsat däldigini aýdýan Jorj Mur bilen ylalaşýarys. Penşenbe, 21-nji iýun. Borhes: «Şekspiriň şöhraty akylyňy haýran edýär. Onuň şunça köp adamyň göwnünden turmagy, diýmäýin diýsem, bolup bilmejek zat ýaly bolup görünýär. Muňa akyl ýetirmek mümkin däl. *** Borhes: «Biz ýazyjylar edebi däbiň bir bölegine öwrülýäris. Şonuň üçin hem biraz soňra ýagdaý bilen eglişige gelýäris. Indiki ýaş ýazyjylar munuň şeýledigine göz ýetirdiler we edebiýatyň taryhyny nazarlaryndan sypdyrman eser ýazýarlar, şoňa görä hereket edýärler. Hemmeler Fransiýadan görelde alansoňlar, edebi akymlar jyglym berýär, awtorlary degişli nesillerine görä toparlara bölýärler we şuňa meňzeş işleri edýärler». Anna, 10-njy awgust. Borhes düýn agşam aradan çykan Herman Hesseden söz açyp şeýle diýdi: «Onuň «Gündogar ýurduna zyýarat», «Monjuk oýny» romanlaryndan haýsydyr bir gyzykly pikir tapyp bolaýmagy hem mümkin. «Sähra börüsiniň» çala başy boglupdyr. Hessäniň ýa-da Çarlz Morganyň XVIII asyry bilgeşleýin ýatladýan eserleri, ahyrsoňunda, beýik kitabyň, arzuw edilýän beýik kitabyň ellerine düşjegine okyjylary umytlandyrýar. Gýote tarapyndan gürrüňi edilen «mugallymlar welaýaty» Hessäniň göwnünden turýardy. «Mugallymlar» sözüniň üstüňden sowuk suw guýlan ýaly edýänligini aňşyrmaýan ýazyjynyň üşügi ýabygorly bolsa gerek...». Ýekşenbe, 14-nji oktýabr. Borhes: «Söhbetdeşlerimiň «Ulissi» we «Finnegany» öwüp arşa çykarmaklary sebäpli köplenç dilimi dişlemeli bolýan. Hasam, olaryň bu babatda özleri bilen pikirdeşdigime bolan ynamy meni şeýtmäge mejbur edýär...». *** Borhes: «Fransuz romançylary Rob-Griýäniň we Býugoryň olara täsir edendigimi aýtmaklarynyň hiç hili manysy ýok. Meniň uzyndan-uzyn kitaplary ýazmaga höweslendirmegim bolup biljek zatmy?». 1963-nji ýyl. Çarşenbe, 5-nji iýun. Borhes: «Andaluziýa we syganlaryň durmuşy baradaky poemalaryny ýazan mahaly Lorkanyň döredijiliginiň iň kämil döwrüdir». *** Nerudanyň we Pasyň şygyrlaryny okaýarys. Büdür-südürräk we manysyzrak ýerleriniň bardygyna garamazdan, Pasyň şygyrlarynyň has gowudygy açyk bildirip dur. Borhes: «Neruda «Lorka hakda oda» atly şygrynyň ahyrynda merdana kişiniň gussasynyň öz kalbynda ýer alandygyny aýdýar. Ol näzik güljagaz hakda ýazýar we munuň üçin özüni aýyplamaklaryndan gorkýar. Lorkanyň ölümine bagyşlap Maçadonyň ýazan şygry onuňkydan has gowy çykypdyr. Onda hakyky ylham duýulýar». Ýekşenbe, 9-njy iýun. Po barada gürrüňleşip otyrys. Borhes: «Kaşaňlyk edebiýatda amal edilmesi iň kyn zat». Ýekşenbe, 14-nji iýul. Borhes: «Biziň düşen ýagdaýymyz geň bolup görünýär: biz özümize ýakymsyz dilde ýazýarys. Diliň jümmüşinde özüni edil öýünde kimin duýýan Konrad ýaly ýazyjylardan beýlekiler üçin stil diňe gural bolup hyzmat edýär. Birki günlükde Kafka barada ýazylan bir makalany okadym». Sişenbe, 24-nji sentýabr. Borhesden: «Esse däl-de, hekaýa ýazmagy has gowy görýäniň çynmy?» diýip soradym. Borhes: «Hawa, essede hekaýa mahsus bir zatlary ulanmak mümkinçiligi ýok bolsa, hekaýa ýazanymy gowy görýän» diýip jogap berdi. Şenbe, 28-nji sentýabr. Borhes we Peýru biziň öýümizde nahar edinýärler. Peýrunyň goltgy bermeginde Silwina ýazyjylara gowy hak tölenmelidigini subut etmäge çalyşýar. «Men ýewreýleriň her bir adamyň, neçjarçylyk bolsun, demirçilik bolsun, garaz, haýsy hem bolsa bir käriň başyny tutmalydygy hakdaky pikirini goldaýaryn. Şundan daşgary ile aýdara zadyňyz bar bolsa, onda ýazyberiň» diýýär. Çarşenbe, 23-nji oktýabr. Borhes bilen birlikde Bonawen hakda hekaýa ýazmagy dowam edýäris. Men gussaly wagtyň gowy ýazylýanyny aýdýaryn. Borhes: «Ähtimal, gussaly wagty adamyň kalby has doly bolýandyr». Bioý: «Bagtly mahalyň ýalta bolýaň. Gamgyn wagtyň bolsa beýle däl: ondan işiň kömegi bilen gutulmak isleýäň, işlemegi hiç bes edesiň gelenok». Borhes: «Kipling hem şony aýdýar. Iş haýyna-waýyna bakman, adamy halas edýär». Sişenbe, 31-nji dekabr. Borhes: «Bagt getirmeýän söýgi asla betbagtlyga sebäp bolmaly däldir». 1964-nji ýyl. Anna, 10-njy iýul. Bioý: «Ispan ýazyjylary eser ýazanlarynda özlerini örän rahat duýýarlar. Olar dilden erkin peýdalanýarlar». 1965-nji ýyl. Sişenbe, 11-nji maý. Borhes: «Serwantes mydama çylşyrymly, köp zähmeti talap edýän manysyzlyklary oýlap tapar eken. Ony gürrüň bermegiň başga, has çylşyrymly we manysyz görnüşi özüne çekipdir. Oňa «Don Kihoty» däl-de, «Persilesi» ýazmak has gyzykly bolan bolsa gerek». Duşenbe, 19-njy iýul. Borhesiň aýtmagyna görä, Kolumbiýada bolan mahaly ondan edebiýatyň gyrasyndan girmekçi bolýan ýaşlara maslahat bermegi haýyş edipdirler. Ol şonda şeýle diýipdir: «Diňe göwnüňe ýakýan zady okamaly. Göwnüňe ýakýan zatlaryň arasynda-da nusgawy awtorlary, iň bolmanda, başga döwürlerde ýaşan awtorlary ileri tutmaly. Terjime edilen eserleri okamaly: olaryň terjimede stil taýdan ýaramaz bolup çykmagy mümkin, emma pikir babatda ýeterlik derejede gowy bolup bilerler. Terjimeleri okan mahaly okyjynyň kime haýran galmalydygyny bilmegi möhümdir. Meselem, şygryň terjimesini okan okyjy özüni, göýä, Pindaryň haýrany ýaly duýup biler, hakykatda bolsa, ol argentinaly žurnalist Rodolfo Puga haýran galyp oturandyr. Şonuň üçin hem kyssadaky terjime gowudyr». Sişenbe, 19-njy oktýabr. Borhes: «Ýazyjy hökmünde Danteden ýokarda hiç kim ýokmuka diýýän. Meniň pikirimçe, Şekspiriň dilewar kemi ýok, başga-da artykmaç taraplary bolupdyr, emma bular ýaly zatlar Dantede-de bar». Silwina: «Onuň sonetlerine näme diýjek? Olaryň ajaýypdygyna söz ýok». Borhes: «Dantäniň sonetleri hem hiç neneň däl. Şekspiriň sonetleriniň mowzugy örän alasarmyk täsir galdyrýar...». Bioý: «Sen «Ajaýyp komediýany» bar zatdan ýokarda goýýaňmy?». Borhes: «Iliadada», iň bolmanda, ýekeje epiki pursat barmy? Meniň pikirimçe, ýok». Men gürrüňi başga ýana sowup, Plutarh bilen Monten ikisinden birini ileri tutmaly diýseler, Plutarhy saýlajagymy, onuň eserleriniň has köp zady öz içine alýandygyny we has gyzyklydygyny aýdýaryn. Borhes meniň bilen ylalaşýar. 1967-nji ýyl. Anna, 28-nji iýul. Gowy görýän ýazyjylarymyzyň (olaryň ajaýyp ýazyjylar bolmagy şert däl) sanawyny düzýäris. Görüp otursak, Jonson, De Kwinsi, Stiwenson, Geýne, fra Luis de Leon, Esa di Keýroş dagy ikimize-de ýaraýar eken. Kafkanyň we Prustuň adyny tutýan. Borhes aýdanymy inkär hem edenok, ylalaşýanyny hem bildirenok. Ol öňki ýazyjylaryň üstüne Monteni goşýar (men ylalaşýan) we Waýldyň adyny hem bu sanawa girizäýsek öte geçip-geçmejegimizi soraýar. Bioý: «Ony tanamasaň halaýaň. Tanan wagtyň gowy görmegiňi dowam etjegiňe hiç ynamym ýok». Borhes birden Jonsona, De Kwinsä, Stiwensona gaýtadan dolanyp gelýär we: «Üstesine, olaryň adamkärçiligi hem gowy eken» diýip seslenýär. 1968-nji ýyl. Duşenbe, 1-nji iýul. Borhes «Nasýonda» oňa öz terjimehalyny ýazmagy teklip edendiklerini habar berýär. Ol munuň öz pikirlerini belli bir derejede tertibe salmaga we olaryň esassyzlaryny aradan aýyrmaga mümkinçilik berjegini aýdýar. Bioý: «Seljeriljek zatlaryň arasyna ýöne aýna bolup duran egrem-bugramlyklary, ýagny ähmiýetsiz zatlaryň ählisini goşup bilersiň». Borhes: «Çestertonyň Meýzi Word tarapyndan ýazylan terjimehaly özüniňkiden has gowy çykypdyr». Bioý: «Saňa terjimehalyňy Kiplingiňki ýaly edip ýazmagyň hem geregi ýok. Bu terjimehal ajaýyp bolsa-da, köp zat gürrüňiň daşynda galypdyr. Kipling örän içimtap adam eken. Sen beýle däl. Kitabyňy Kiplingiň ýoluna eýerip ýazsaň, bu Kiplinge parodiýa ýaly bir zat bolar, özüňe meňzemersiň». Borhes: «Men «Özüm hakda käbir zatlary» gaýta-gaýta okaýan, ondan tutuş bölekleri ýat hem bilýärin». Penşenbe, 17-nji oktýabr. Borhes: «Swinbern dilden onuň berip biläýjek zatlarynyň ählisini sogrup almagy başarýar» diýip seslenýär. Şunuň ýaly başarnyga eýe awtorlaryň sanawyny düzýäs: Meredit, Tennison, Şekspir, Gýugo, Dario. 1969-njy ýyl. Şenbe, 28-nji iýun. Borhes: «Şekspir her bir sahna eseri üçin iki sany aýratyn tekst ýazana meňzeýär. Olaryň birini ýazyjy hökmünde lezzet almak, ikinjisini bolsa sahnalaşdyrmak maksady bilen ýazan bolmaly. «Makbetden» diňe sahnalaşdyrmak maksady bilen we aktýorlar üçin ýörite bellikler edilen nusganyň, onuň beýleki sahna eserleriniň bolsa diňe edebi nusgasynyň saklanyp galandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin hem «Makbet» Şekspiriň iň gowy sahna eseri bolup dur». 1974-nji ýyl. Çarşenbe, 23-nji ýanwar. Borhes biri bilen telefonda gürleşýär: «Eserlerimiň doly ýygyndysyna» düzedişleri girizip otyryn. Şunça biderek zady ýazyp bilşime haýran galaýmaly. «Ewaristo Karriego» hem «Ara alyp maslahatlaşma» ýaly kitaplary düzetmek mümkin däl. Olary şol bolşuna neşir etdirmegi we goşundyda olardan göwnümiň suw içmeýänini mälim etmegi ýüregime düwdüm». Bioý telefonda gürleşip bolan Borhese ýüzlenýär: «Ara alyp maslahatlaşma» meniň-ä ýadymda ajaýyp kitap hökmünde galypdyr». Borhes: «Ara alyp maslahatlaşma» hakda kesgitli bir zat aýdyp biljek däl, emma Ewaristo Karriego hakdaky, ýagny bir mör-möjek hakdaky kitapdan näme hantama boljak? Geň bolup görünse-de, Ewaristo söhbetdeşlikde akylly zatlary aýdýar. Emma gowuja pikirlenseň, bu ýerde haýran galyp oturasy zat ýok, çünki söhbetdeşlige gürrüňiň hörpi uly täsir edýär. Emma ýazyjy eserini ýeke oturyp ýazýar, hörp diýen zady hem onuň özi döretmeli bolýar, kellesine bolsa şol wagt bir pikir hem gelmeýär». 1982-nji ýyl. Anna, 8-nji ýanwar. Edebiýatyň gyrasyndan ýaňy aýak basan döwrümizi ýatlaýarys. Borhes şeýle diýýär: «Men eser ýazan mahalym sinonimleriň sözlügini ýanymdan aýyrmaýardym, hemişe iň bir del sözleri ulanmaga çalyşýardym. Şonuň ýaly sözleri eserime girizmegi başaran mahalym monça bolýardym, şeýle köne, şeýle peýdaly sözleri agtaryp tapanymy tankydyň belläp geçjegi barada oýlanýardym. Emma öýümde oturyp, öz ýazan zatlarymy okan mahalym hut şol sözler utanyp gitmegime sebäp bolýardy». 1985-nji ýyl. Çarşenbe, 30-njy ýanwar. Bioý: «Makbetiň» terjimesini tamamlaýsak gowy boljak». Borhes: «Elbetde. Munuň kyn ýeri barmy? Kyn ýeri ýok. Gulagyňy on bir bogunly setiriň owazyna belli bir derejede düzseň bolany. Biziň terjimämiz näçe erbet bolaýanlygynda-da, Andre Židiň terjimesindäki «Gamletden» beter bolup çykmajagy belli». 1989-njy ýyl. Aradan çykmazyndan on bäş gün öň Borhesiň öz ajalynyň golaý gelenini duýanyny maňa fransuz edebiýatçysy Bernes gürrüň berdi. Borhes: «Ol geldi. Ine, şu ýerde» ýaly bir zat diýipdir. Men onuň ajalyň nähili zatdygyny beýan edip-etmänini soradym. Bernes: «Borhes onuň keseki, gataňsy, sowuk bir zatdygyny aýtdy» diýip jogap berdi. Bernes onuň iň soňky degişmeleriniň birini hem gürrüň berdi. Ol Borhese «Altyn teňňe» atly kitabyny ýatladypdyr. Borhes şol kitabyň adynyň «Demir teňňedigini» aýdyp, onuň ýalňyşyny düzedipdir. Bernes muňa birhili bolupdyr. Soňra Borhes oňa ýüzlenip: «Siz alhimiýanyň başarmadyk zadyny etdiňiz» diýipdir. Şondan soňra Bernes oňa «Ulrikany» okap beripdir welin, Borhes: «Muny men ýazdym» diýip seslenipdir. Bernesiň aýtmagyna görä, Borhes Hudaýa doga edip jan beripdir. Ol bu dogany anglosakson, iňlis, fransuz we ispan dillerinde gaýtalap-gaýtalap okapdyr. © Adolfo BIOÝ KASARES Terjime: © Orazgylyç Çaryýew | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |