17:19 Borhes (Gündelikden parçalar) | |
BORHES (Gündelikden parçalar) Borhes bilen dostlugym 1931-nji ýa-da 1932-nji ýylda San-Isidro bilen Buenos-Aýresi birleşdirýän ýoly külterläp barýarkak başlan bolsa gerek. Şol döwürde Borhes iň bir meşhur ýaş ýazyjylaryň biridi. Men bolsa birlän-ikilän kişiden başgalaryň gözüne ilip barmadyk ýeke-täk kitabyny çap etdiren ýetginjekdim. Biz ýazyjy hökmünde biri-birimizden örän tapawutlanýan hem bolsak, bu ýagdaý dostlaşmagymyza päsgel berip bilmedi, çünki bizi kitaba bolan söýgi birleşdirýärdi. Tutuş agşamlary Semýuel Jonson, De Kwinsi, Stiwenson, fantastik edebiýat, detektiw waka ýordumlary, edebi nazaryýetler, terjimäniň meseleleri, Serwantes, Lugones, Gongora we Kewedo, sonet, ak goşgy, hytaý edebiýaty, Masedonio Fernandes, Dann, wagt, şerte baglylyk, idealizm, Şopenhaueriň «Metafiziki hyýal», Mautneriň «Diliň tankydy» atly eserleri, Şul Solaryň neokreol şiwesi we beýleki zatlar barada gürrüň edip geçirerdik. Borhes bilen birlikde dürli-dürli eserleri ýazdyk. Olaryň arasynda detektiw we fantastik hekaýalary, kinofilmleriň edebi esaslary, makalalar we sözbaşylar bardy. Munuň daşyndan hem kitap tapgyrlaryny çapa taýýarlaýardyk, ýygyndylary düzýärdik, nusgawy ýazyjydyr şahyrlaryň eserlerine syn ýazýardyk. Ser Tomas Brawnyň «Urn Burial», «Christian Morals», «Religio Medici» atly eserleriniň, Grasianyň «Ýiti sözlülik ýa-da kesgir akyl sungaty» atly eseriniň gysga beýanyny ýazan, «Fantastik edebiýatyň ýygyndysy» üçin eserleri saýlamak bilen meşgullanan we Swedenborgyň, Edgar Ponuň, Wilýe dö Lil-Adanyň, Kiplingiň, Wellsiň, Birbomyň eserlerini terjime eden agşamlarymyz ömrümiň iň gowy pursatlary hökmünde ýadymda galypdyr. Şol döwürde eden gürrüňlerimizden galan täsirler barada näme aýdyp bilerin? Borhesiň şygyrlary, tankydy ýazgylary, okan kitaplarymyň gyzykly böleklerine berýän düşündirişleri täze hakykat, okamadyk eserlerimiň ählisi bolsa başdangeçirmeler dünýäsi käte durmuşy şöhlelendirýän haýran galdyryjy düýş bolup görünýärdi. Men özümden: «Belli bir derejede häzirki Buenos-Aýres geljekki nesillere Borhes tarapyndan toslanyp tapylan romanyň wakalaryndan we gahrymanlaryndan ybarat bolup görünmezmi?» diýip soraýaryn. Şeýle bolaýmagy hem ahmal, çünki köplenç Borhesiň sözi adamlara durmuşyň özünden has çynlakaý bolup görünýändigine göz ýetirmäge ýetişdim. Adolfo Bioý Kasares 1947-nji ýyl. Çarşenbe, 21-nji maý. Gündelik ýöredip başladym. 1948-nji ýyl. Sişenbe, 13-nji ýanwar. Borhes kitabyň esasy pikirinden we soňky garalamalaryndan söz açyp şeýle diýýär: «Kitap — awtoryň kellesinde peýda bolan haýsydyr bir zadyň kölegesi. Üstesine-de, awtor şol zady ýeterlik derejede anyk göz öňüne getirip bilmeýär: kölege peýda bolan badyna, galan zatlar gaýyp bolýar. Eser peýda bolýar, esasy pikir bolsa diňe onuň galdyran yzyna, barha-barha ýasama bir zada öwrülýär. Ýeýtsiň ýigrimi ýylyň dowamynda girizilen düzedişlerden soňra gowulaşan irki şygyrlaryny gaýtadan okap, onuň şygyrlarynyň hut şunuň ýaly görnüşe girmegini isländigi barada pikir etdim: şygyrlaryň kämil bolmagy üçin şahyryň tutuş ömri gerek bolupdyr. Belki, şahyryň kellesinde gowşak goşgy diýen zat bolýan däldir. Belki, gowşak şygyrlaryň ählisiniň esasynda gowy goşgular ýatandyr, şahyry eser döretmäge-de şolar iterýändir». 1949-njy ýyl. Anna, 10-njy sentýabr. Gýote hakda eden çykyşynda Borhes şeýle diýdi: «Her bir ýurduň edebiýaty haýsydyr bir kitaby ýa-da awtory keramatlaşdyrýar. Italiýada (belki, bütin dünýädedirem) Dante, Angliýada Şekspir, Ispaniýada Serwantes, Fransiýada Rasin, Gýugo we Bodler, Germaniýada Gýote, bizde bolsa, belki, Ernandes* şonuň ýaly awtorlaryň hilindendir. Megerem, Dante şahyrlaryň arasynda iň üýtgeşigi bolsa gerek, onuň «Ajaýyp komediýasyna» düşünmek üçin hristian dininiň taglymatlaryny, nusgawy edebiýaty (şol sanda, Wergilini) we başga-da köp zatlary öwrenmek gerek bolýar. Şekspiriň geň ykbaly bar, çünki ol ýaşan döwrüniň şertleri sebäpli özüni edebiýatçy hasaplap bilmändi. Gýotäniň keramatlaşdyrylmagy babatda aýdylanda bolsa, Germaniýada Şopenhauer, Nisşe, Geýne ýaly uly ýazyjylaryň bardygyna garamazdan, ol birnäçe sebäbe görä muňa has gelşip dur. Gýotäni köp temalar gyzyklandyrýardy». 1950-nji ýyl. Anna, 15-nji dekabr. Bioý: «Barlyk owadan zenanlara garanda akylly zenanlary has köp döredýän bolmaga çemeli. Munuň sebäbiniň ýönekeýje bolmagy hem mümkin: akyly bezäp-besläp bolýar». Borhes: «Gözelligi hem bezemeli bolýar». 1952-nji ýyl Şenbe, 5-nji iýul. Borhes kitap okap otyr. Ýegenleriniň biri onuň ýanyna gelip: «Eý-waý! Enem saňa suratsyz kitaplary okamaga rugsat berýärmi?» diýip, geň galyp sorady. 1955-nji ýyl. Şenbe, 30-njy iýul. Hekaýa žanrynyň gürrüňi edilýär. Bioýyň myhmanlarynyň biri bolan amerikaly Jon Grant Kopland hekaýa kesgitleme bermegi haýyş edýär. Bioý: «Hekaýada waka ýordumyna agram salynýar, romanda bolsa — gahrymanlara». Borhes: «Hekaýany dilden gürrüň berip bolýar, roman bolsa, okalmadyk halatynda, esasy zatdan mahrum bolýar (mysal: Prustuň romanlary, Batleriň «Tutuş durky bilen» romany). Hekaýada gahrymany aýratynlykda öwrenip bolýar, romanda bolsa gahrymanlar biri-birine täsir edýärler». Kopland: «Belki, bu häki bir göwrüm meselesidir?». «Elbetde. Grussagyň pikirine görä «Don Kihot» başda ýazyjynyň aňynda öwüt beriji nowella hökmünde peýda bolupdyr. Soňra Serwantes ony dowam edip biljegine akyl ýetirensoň, Don Kihot ikilenji gezek orta çykýar». Sişenbe, 29-njy noýabr. Borhes Geýneden söz açýar. Ony Waýld bilen deňeşdirýär. Nämedir bir zadyň Geýnäni ýeserje ýetginjege meňzedýändigini aýdýar. Geýnäniň hristiançylygy kabul etmeginiň sebäplerini ýatlaýar. 1956-njy ýyl. Penşenbe, 16-njy awgust. Borhes Malýeanyň «Sindbad» atly uly roman ýazyp ýörenini habar berýär we: «Näme üçin bu kitaby bada-bat «Uliss» diýip atlandyrmaly dälmişin?» diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. Soňra bolsa sözüni şeýle dowam edýär: «Ýaňy-ýakynda Kitaphana biziň adymyza Las-Palmasda ýaşaýan haýsydyr bir jenapdan hat gelip gowuşdy. Ol fantastik hekaýanyň başyna meňzeýär. Jenap hatyň ýanyna bir kitaby hem goşup, ony ýazyjy Rikardo Guiraldese gowşurmagymyzy haýyş edipdir. Nämemiş, özi onuň salgysyny bilmeýärmiş. Guiraldes haçan aradan çykdyka? Ol 27-nji ýylda dünýäden gaýdaýypdy öýdýän. Las-Palmasly jenap aradan çykan-a däldir-dä? Ýa bolmasa ol Guiraldesiň gezip ýören dünýäsinde ýaşaýarmyka? Eýsem, biziň özümiz niredekäk?». Şenbe, 10-njy noýabr. Borhesden: «Makalalary hekaýa ýaly edip ýazmalymy?» diýip soraýaryn. Ol: «Ähli zat beýan etme şekilinde bolmaly. Ähli zat hekaýa görnüşinde bolmalymyka diýýän» diýip jogap berýär. Silwina (Okampo): «O nähili? Şygyrlaram şonuň ýaly bolmalymy?». Borhes: «Şygyrlaram şonuň ýaly bolmaly. Ähli zatda nähilidir bir ýagdaý bilen çözgüt bolmaly. Elbetde, sen öz öňüňde aňrybaş maksat goýup, beýan etme şekilinde bolmadyk bir zat ýazyp bilersiň, emma maksadyňa doly ýetmek başartmasa gerek. Okyjylary gyzyklandyrmak üçin makalalary kiçijik hekaýa ýaly edip ýazmak gerek». Bioý: «Her näme-de bolsa, maňa hekaýa ýazmagyň maksady bilen gysga ýazgylar ýa-da makala ýazmagyň maksadynyň arasynda tapawut bar ýaly bolup görünýär. Hekaýany iň möhüm zat bilen tamamlamak gerek. Hekaýanyň başy beýlebir möhüm däl, çünki bir zada garaşyp biljegine okyjynyň gözi ýetip dur. Gysga ýazgylarda we makalalarda bolsa iň gowy pikiriňi birinji jümlede bermek gerek. Şeýle etmeseň, okyjy girişip bilmez». Çarşenbe, 12-nji dekabr. Borhes: «Asorinden sahna eserlerini iňlisçe atlandyrmagynyň sebäbini sorapdyrlar. Ol: «Şekspirem şeýder eken» diýip jogap beripdir». 1957-nji ýyl. Şenbe, 20-nji iýul. Lope bilen Kewedony deňeşdirýän. Borhes Lopäniň şygyrlarynyň has gowudygy bilen ylalaşyp, şeýle diýýär: «Onuň ajaýyp sonetleri bar». Ol Kewedonyň şygyrlaryny näçe okasaň hem, duýgulary we ýürek owazyny tapjak gümanyň ýokdugyny, Gongoranyň ondan gowy ýazýanyny, Lopäniň şygyrlarynyň bolsa ikisiniňkidenem gowudygyny aýdýar. Borhes: «Kewedonyň şygyrlaryna bir döwür haýran galandygymyň sebäbine hiç akyl ýetirip bilemok» diýip sözüni soňlaýar. *** Borhes: «Donnda owadan şygyrlar bar, emma tagaşyksyz zatlaram az däl. Nähili ýazmaly?». Bioý: «Okyjyny özüňden ürküzmän, onuň bilen gatnaşyk açmaga çalşyp, şygry akgynly, birsydyrgyn, sazlaşykly bolar ýaly edip ýazmaly». Borhes: «Mor şygyrlaryny edil şonuň ýaly ýazypdy». Bioý: «Biziň başda ýalňyşlyk bilen ýüz uran bu tagaşyksyz ilkinji ýazyş usulymyz ders hökmünde peýdaly. Ol säwliklerden gaça durmagy öwredýär. Käte ýeňiljek, özüňe zor salmagy talap etmeýän, hemmelere mälim zada yşaraty tapmak başardýan bolmagy hem ahmal. Ony gözläp tapmaga bize şol alan dersimiz kömek edýär. Borhes: «Stiwenson çylşyrymly jümleler bilen ýazmagy başarýan bolsa gerek. Olaryň çylşyrymlylygy duýulmaýar. Çestertona näme diýjek? Onuň eserlerinde ähli zat gurjaklaryň oýnuna meňzeýär». Bioý: «Bu oýna goşulýaň, onuň şertlerini kabul edýäň. Hiç zat uslyby bozmaýar». *** Borhes «Faustdan» söz açýar: «Bu kitapda gahar gazap diýen zadyň duýulmaýanlygy geň galdyrýar. Ol «Makbetde» duýulýar. «Faustda» bolsa beýle däl: iki jenap ýöne bir söhbet edýär. Margaritanyň gatnaşýan wakasy örän gowşak beýan edilipdir. «Fausty» sahnalaşdyrmagyň hiç kimiň kellesine gelmeýşi geň galdyrýar». *** Fornýeles Kitaphanada çykyş etmekçi bolýar. Ol şondan öňürti Borhes bilen tanşyp, onuň myhmany bolmak isleýär. Muny habar berenlerinde, Bioý şeýle diýýär: «Bu saparyň bar zatdan öňürti ýerliksiz we netijesiz boljagyny durmuş oňa öwretmedimikä? Angliýada bolan mahalym meni heýjana getirýän ýazyjylaryň biri bilen hem tanyşjak bolmadym. Öňden tanyş bolmadyk bolsaň, ýörite gurnalan duşuşykda bir zatlar aýtmak we düşünişmek kyn bolýar». Borhes: «Çestertony mundan beýlägem kitaplary boýunça tananymy gowy gördüm». Çarşenbe, 24-nji iýul. Borhes «Ýitirilen jennediň»** gowşak tarapyndan söz açyp, onda hyýalyň önümi bolan dünýäniň diňe ýarysynyň oýlanyp tapylandygyny belläp geçýär: «Dante ony aýdyň göz öňüne getiripdir we okyjy kitaby gyzyklanma bilen yzarlap, fantastiki roman okaýarmykam diýýär. Dante edil Wells ýaly hereket edýär. Elbetde, Aý Wellsiň suratlandyryşy ýaly bolmaz, emma ýazyjy ynandyrmagy başarýarka, ähli zady bolşy ýaly kabul edýärsiň, çünki toslama sazlaşykly we yzygiderli beýan edilipdir». 1958-nji ýyl. Penşenbe, 1-nji maý. Borhes: «Ýanyma gelýän ýaş ýazyjylara eserlerini çap etdirmäge howlukmazlygy maslahat berýän. Şeýle etseler, soňra ýüzleriniň gyzarmagyna sebäp boljak eserlerden halas bolarlar». Bioý: «Her näme diýseňem, eserleriňi çap etdirmegiň gowy tarapy hem bar. Ol şöhratparazlyk keselinden gutulmaga kömek edýär. Borhes: «Her bir jümläniň, her bir bölegiň kämil bolup çykmagyna ymtylmagyň geregi ýok. Şeýtseň, stiliň ýasama bolup çykýar. Howa ýetenok. Onsoň örän dabaraly kitaplar peýda bolýar». Bioý: «Kitaplaryň biriniň beýlekisinden gowy bolup çykýanlygy bilen ylalaşmak gerek». Anna, 16-njy maý. Borhes: «Mundan beýläk adamlaryň öňünde çykyş etmämi goýjak. Bu peýdasyz iş bolmaga çemeli... Men bir zada üns berdim: her bir aýlaw, günäden saplanylýan ýer ýaly, Dantäniň aýratyn yhlas siňdirip ýazan eseri bolan «Ajaýyp komediýasynda» gürrüňi edilýän zatlar ony bitewi bir gurluşy bar ýaly edip görkezmäge mümkinçilik beripdir, ýogsam poemanyň özi, aslyýetinde, aýry-aýry böleklerden ybarat. Dantäniň eserini nähili ýazanyny bilýäňizmi? Mysal üçin, maňa horanlygyň mysaly gerek. Ony degişli aýlawynda ýerleşdirýän-de, terjimehalyny berýän. Aslyýetinde bu aýry-aýry böleklerden ybarat romandan başga zat däl. Şunuň ýaly kitabyň nämesi erbetmiş? Men ony çylşyrymly waka ýordumynyň, biri-birinden tapawutlandyrmasy kyn köpsanly gahrymanlaryň kömegi bilen ýazylan kitaplardan ileri tutýan. Ine, «Don Kihot» aýry-aýry böleklerden ybarat roman däl. Ondaky biri-biri bilen tirkeşip gelýän başdangeçirmeler şony tassyk etmeýärmi? Bu Çapliniň ýa-da Lorel bilen Hardiniň filmleri ýaly bir zat. Ähli zatdan mälim bolşuna görä, öz döwründe örän geçginli bolan bolmaly. Şenbe, 1-nji noýabr. Borhes: «Ajaýyp komediýanyň» kemçiligi – onda adamlaryň berilýän mynasyp baha we jeza ulgamyna laýyklykda toparlara bölünýänliginde. Dantäniň özünden bu barada soralaýan bolsa, muny poema döretmek üçin zerur bolandygy sebäpli şeýdenligini aýdardy. Ol gahrymanlaryny dowzahyň aýlawlary boýunça ýerleşdirmekden başlapdy, emma ýuwaş-ýuwaşdan bu işi iň soňky derejä ýetirmäge mejbur boldy. Bu awtora haýran galynmagy geň galdyrýar. «Don Kihotda» ýagdaý birneme gowy ýaly bolup görünýär. Adamlaryň edebiýatçylary akylyň öýjügi hasaplamak lary düşnüksiz. De Kwinsi Şekspiri iň akylly adam hasaplaýar. Adamlar edebi eserleriň çuňňur pikirlerden doludygyna ynanýarlar. Geň görünse-de, ýazyjylaryň özi hem muňa ynanýar, ýogsam ähli zadyň has ýönekeýdigine şolardan belet adam ýok bolsa gerek». 1959-njy ýyl. Anna, 17-nji aprel. Ibsenden söz açan mahaly, Şow adatça: «Ol bu ýerde şuny aýtmak isläpdir» diýerdi. Kimdir biri: «Siz muny nireden bilýäňiz? Siziň özüňiziňem aýtmagyňyza görä, ol hut şeýle diýmek islänini hiç ýerde tassyklamandyr ahyryn» diýip, oňa ýüzlenipdir. Şow: «Men — tankytçy. Tankytçynyň wezipesi bolsa awtorlaryň aýdanlaryny gaýtalamakdan däl-de, eseriň çuňňur manysyny açyp görkezmekden ybarat» diýip jogap beripdir. Ýekşenbe, 17-nji maý. Borhes: «Ýazyjy aradan çykanda, adamlar onuň ömri birneme uzaýanlygynda döredijiliginiň has hem kämilleşmeginiň mümkin ekenligi barada oýlanýarlar. Bu hemişe beýle bolup duraýanok. Guiraldes wagtyndan öň aradan çykman, näme ýazaýanlygynda-da, onuň ýazan kitaplaryny okamagy düýbünden islemezdim. Ol gitdigiçe dabaraly ýazýardy. Edgar Po onuň ýaly däl... Onuň ýaýrawy örän giň... Stiwenson hem üýtgeşik kitaplary ýazardy». Bioý: «Ol aradan çykanda ýaşy kyrkdan ýaňy geçipdi. Folkneriňki bilen deňeşdireniňde, onuň döredijiligi has baý görünýär. Stiwensonyň her bir kitaby özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Folkner birki sany kitap ýazyp, soňra ýazanlaryny gaýtalady ýördi». Borhes: «Ol kitap yzyna kitap ýazdygyça, kemçilikleri has äşgär görnüp ugrady». Duşenbe, 1-nji iýun. Borhes: «Ortega-i-Gasset epikanyň geçmiş döwürlerden söz açýan edebi görnüş bolup, biziň durmuşymyza hiç hili galtaşygynyň ýokdugyny ýazýar. Ol epikanyň öz durmuşyna galtaşygynyň ýokdugyny aýtmak islän bolsa gerek. Hyýalam beýle derejede garyp bolup biljek ekeni. Eýsem, ol epikligiň durmuşda hemişe-de bardygyny görmeýärmikä? Raýatlyk urşunda ony görmeýşine haýran!». Duşenbe, 27-nji iýul. Nabokowyň «Lolitasynyň» başky sahypalaryny okaýarys. Borhes: «Men bu kitaby okamakdan ägä bolardym. Ýazyjy üçin ol örän zyýanly bolsa gerek. Ony okap, başgaça ýazmagyň mümkin däldigini duýýaň. Onsoň derrew okyjynyň öňünde hokgabazlyga ýüz urýaň, başgapdan towşan çykaryp alýaň, Fregoli ýaly, gözüň öňünde gaýmalaýaň». Ýekşenbe, 23-nji awgust. Borhes: «Okyjynyň okan zadyna ynanmagy däl-de, ýazyjynyň öz ýazan zadyna ynanýanlygyny duýmagy möhüm». Penşenbe, 27-nji awgust. Borhes: «Hemişe «Uly Brokgauzy» edinmek arzuwy bilen ýaşadym. Ol ýigrimiden gowrak jiltden ybarat ensiklopediýady. Ýaňy-ýakynda on iki jiltlik «Uly Brokgauz» gözüme ildi. Häzirki döwürde ensiklopediýalary okamak üçin niýetlenilen kitap däl-de, maglumatlar ýygyndysy hasaplap ýalňyşýarlar. Öňler ensiklopediýalar hytaý edebiýatynyň taryhyny, haçly ýörişleriň taryhyny, Miltonyň terjimehalyny öz içine alýan tutuş bir kitaphanady». Penşenbe, 3-nji sentýabr. Gongoranyň sonetlerini okaýas. Borhes: «Görýärmiň? Kewedonyň iň gowy şygyrlaryny Gongora ýazan eken». Ýekşenbe, 13-nji sentýabr. Ýalňyşmaýan bolsam, Neruda goşgynyň özüniň däl-de, ony gurşaýan zatlaryň möhümdigini aýdypdyr. Muny ýaňzytdym welin, Borhes (ýaňsylamak bilen) şeýle diýdi: «Şu pyçagyň özi däl-de, onuň nämäniň üstünde durany astronomiýa möhüm. Eýsem, ol bu aýdýanynyň aňyrsynda hiç hili pikiriň ýatmaýanlygyny iru-giç aňşyrmaklaryndan gorkmaýarmyka?». Duşenbe, 14-nji sentýabr. Borhes: «Kafka tymsallar arkaly pikirlenipdir. Ol öz hekaýalaryny olaryň ýazylyşyndan başga hili edip düşündirip bilmedik bolsa gerek. Kakam, mysal üçin, gauçolar ýaly, diňe tymsallar arkaly pikirlenmäge ukyply adamlaryň bardygyny aýdardy. Ol tymsallar bilen gürläpdir, çünki diňe şolar arkaly pikirlenip bilipdir». Ýekşenbe, 27-nji sentýabr. Borhes: «Kafka beýan etmegiň düýbünden täze bir usulyny oýlap tapdy. Emma oýlap tapmaga ukyply bolan halypalaryndan tapawutlylykda, öz oýlap tapan zadynyň düzüm böleklerini mümkin boldugyndan azaldyp, ony adatdan daşary seresaplylyk we düşbülik bilen ulanmagy başarypdyr. Eserleriniň gurluşynyň bu ýönekeýligi — onuň bitiren esasy işleriniň biri». Bioý: «Joýs bilen Kafkany ýanaşyk goýsaň, Joýs gözümize Breton ýa-da Tsara bolup görünýär». Borhes: «Joýsda örän owadan jümleler bar». Bioý: «Diliniň baýlygy we söz owadanlamak başarnygy Joýsuň artykmaçlygy bolup, bu iki aýratynlyk ony hakyky suhangöýlik derejesine çykarýar. Onuň kemçilikleri bolsa çäkliliginden we eseri gurnamagy başarmaýanlygyndan ybarat. Kafka — üýtgeşik bir hadysa (diňe ýazyjy hökmünde däl, eýsem, adam hökmünde-de şeýle). Onuň eserleri adamy gyzyklandyrýar. Joýsuň eserleri stilist üçin gyzykly. Joýs — Kewedo ýaly biri». Duşenbe, 28-nji sentýabr. Borhes: «Kits, meniň pikirimçe, Şelliden gowy ýazýar. Kits özüniň sowatsyzdygyny, hiç zat okamandygyny aýdar eken». Baýron olaryň iň çorba çykarlysydyr... Ýok, Kitsiň şygyrlary beýleki ikisiniňkiden gowy bolup, onuň derejesi Baýronyňkydan we Şelliniňkiden ýokarydyr. Emma Baýron has nusgawy äheňde ýazypdy. Baýronyň derejesi Şelliniňkiden has ýokary: «Don Žuanyň» aňyrsynda adatdan daşary ýeňilligiň we ähtimal, beýlebir uly bolmasa-da, üýtgeşik bir güýjüň ýatandygy duýulýar. Şelliniň köpsözli, dabaraly poemalarynyň aňyrsynda bolsa hiç zat ýok. Edebiýatdan habarsyz adaty adamlaryň Şellini şahyr hasaplamaklary onuň bagtynyň çüwmegine sebäp boldy. Baýronyň paýyna hem şonuň ýaly bagt düşdi, emma onuň ýyldyzy eýýäm süýndi. Swinberni bolsa, Şelliden we Kitsden has gowy ýazýandygyna garamazdan, edebiýat dünýäsinden daşgary tanaýan kişi ýok». Duşenbe, 5-nji oktýabr. Apolloniý Tianlynyň Filostrat tarapyndan beýan edilen ömür ýoly barada gürrüň edýäris. Borhes: «Müň bir gije» ýaly kitaplar, göwnüňe, köp bolaýjak ýaly, emma beýle däl. Gowy kitaplar edebiýatlaryň ahyrynda peýda bolýan bolmaga çemeli: olar özlerinden öňki kitaplaryň köpsanlysyndan, köp edebiýatlardan süzülip çykýar. «Sindbadyň» peýda bolmagy üçin, ähtimal, syýahat barada köp sanly kitabyň ýazylmagy gerek bolandyr». Duşenbe, 12-nji oktýabr. Borhes: «Ine, men erkin samuraýlar hakda hekaýa ýazdym we ony ýazan mahalym örän dykgatly bolmaga çalyşdym. Emita bolsa meniň otuz üç sany ýalňyşymy tapdy oturyberdi. Hekaýamda gahryman düşege geçip süýnýär, emma onuň süýnen ýerinde düşek ýok bolsa nätjek. Onuň bir ýerinde ýorgandaşynyň ýaralanandygyny aýdýaryn. Görüp otursam, ol ýerde ýorgandaşynyň ady-sory-da ýok eken». Penşenbe, 15-nji oktýabr. Borhes «Uruş we parahatçylykdan» söz açyp, romany köp gahryman gatnaşýan baýramçylygyň beýanyndan başlamagyň we okyjyny olar bilen ýeke-ýeke tanyşdyrmagyň dogry däldigini aýdýar. «Tolstoý näme üçin her bir gahryman bilen tanyşdyrjak bolup, okyjynyň üstüne beýle agyr ýüki ýükledikä? Eseri: «Bir bar eken, bir ýok eken» diýip başlaýmak hem bar ahyryn. Näme üçin şol usuldan peýdalanmaly dälmişin?». Ýekşenbe, 25-nji oktýabr. «Gargantýuany» okamaga çalyşýarys, emma bu bize başardanok. Borhes: «Rabläniň bu kitaby okyjylar üçin däl-de, düşündiriş berýänler üçin ýazylypdyr. Men ony gowy görjek bolup, elimden gelenini etdim». Ýekşenbe, 8-nji noýabr. Borhes ertir Şiller hakda çykyş etmeli: «Näme barada gürlejegim özüme gyzykly. Kelläme hiç zat gelenok». Anna, 13-nji noýabr. Borhes: «Terjimesi erbet bolaýanda-da, eseriň gowylygyny aňýaň, ondan bir zatlar hökman saklanyp galýar. Gowy eseri hemişe-de terjime edip bolýar. © Adolfo BIOÝ KASARES Terjime: © Orazgylyç Çaryýew | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |