Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:29
Göwnüm

GÖWNÜM

Belki geler gowy günler,
Aýlar-ýyllar edip öwrüm,
Sebäpsiz ýere şugünler.
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Päk niýet salyp ýüregme,
Sygynyp Hak-a, keremne,
Aýnap, joşmagyñ deregne,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Owalam gowy däldiler,
Diýme ,,sözünden dändiler",
Kän ahyr, ýagşy pälliler,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Utulsam durmuş oýnundan,
Diýýäñ ,,Günä köp boýnuñda",
Sygyşman dünýäñ goýnunda,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Gözlesem ýürekdeş, höwür,
Şum täleýim öwür-çöwür,
Ýalan-a yñylýan döwür,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Ýaşap kadadan çykmany,
Arzuw binasyn ýykmaly,
Satyn alarys ykbaly,
Sen hijem darykma göwnüm?!..

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 3.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Medicall • 01:55, 18.11.2023
Berekella, şeýdip göwnüñe göwünlik ber-a:)
avatar
0
2 Мango • 12:42, 18.11.2023
Satyn alarys ykbaly
?
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 12:44, 18.11.2023
Hemme zady satyn alyp bolýan döwre kakytmam boldy
avatar
0
4 Şygryýetiň_aşygy • 15:15, 18.11.2023
Kapyýalar gowşajyk. Dyngy belgiler nädogry goýlupdyr.

«Ýaşap kadadan çykmany» - «y» goşulma zerurmyka şu ýerde?
avatar
0
5 @Baýram_Bejidow • 15:18, 18.11.2023
Menem öwrenerindä entek ýaş-a men
avatar

Старая форма входа
Total users: 203