Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:57
Meni menden alyp gidiñ bir minut!...

MENI MENDEN ALYP GIDIŇ BIR MINUT

Meni menden alyp gidiñ bir minut,
Daglañ gizlin pyşyrdysyn diñlejek,
Duýgylarma jeza beren täleýiñ,
Men hakynda aýdan myşyn diñlejek.

Meni menden alyp gidiñ bir minut
Gidenimi ýüregimem duýmasyn,
Anyklajak, açyklajak ykbalyñ,
Wada berip ikiýüzli söýmesin.

Piliñ gulagynda uklasyn beýnim,
Men bir minut hüwdilejek tupany,
Şol wagtda hatda ýelem ösmesin,
Meñ daşymdan aýlanmasyn bu pany.

Elöwresin özün ýitiren özüm,
Bir minutjyk gadyrymy duýaýsyn,
Dolýan bolsa dolsun sabryñ käsesi,
Damjalap däl bedireläp guýaýsyn.

Añry-bäri aralykda durjakda,
Synlajak men, adalatyn bu dünýäñ,
Düýn agşam bir zatlar düýşüme girdi,
Şony doly görmedigme ökünýän.

Meni menden alyp gidiñ bir minut,
Birahat etmesin hatda siñegem,
Gowuşmagny diläp geljek Alladan,
Iñ bolmanda iñ kiçijek dilegiñ.

Aýtmaly zatlam bar biraz özüme,
Diýjegimi diýjek, aýtjagmy aýdyp,
Meni menden alyp gidiñ bir minut,
Onsañ öz-özümi ýigrenmen gaýdyp...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Medicall • 02:52, 21.04.2023
Bir gürrüñ bardy: "Bir günlik ölüp, soñ direlip bolsa, başgalaryñ özüm hakdaky pikirini bilerdim" diýen ýalyrakdy.

Bu goşgy-da bolsa awtoryñ bir minutjyk gidip ili synap däl-de özüni synap görmek, terbiýelemek isländigini haladym.
Bolmalysam şeýlemika diýýan: ölenkişi bolup ili synamagyñ deregine ilki özüñi tanamaly, düzetmeli, taplamaly ýaly meñ düşünşimçe.

GOWY, HALADYM! sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203