Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:19
Aslynda meň gözüm görmeýän eken
ASLYNDA MEÑ GÖZÜM GÖRMEÝÄN EKEN...

Seýilgähiñ içi, arassa howa,
Ot:yrdym baglary bir çetden synlap,
Tyrkyldy sesine ünsim bölündi,
Gañryldym, nätanyş geldi ýakynlap.

Üstüme ýöränin etmedim aýyp,
Nädip aýyp etjek, görmeýän eken,
Gözleri görmekden galan juwan gyz,
Oturara ýeri gözleýän eken.

Kömek berdim derhal oturmaklyga,
Söhbet açdym ondan-mundan gep tapyp,
Sözler bilen derdine em añtardym,
Ýarym göwnüñ ýarasyna nep tapyp.

Gürrüñ berdi ,, Eger gözlerim görse,
Ençe-ençe gowylyklar ederdim..."
Hamala özi hem duýmaýan ýaly,
Çykalgasy ýoklygyny bu derdiñ.

Durmuşa höwesli bakýardy ol gyz,
Geljegiñ añyrsy görülen ýaly,
Dünýäniñ hyjuwy oña berilip,
Maña bir dänesi berilen ýaly.

Gürriñi gowulyk, päklik niýeti,
Durmuşa umydy sönmeýär eken,
Körler bilýän bolsa dünýäñ gowlugyn,
Aslynda meñ gözüm görmeýän eken...

Baýram Bejidow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203