Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:01
Gussalara batrak ýaly
GUSSALARA BATRAK ÝALY

Gussalara batrak ýaly,
Gör ýalañgat şatlyklarym,
Durkuny üýtgetdi harlar,
Ykrar etdi atdyklaryn.

Pilden uly pul bar eken,
Täze zaman, täze döwür,
Ýagşylyga ýaman hekem,
Ýetermikä gysga ömür?.

Igletdi arryk pikirlem,
Sag-a gitsem, çepe çekýär,
Urbalygym gutarypdyr,
Şor göwnüme şatlyk sepýän.

Kimi görseñ şoñky dogry,
Ýa ýalñyşýan bir menmikäm,
Gepimi kesä çekdiler,
Çyn sözleýän, bir sözlükäm.

Umydy nesibä g:aryp,
Ynam etdim gowylara,
Gowy diýenlermem käte,
Äkidenok gowylyga.

Gün geçýär, aýlanýar aýam,
Ýyldyz dogýar patrak ýaly,
Menem ine ýaşap ýörün,
Gussalara batrak ýaly...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 02:25, 24.02.2024
Zeýrenmäni haçan ýazjak
Haçan ýazjak zeýrenmäni
Ýazjak zeýrenmäni haçan
Gowy goşgy ýazyp geçen:)
avatar
0
2 Medicall • 02:35, 24.02.2024
Igletdi arryk pikirlem

tapýañ jigim senem her hili pikir:))
avatar
0
3 derwushhana • 01:36, 25.02.2024
Gowy diýenlermem käte,
Äkidenok gowylyga.

Gün geçýär, aýlanýar aýam,
Ýyldyz dogýar patrak ýaly,

Şu setirler bentleri gowşadan ýaly. Diňe yzyndaky öňündäki setirlere tirkeg araba ýaly bolup dur.

Umumylykda gowy goşgy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203