Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:29
"Goý, bir Gudrat soñky sözümi bitirsin"

GOÝ, BIR GUDRAT SOŇKY SÖZÜMI BITIRSIN


Bu perişan halym gõrüp hamsygma,
"Õrtme" diýme ýüzme hijran nikabyn.
Kysmatyna kaýyl bolan Melegñe,
Asman dõzdi soñsuz derdi-pyragyn.

Pitwa etmän gargalaryñ gagyna,
Bõwsüp geçip şereññiziñ duzagyn.
Kalbym ýuwup mukaddeslik çoguna,
Terslin çaldym şelaýynlañ damagyn.

Soñ salgymda ak niyetde garaşdym
Gõrdûm ony gõzýetimde bir ýerde.
Gep-gybata boýun sunman gõreşdim...
Ynam tugum ýykdy sypyrlan perde...

Ýazgarmaryn, atman lagnat daşynam,
Owal-ahyr Keramat diýp uýdugmy.
Bir gije albassy girip düýşüne,
Ogurlapdyr bile aýdan aýdymmy..

Enem, bu halyma melhem emleme,
Oda düşme gõrüp ajal pellesin.
Hem garaşma ýylgyrmagma, gülmegme,
Ýap üstüme ygrarymyñ hüllesin.

Goý bir Gudrat soñky sõzüm bitirsin,
Seýikläp badasyn şypa Melegniñ.
Maña ondan bir kelime getirisin:
"Sen azajyk sabyrly bol, Geregim! "

2010 ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.7/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Seýrаn • 09:48, 16.12.2023
Nurdan diýilýän erbedem ýazanok eken. Şol ýyllar nirededimkäm, hä boldy. Goşgy az okaýan döwürlerim eken. Ýazmagyňy dowam edip oňarypsyň.
avatar
0
2 Hyýalbent • 15:20, 16.12.2023
salam meni awtorlykdan aýrypsyňyz goýan goşgularym goýulanok men gramatik ýalňyşlar bolup biler diýenimde dyngy belgiler otur, nokat şolarda ýalňyşlyk bolup biler diýipdim,onyda boldugyndan barlap seljerip ondan soň goýýan beýle etmegňize näme sebäp boldy aýdyp bilmersiňizmi sagboluň saglygyňyz
avatar
0
3 Medicall • 15:51, 16.12.2023
Salam, düyn goyan postuñyzy men on düzetdim, her düzedip, suratyny dogurlap goysamam gayta yene ýapýañyz her düzedemde. Birem posty ýokary çykaryañyz her aşak düşüremde. Meñ işim köp bolya, garşa beydip siziñ postuñyzy düzedemden soñ gayta açyp yapyanyñyza, seredip oturyp bilemok. Şondan başagaykam ahyr ýadap "entek okyjylarda duruberiñ beydip oturjak bolsañyz" diyip düşürdimda:) bu goyanyñyzam wagt tapamda düzederin, entek howlukmaç, awtorlarada geçireyin, emma indi bir düzedenimi yapypboturmañ)))
avatar
0
4 Hyýalbent • 16:09, 16.12.2023
sagboluň köp köp yzgiderli agyrlykly keselim bar erkin ýagdaýda oýlamak kyn bolýa onsoň açyp okaýanam welin bir ýeri kemräk ýada artykmaç duýulýar gazet jurnallarda çykandada goşgym göwnüme ýene has gowy edip bolardy diýen pikir bolýar bir kararda durup bilemok içimde saýtyňyzda tankytlary gowy görýän menem özümi kämileşdirmek isleýän aýyplaşmaň indi gaýtalanmaz işiňize üstünlik sagboluň
avatar
0
5 Medicall • 16:44, 16.12.2023
Bolya, doganjan, eger wagtynda seredip ýetişmesem hiç gynanmañ, hökman aylanyp dolanyp serederin, galamyñyz yiti bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202