Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:00
"Hakykatdanam şoňýalymykanaý...:)?!"

- Gülleri gowy görýärmiň?!
- Hawa.
- Onda olaryň jadylydygynam bilýänsiň?!
- ...
Leýla ýany bilen getiren küýzelije otag gülüni mähir bilen maña uzatdy-da, gürrüňe başlady:
- Gülleriň ölemeen aşygy bir ýaş gelin gaýynlaryndan aýry ýaşaýardy, ol wagt ol bolaýsa 25-26 ýaşlaryndady. Güllerem ony bilýän ýaly, onuň öýüne ýerleşip ýetişdikleri bes, ösüp-örňäp başagaý. Gülleriniň içinden ýaprak-ýaprak bolup aýlawly ösýän gül ýaş geliniň ünsünde. Bir gün oňa jorasy myhmançylyga geldi. Gülleriň taryhyny bilýänligi bilen öwünmek öwündi.
- A gyyy, bi gül öýüňe yrsgal getirýär, ýapraklaryny görýärmiň, ak-ýaşyl, özem bi gülüň içi süýtden. Şuny çüýredäýmegin gyyy...

Jorasynyň güller hakdaky ýüregiýetiklik bilen aýdýan gürrüňlerini diňledigi saýy öý eýesiniň güllerine hasam buýsanjy artyp ugrady. Ahyr gezek şol ýaprak-ýaprak aýlawly güle ýetdi.
- Hiiihhhh – edip içini çeken jorasynya gözlerini tegelän gelniň gözlerinden “näme boldy?!” diýen soragy okan jorasy:
- A gyyy, bi güle war-a, “gaýnenäň dili” diýýäler, muňa ideg etseň, gaýneneň dili uzyn bolýa gyyy, aýyr muny öýüňden...
Jorasy gidensoň gelin iki gün oýlandy, pikir etdi: “ gaýnenemiň dili uzyn bolsa gowy bor-da gyz, ogly gowy ýaşasa, gelni gowy bolsa, agzybir ýaşasalar, olam joralarynyň ýanynda ogly-gelniniň agzybirliginden dili uzyn bolsa erbetmi onnoň şo?”
Bu pikir gide-gitmäne ýene bir pikir hüjüm etdi aňyna: “Birdenem menden dili uzyn bolaýsa, hiwuu, ýüwürjimi öýerseler, oň gelnem menden gowy göräýse olary... ýa-da birden..., hiuu towa, ýatlamagam gorkunç, birden şeýdip menden gaýnymyň dili uzyn bolaýsa...”
Iki günden soň säher biilen adamsyny işe ugradan gelin gülleriniň ýanyna bardy. “gaýnenäň dili”-li küýzejigi aldy-da penjiräni açdy. Dört gatly jaýyň üçünji gatynda duran ýerinden gözüni ýumdy-da küýzeli gülili ellerini açdy, küýze ýere gaçyp çym-pytrak boldy. Gözlerini açan gelin ýerde guma bulaşyp ýatan ýapraklary görüp gyýylan ýaly etdi-de, ýene: “bor-la, boljak boldy, haýyrlysy bolsun!” diýip öz işi bilen boluberdi...

Ynha ýene bir geliniň otag güllerine “söýgüsiniň” näderejede “beýikdiginiň” subutnamasy:
Bir goňşym bar, bir ýerde gül bolsa şonuň öýünde bar. Ine bir gün gapymy kakýan goňşymyň elindäki otag gülüni görüp:
- Gel, geç goňşy, gülüň bile geläýdiňmi?! – diýip ýylgyryp garşy aldym.
- Hawa, bu güli saňa getirdim goňşy, bilýäň-ä meň öýümde gül köp, onsoň bu güli saňa beraýyn diýdim...
Goňşymyň elindäki güli oýlanmazdan aldym. Aşhanada penjirämiň öňünde goýdum, goňşa çaý hödürledim. Güller hakda gürrüň etdik.
Ondan soň birnäçe aý geçdi. Men içim gysdy-da goňşyma aýlanaýyn diýdim-de gapylaryny kakdym, meni görüp begenen goňşym hal ahwalymy sorap, çaý goýdy, ikimiz içginden içgin gürrüň edip ugradyk. Onsoň ahyr gürrüň erkekleriň üstünden syrygdy. Men çibrinip ugradym: “Goňşy, Merdan iki aý bäri öýe inmeýän boldy, bir gün ir gelse on gün giç gelýär, kä günler dagy gije gelmeýän wagtlaram ba öýe, seň ýanyň diýip aýdýan goňşy, näme etjegimi bilemok indi, bir zat diýseňem uly galmagal edýä...”
Goňşym birden sözümi böldi:
- Dur-la, goňşy, bir zat soraýyn-la, meň beren gülüm nädýä, ösýämi?
- Hawa, ösüp dagy haýsy, penjiräm bilen deňleşdi...
- Ana, bary şol gülden, goňşy bar-da derrew öýüňden çykar-da, daşarda goý şony, men ertir işe äkideýin-le şonyny bir...
- Düşünikli aýtsana, goňşy, o gülde näme günä bar.
- Ýok, gyz, onda günä ýok-da jady bar, jady. Biri ol gülüň öýden erkek kowýan güldügini aýtdy maňa, üns berdim weli şol güli ösdürip başladymam adamymyň kamandirowkadan gözi açylmasa nädersiň, öýe gelmäge eli degmedi. Menem oňa ynanmasamam şol güli öýde saklasym gelmedi. Taşlamaga-da dözmedim. Onsoň “belki özüm göwnüme alandyryn, goňşa bersem beýle bolmazam, gaýta begener” diýdim-de saňa beräýdim. Ana, olam hakyt “erkek kowýan” eken-ä.
- Nätdiňaý? – men geň galmakdan ýaňa agzymy açyp oturşyma goňşym:
- Eşidýäňmi, goňşy, çykar şol güli, ertir işe äkidip işde goýaýyn, başlygymyň iki aýagy kamandrowkada bolsun-la...
- Hää, nämeee....
- Hawa, bizar, şo başlykdanam, getir gyz, ertir işe äkideýin...

Ine, gyz-gelinleriň gülleri “söýüş-ä” şeýleräk jora... geňdir hää...
Leýla otag güllerine haýpygelijilik bilen seretdi-de maňa:
- Senem birden güller hakda “bu eýlemiş, bu beýlemiş” diýseler, göterip üçinji gatdan zyňaýma... bu güli saklasañ öýüñe bagt getirýär diýýärler,menem muny saña sowgat getirdim, nesip etsin!

Leýlanyñ beren gürrüňlerinden aýňalyp bilmän onuñ beren sowgat otag güllüni ýerleşdirip durşuma pikirlenýän:"ehh, gelinler, gelinler, gülleň günäsi näme?!" ýene başga pikir gelýar birden: “beee, hakykatdanam, güller şoňýalymykanaý?”:)
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 10:38, 30.10.2023
– men-ä şu güli doganymlara äkidäýjek. senden soraman äkitmäýin diýdim.
– äkitme diýsemem äkitjegiňi bilýän. onda näme sebäpden soran bolýaň?
– sadaka berseňem äriňden soramalyş-da... äkidäýin şo güli?
– näme boldy?
– aý, hiç. ýöne...
yrym edýänini bilýän, ýöne bir "äkideýin" diýdimi äkitmän goýmajagy belli bolansoň rugsat berdim.
(aýallaryň rugsat soramagy ýöne bir resmiýet. meseläni olaň özleri ozalyndan çözüp goýýalar. bu dünýäň her ýerinde şeýle :-) )

şeýdip owadan gara küýzeli, boýu 70-80 sm-lik agaç-gülümiz ýaşaýan ýerini üýtgetdi.
4-5 aýdan soň olaň öýünde-de biziňkä meňzeş gürrüň bolan bolmaly. sebäbi, ol gülümizi doganynyň iş ýerinde gördüm.
häzir-ä doganynyň biznesi erbet däl.
ol kän bir yryma-da ynananok, ýöne.
avatar
1
2 Мango • 11:10, 30.10.2023
biriniň gürrüňi:
-men-ä ynanamok, yrymlara,
gülden näme zyýan geljek?
oňarsaň öýde adam saklamaň.
ähli zyýan adamdan gelýär...
:-)

(ýöne, öýde adam saklamanam bolanok-da...)
avatar
0
3 Medicall • 13:28, 30.10.2023
ol gülüňizem ýa-ha erkek kowýan ýada-da gaýnenäň dili güllerden diýildimika D)) erkek kowýan wakasy bilen meňzeşiräkiken olam))))

erkek kowýançy gül edarada ýerleşdireli bäri ( gül ýerleşdirilen kabinet ýolbaşçyň kabinetiniň garşysyndaky kabinet)))) edaraň ýolbaşçysam iş saparyndan gözi açylman, ondan gelikenem dört ýyl alyp bilmedik otpuskasyndan alyp daşary ýurtlaryň birine gidipdir D))
avatar
0
4 Medicall • 13:40, 30.10.2023
öýde esasy adam saklamaly-da:)), ýa bu gürrüňdäki ýat adamlar baradamyka?!
avatar
1
5 Мango • 13:45, 30.10.2023
zyýan gülden däl, adamdan gelýä diýjek boldy öýdýän. :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203