Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:04
Mukam Awaza
MUKAM AWAZA

Bagtym asal, alnymda ak günlerim,
Ykbalym ýalkymly aýdyñ ýol bilen.
Gujagyñ bahrystan, solmaz gülleriñ,
Ornapsyñ kalbyma aýdymlañ bilen.

Goýnuñda apalan bilbiliñdirin
Señ ismiñde dünýä dolýar owazam.
Hazaryñ merjeni, göwherim, dürüm,
Keşbiñ ýüreklerde mukam Awazam

© Kalba NUR
Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 11:26, 09.06.2023
"Goýnuñda apalan bilbiliñdirin".

düýnki gündeligiňdäki penjirä özüni urup ýaralanan bilbil ýada düşdi. :-)

gowy.
"Awaza" söziniň köki "owaz"-myka?
hemem nähili dogry aýtmaly, udareniýelimi ýa без.
awaza – awa:za
avatar
1
2 Medicall • 11:40, 09.06.2023
Awaza sözüniñ gelip çykyşyny ýaşulylañ biri:
Deñiziñ Gyzylsuw adasy bilen Awaza aralygynda bir ýerinde hakykatdanyam keramat ýaly aýlanyp hiñlenýan ýaly owaz çykaryp diñmeýän sesiñ bolanlygyny, bardygyny aýdyp beripdi. Ýaşulylar bilýär, Awaza çekilip aýdylanok(
avatar
0
3 Medicall • 11:42, 09.06.2023
Bilbil barada: ýok bu bilbil ol bilbil dãl, bu adamdan bilbil diýen bolaýyn-la))
avatar
0
4 Medicall • 11:46, 09.06.2023
Ýöne ol bilbilli waka hakykatdanam bolup geçdi, düýn däl, duşenbede boldy ol ýagday.
avatar
0
5 Medicall • 11:50, 09.06.2023
Aslynda her nobatçylyga galanymda dañdan arassa howada gezmelemegi endik edipdirin.
Ýaradanyñ ähli zady kesgitli, krsgitli wezipede ýaradanyna her dañdan hem göz ýetirmek kyn däl.
Meni geñ galdyrýan bir ýagdaý: her dañ atanynda alagarañkyda dañ atanyny guşlaryñ saýrap habar berýän ýaly sesleri. Öýde wagtyñam ýaz geldigi namaz wagtyny azandan öñ guşlaryñ penjireden eşidilýän sesleri habar berýär.
avatar
0
6 Medicall • 11:53, 09.06.2023
Hasap boýunça dañ atmaly wagtynyñ sagady bilen hut bir wagtda olaryñ saýrap başlamagy. Üns berip gördüm, guşlar dañ atmazdan bir sekundam öñ saýranoklar, hutma hut wagtynda saýrap başlaýarlar
avatar
0
7 Medicall • 11:56, 09.06.2023
Diýjek bolýanym her dañdan beýleki guşlañ sesinden üýtgeşik bir guşuñ sesi bardygyny bilýärdim. Oñ bilbiliñ sesidiginem bilýärdim..
avatar
1
8 Мango • 12:10, 09.06.2023
hawa. ýan kakaň aýdyşy kimin: "ne gözel – watanyň bilbili bolsa, ne gözel – bilbil watanly bolsa"*.
* çalaja üýygedilen.
avatar
1
9 Мango • 12:19, 09.06.2023
goşgudan uzaklaşsagam, guşly gürrüňiň dowamy:
bilemok, awazaň çarlaklary nähili gygyrýar, ýöne stambulyň çarlaklarynyňa sesi aýylganç.
stambulda otelde, daň bilen açyk balkondan, daşardan, köçeden ses gelýär... edil narkomanlaň kelpeň gülküleri ýaly, "jak-jak" gülki sesi.
balkondan seretsem, köçe boş.
diňe musor atylýan konteýnerleriň arasynda iýmit gözläp ýören çarlaklar... gülýänlerem - çarlaklar eken. haýran galdym. :-)
biziň awazaň çarlaklary edeplidirläý, Nurdan hanym. :-)
avatar
0
10 Medicall • 12:57, 09.06.2023
Beýdişip kenarda gygyrşyp, çygyrşyp, jak-jaklap, musor dörüp ýören çarlaklary gorkunç ekeni olaryñ, ýok, biziñkiler owadanja hem edepli, musora hijem baranoklar, diñe deñizdäki balyjaklar bilen iýmitlenýärler, üýşüşip ýörenoklaram özlerem, jak-jaklanoklaram, stambulyñ çarlaklary ýabany ýaly, ganatlary garamy, çal-çyoarmy gödek görünýän çarlaklar gözöñüme geldi.

Awazadaky çarlaklar ak, eýjejik, arassaja edeplije çarlaklar))
avatar
0
11 Medicall • 12:57, 09.06.2023
Ine şunuñ ýaly biziñ çarlaklar:

Ak ÇARLAKLAR

Heň goşup tolkun sazyna,
Ganat ýaýýar ak çarlaklar.
Bahry-Hazar owazyny
Dünýä ýaýýar ak çarlaklar.

Ýelpäp deñiz şemalyny,
Guçup bagtyň jemalyny.
Bitaraplyk salamymy,
Dünýä ýaýýar ak çarlaklar.

Çaýyp altyn zerlerine,
Güneş jyklar perlerinde.
Türkmen bagtyn ýer ýüzüne,
Buşlap ýaýýar ak çarlaklar.

Kenarynda täsin dünýä,
Gurlan kõşk eýwan görünýä.
Deñiz bagtyna hiňlenýär,
Sazyn çalýar ak çarlaklar.

:)))
avatar
0
12 Ataturkmenlerden • 23:46, 15.06.2023
Hol arada işlemäne bardym şu awaza
avatar

Старая форма входа
Total users: 203