Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:59
Saña hat
SAŇA HAT

Salam dostum! Bu hat Saňa. Haty geçen agşam ýazmalydym, Bir sebäp bilen şu günüňem ahyryna galdy.. şeýle-de bolsa “hiçden giç ýagşy” diýipdirler.
Sen bu gün nähili gündigini duýanam dälsiň, şonuň üçin muny hatyň üsti bilen saňa ýetireýin.
Meniň bir uýam bar. Ilki bilen onuň nejisje taraplaryny sanap geçeýin. Ýogsa birdenem bu hat onuň eline düşüp olam okaýsa men özüni reklama edendirin öýdüp gaharlanar.))

Ol kesirjelikde, ýanbermezlikde, kä bir ýerde tekepbirlikde, kä bir ýerde bolsa “ gaharjaňlykda” agynjak meň özüm-dä.))
Ilki ilkiler-ä ony öýkekek tutýan ekeni, öýkelek ýanyňa golaýladygam öýkelemän bolýarmy näme?! Öýkeleseňem hokman aglaýmaly, bu biz zenanlaryň iň bir artykmaç üstünligumiz ahyryn, onsoň şeýle günleň birinde oňa söýgülisi:
- maňa aglak gurjak gerek däl..! - diýipdir.
Olam:
- a maňa bolsa şol gurjagy diňderen gerek- diýip çürt kesik şert goýupdyr.
Söýgülisi bolsa:
--maňa nesihatçy dana gerek däl..!- diýip öz akylynyň ýetikdigi bilen öwünipdir. Ahyr soňy uýajygym dagy nätsin, beýik dananyň häsiýetine öwrenişibermeli bolupdyr. Şeýdip ýuwaş – ýuwaş öýkelek meň uýamy terk edipdir.)
Men ony gowy görýän.

Esasanam dünýägaraýşyna, pikirlerine hormatym uly. Çünki onuň gözlegi gowulyk, agtarýany hakykat. Ol dünýäni gabahatlykdan düzetmegiň hyýalynda. Adamzadyň gözgyny ahwalyna perýat edip içki galagoplygyny, bütinadamzat aladasy bilen ahyrýetde azabyň bardygyny, düzelmegiň wagtydygyny ýürejiginden syzdyryp dostlaryna, azaşana çyrag bolmaga taýyn.
Ynsanlara hakykatçyl bolsaň bir nurana belentlikde ajaýyp menziliň bardygyny düşündirmegiň yşgynda.
Bilýärmiň näme dostum! Ýene-de ol bir öýjagaza baryp görmegiň arzuwynda. Şol öýjagaz hyýalymy ýa durmuşda bar öýjagazmy ony bilmekligiň zerurlygy ýok bolsa-da bir zat aýan – ol öýjagaz örän we örän syrly görünýär oňa. Men her gezek ol öýjagaz hakda pikir edem-de “şol Öýjagaz uýamyň ynanyşy ýaly ajaýyp çyksyn, in Şa Allah” diýip dileg edýärin.
Ol şol öýjagazyň yşgynda gumak ýollary yzarlap, saýhally serwileriň deňinden, dyz boýy otlaryň içinden geçip Toksanynyň säherlerine gadam goýdy.

Onsoň ol käteler şeýle bir dymýar, şeýle bir dymýar.. ol dymdyşlykda gaýnap duran wulkanyň ýarylaýmak howpy bar. Adam dymýan wagty oňa artykmaç zat geregem däldir, oňa azajyk mähir, üns alada gerekdir, gerek wagty berilmedik üns gerekmejek wagty etmek hökman däl ahyr.. başga bir älemde bolsa günädir sogaplar ölçenjekdigini dymmak arkaly hem eşitdirip bilýär.

bir gün bolsa ol: “Gözüňi ýum, ýene aç, şeýtde özüňe, barlyga akyl ýetir” diýip barlyga gelmekde, maksada ýetmekde, dogry ýoluň salgysyny karta çyzan ýaly aýdyň hiňlendi.
Hawa, Dostum! Onuň filasofiki pikirleri çuňňur, öwrenilmäge mynasyp. Ýüzleý seredip oňa düşünmek kyn. Ýüzleý seredip onuň poeziýa çuňlugyna akyl ýetirmek mümkin däl.

Ol duranja bir hazyna!Bu gün şol uýamyñ doglan güni Goý onuň ylham aty büdremesin, durmuş, ykbal ony hiç ynjytmasyn! Uýamyň täsin dünýäsi hakda aýdara zat köp.

Ýöne men seni ýadatmazlyk maksadym bilen bu haty şu ýerinde jemläýin.
Saňa-da dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuwlaýaryn. Hatymyň jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, Mähriban dostum!

@ Nurdan
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 220 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Meñli Aşyrowa, Nurdan | Рейтинг: 4.6/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 33
avatar
1
1 Pero • 23:07, 27.05.2023
:))))))
avatar
1
2 Pero • 23:09, 27.05.2023
Sagbol aýaldogan!
Haty näme üçin öten agṣam däl-de bu gün agṣam ýazanyñy çak edýän. Ylhamyñ bilýändir agṣam dogulanymy
avatar
1
3 Мango • 23:52, 27.05.2023
hatlar şahsy bolýo, şahsy bolýo, ony ýazylandan bagşasy okomollal diýsegem... okadyk bu saňa haty. :-)
– Meňli hanymy doglan güni milen bizem gutlasymyz gelýär.
– Gutlasyň gelse gutlap göýber.
– Gutlaýan! Ömrüň haýyrlardan doly bolsun! Iki dünýäň abat bolsun!
avatar
1
4 Medicall • 15:24, 28.05.2023
Görjegiñ gowylyk bolsun, gijä galdum, işde bolamsoñ başlamdan garşa bir sebäp bilen arasy bölündi-de, soñ agşamdanqm gijä galaýmaýyn diýip harsal ýazyldy. Goýamsoñ bejerişdirerin diýip goýdum, entegem düzeder ýörerin:) Ajaýyp döredijiligiñ bar aýaldogan, janyñ sag bolsun!
avatar
1
5 Medicall • 15:35, 28.05.2023
Size rugsat, sagboluñ:)
avatar
2
6 aygull • 16:23, 28.05.2023
Uzak hem manyly ýaşa,Meňli. Içki hem daşky dünýäň saz bolsun, ylaýym! Çagalaryň bagtyna guwanmak nesip etsin!
avatar
1
7 Pero • 16:44, 28.05.2023
Amin diýýän dilegleriñize. Sagboluñ!
avatar
2
8 Medicall • 00:16, 27.05.2024
Täze ýaşyñ bilen gutlaýan, saglyk, agzybirlik, abatlyk arzuwlayan aýaldogan, ýeneki doglan günleñde gutlamak nesip etsin!
avatar
3
9 Seýrаn • 00:35, 27.05.2024
Doglan günüň gutly bolsun! Hem durmuşyňda, hem döredijiligiňde üstünlikler ýar bolsun!
avatar
1
10 Pero • 08:14, 27.05.2024
Sylagyña sagbol,aýaldogan. Köp minnetdar.
avatar
1
11 Pero • 08:14, 27.05.2024
Seýran sagboluñ!
avatar
1
12 @Baýram_Bejidow • 09:13, 27.05.2024
Size manyly ömür, jan-saglyk, agzybirlik dileýän.
avatar
1
13 Pero • 09:32, 27.05.2024
Baýram jigim,sagbol!
avatar
1
14 aygull • 10:16, 27.05.2024
Giñ dünýäde giňlik dileýän, Meňli!
Ruhuň belent, görjegiiň gowy bolsun hemişe!
avatar
1
15 janjennet • 10:23, 27.05.2024
Görpglyň ýaşyny ýaşaň!
avatar
1
16 Pero • 11:08, 27.05.2024
Sagbol Aýgül! Amin
avatar
1
17 Pero • 11:08, 27.05.2024
@janjennet,sagboluñ!
avatar
2
18 Мango • 12:04, 27.05.2024
ana, öňki gutlagymyzyň üstünden laýyk bir ýyl geçipdir.
ýaşaýyş dowam edýär.

her döwrüň öz gözelligi bar, o gözellikleri duýa-duýa ýaşa.
görjegiň gowulyk bolsun. halaýan işiňe, döredijiligiňe dowam et...

gowaý, seni gutlap dursalar.
indiki gutlag nesip bolsa 2025-de.
avatar
2
19 Hyýalbent • 13:45, 27.05.2024
Doglan günüñiz gutly bolsun size berk jan saglyk döredijilik dünýäsinde üstünlikler arzuw edýärin
avatar
1
20 Pero • 14:04, 27.05.2024
Mango kaka, sagbol!
avatar
0
21 Pero • 14:05, 27.05.2024
@Hyýalbent,sagboluñ!
avatar
0
22 Mekan2 • 14:24, 27.05.2024
owadan sözler bilen gutlaýyn diýip ertirden bäri pikirlenýän, gelenok. şahyr bolmasaň bolmajak eken.

sada sözler bilen bolsa-da gutlagym ýürekden. gutlaýan, gowluklar arzuw edýän.
avatar
0
23 Pero • 16:49, 27.05.2024
Mekan,sagboluñ!
avatar
0
24 Merdan • 22:07, 27.05.2024
Tüweleme, uzak ýaşa Meñli. Bu gün beýik adamlañ dogulýan günimi năm. Meñli, Hojaberdi Apbaýew we Sungat aga...
avatar
0
25 Pero • 22:33, 27.05.2024
Merdan,sagbol! Men onda özümi bagtly saýybermeli-dä?!
avatar
0
26 Merw • 22:39, 27.05.2024
Meňli uzak ýaşa! Ýap ýaňy ýaly çartarapdanda öz goşgularyňy öz sesiň bilen ýazgy edenimiz eýýäm 11 ýyl geçipdir. Häzirem şol ýazgylary diňleýän şahyryň öz sesinde şygyryny dinlemek lezzetli galamyňyz ýiti bolsun!
avatar
0
27 Pegas • 23:59, 27.05.2024
Armansyz ömür arzuw edýän, Meňli hanym.
avatar
0
28 Şemşat_Nefesowa • 00:52, 28.05.2024
Meñli, päk ýüregimden gutlaýaryn! Uzak ýaşañ, janyñyz sag bolsun! Arzuwlaryñyza ýetiñ!
avatar
0
29 Pero • 07:18, 28.05.2024
Döwlet,sagbol! Hawa,wagt çalt geçýä,özümize bildirmänem garradýa.
avatar
0
30 Pero • 07:19, 28.05.2024
Sapa,sagbol!
avatar
0
31 Pero • 07:19, 28.05.2024
Şemşat,sizem sagboluñ!
avatar
0
32 Ak-sary • 01:24, 29.05.2024
Manyly ömür arzuw etmekden daşary ýetip bilmedik zatlarñyzyñ öwezine nusgalyk eserleriñ geljek nesile sizden miras galmagyny arzuw edýän!
avatar
0
33 Pero • 08:31, 29.05.2024
Aksary,sagboluñ! Amin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203