Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:01
Gudaçylyk
GUDAÇYLYK

Türkmen däp-dessurlaryna görä, keseki maşgaladan gyz alynjak bolnanda, nähili maşgaladandygyny bilmek maksady bilen oglan tarapyndan sawçy iberilýär. Ol alynjak gyzyň goňşy-golamyndan, olaryň maşgalasyna beletlerden, şol ýaýlanyň abraýly aksakallaryndan guda bolunjak maşgala hakynda sorag-ideg edýär. Eger-de çar tarapyndan alynjak gyzyň abraýly maşgaladandygy makullanylsa, onda gudaçylyga barylýar. Ozal belet ýerleri bolsa, (dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, goňşulary…) onda ýokarda beýan edilen sorag-ideg geçirilmeýär, ýagny sähetli gün guda bolunjak ýere oglanyň ejesi, gelnejesi (umuman, ýakyn hossarlaryndan), şeýle-de, ýakynlarynyň biri-ikisi saçakly barýar. Şonda garyndaşlyk açmaklyk maksady bilen gelnendigi duýdurylýar. Gyz ýer tarapyndan çaý-suw berlip, maslahatlaşylandan soňra gyzyň ejesi: ―Bizem oýlanyşalyň, atasyna, gyzyma sala salaýyn. Siz hakda, ogluňyz hakda sorag-ideg edip göreliň, ýene bir aýlanyp görüň‖ ýaly jümleler aýdylýar.
Birnäçe wagt geçenden soňra oglan tarapy dolanyp gelenlerinde, gyz tarapyň razylygy aýdylýar. Şonda (soňky däplere görä) ýaşlary hem duşuşdyrýarlar we gürleşdirýärler. Ýaşlaryň sulhy alşyp, razydyklary aýdylanda gyza ýaglyk daňylýar. Toýuň sähedi alynýar. Gyz, ýagny gelin alynmaga bezelen birnäçe maşynlar (köne döwürde kejebe) bilen gyz tarapa barylýar, muňa il arasynda ―gelinalyjy‖ diýilýär. Kürteli gyzy almak üçin onuň töwereginde oturan birnäçe garyndaşlaryna, palasdan düşürmek üçin serpaý berlip, gyz öýden çykarylýar, bezelen maşynyň içine oturdylýar. Gyz oglanyň öýüne getirilenden soňra nika gyýylýar.
Halkyň arasynda «adaglamak», «dakylmak», «emişdirmek» ýaly däpler hem bolupdyr. «Adaglamak» däbiniň manysy biri-birini köp wagt bäri tanap, dostlukly gatnaşykda bolan maşgalalar ýa-da daşgyn garyndaşlar heniz öz çagalary dünýä inmänkä öňünden özara äht edýärler. Olaryň haýsy hem bolsa biri özüniň ogly bolsa, onda dostunyň öz gyzyny nika ýaşyna ýetip kemala gelende şol oglana bermelidigi barada wadalaşýarlar. Bu ýagdaý dessanlarymyzda köp gabat gelýär.
«Adaglamak» däbi boýunça kämillik ýaşyna ýetende öňünden adaglanan gyzyň boýnuna ýörite altyn çaýlan bezeg şaýy dakylýar. Ene-ata biri-biri bilen şeýle görnüşde äht edip, geljekde täzeden emele geljek maşgalanyň durnukly boljakdygyna ynam döredýär. Sebäbi, uzak ýyllaryň dowamynda biri-biriniň häsiýetine belet, göwün-göwünden suw içip, dostlukly gatnaşykda bolup, durmuşyň ýowuz synaglaryny bilelikde öz gerdeninde çeken iki maşgala garyndaşlyk açyp, dostlugy has-da berkleşdirmäge döwtalap bolýar. Wagtyň geçmegi bilen «adaglanan» ýaş ýigide we gyza birnäçe ýyl mundan ozal baglaşylan äht barada aýdylýar. Ähtiň many-mazmuny sada dilde düşündirilýär.
Heniz çaga wagty adaglanan ýaş ýigit we gyz toý tutulyp, nika gyýylmazyndan ozal biri-biri bilen duşuşyp, pikir alşyp bilýär. Duşuşmak, pikir alyşmak ýaşlara toýdan ozal biri-birini içgin tanamaga mümkinçilik berýär.
Her bir ene-ata öz çagasynyň bagtly bolmagyny isleýär. Şol isleg esasynda «adaglamak» däbi boýunça täze maşgalany emele getirmäge döwtalap bolýan ene-ata käwagt öz ähtinden dänýär. Mysal üçin, heniz mana düşmez çaga wagty adaglanan oglanyň ýa-da gyzyň haýsy hem bolsa biriniň nika ýaşyna çenli agyr keseller bilen kesellemegi, seresapsyzlyk sebäpli tene agyr şikesiň ýetmegi, akylynyň kemter bolmagy bu ähtden dänmäge esas döredýär. Halk arasynda seýrek bolup geçýän ähtden dänmegiň öňüni almak üçin «adaglamak» däbini çagalaryň belli bir ýaşa ýetenlerinde amal etmek kem görülmeýär.
«Dakylmak» däbi öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gelse hem biziň günlerimizde oňa örän seýrek duş gelinýär. «Dakylmak» däbi käbir dawa-jenjelleri, kemsidilmeleri aradan aýyrýar. Eger-de ikinji gezek durmuşa çykýan gelin hamyla bolsa, onda oňa nika düşmeýär. Nika gyýýan dini wekil gelniň çagany sag-aman dünýä indermegini we täze dünýä inen çaganyň kyrk çilesinden çykmalydygyny aýtmalydyr. Agasy dünýäden gaýdyp, dakylmak däbi boýunça merhumyň inisi onuň aýalyna öýlenmek islese, onda ol eger maşgalaly bolsa, bu barada öz başdaş aýalyna sala salmalydyr. Diňe başdaş aýalyň razy bolmagy, ikinji gezek öýlenýäniň başdaş aýalyna we ikinji gezek nikalaşyp öýlenjek aýalyny jaý we maşgala durmuşy üçin gerek zatlary bilen üpjün etmäge mümkinçiligi barada kepil geçmeginde nika gyýlyp bilinýär. Ikinji gezek bir adama nika gyýýan din wekili onuň başdaş aýalynyň öz üstüne aýal alynmagyna berýän razylygyny öz gulagy bilen eşitmelidir.
Bu däbiň manysy birnäçe erkek dogandan ybarat maşgalada erkek doganyň aradan çykmagy sebäpli, onuň aýalynyň merhumyň doganlarynyň birine dakylmagydyr. «Dakylmak» däbi maşgalada birnäçe ýyl ýaşap, nesil daragtyny ýaýradan gelniň ýat birine ikinji gezek durmuşa çykmagynyň öňüni alýar. Ýagşy dileg edip, üstünden ak nogul seçilip, nika gyýlyp, açan işigini ömürlik ýapmagyny islemän, merhumyň hossarlary gelip, ol gelniň garyndaşlary bilen bu mesele boýunça maslahatlaşýarlar. «Dakylmak» däbiniň many-mazmunyna düşünen gelin, öz merhum ýanýoldaşynyň doganlarynyň haýsy hem bolsa biri bilen ikinji gezek nikalaşmaga rugsat berenden soňra, däp-dessur boýunça nika gyýylýar.
Ýanýoldaşy aradan çykan ýaş gelniň ikinji gezek ýat bir ýere durmuşa çykanda yzy bilen alyp barjak çagalarynyň, ýagny birinji nikadan bolan çagalarynyň täze barjak ýerlerinde sygdyrylmazlygy mümkin. «Dakylmak» däbi şunuň ýaly sebäpler bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr.
«Emişdirmek» däbi iki sany ýaş çaganyň bir aýal tarapyndan emdirilmegidir. Sagdyn, çaga emdirmäge mümkinçiligi bolan aýal öz çagasy bilen deň wagtda dünýä inen çagany emdirse, onda ol çagalara «emişenler» diýilýär, ýagny olara bir göwrede bile ýatan doganlar ýaly garalýar. Olara nika düşmeýär, çünki bir enäni emen iki sany çaga jynsyna garamazdan dogan hasaplanýar. Käwagt bu däp heniz mana düşmeýän wagty emdirilen iki sany çaganyň nika ýaşyna ýetip, biri-birine öýlenmeginiň öňüni almakda hem ulanylýar.
«Garşa guda» bolmak däbi boýunça ene-ata ogly üçin guda boljak maşgalasyna öz nika ýaşyna ýeten gyzyny durmuşa çykarmany borç edinýär. Ýöne bu şertde gyýlan nika köplenç durnukly bolmaýar. Sebäbi «garşa guda» bolnandan soňra iki maşgalanyň haýsy birinde düşünişmezlik ýüze çyksa-da onuň iki maşgalanyň hem agzybirligine täsirini ýetirmegi mümkindir. Tersine, munuň iki tarapyň hem agzybirlikde ýaşamagyna sebäp bolmagy-da mümkin. Ene-ata bu borjy ýerine ýetirmezden ozal nikadan geçip täze maşgalany emele getirjek ýaşlara toýdan öňürti biri-birini içgin tanamaga mümkinçilik bermelidir.
Iki gyz doganyň bir maşgala durmuşa çykarylmagy, munda iki sany gyz dogan iki dogana durmuşa çykarylýar. Beýle nikanyň sebäpleri dürli-dürli düşündirilýär. Kim ozal bir maşgaladan öz ogluna gelin alyp, onuň hüý-häsiýetiniň amatlydygy sebäpli şeýle nika razy bolsa, ýene birleri iki doganyň hemişe biri-birine ýakyn bolmagyny isleýär.
Maşgala gurlanda esasy ýigit bilen gyzyň biri-birini sulhy almagy möhümdir. Her hili ýagdaý bolanda-da şu hakykata uly ähmiýet bermek gerek. Ata-babalarymyzyň: «Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna» diýen pähimini hergiz unutmaly däl.
Nika gyýlyp täze maşgala emele gelenden soňra, agzybir, eşretli durmuşda ýaşamak ugrunda yzygiderli aladalanmak bolsa her bir adamyň borjudyr. Täze emele gelen maşgalanyň töweregini gurşap alýan adamlar we bütin jemgyýet onuň bagtyýar maşgala öwrülmegi üçin özüniň gymmatly täsirini ýetirýär.

Çeşmesi: Artyknur Nohurow, Aşgabat Nohurow. Maşgala psihologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat, 2011. Alnan saýty: https://kitaphana.net/book/1361/read. 12.12.2022ý.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Artyknur Nohurow, Aşgabat Nohurow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203