Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:06
Maşgalanyň görnüşleri
MAŞGALANYŇ GÖRNÜŞLERI

1. Döwletli maşgala – bu ene-ata, ogul-gelin we agtyklardan ybarat. Beýle maşgalada ata il içinde abraýly, sylag-hormatly, medeniýetli adam bolýar. Ene hojalykda maslahatçydyr. Maşgalanyň beýleki agzalary hersi öz orunlarynda bolup, öz işleri bilen gümra bolup ýörýärler, gerek ýerinde biri-birine goldaw berip, sylag-hormatda bolýarlar. Atalarynyň sözünden çykman, biri-birine aňsat düşünişip, agzybirlikde ýaşaýarlar. Şunuň ýaly maşgalany görenler maňlaýyna sylýarlar. Döwletli maşgaladan asylly, salyhatly ogul-gyzlar çykýar. Olar maşgala guranlarynda hem öz abraýly ata-enelerinden görelde alýarlar.
2. Adaty doly hojalyk – bu maşgala hem ata-ene, ogul-gelin we agtyklardan ybarat. Atalary lider bolsa-da, az-kem gowşagrak bolany üçin, şeýle maşgalada kähalatlarda onuň agzalarynyň arasynda bir-birege düşünişmezlik ýüze çykýar. Düşünişmezlik ýüze çykanda hem ýaz gününiň ýagşy ýaly derrew geçip gidýär. Şeýle maşgalada her hili çaganyň ýetişmegi mümkin.
3. Agzala maşgala – ene-ata, ogul-gelin we agtyklardan ybarat. Ýöne bu maşgalada «Baş bolmasa göwre läş» diýlişi ýaly, maşgalabaşy gowşak bolýar. Ene-ata, eje-kaka sala salynmaýar, ula hormat-sylag bolmaýar. Maşgala agzalary biri-birine gulak asmaýarlar, agzala bolýarlar. Çala bir zadyň üstünde sene-mene edişip, dawa-jenjel turýar. Bu hili hojalygy görenler: «Bu nähili maşgala, it-eşek ýaly» diýýärler. Maşgaladaky çagalar kime gulak asmalydygyny, kimden görelde almalydygyny bilmeýärler. Beýle maşgaladan köplenç gowy terbiýeli çaga çykmaýar. Emma kähalatlarda maşgaladaky agzalalygy sapak edinip, ondan has ýokary adamkärçilikli adamlaryň-da çykýan wagty bolýar.
4. Doly däl maşgala – är-aýalyň birisiniň dünýäden ötmegi ýa-da olaryň nikasynyň bozulmagy sebäpli doly däl maşgala ýüze çykýar. Beýle maşgalada çagalara hossarlyk edýän eje ýa-da kaka bolýar. Bular ýaly maşgalada ejäniň ýa-da kakanyň çagalary hor etmejek bolup köp wagtyny işde geçirýänligi sebäpli, çaga gözegçilik kemter bolýan ýagdaýlaram bolýar. Käbirleri şeýle ýaşaýşa çydaman durmuşa çykýarlar ýa-da öýlenýärler. Maşgala täze goşulan adam çagalaryň göwnüni tapyp ysnyşsa, maşgala öňküsi ýaly dikelýär. Beýle bolmadyk ýagdaýynda maşgala öňküden hem agyr ýagdaýa düşýär.
Maşgalanyň maşgalabaşysy boýunça görnüşleri
1. Patriarhal maşgala – bu maşgalada maşgalabaşy erkekdir.
2. Matriarhal maşgala – bu maşgalada maşgalabaşy aýaldyr.
3. Egalitar maşgala – bu maşgalada belli bir maşgalabaşy bolmaýar. Ýüze çykýan meseleleri är-aýal öz aralarynda bilelikde çözýärler.
Maşgalanyň çaga sanyna görä görnüşleri
Köp çagaly maşgalada 3 we ondan köp çaga bolýar.
Käbir daşary döwletlerde köpçagalylyk belli bir meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar diýip düşünýärler. Olar maşgalanyň durmuş üpjünçilik ýagdaýlaryny, ylym-bilim terbiýesiniň kynçylyklaryny göz öňünde tutýarlar. Ýöne biziň döwletimizde ylmyň, bilimiň mugtlugy, durmuş üpjünçilik ýagdaýlarynyň halkyň bähbidine çözülýänligi sebäpli, köp çagalylyk kynçylyk döretmeýär. Köp cagaly maşgalalara döwlet tarapyndan maddy kömekler berlip durýar.
Türkmenlerde «Her çaga doglanda öz yrsgaly bilen dünýä inermiş» diýýärler. Köp çagaly maşgalada ene-ata öz iş-aladasy bilen gümra bolsa, uly ýaşly çagalary özünden kiçi jigilerine göz-gulak bolup, olara ýaşyna görä etmeli işini öwredýärler, terbiýe berýärler. Şeýle hojalykda ösýän çagalar köplenç kiçigöwünli, zähmetsöýer, ula-kiçä hormat goýýan adamlar bolup ýetişýärler.
Az çagaly maşgala diýip, bir ýa iki çagaly maşgala aýdylýar. Beýle maşgalada ene-ata öz çagalarynyň bähbidi ugrunda alada edegen bolýar. Şeýle artykmaç alada käbir ýagdaýda çaganyň lälik ösmegine getirýär we olar öz diýenini etdirýän lälik, kesir bolup ýetişýärler. Beýle çagalar özbaşdak durmuşda ýaşanlarynda dürli kynçylyklar duş gelende kösenýärler. Sähelçe bökdençliklerden geçmegi hem başarmaýarlar. Bu ýagdaýa, elbetde, ata-ene günäkär bolýar. Diýmek, gadymy ata-babalarymyz: “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar.
Nesilsiz maşgala. Käbir ýagdaýlarda saglyk ýagdaýy sebäpli är-aýalyň perzendi bolmaýar. Beýle maşgalada är-aýal takdyra kaýyl bolup, biri-birine göwünlik we goldaw berip, agzybir ýaşaýarlarlar ýa-da öz ýakyn hossarlaryndan ogullyk, gyzlyk alyp, şu ýagdaýdan çykalga tapýarlar. Ýene birleri çagasyzlygyna kemsinip, il-arasyna kän bir çykyp bilmän, gaýgy-gussa düşýärler. Munuň özi olaryň dürli kesellere sezewar bolmagyna getirýär. Bu ýagdaýda iň gowy çykalga, ogullyk ýa-da gyzlyk alyp, durmuşda ruhubelent bolup ýaşamaga çalyşmakdyr. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýlişi ýaly, ogullyk ýa-da gyzlyk alýanlaryň soňra çagalarynyň bolýandygyna-da duş gelinýär.
Maşgalanyň ýykgyn edýän kesp-käri boýunça görnüşleri
Ylym-bilim bilen höweslenýän maşgala – beýle maşgalada ylym-bilim esasy maksat bolup durýar. Maşgala agzalarynyň hemmesi diýen ýaly sowatly bolýar. Gazet-žurnallary okaýarlar, radio diňleýärler, telewizora seredip, dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýarlar, wagtynyň köpüsini okamak, görmek, eşitmek bilen geçirýärler. Şeýle maşgalaryň köplenç gözýetimi giň bolýar.
Sport bilen höweslenýän maşgala – bu hili maşgala agzalarynyň hemmesi diýen ýaly sport bilen meşgullanýarlar. Olaryň esasy bileni-biteni sport bolýar. Sportuň üsti bilen keşbini gowulamak, ruhubelent, sagdyn bolmak, ömrüňi uzaltmak esasy maksat bolup durýar. Olar köp wagtyny sporta sarp edýärler. Sport üstünlikleri olaryň baş buýsançlary bolýar.
Aýdym-saz bilen höweslenýän maşgala – bu hili maşgalanyň agzalarynyň hemmesi diýen ýaly aýdym-saz bilen meşgullanýarlar. Bular aýdym-sazyň üsti bilen öz mümkinçiliklerini, başarnyklaryny, zehinini açyp görkezmäge çalyşýarlar. Dogabitdi aýdym-saza bolan zehinini-ukybyny artdyryp, öz asylly maksatlaryna ýetip, halky guwandyryp, durmuşda öz ornuny tapýarlar.
Tehnika bilen höweslenýän maşgala – bu hili maşgala agzalarynyň hemmesi diýen ýaly tehnika bilen gyzyklanýarlar. Çagalar-da eje-kakasyndan gylaw alyp, ýaşlykdan tehnika bilen meşgullanmaga höwesli bolýarlar. Fizikany, matematikany düýpli öwrenip, tehnika bilen gyzyklanyp, şol ugurdan ýokary hünärli adamlar bolup ýetişýärler.
Çeperçilik bilen höweslenýän maşgala – şeýle maşgala agzalarynyň hemmesi diýen ýaly suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk bilen meşgullanýarlar. Bularda tebigy taýdan şu ugurlara bolan ukyp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen olar şol ukyplaryny ösdürip, öz ugurlaryndan tanymal adamlar bolup ýetişýärler.
Harby iş bilen höweslenýän maşgala – bu hili maşgala agzalary harby hünärleri saýlap alýarlar. Olaryň berk bedenli, bilimli-sowatly bolmak, harby gullukda üstünlik gazanmak höwesi hemme zatdan ýokarda durýar.
Medisina, biologiýa bilen höweslenýän maşgala – bu hili maşgala agzalary lukmançylyga, biologiýa ylymlaryna ýykgyn edýärler. Olar belli lukmanlar, alymlar bolup ýetişýärler.
Bulardan başga-da taryh, edebiýat, himiýa, astronomiýa, geografiýa, metereologiýa, psihologiýa, geologiýa, daýhançylyk, maldarçylyk ýaly dürli ugurlar bilen meşgul bolýan, bu ugurlara ýykgyn edýän maşgalalar köpdür. «Ata kesbi – ogla halal» diýlişi ýaly, köp halatlarda maşgalada ene-atanyň görüm-göreldesine eýerilýär.
Ýokarda agzalan maşgalalaryň 1 böleginiň ýykgyn edýän ugurlary nesilden-nesle geçýän bolsa, käbir maşgalalarda önüp-ösýän çagalaryň hünär-kesp saýlamagyna kiçilikden haýsydyr bir tötänlik ýa-da ýoldaşlarynyň, mugallymlaryň, ene-atanyň bir ugra höweslendirmegi sebäp bolýar.
Maşgalanyň durmuş tejribesi boýunça bölünişi
Durmuş tejribesi az maşgala – muňa ýaş çatynjalardan başlap, birnäçe çagaly maşgalalar degişlidir. Olaryň aglabasy psihologik gapma-garşylyklardan üstün çykyp ýaşap ýörenlerdir.
Durmuş tejribesi ýetik maşgala – şeýle maşgalanyň eýesi bolan är-aýalyň çagalary ýetişip, okap, işläp ýören, hatda käsi agtykly hem bolýar. Bu ene-atalar köp zatlary başdan geçirip, öz ýalňyşlyklaryny, kemçiliklerini çagalary gaýtalamaz ýaly öwüt-nesihatyň üsti bilen olara ýol görkezýärler. Öz durmuş tejribelerini nesillerine nusga etmäge çalyşýarlar.
Ýokary tejribeli maşgala – bu gartaşyp, garrap agtyk-çowluk gören adamlaryň maşgalasydyr. Olar öz agtyk-çowluklary bilen bile bolýarlar. Ýakyn maslahatçy bolup, maşgalanyň agzybirligini saklaýarlar.
Maşgalanyň ýaş tapawudy boýunça görnüşleri:
- örän ýaş maşgala – 1ýyldan 4 ýyla çenli bilelikde ýaşaşanlaryň maşgalasy;
- ýaş maşgala – 5 ýyldan 9 ýyla çenli ýaşaşanlaryň maşgalasy;
- orta ýaşly maşgala – 10 ýyldan 19 ýyla çenli ýaşaşanlaryň maşgalasy;
- uly ýaşly maşgala – 20 ýyldan köp ýaşaşanlaryň maşgalasy.
Maşgalanyň köpçülige goşulyşy boýunça bölünişi
Ile-güne az gatyşýan maşgala – bu hili maşgala töweregi bilen känbir aragatnaşyk saklamaýar. Olar köpçülige goşulmany halamaýarlar.
Ile-güne goşulyşýan maşgala – olar töweregi bilen aragatnaşykda bolup, ýakyn-ýatlar, goňşular bilen ysnyşykly gatnaşýarlar, toý-tomaşaçy bolýarlar.
Maşgalanyň gazanjyň sarp edilişine görä bölünişi
Baýlyga gyzýan maşgala – bu hili maşgala bol-elinlikde, diňe özüni bilip, emläk toplamagyň aladasy bilen ýaşaýar. Olar her bir zatdan diňe gazanç etmegiň ýollaryny gözleýärler.
Şu güni bilen ýaşaýan maşgala – bular maýa toplaman, gazananlaryny sowup, birjik-de ertesi hakynda pikirlenmeýärler.
Adaty maşgala – bular gazananyny ýagdaýa görä harç edip, oňat ýaşaýarlar, niýet etdigine görä hojalygynda maýa saklaýarlar.
Maşgalanyň ýaşaýan ýerine görä bölünişi
Şäherli maşgala – beýle maşgalada köplenç çaga sany azrak bolýar. Şäherli adamlaryň öz çagalaryny döwrebap çagalar bagyna, ýöriteleşen mekdeplere gatnatmaga, sport, saz we beýleki ugurlar boýunça okatmaga mümkinçiligi artykmaçdyr.
Obada ýaşaýan maşgalalar – beýle maşgalalarda uly adamlar ekin-dikin, mal-gara bilen meşgul bolýarlar. Ýaşlar mekdepden soň öz ukubyna görä ene-atasyna kömek berýärler. Maşgala agzalary fiziki zähmete werdiş bolýarlar we halal zähmetiň hözirini görýärler.
Maşgalalaryň bilim-sowat derejesi boýunça bölünişi
Daşary ýurtly maşgala psihologlary döwrebap maşgalalary bilim-sowat derejesi boýunça 3 topara bölýärler:
1. Bilim-sowady pes derejeli maşgala. Şeýle maşgalada är-aýalyň ikisi hem kitap, ylym, edebiýat-sungat bilen gyzyklanmaýarlar. Olaryň gündelik işi, kesp-käri hem munuň bilen bagly däldir. Emma olar şonda-da teleýaýlymlara tomaşa etmek arkaly ýurduň, dünýäniň ösüşi, medeni durmuşy bilen tanyşýarlar. Ogul-gyzlarynyň okuwa ýetişigi barada gyzyklanmasalar-da, geljekde dogruçyl, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýarlar.
2. Bilim-sowady orta derejeli maşgala. Şeýle maşgalada är-aýalyň işi, hünär-kesbi doly bolmasa-da bilim-sowat bilen baglanyşyklydyr. Olar adatça, çeper, ylmy häsiýetli kitaplary, gazet-žurnallary okamagy halaýarlar. Çagalarynyň okuwa ýetişigi, olaryň geljekki saýlap aljak hünärleri barada gyzyklanýarlar.
3. Bilim-sowady ýokary derejeli maşgala. Bu ýokary bilimli, işi, kesp-käri ylym-bilim bilen baglanyşykly är-aýalyň maşgalasydyr. Şeýle maşgalada her gün öýde ylym-bilim, edebiýat-sungat barada söhbet edilýär. Çagalarynyň gündelik okuwa ýetişigi, özleri ýaly öňdebaryjy, ylymly-bilimli, medeniýetli adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalanýarlar.

Çeşmesi: Artyknur Nohurow, Aşgabat Nohurow. Maşgala psihologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat, 2011. Alnan saýty: https://kitaphana.net/book/1361/read. 12.12.2022ý.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Aşgabat Nohurow, Artyknur Nohurow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203