Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:01
Guşlar erkinligi küýsän mahaly
GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY

Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin.

Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy,
Şugünlik howlukma barjak ýeriňe.
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp,
özün
taşlar zemine.)

Bahar gelse her kim owadan bolýar,
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç.
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar,
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç.

Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.)

Owarram,
şat ýüzüň solmasyn mydam,
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz,
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap,
Oturmagyň hyýalyny gursak biz.

…Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly
pikirlerimden men ozjak bolýaryn.
Men bir ala-samsyk, köplüge giren,
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn.

© Begençgeldi ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 147 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 02:59, 10.01.2023
Bahar gelerine howlukýan fewral.
Guşlara görünjek bolup ýeňse saçyn ösdürýän jalaý baglar.
bu zatlary görüp-duýup bilmek alasamsygyň iş-ä däl.
goşgyňy arkaýyn ýaz, köpräk ýaz, Begençgeldi...
üstünlik!
avatar
1
2 Pero • 09:49, 10.01.2023
Ýiti synçylyk bar. Diñe synçylygam ýeterlik däl,añladyp bilmek bar.

Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin." hawaaa düşünýän ahwalyña eý adam,juda gowy düşünýän...
avatar
1
3 Pero • 09:52, 10.01.2023
Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.): düşünýän eý adam,saña düşünýän...
avatar
0
4 sussupessimist • 23:34, 19.11.2023
Gowy goşgy. Köwşüň suw geçirmegi - poeziyany poeziya edyän zat.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203