Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:21
"Men uçmak isledim.."

"MEN UÇMAK ISLEDIM.."

"Guşlaryñ gaýyşy içimi ýakýar"

Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum,
Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,
Oýlamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soñ, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup, özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüñ bermäň - peýda näme, haýyr nä?
On bäş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar
Köçe syrýan daýzalara ezýetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup "Ýeriň dartyş güýjünden".
Men uçmak isledim,
tussagdym emma
Ömürboýy atmosferaň içinde.

© Begençgeldi ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 245 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.8/11
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
1
1 Mekan • 11:39, 08.01.2023
Gowy. Haladym.

Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar

"Çöl tapmadyga" "çöle çykman" diyen manydarak bolsa näderdi
avatar
1
2 Medicall • 17:16, 08.01.2023
Meñ pikirimçä "çöl tapmadyk mežnunlar" gowja tapyndy, belki Begençgeldiñ özi ylalaşar siz bilen))
avatar
2
3 Medicall • 17:21, 08.01.2023
Çöl tapylar, ýürek edip çöle çykjak mežnun tapylmaz bu asyrda.
Gowy ýazýa şul awtor, özboluşly goşgulary bar
avatar
2
4 Medicall • 17:54, 08.01.2023
SEN GIDEŇSOÑ, ŞU ŞÄHERDE...

Sen gideñsoň, şu şäherde
galasym gelmedi
meňem.
Galmady öňküligim –
Üsti-başym eleşan,
Başdan aşak goşgy,
Saçlarym dagynyk,
ýüzümde gamgyn nyşan.
Ellerim jübimde,
Ýeke özüm ygyp ýörün
köçede.
Ýolda duşsaň tanamarsyň.

Gyş sowulmady…
Köçeler dym-dyrs,
Guşlar entek dolanmady.
Adamlary howlukmaç bu şäheriň.
Teatrlar boş,
Köpçülik duralgalar…
Gün-güzeran gaýgysy.
Bir men işsiz entäp ýören,
Gören zadym ýazyp ýörün.

…Bilseň, şo gün sen gideňde
Çak edenim çykmady.
Ne zaryn saz çaldy,
Ne gök titredi.
Taşlap gitdiň “sessizligi”
Ýüregim törüne.
Şindem işsiz,
Hiňlenere
aýdym gözläp ýörün, ine.

© Begençgeldi ORAZOW
avatar
1
5 Pero • 11:28, 09.01.2023
Begençgeldi Orazowyñ goşgularyny okap,ör turdum we el çarpdym hasap ediñ! Ýene eserlerine garaşýas!
avatar
1
6 Pero • 11:31, 09.01.2023
Ýene bir gezek BRAWO
avatar
1
7 Мango • 12:50, 09.01.2023
Maňa lezzet berýän sary ýapraklar
Köçe syrýan daýzalara ezýetdi

maňa ýokarsy setirlerem hezil berdi.
@Peroň yzyndan menem ýerimden turup çapak çaldy hasaplaň.
avatar
1
8 Мango • 12:56, 09.01.2023
Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup "Ýeriň dartyş güýjünden".
Men uçmak isledim,
tussagdym emma
Ömürboýy atmosferaň içinde.

ajap jemleme Mark Şagalyň asmanda el tutuşyp uçup ýören jübütlerini ýada saldy.
avatar
2
9 Hydyr • 14:00, 09.01.2023
Berekella! Täzeçe owaz, Gurbannazary gaýtalamak däl. Birhili Bapbany ýatladýar. Alla uzak ömür bersin.
avatar
1
10 Мango • 15:16, 09.01.2023
bu goşgyny aýratyn temada açaýdym, garşy bolmarsyň-a.
avatar
0
11 Medicall • 16:32, 09.01.2023
Oñarypsyñyz, sagboluñ!
avatar
1
12 Medicall • 16:35, 09.01.2023
Düýnden bäri Begençgeldi bilen Mätgurbana bir özüm çapak çalyp ýadadym(!)
avatar
1
13 Pero • 19:38, 09.01.2023
avatar
0
14 Saryýew • 20:29, 04.05.2023
.
avatar
0
15 Saryýew • 20:34, 04.05.2023
.
avatar
0
16 Мango • 22:43, 04.05.2023
seň (.) diýýäniňem dogry.
ýöne, şeýle-de (:) bolup bilermikä diýýän, ýa-da (...).
avatar
0
17 Medicall • 12:54, 17.12.2023
şu wagt elime sms geldi: - Begençgeldi barmy şotaýdaaa"
Jogap ýazdym: -goşgusa baaaa
Ol ýazýa: -biýäään, agza bolup bilemook, begençgeldi gelse aýdaa.

Begençgeldi Orazow bilen bir uniwerde okapdyrlar (ýazýan balkanly, garaşýarlar täze goşgularyny okamaga.)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203