14:49 Gümürtik | |
GÜMÜRTIK Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin, Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap - pikrin etmerin. Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň, Men kowýan guşlary günorta tarap. Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň Gussasyny ölçeýärin sönmedik çyralaryndan. Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan jesedini ýygnaýaryn ýodalaň gyralaryndan. Säher ýollaň çyralarny söndürýän, Oýarýan ukusyz awtobuslary Hem çekip bulutlaň şekillerini, Ýüp bilen berkidip, göge asmaly. Soň, şäheriň adamlary irende, Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän. Gün doganda, duralgalaň birinde Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän kimdir birine... ...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men, Seni gujaklamda aglasym gelýär. Özümi ugradyp başga ýerlere, Menin seniň bilen galasym gelýär. © Begençgeldi ORAZOW Çeşme:biz.islenen.ru | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |