Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:36
Uzak ýaýlada enäniň agysy

UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ AGYSY

Duşman ýesir aldy hyýallarymyzy,
Gerek bolany üçin däl ýöne.

Elden aldy bagtly çagalygymyzy,
Bagt isleýäni üçin däl ýöne.

Bütin şäher içre gopdy harasat,
Şemal öwüsýäni üçin däl ýöne.

Emma munda dymýar ähli adamzat,
Lal bolany üçin däl ýöne.

Bäbekler çyrlaýar ah-u nalaly
Bäbek bolany üçin däl ýöne.

Gundaglar öwüsýär al-gyrmyzy,
Asyl reňki bolany üçin däl ýöne.

Ýüreklerimiziň gaçdy ysgyny,
Söýgüden ýananymyz üçin däl ýöne.

Undulan şäherde her öý tüsseli,
Gyzgyn nahar bişýäni üçin däl ýöne.

Ene zaryn... üwreýär öz balasyn,
Hüwdi däl ýöne.

Şu zatlary gören haýsy göz aglamasyn,
Aglamak üçin diňe göz gerek däl ýöne.

© Begençgeldi ORAZOW

Surat: Pablo PIKASSO. Ene we çaga (Enelik). Fragment.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 168 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 00:42, 20.01.2023
Begençgeldiden güýçli ses.
"Aglamak üçin diňe göz gerek däl ýöne".
avatar
0
2 Мango • 00:46, 20.01.2023
Ýunus Emrede bar eken şeýle söz:
Göz odur ki Haky görer, gündiz gören göz däldir.

her bir görýän göze göz diýip bolanok eken-dä....
Begençgeldem owadan, dogry we gowy diýipdir:
Şu zatlary gören haýsy göz aglamasyn,
Aglamak üçin diňe göz gerek däl ýöne.
avatar
0
3 Mekan • 22:59, 20.01.2023
Gowy.
avatar
0
4 Mekan • 23:01, 20.01.2023
Ezizowyñ setirini epigraf etmeli ken. Hemme kişi bilýändirem weli, onda da
avatar
0
5 Seýrаn • 13:34, 30.01.2024
Aglamak ucin hoknan gozden yash akmalymy -diyen goshga kakanokmy?
Ady "Uzak yaylada enanin huwdusine" menzanokmy?
avatar
0
6 hanturebs • 13:43, 30.01.2024
"Undulan şäherde her öý tüsseli,
Gyzgyn nahar bişýäni üçin däl ýöne."

Şu ýerde: "Gyzgyn nahar bişýäni üçin däl ýönä" derek, "Ojak atarlany üçin däl ýöne" diýilse, has gelişjek ýalymy nämemi? Gyzgyn naharam erbet däl welin, häzirki döwür myşleniýasy "nahar diňe öňki döwürlerdäki ýaly tüsseledilip bişirlenok" diýip ynjalyk berýär. Ýene-de ilçilikde "ojak atarmak" toýçylyk bilen baglanşykly düşünje bolansoň, bu-da aýdyljak bolýan pikiriň garşydaş meňzetmesi bolup, goşgyň şu ýerine has jap otyrýan ýaly.
avatar
0
7 Küle • 17:00, 30.01.2024
Öňki durşy has mantykly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203