Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:03
19

19

Oýar meni,
Saçyň reňki goýalýar.
Garagym garalýar, agýar kölegäm.
Ahyr, şar gara gan syçraýar ýere,
diwara, penjirä, portretlere.
Basymrak oýar.

Çagyr meni!
Sesiň - çagalar bagy.
Irki sesiň bilen giňesin törüm.
Iki eliň bilen jemle durkumy,
Bitewi bir mana eýe däl ýüzüm.

Gora meni, haýbatyndan aýatlaň,
Kör gijäň gözünden, şerinden aýa.
Garaňky düşmänkä çykmaly öýden,
Ýogsa bu gijeden çykyş ýok daňa.

...Çyksam, ertir
gün doganda, sagaman.
Saçyňdaky öwüşgini ýygşyrma!
Saňa berjek aýamdaky ýyldyzy.

© Begençgeldi ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 167 | Mowzugy paýlaşan: begenc | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.7/12
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 sussupessimist • 10:11, 30.03.2024
Suraty - Nisşäň belli aýtgysyna illýustrasiýa bolupdyr.
«Кто сражается с чудовищами, тому следует остерегаться, чтобы самому при этом не стать чудовищем. И если ты долго смотришь в бездну, то бездна тоже смотрит в тебя»...

Goşgy ajap. Ritmi, temasy, kontrastlar. R sesiniň oýny. Deňagramlylyga, ruhy balansa hantamalyk (Iki eliň bilen jemle durkumy, Bitewi bir mana eýe däl ýüzüm.)
avatar
0
2 Мango • 10:46, 30.03.2024
birinji bentde черно-белый düýş kelläme geldi.
(goýalýan saç reňki, garalýan garak, şar gara gan)

---

ikinji bentde salwador daliň sürrealistik, eräp-akyp ýatan suraty kellä geldi. bu setirler ajap!:

Iki eliň bilen jemle durkumy,
Bitewi bir mana eýe däl ýüzüm.


----
Bu setirler, hasam "eziz obam, gitmen senden" soň, beter kellämde ýaňlanyp durjaga meňzeýär...

Garaňky düşmänkä çykmaly öýden
Garaňky düşmänkä çykmaly öýden
Çykmaly öýden
Garaňky düşmänkä
Öýden
Çykmaly...

---
dördünji bende gahrymanyň aýasyndaky ýyldyz gijeden ogurlanan ýaly göründi... :-)

...Çyksam, ertir
gün doganda, sagaman.
....
Saňa berjek aýamdaky ýyldyzy.

---
19....
bu ne san diýip durmaýyn, belki "on dokuz..."däldir-de "müň dokuz ýüz..."-dir?

ýyzzyla basýan, näme üçin basanymy bilmesemem.
avatar
0
3 Mekan2 • 10:50, 30.03.2024
goşgam 19 setir eken
avatar
0
4 aygull • 11:51, 30.03.2024
Bir kitaplyk mazmun. Başarsaň, kino düşür.
Okaňda dünýäň düňderilyär. Ýazaňda nähili bolansyñ, Begenç jan...
avatar
0
5 Merdan • 11:56, 30.03.2024
Gowy gowy
avatar
1
6 Merdan • 12:00, 30.03.2024
Ýöne çenden aşa öwmäñ. Öwhä-öwlik gowylygq eltmez. Sizi Nurdan mugallyma aýdaryn ýogsam. Men
avatar
1
7 Merdan • 12:01, 30.03.2024
Men o mekdepden bu mekdebe täze gelen okywçy diyjek boldymlaý. Tahýam znaçogym, galstugym ýerimde. Parta çyzamok. Heniz mugallymyñ öñinde sözim geçýänçi :-)))
avatar
0
8 Aýgül_Baýadowa • 12:42, 30.03.2024
Çendenaşalyk nirede?! Men-ä laýyk sözem tapamok Begenç jan bilen Nejep bege...
avatar
0
9 derwushhana • 14:32, 30.03.2024
Türkmen poeziýasy tûweleme kem oturanok. Oglanlara tüweleme diýmeli.
avatar
0
10 hanturebs • 15:11, 30.03.2024
Öwgüsä ýetipdir welin, ýüzlenilen temasy nämeka bu goşgynyň? (Hamala diňe men türkmen däl ýaly boldy özä)
avatar
0
11 Küle • 17:44, 30.03.2024
Begenjiň "*" goşgusynyň dowamy bolupdyr. Özem bar içinde.
avatar
1
12 Şyhyýew • 17:51, 30.03.2024
Ýoldaşlaryndan saýlanýan oglan-gyzlar bardy. Şuwagtam bardyr. Kimi aşyk oýnasa, olar gidip kumar oýnardylar, kimi sapaklaryna ýetişmek üçin kitap okasa, olar Kuran okaýardylar. Begençgeldide-de şeýle meňzetme görýän. Biz (şu saýtdaky eline galam alýanlar) bir zatlar çyrşap ýörendiris, Begam bolsa dagdan-daşdan melhmemlik ot-çöp gözläp, tapyp ýören goja mysaly. Derdiňiz barmaga batan diken diýýän ýaly.

Öwmek gerekmi? Diniň reklama mätäç bolmaýşy ýaly, bu tüýsli goşgularam hiçzada mätäçlik duýanok. Emma düşünmek üçin awtory tanamalymyka diýýän. Ýene köp zatlar aýdasym gelýä goşgulary barada, awtoruň özi barada. Ýöne nämüçindir saklanýan.
avatar
0
13 Medicall • 20:44, 30.03.2024
Merdany starosta saýlaýas onna, Aýgül:)
avatar
0
14 aygull • 23:04, 30.03.2024
Nurdan, entek 5-likçimi, dälmi, gör ahyry))
avatar
0
15 Medicall • 01:36, 31.03.2024
Ahyr şar gara ganyñ ýere syçramagy - gijelik özä, garañkylyk

soñ çagalygynyñ çakylygyndan soñ
Iki eli bilen ýüzi ýygnap bir durka getirmek. (bu ýerde-de uly many bardygy duýulýa-da emmaki düşünmek maña kyn bolubbaty)

"Kör gijäň gözünden, şerinden aýa.
Garaňky düşmänkä çykmaly öýden,
Ýogsa bu gijeden çykyş ýok daňa."

Felak surasyny ýatlatdy nämüçindir (belki "gijeden" Felaky okap çykmalydyr?!
(düşünişim ýalñyş bolup biler, awtor asyl başga manyda aýdandyr múmkin)

"Saña berjek aýamdaky ýyldyzy"
Tutuş gijäni ýyldyz goparmak üçin asmanda geçirdimi Begençgeldi?!

Ýa bu ýene bir * bir ýyldyzly goşgusyndaky: "Gijeden bir ýyldyz goparyp beriñ" diýeniniñ dowamy bolup, goparyp berdilermi sargan ýyldyzyny aýasyna?..

19 ýönekeý belgiýa däl, belki... belki... belki..

Haladym, bir ýyldyzy oña berse bäş ýyldyz Begençgeldä mendenem
avatar

Старая форма входа
Total users: 202