Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:59
Gyşdan soň...
GYŞDAN SOŇ...

Gyşdan soň bahar bar, baharyň soňy,
Bary bir gün, ýaşap geçýär kebelek.
Men welin bir günem ýaşamok heniz,
Ýaşym bolsa ýigrim dört ýyl tegelek.

Durmuş meňki, ömür meňki bolsa-da,
Şunça ýylyň bir güni hem meňki däl.
Satyn alan goşgy kitabym ýaly,
Kitap meňki; bir goşgusam meňki däl.

Dem almaklyk ýaşadyk däl sebäbi,
Düşünmeseň ýaşaýyşyň maňzyna.
Juda rahat, ýaşap ýörin keýpine,
Ruhdan düşmän, düşüp dünýäň yzyna.

Käte şu rahatlyk birahat edýär,
Gözlän wagtym ýitirmedik zadymy.
Hem bilemok, gözläp ýörün nämäni:
Yşk, many, pikir…ýa “adam” adyny?

Ýetir meni! Meni, ýary Ýaradan!
Gözleýänme, ýardam goluň uzat-da!
Gözleýänmi ömür boýy tapmasam,
Diýmek menden bir ömürlik uzakda.

***

Yssy bakan,
Gözlerňe aşyk bolup,
Kölegesiz,
Sözleriňi söýdüm men.
Seni has öň tapyp bilmänim üçin,
Kän gezekler öz-özüme sögdüm men.

Meňki boljagyňy şol gün aňypdym,
Haýaljak gelýärkäň alowarradan.
Çünki diňe özüň däl,
Kölegäň hem owadan.

***

Bu kirli dünýäniň,
Döwük eken petlesi.
Seň dury söýgiňe düşündim eje,
Ulalan günümiň ertesi.

Aglap-aglap julk boldy kalbym,
Nädip çydamaly,
Ýürek daş däl, süňk däl?!
Gözüne basyp birin-birin,
Ar alasym gelýar agladanlardan,
Bu hem ýüregme jüňk däl.

***

Sen bilýänsiň suratkeş gyz,
Reňkleriň häsiýetini,
Kölegesin küýzäniň,
Gyşyň aňzagyny,
Bilýäň, güýz almasynyň
Haçan güýzänin.

Bilýänsiň martyň sähel sowukdygyn,
Simabyň suwukdygyn,
Dünýäniň ýalandygyn,
Ýüregmiň ýanandygyn,
Ýöne sen bilýän dälsiň,
Seni neneň söýýänligim.

***

“Döşi gapak ýaly ýigit çyksadym”
Diýip arzuw edýänim düýndi.
Ýaşym heniz yigrim sekizde,
Ýaşamakdan sütünim süýndi.

Şunça kelle döwjek bolýan,
Gaýta kelle kül-pagyş.
Içimde çal bulutly bir dymyk howa,
Eýýäm näçe aýlap ýaganok ýagyş.

Sowuk urdy ýaňy gülläp,
Miwä duran pikirlermi,
Agym tutýar gynansam çala
Çünki ruhum,
Gypjynyp dur sähel zada,
Endam-janym persala.

Aýraçylyk, şowsuzlyklar…
Iň ýigrenýän aýdymymy hiňlenip,
Diň salýaryn böwrüme,
Ş-o-o-l garaşyp otyryn bir gowy güne.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21598-.html. 09.12.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 74 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 15:01, 09.12.2022
gowy goşgular. haladym.
göwnüme Musa Ýusup türkmen mekdebiniň täsirinden uzak galypdyr. bir hili erkin, del pikirler, geň deňeşdirmeler...
esasam goşga agram salynmadyk, goşgyny goşgy etjek bolup zorlanmadyk...
bu gowy.
---
...bir gün, ýaşap geçýär kebelek.
Men welin bir günem ýaşamok heniz,
Ýaşym bolsa ýigrim dört ...tegelek.
---
Durmuş meňki (ýöne) ...bir güni hem meňki däl.
Kitap meňki; bir goşgusam meňki däl.
---
...şu rahatlyk birahat edýär.
---
Içimde çal bulutly bir dymyk howa,
Eýýäm näçe aýlap ýaganok ýagyş.
---
Sowuk urdy ýaňy gülläp,
Miwä duran pikirlermi,
---
hezil etdim.
ýene-de göwnüme Musa ýurt daşynda ýaly...
ýa-da göwnüme.

Aýraçylyk, şowsuzlyklar
Iň ýigrenýän aýdymymy hiňlenip,
Diň salýaryn böwrüme,
Ş-o-o-l garaşyp otyryn bir gowy güne.
avatar
0
2 Kyyas • 17:55, 09.12.2022
Bah, sadadan çeper bezelipdir. Gaty gowy goşgular
avatar

Старая форма входа
Total users: 203