11:53 Tbilisi | |
TBILISI I Saňa meň göwnüm gitdi Tbilisi, Köp zat öwretdiň özüň elin! Ýaşap giden ýaly men, elli ýyl öň bu şäherde, Ýaşym otuza-da ýetenok welin. Meňzejek bolýan özümçe, Köprüleňden kän geçen, Lermontowa, Dýuma, Tolstoýa, Puşkine... Tukatlygma seretme, Gelnimden, gyzymdan aýra bolanym üçin, İçimde dur, Sähelçe kine. Näçe agyr günde bolsamam, Aýdyma hiňlenip her ýeriňe aýlanýan. Ýanýodalarňa, Kän derdimi gowzatdym. Buýsançly köne köçeleňde, Ýaşlygymy owratdym. II Marjinaşwili, Rustaweli şaýollaň, Utanjaň hem owadan, Ýaňy sähedi bellenen gyz ýaly. Elim jübimde aglap barýarkam, Ýagyş damjalary göwünlik berip, Begendirýär yz ýany. Tebigatyň gepleşigi, Salkyn howa, hozlar, guşlar, çynarlar... Asyrlaryň sepleşigi, Her gala, her bina, her öý. Sadalyk kükeýär üsti-başyňdan, Adamlaryň ýönekeý. Menden altyn ýasadyň, Eredip misi. Saňa meň göwnüm gitdi, Gadymy, dagly Tbilisi! /maý, 2020. Tbilisi, (pandemiýa) © Musa ÝUSUP | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
0
0
| |