Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:27
Musa Ýusubyň goşgulary
MUSA ÝUSUBYŇ GOŞGULARY

Ruhuň joşup dursa,
Guraklykda-da,
Edil Nil ýaly.
Ýöne ýürek gugaryp galdy.
Çernobil ýaly.

Göçüp gitdi,
Ýa-da gaçyp gitdi,
Ýüregimden adamlar.
Häzir hiç kimem menden üýtgeşikdir öýdemok.
(Çünki, kitap, galam,
Indi köp öýde ýok.)

Onsaň haý-höwese,
Kynçylyklara…
Kän aýdymmy ogurlatdym.
Meň şeýle uly maksatlam bardy,
Hemmesini owratdym.
Biri galdy.

***

Meňzäp barýar soňky döwür goşgular,
Otluda satylýan hilsiz haryda.
“Kapyýa bar”, “gussa bar”, bar-bar bagyrsam,
Belki çykar iki-ýeke hyrydar.

Aşa köp goşgudan aşa düşemsoň,
Az ýazmagy edinsedim ýörelge-
Ýatlamalar hesretimi dürtgüçläp,
Zol ýapsa-da gyzyp duran ýüregme.

Guzyjygyň diri soýulşy deýin,
Jan alýan bolsa-da söýgüň gussasy.
Bildirmejek borun lowlap ýansamam,
Bolmaýşy deý ojar oduň tüssesi.

Gaýta täsin-ähli dertleň tersine,
Söýgümi bukdukça hasam ýeňleýän.
…Söýgäm bildiriş däl ýyrtylyp gidýän,
Şäherlerde her duralga ýelmenýän.

***

Ilkinji söýgüme
Söz aýdyp bilmän,
Ýedi ýyllap,
Daşyndan guwanyp ýörşüm ýaly.
Watanym, saňa ne söz aýdyp,
Ne-de bir söz ýazyp bilýän.
Ömür boýy her ýerde,
Daşyňdan guwanyp gezerin.

Dymmak iň gowy zat söýgüde,
Sözlemleri ýürege gömmek...
Bilýän, maňa düşünersiň,
Düşünşiň dek müňlerçesine
Menden öň.

***

Ýa sen gözelleşýäň wagt geçdigiçe,
Gyzgyn gül reňdäki türkmen haly deý.
Ýa-da düşümjämde çuňlaşýaň her gün,
Pyragynyň şygryndaky many deý.

Uly hyýallarmy gürrüň berýärkäm,
Sözüm bölüp, gözleň bilen gürleýäň.
Örüm saçlaryňda edep görünýär,
Hem mele gözleňde türkmen terbiýäň.

***

Gel, dostum!
Bu sessizligi paylaşalim,
Sen talip ol yarisina,
ben yarisina.
Karanligi melhem diye sürelim,
Kalplerin yarasine.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21587-.html. 08.12.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:38, 08.12.2022
gowy goşgular eken.
ýasamalykdan (bezemenlikden) daş. tebigy.

…Söýgem bildiriş däl ýyrtylyp gidýän,
Şäherlerde her duralga ýelmenýän.

-diýensoň, yzyndaky söýgi baradaky goşguda (watana söýgi) şol prinsipine ikilik etmeýär, ýagny "söýgüsini bildiriş edip duralgalara asmaýar".

Dymmak iň gowy zat söýgüde,
Sözlemleri ýürege gömmek...

nähili pikir edýän bolsa, şoň ýalam ýazýan eken.
haladym ady, familiýasy pygamberler bilen atdaş Musa Ýusup kakany.
zatlaryny okatsa, okabermeli zatlary bar eken.
berekella.
avatar
0
2 Medicall • 13:53, 08.12.2022
".. Kän aýdymmy ogurlatdym.
Meň şeýle uly maksatlam bardy,
Hemmesini owratdym.
Biri galdy."

"- menem,, mende-de şeýle.. " diýesim geldi..

Gowy ýazýan eken, haladym, paýlaşyp duruñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203