Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:02
Ýazasym gelenok


Duýgular goşgy ýaz diýip,
Zol yrsaraýar.
Kellede sowuk pikirler gar deý syraýar,
İçimdäki "men" bolsa,
Şahyrsyraýar.

Ýok, han ogul,
Hetdiňi bil, wagt kän entek!
Hazir ruhuň agsak,
Galamyň peltek.

Tutup bileňok mäkäm,
Içiňdäki içýany.
Aňzak pikirleri eredenok ýüregiň.
Sebäbi, ýanýar ol alys obada,
Gazy haýal barýan peç ýaly.

Arman, howluda güýz bar, çyg çeken baglar...
Oktýabr!
Bolmasa ýazmazdym,
Irden ýagyş ýagdy, häzir ikindi.
Goňşulara nana çagyrja,
Gidip barýan täze gelin dek,
Guşlaryň sesleri şaňňyrdaýar daşarda.

Nähili bolýar?!
...Ýa maňa hemme zat aýan,
Ýa men bu dünýäden ýadyrgaýan.

31.10.22

© Musa ÝUSUP
Bölümler: Goşgular | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Kerep | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
0
1 Kerep • 11:11, 16.12.2023
Kafe gel diýdiler, kofe içmäne geldim!
avatar
0
2 Kyyas • 11:40, 16.12.2023
Hoş gelipsiñiz!
Goşgy welin pikir etdirdi...
avatar
0
3 Medicall • 11:49, 16.12.2023
Hoş geldiňiz! gowy esrleriňize uly höwes bilen garaşýarys!
avatar
0
4 Мango • 12:17, 16.12.2023
hoş geldiň Musa Ýusup.
---
Gonşulara nana çagyrja,
Gidip barýan täze gelin dek,
Guşlaryň sesleri şaňňyrdaýar daşarda.

sorag.
"guşlaryň sesleri şaňňyrdany" üçin özüňi "täze gelin dek" duýýäňmy? ýa-da özüňi "täze gelin dek" duýanyň üçin "daşarda guşlar şaňňyrdaýamy"?

ýatlama.
mümkin bolsa "İ" ýerine "I" ulanaýda.

goşgyňa 5 ýyzzyl.
avatar
0
5 Kerep • 13:04, 16.12.2023
Guşlaryň bagda şaňňyrdamagy (jürküldemekleri däl) täze geliniň nana çagyrja barşyna meñzeýär.
avatar
0
6 Mekan2 • 13:09, 16.12.2023
Yzdaky - ikilikçileñ oturyan hataryndan çekinjeñlik bilen elimi galdyrýan:

-men aytsam bolýamy?
-al-aýt, inim...
("aýdaý" diyildi diyip düşünýän):
- o ýerde guşlañ sesi gelniñ şyññyrdy sesine meñzedilipdir - guşlañ sesleri forma-1 geynip ýöräp barýan gelniñ sesi yaly eşidilýär.
avatar
0
7 Mekan2 • 13:16, 16.12.2023
Men dümtünýänçäm jogap gelipdir
avatar
0
8 Мango • 13:16, 16.12.2023
bagyşlaň, bagyşlaň...
men ýene-de ters okadym:
"çagyrja" sözi "çagyrýa" diýip okapdyryn-a.
ýagny "meni goňşulam nana çagyrýar, menem täze gelin ýaly gidip barýan... guşlaram şaňňyrdaýar" :-)

ýene bir gezek bagyşlaň. :-)
kelläni, ýüzündäki gözler bilen doktora görkezmeli....
avatar
0
9 Medicall • 13:29, 16.12.2023
gözegçilikde:

nasagyň öz aýtmagyna görä):
ýatmanka aaajy, sahardyr öýdübem içine gyzyl burç garyp kofe taýynlapdyr. içmänem uklap galypdyr. soňam gijäň ýary turup sop-sowuk, ap-ajy kofeni 8 gezek owurtlap içipdir! ondan soňam uklap bilmändir.

------
umumy ýagdaýy kanagatlanarly, öýkeninde wezikulýar dem alyş, deri örtükleri we göze görünýän nemli bardalary arasssa, AGB - 120/80 :)) Puls: - 78' gezek :) DA- 17 minutda gezek

Maslahat:
Azajyk dynç alyp, täzeden süýjüje, gyzgynjak kofe içmeli!
avatar
0
10 sussupessimist • 13:43, 16.12.2023
kafede kerep peyda bolupdyr ;)
avatar
0
11 Мango • 13:45, 16.12.2023
sag bol doktor hanym.
aýdyşyňyz ýaly ederin...

içigaragalmyş. kofe gutarypdyr-a.
gidip almaly.
ýöne, ilki bilen jübüdäki itleri kowmaly...
avatar
0
12 Medicall • 13:48, 16.12.2023
hormatly näsag :) bu günlikçe kofeni öz hasabymyza taýynlap berýäris. (ilkinji kömek) ertir irden açözüne umumy barlaga gelersiňiz! ondan soň barlaglaň netijesinde keseli doly anyklarys hemde bejergi ýazarys
avatar
1
13 Mekan2 • 13:48, 16.12.2023
jübüdäki itleri kowmaly...

psihiatryñ belligi:

M.Muhamowy köp okapdyr.
avatar
0
14 Мango • 13:49, 16.12.2023
çüýrük şetdalydan çykan gurçugy-ha mynjyratdylar, kerebi bir bozmaweriň...
avatar
0
15 Мango • 13:54, 16.12.2023
14-nji teswirede bellik et psihiatr dos.
"Wilýam SAROÝAN-y köp okapdyr".
avatar
0
16 Medicall • 13:54, 16.12.2023
:)))
avatar
0
17 Mekan2 • 13:58, 16.12.2023
Ýo, o teswire şeýle bellik etjek:

Kerep - şetdalyñ şänigi

Gurçuk - möý
avatar
0
18 Mekan2 • 14:04, 16.12.2023
Ahyry özüme "äl-äyt, inim..." diydirýän, şoñçüý sesimi çykarmanjyk oturaýyn, elimi elimiñ üstünde goýupjyķ.
avatar
0
19 aygull • 16:03, 16.12.2023
Согласно народным поверьям, паутина в доме – примета к богатству.
avatar
0
20 Ýazmyrat • 20:34, 16.12.2023
Teswirler gyzykly.
avatar
0
21 Pero • 21:54, 16.12.2023
Ýaltaja aýallañ tapan hokga yrymy bolsa gerek :)
avatar
0
22 Garlawac • 23:03, 16.12.2023
Hezil edip okadym goşgynam teswirlerem :D
avatar

Старая форма входа
Total users: 202