Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:10
Ýazylmadyk gün

ÝAZYLMADYK GÜN

Ýüregim gury agyrýar,
Ýöne ertir däl, hut häzir,
Ýagyş ýagýar,
Gözlemden.

Seňrikden agýar,
Dolup-daşdy sabyr käsäm!
Ýitirdim kelebiň ujun,
Ýaşap ýörün äm-säm.

Goşgy ýazan boldum, ine,
Gitmesin diýip bu günem,
Hiç zat ýazmadyk,
Günlerimiň arhiwine.

/noýabr, 2021

© Musa ÝUSUP

Surat: Tbilisi
Bölümler: Goşgular | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Kerep | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
1
1 Kerep • 11:11, 21.12.2023
Arhiw galňap gitdi.
avatar
0
2 Мango • 11:31, 21.12.2023
Ýagyş ýagýar,
Gözlemden.

adam oýnaýaňaý Musa däde.
"ýagyş ýagýar" diýseň asmana seredýän-ä.
sen welin: gözlerime bak - diýýäň.

äm-säm ýaşaýanyňy ýatladypjyk goşgy ýazmak planyňy dolduň-da onda.

gowy.
lezzetlije gussa.
5 ýyzzyl.
avatar
0
3 Kerep • 11:43, 21.12.2023
Aýagyň gury agyranda ertesi ýagyş ýagýan bolsa, ýürek gury agyranda şol bada ýagyş ýagyp başlaýar-da Mango däde ;))
avatar
0
4 garagar • 11:45, 21.12.2023
Gündeligi şeýdip goşgy bilen ýazsaň.
Ýazsaň, ýazsaň, köp zat ýazsaň...
avatar
0
5 garagar • 11:48, 21.12.2023
Türk dilinde ýazylan goşgularyňam bolmal-a, Musa! Şolardanam ýagdyrsana.
avatar
0
6 Kerep • 12:03, 21.12.2023
Olaram nesip bolsa bulutsyz günlerde ýagyp başlar ;))
avatar
0
7 sussupessimist • 15:23, 21.12.2023
...Yazsaň, yazsaň, köp zat yazsaň,
Derdiňi enä yazmasaň...
diyip dowam edipdirin aňymda
avatar
0
8 sussupessimist • 15:24, 21.12.2023
Häk, şu düşündiriş berme endigiň galjak däl-ow...))
avatar
0
9 Kerep • 15:35, 21.12.2023
Menem bir gün düzelerin :)
avatar
0
10 Seýrаn • 19:54, 21.12.2023
Duzel duzel Kerep. Goshgyna dushundirish bersen dushunerler yogsam.
avatar
0
11 sussupessimist • 23:36, 21.12.2023
Duzel (Dogry ýola düşmek, düzgüne,
kada-kanuna eýermek.)
duzel (bu ýerde aýdylan sözüň täsirini güýçlendirmek üçin gaýtadan tekrarlanypdyr) Kerep (goşgyň awtorynyň ulanýan niki). Goshgyna (Musa Ýusubyň "Ýazylmadyk gün" goşgusy göz öňüne tutulýar) dushundirish (edilýän gürrüňiň kesgitlemesi, manysyny açyp bermek göz öňüne tutulýar) bersen (ýagny, sen okyjy bolup, özüň pikirlenmäge ýaltanyp, alsaň) dushunerler (ýagny, okyjylar eseriň many-mazmunyna özbaşdak pikirlenmäň üsti bilen däl, seniň goşmaça teswiriň üsti bilen akyl ýetirerler) yogsam (bu ýerde çalaja ýaňsy bar :)).

Degişýändirin, Ses dost)) Ýöne, her bir degişmede...
avatar
0
12 sussupessimist • 23:41, 21.12.2023
Men okyjynyň özbaşdak açyş etmek lezzetinden mahrum edilmegine garşy. Pikirleriňi özüň zynjyra düzüp, bir zada ýetmegiň bir-ä aýratyn mazasy bar, birem uly ähmiýeti.
avatar
0
13 Мango • 23:55, 21.12.2023
bize balyk bermän balyk tutmagy öwretjek bolýaňyzmy?
avatar
0
14 sussupessimist • 01:30, 22.12.2023
Ýok, edebiýatyň gürrüňini edip otyrynlaý. Balyk nirden ara girdi?
avatar
0
15 Seýrаn • 09:59, 22.12.2023
:)
avatar
1
16 Мango • 10:01, 22.12.2023
adama kömek etmek üçin oňa (aç bolmasyn diýip) balyk berip bolýar, ýöne iň gowusy oňa taýýar balyk bereniňden oňa balyk tutmany öwredýäň. olam balyk tutmany öwrenensoň dokja ýaşap başlaýar.

adama onuň ýerine pikir edip berenden, onuň özüne pikir etmegi öwretseň hemmeler üçin hez bolýan bolmaly. balyk şoň çürüp ara girdi.
avatar
0
17 garagar • 10:31, 22.12.2023
Munça "düşündirişi" kime bersek borka?)
avatar
0
18 sussupessimist • 12:36, 22.12.2023
Mango dost, munam düşündirip beripsiňay...))
avatar
0
19 Мango • 12:43, 22.12.2023
özüň-ä "balyk nirden geldi?" diýip soraýaň...
aýtsaňam "Häk, düşündiriş berýäň-ow" diýýäň...
biz näm etmeli onno? :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202