Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:18
Tagangül Taganowa

Tagangül Taganowa üýtgeşik adam däl ýalylygy bilen üýtgeşikdi. Onuň şahyrana dünýäsi bardy. Şol dünýäde ýerden aýak üzmek asla duýulmaýardy. Tagangül halypa bilen bir döwürde ýaşamak, işlemek, salamlaşmak, toý-märekelerde gabatlaşmak bile arzuw aýtmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanýan dogrusy.
Kiçigöwünli, pespäl şahyryň «Gyzyma» diýen goşgusy öňümden çykdy. Men ony, megerem, öz gyzlaryma okap bermek ýa-da okatmak üçin ýygnandyryn.
Şahyryň ene ýüreginden öz gyzyna tarap uzan bu şahyrana setirler ähli eneleriň gyzlaryna aýdyp biläýjek sözleridir, berip biläýjek öwüdidir.
Bu gün Tagangül daýza aramyzda ýok. Emma onuň goşgusy bar. Onsoň şahyra nädip ýok diýjek. OL öz ýürekden çykan sözlerini ýüreklere ýetirip bilýärkä BARDYR.
Onuň «Gyzyma» goşgusy ähli döwürlerde ähli eneleriň adyndan ýaňlanýar. Tagangül Taganowanyň «Gyzyma» goşgusyny «gelin», «keýwany» we şuňa meňzeş ençeme ýagşylyga ýugrulan süýji ýüzlenmeleriň eýeleri käte-käte okap we özleşdirip durmalydyr. Şonda olar bu goşgyny öz gyzlaryna-da arkaýyn geçirip bilerler.
Ynha şol arzyly «Gyzyma» goşgusy.

© Aşyrmät GARLY

GYZYMA

On sekiz ýaşa çen az geple, gyzym,
Ululaň ýanynda dymmagy başar.
On sekiz ýaşa çen köp işle, gyzym,
Baran öýüňde-de abraýyň artar.

Şonda bu gylyklar sende endik bor,
Ýüpek geýip, mahmal düşenersiň sen.
Çeper eliň, süýji diliň gyz-gelniň
Görküdigne barha düşünersiň sen.

* * *

Söýgüsi, edebi, hyzmaty bilen,
Aýal adamsyny götär belende.
Mähir bilen içeriňi ýylatgyn,
Ýüzüň açyk bolsun myhman gelende.

Iki zat abraýny artdyr ýigidiň:
Bir-ä myhman gelse, gaşyň çytmasaň.
Birem, myhman çagyrlanna ynanman:
Müňkür bolup, ýany bilen gitmeseň.

Iki zat abraýdan gaçyr ýigidi:
Orta gahar bilen saçak taşlansa.
Soňam, myhman turaryna garaşman:
Söwer dost ýanynda dawa başlansa.

Ähli zatdan başym çykýandyr öýdüp,
Gyzym, goşulmawer erkek işine.
Bulaşdyrsyň onuň hasap-hesibin,
Hem gülki edersiň deňi-duşuna.

Olaň aladasy onsuzam ýetik,
Öz işi, maşgala, hem saňa yşky.
Käteler dalak deý ýelmeşen bolup,
Olaryň ýüküni ýeňletsek, käşgi.

Gaýta demir duşak bolup aýaga,
Käbirimiz äre berýäs zyýany.
Çykaryp olary barýan hatardan,
Dodagmyzy dişläp ýörüs yz ýany.

Güýjümiz, aklymyz daş gitse deňdir,
Ýöne erkeklerden zor däldir, gyzym.
Ýagşy-ýamanmyzy görüp durandyr,
Erkekleriň gözem kör däldir, gyzym.

Kowup çykar çigininden silterläp,
Äriňi ýamanlap öýňe gelseler.
Ägä bol, getirler halta-haltalap,
Seniň gybat diňlejegňi bilseler.

Kän eşitdik ýagşy sözüň, hoş sözüň,
Çykaranny ýylany öz hininden.
Kän eşitdik çykaranny boş sözüň,
Kä akmagy öz öýünden, ilinden.

Daýaw, sagdyn ýigitlerem garradar,
Ýigidiň gabanjaň bolsa aýaly.
Diňle, gyzym, seniň üçin getirdim,
Ertekä çalymdaş şeýle tymsaly:

Dört ýyllap söweşip, oduň içinden,
Endamyna ýara salman gelen bar.
Abat günler çekip aýal igenjin,
Igläp-igläp, ahyr bir gün ölen bar.

Enäniň gylygy gyzynda galar,
Atanyň edebi geçer ogula.
Gyzym bolup menden näme aldyňka,
Diýip indi düşüp ýörün dowula.

Eneden almaly, ilden almaly,
Edep – hazyna-genç gyzda-gelinde.
El, dil çeperligi – mundan galannam
Düşünersiň, gyzym, ene bolaňda.

Ýigidiň elinden hünär gelmese,
Ýer deper, ýap gazar, bir zat etse bor.
Gyz-gelniň elinden hünär gelmese,
Deň-duşlaň içinde egni pesde bor.

© Tagangül TAGANOWA
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aşyrmät Garly, Tagangül Taganowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Sylapberdi • 22:01, 29.02.2024
Edep-terbiye beriji, gowy saldamly goşgy eken.
Halypamyzyñ ruhy rahat bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203