Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:13
Halallygyñ haýry

HALALLYGYŇ HAÝRY

Gürrüňdeşlikleriň birinde kimdir biriniň «Öňki döwrüň adamlarynyň halatlylary, hikmetlileri kän eken welin, şolar ýaly adamlar şu döwürde-de barmyka?!» diýen sowaly meniň bu wakany ýatlamagyma sebäp boldy.

* * *

Her saklan maşynym bolmanda deňämden üç-dört ädim geçip saklanýar. Şeýde-şeýde ilki duran ýerimden kyrk-elli ädim süýşenimden soňra, öz ýanymdan: «Bä-ä, bular-a meni Bokurdaga pyýada barmaly etjeg-ow, indi» diýdim. «Ýa bolmasa, awtoterminala gidip, on birdäki ugraýan awtobusa münäýsemmikäm?! Beýtseň, ýol-a bir ýadadar, öýlänlerem bararsyň. Ondan soň kimi tapyp, kim bilen söhbetdeş bolarsyň?! Bu gün yzyňa-da gaýdyp ýetişmel-ä sen. Ýa, goýbolsun edäýsemmikäm?! Başlyga beren sözüň näme?!...» diýlen gapma-garşylykly pikirleriň arasynda serimsal bolup durkam, nazarym gözýetimden golaýlap gelýän çal reňkli «Opel» maşynynda eglendi. Göwnüme bolmasa, deňämde saklanjak hem meni alyp gidäýjek ýaly duýuldy. Yşarat ederime mähetdel, maşyn edil deňäme gelip saklandy. Gapysynam açmak hökman bolmady, aýnasy açyk eken. Hyzmat salýan özüm bolamsoňmy, ýa endigime görämi, garaz, saklananyndan sürüjä salam berdim.
— Essalawmaleýkim!
— Waleýkimessalam! Aslynda-ha, ulagly kişi pyýada salam bermelidir welin, öňürdip barýaň-aý, özüňe salawmaleýkim!
— Waleýkimessalam! Halypa, Bokurdaga gidäýjekdim, äkidermisiňiz?!
Ol meniň sözlerime «bor» ýa-da «ýok» diýmedi-de, gaýtam özüme ýüzlendi:
— Näme, senem kireý edýäňmi?!
— Aý, ýok. Kärim-ä habarçy, radioda işleýän. Ýöne durmuşda hemme kişini halypa saýýan.
— Mün-dä, onda. Bokurdak bolsa, Bokurdak bolar-da.
— Nememi, näçerek tölemeli borka, ýa öz ugruňyzam şeýläkmidi?!
— Inim, kireýkeş öz ugruna sürýän däldir. Müşderiniň ugry, onuň ugrudyr. Nyrh babatynda bolsa oňşubereris. Sen-ä meni boş goýmarsyň, menem senden uçaryň nyrhyny soraman. Mün hany, derrew, ýaýdanma!
Öz ýanymdan: «Soňuny görüp gelen barmy? Ýagyrnişligiňi otlajak adama-ha meňzänok, bi» diýdim-de, mündüm. Ýol uzagrak bolansoň, gyssanman saglyk-amanlyk soraşýançak, ulag Owadandepeden geçdi. Soňra bir-biregiň tebigatyna laýygrak gelýän gürrüňler bilen söhbedimiz ýuwaş-ýuwaş gyzyşyp gitdi. Özümden dört-bäş ýaş ulurak görünýän bu ýigidiň ady Sähet eken. Sähet bilen ýarym sagatdan gowraga çeken söhbedimiziň hörpi kem-kemden peselip ugrady. Uzak ýol dymyşlygy halanok. Ýagdaýy aňan Sähet: «Hany, habarçy bolsaň, ýol kes, onda» diýdi.
— Ýol-a kesäýse-de bor welin, özüňden ulynyň ýanynda ýaýdanylaýýar-da.
— Ýaýdanma, il içinde bizden köpräk bolýansyň öýdüp aýdaýdym, bolmasa sürüjilerem habarçylardan kem galarly däldir — diýip, ýakymly ýylgyrdy.
— Şeýtdi-de, gürrüň ýene gyzyşyp ugrady. Onuň maşynynyň guratdygy hem jaýlydygy hakynda tüýs ýürekden syzdyryp aýdan sözlerim Sähediň has gyzykly bir wakany gürrüň bermegine sebäp boldy gidiberdi.
— Bu maşynyň öz taryhy bar. Halallygyň haýryndan hikmet bi. Men gurluşyk edaralarynyň birinde işleýärdim. Gün-güzeranymam erbet däldi. Aýlyk-günlügimden süýşürip alan köneräk «Žiguli — 7-im» göwnüme ganatdy. Dynç günleri bazara, beýleki zerur ýerlerime baryp-gelmäge hezil berýärdi. Ýeňňeňem işleýärdi. Bilmedim, bir ýerlerden gelen bil agyry maňa iş boldy. Bir aýlap bejergi aldym. Lukmanlar maňa gurluşykda işlemegiň bolmaýandygyny aýtdylar. Başga başym çykýan kärim bolmansoň, ýene öňki işime çykdym. Gaýra üzüldim. Ýene bejergi aldym. Garaz, ýagdaý maňa lukmanlaryň mamladygyny subut etdi. Onsoňam her aýdan, her ýarym aýdan bejergä galyp, iş ýerimiň ýolbaşçylarynam çykgynsyz güne goýasym gelenokdy. Işem kimdir biri etmeli ahyryn. «Beýdip işläp alanja hakyňam derman-därä sarp etjek bolsaň, tüýs «Gazananyň bezeneniňe ýetenok» diýip, öz islegim bilenjik işden çykdym. Saglyk ýagdaýyma göräräk irden birki sagat, agşamara birki sagat kireý eden boldum. Nätjek dagy, öýde işsiz ýatsaňam, dört diwaram gysyp-gowruberýän eken, işe öwreneni. Dogrusy, hojalygy eklemegem gerek. Ynha, şeýdip gybyrdap ýörkäm, çagalarymam yzly-yzyna dertläberýän boldy. Soňam ýeňňeň hassahana düşdi. Aý, garaz, «Belanyň ýeke özi gelmezmiş» diýleni boldy meňki. Onsoň: «Gerek deregi ýykar» diýdim-de, «Žigulimem» bazara çykardym.
Keselçilikler sowluberdi. Ýöne ýeňňeňe-de birki aý işe çykmaly däl diýlensoň, hojalyk birneme gysyndyryp ugrady. Puluň azalyp ugrasa, öň tirkeşýänleriňe-de ýüz tutuberesiň gelmeýän birhili ahwala sataşaýýan eken-ow, inim, adam diýlen. Ynan şuňa.
Şeýle günleriň birinde, ýalňyşmasam hepdäniň anna gününde Hydyr aga gapymyň jaňyny basdy. Şäher ýeri-dä bi. Ol meniň bilen bir jaýda, bir girelgede, bir gatda, edil biziňkä bakyp duran gapma-garşy ýerleşen iki otagly öýde ýaşaýardy. Öň kijiräk bir edarada ýolbaşçy bolup işläp, pensiýa çykanyna-da üç-dört ýyl bolupdy. Öýünde ýeke özi. Sagdyndy. Elbetde, içi-zady gysýandyr-da. Käwagt-käwagt baýramçylyklarda dagy «Sähet jan, inim, hany şü gün bir öýe köwlen, how!» — diýäýmesi bardy. Gürrüňimiz gowy alyşýardy. Açdym gapyny, salam berdim.
— Sähet jan, inim, hany, öýe gel. Seň bilen birki agyz gürrüňim bar. Özüm ýatlaýmasam, habaram alaňogam-aýt.
Bardym. Hemişekiler ýaly mesawy gürrüň edip otyrkak Hydyr aga birden çynlakaý bir äheňe geçdi-de:
— Inim, diňle meni. Meniň saňa bir teklibim bar, ýöne welin «ýok» diýäýmeginiň, öýkelärin — diýdi.
— Agam, kime «ýok» diýenem bolsam, saňa «ýok» diýen däldirin — diýerime mähetdel, ýerinden turdy-da, ýeňsesindäki egnewaçdan asylgy duran penjeginiň jübüsinden, öňden taýýarlanyp goýlandygy mesaňa bolup duran düwünçegini çykardy.
— Al, Sähet jan, inim, şu pullar meniň garrylykda hassaçylyk ýa beýleki zerurçylyk ýüze çykaýsa diýip, ömrümboýy tygşytlan halal süýşürintgimdendir. Bankdan getirip goýanyma-da bir hepdä golaý boluberendir. Aýtmagyň teý, ebeteýini tapmadym. Al, derdiňe ýarat. Bir ulagjyk edin. Hojalygyňa, çagalaryň eklenjine söýget bolar.
Bir hili ýagdaýa düşdüm. Ne-hä, ol pullary alybildim, ne-de gözümi aýryp.
— Men munça puly alybilmen, Hydyr aga. Men onuň aşagyndan haçan çykaryn, haçan üzerin men bu bergini?!
— Dur, saklan-ow, birazyrak. Demiňi dürse. Kim ony saňa üz diýýä?! Aşagyndan çykyp-çykmaz ýaly bi bir töhmet däl-ä, meniň halalja gazanjym bi. Onsoňam maňa-da sogap gerekdir-ä. Durmuş diýleni, ömür diýleniň bir synagdyr, inim. Sähet jan, seni hassaçylyk bilen, menem adamkärçilik bilen synaýar şu wagt bu durmuş. Al!
Men ol pullary alybilmedim. Ýöne, aňyrsy boş gümürtik jogap berdim: «Sag boluň, Allaýalkasyn! Men tanyş-bilişlerime amatlyrak bir ulagyň gözleginde bolmagy tabşyraýaryn, tapyldygy, hökman alaryn. Häzir alsam, sowlar».
Durmuşyň ençeme synagyndan geçip, janly mekdebe öwrülen Hydyr aganyň meniň «Tutan guşumy ütüp goýandygyna» soň düşündim. Bazar güni günortanlara golaý ýene-de gapyň jaňy basyldy. Çyksam, ýene Hydyr aga.
— Hany, bäri gel. Seň bilen bir ýere baryp-gaýdaly. Mün maşyna.
Mündüm. Maşyn şäherden çykdy-da, göni Çoganla ýöneldi. Hä diýmänem, maşyn bazarynyň içinde peýda boldy. Düşenimizden, orta ýaşlaryndaky ortapaýçaraga, dolmuş adam «Geldiňizmi, agam» diýip, mähirli garşylady.
— Gelendiris, inim! Ynha-da, ýaşlardan eleşdirmäwer, öz-ä menden haýyş edýär: «Maşyny sen alyp ber, eliň haýyrly, yrym edýän» — diýip, saýlap bereňsoňam, tapyp bolanog-a bulary. Al, inim, geregiňe ýarat! Sanap algyn, atdan geçirmekdäki resminamalaýyn tölegiňem şu puluň içindedir.
— Sag bol agam, toýa münüň, döwletli maşyndyr bi. Geregi çykmasa, satmaga-da dözer ýaly däl. «Žiguli — 7-ler» häzir ýörgünli ulagdyr. «7-njiň» bolsa, ýüzüň utanmaz. Sag bol aýdarsyň soňra sataşsaň!
Gökden gaçan ýaly äm-säm bolup durun. Puluny tabşyransoň, goňşym maňa
— Al, Sähet jan «At arkasy gutly bolsun! Nesip etsin! Meniň bir gyssanmaç barmaly ýerim bar» — diýdi. Maňa aýdara sözem goýman, «Ýagşylyk şeýdip edilýändir. Nätdim?!» diýen terzde «Agşam ýuwmaga barjakdyryn» diýip bir ýylgyrdy-da, gelen maşynyna münüp ugraberdi.
Gönezligi halal zähmetden ýygnanan puldanam, meger, maşyn satanyň «Döwletli maşyndyr bi» diýen sözlerindenem bolmagy mümkin, ynanmarsyň, habarçy, hojalygymyň rysgy açyldy gidiberdi. Ýeňňeňem gutulyp işine başlady. Çagalaram sagaldy. Menem döwletli «7-nji» bilen adamlaryň isleglerini bitirdim. Müşderimi gerek ýerine eltdim. Nyrh kesmedim. Ýanynyň taňryýalkasyny bilen berenjelerini aldym.
— Onsoň, hany ol «7-nji» nirede?!
— Olmy, häzir aýdaýyn. Göni iki ýyldan hojalygymyň gereginden, artanyndan ýygnap, goňşymyň beren puluny hutma-hutlap, lükgeligi bilenjik öňünde goýdum. Sag bol, Allaýalkasyn! Hydyr aga däl-de, hakyky Hydyr ata bolup ýetişdiň, gerek wagtynda. Ýogsam, «was-was» bolubam ugran ekenim — diýsem, gülüp:
— Onda-da berlen wagty baý at oýnatdyň-a, almajak bolup — diýip ýylgyryp, puluňam gerek bolsa ulanybermelidigini, häzirlikçe zerurlygyň ýokdugyny ýaşzytdy.
Geçse, aradan bir ýyl, ýyl ýarym geçendir-dä, gümür-ýamyr edip otyrkak, Hydyr aga ýene maşynly gürrüňe dolandy.
— Sähet jan, inim, ulagyňam indi täze gelen daşary ýurt ulaglary bilen çalyşaýsaň-a ters bolmazdy. Üste gerek bolsa, şol öňküje pullar eltip berşiň ýaly eldegrilmänjik durandyr — diýdi.
— Wah, näsini aýdýaň welin, rysgalymy açan bu maşyny satmaga dözemok-da. Onsoňam, men muny sizden soraman satybilmen ahyry, Hydyr aga!
Goja hezil edip güldi.
— Ulag seniňk-ow, inim. Sylanyňa sag bol!
Aradan birki hepde geçensoň, men Hydyr agalaryň jaňynyň düwmesini basdym. Göze ýakymlyja bir «Opele» gabat gelendigimi, «7-nji» bilen «Opeliň» aratapawudyna ýeterlik puljagazam toplandygymy ýatlatdym.
— Onda şu bazar «7-njiňi» satuwa çykar, belki, söwdasy oňar. Onsoňam, näme ol «Opeli» bileje alaýmaly bor, baragetdin.
— Indiki bazaram gelip ýetdi. «7-njini» satuwa çykaryp, uzak durmaly bolmadym. Bir ýigidiň meniň maşynyma gözi kaklyşandan, ýüzi ýagtylyp gitdi. Salgy berlen ýaly göni ýanyma gelip, maşynymyň daşyndan bir aýlandy-da, derrew söwdalaşdy. Kän öt-geçem etmän, puluny elinjek sanap berdi. Haýyrlaşdyk. «7-nji» satyldy.
Nobatdaky ýekşenbede Hydyr aga:
— Han-ow, Sähet jan, inim, «Opel» almaga gitmerismi?! Biz ýaly ýeke goja özüň eýelik edäýmeseň, ideýänem ýok indi bizi — diýip ýylgyryp dur. Gitdik. Aldyk.
Ýöne, göwnüme bolmasa meniň «7-njimi» alanyňam puluny Hydyr aga beren ýaly bolup dur. Belki, göwnümedir. Ýöne ýanyma göni gelşinden çak eden bolýan, öz ýanymdan.
Sähet sadadan gelen ýakymly adam eken. Barmaly ýerime bardym. Gerekleýän adamlarymy hem tapdym. Ses ýazgylarynam etdim. Ýolda, gidip barýarkak esasy maksadymy aňan Sähet:
— Bary-ýogy bir sagat — bir ýarym sagatdan yzyňa gaýtjak bolsaň, garaşaýaryn. Çaý-paý içeris. Ulagam, özümizem biraz dynç aljak ekenik-dä — diýip, gaýdyşynam özi alyp gaýtdy.
Ýol kireýi hakynda. Dogrymy aýtsam, ýadyma düşenok. Ýöne welin, münen wagtymdaky pikir edişim ýaly: «Ýagyrnişligimi otlan» bolsa welin, men tölän kireýimiň möçberini üstünden 15-16 ýyl geçenem bolsa, unutmasamam, unutmazdym.
Ine, halallygyň häzirki zaman hikmeti hakyndaky gysgaça gürrüň, umuman, şundan ybarat.

© Aşyrmät GARLY
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203