00:29 Hemme zat gowy | |
HEMME ZAT GOWY Asman birigýänçä ol deñiz bilen, Boş gepler köp bolar boş agyz bilen, Käteler uçguram gök kagyz bilen, Çözülýär diýmeseñ, hemme zat gowy. Terje güller ýaly gunçasyn açyp, Kä ondan birugsat özge leb guçup, Arzuwlam wysalsyz gidende gaçyp, Kemilýän diýmeseñ, hemme zat gowy. Aýaklañ ardyndan ses gelýär assa, Birisi gaýgyly, birisi gussa, Birahat ýüregi döwür deý gyssap, Eñilýär diýmeseñ, hemme zat gowy. Geljegim ne halda ony bilmerin, Her ýana uzaýar uzyn dillerem, Ýatlamda geçmişiñ syrly günlerin, Demigýän diýmeseñ, hemme zat gowy. Agramly günäni atyp egnime, Geldim bu ýollarda çapraz öwrüme, Öñem köp külpetden ýadan göwnüme, Degilýär diýmeseñ, hemme zat gowy. Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |