Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:47
Düýn

DÜÝN

Sensiz daşym gysýar, içim hakynda,
Aýdybam durjak däl, niçik bolýanyn,
Duýgularym üşäp, buz ýaly doñýar,
Hawa şol ýaly,
Hat-da ähli barlyk üstüme gelip,
Dykjak ýaly meni ýeriñ teýine,
Hasrat, kine, gussa, gaýgy barysy,
Öýke guýup başlaýalar küýüme,
Töweregmi duman gurşaýar şohal,
Käbir zatlar ýüregimi pyçaklap,
Çagba guýýar ýaralarmyñ üstüne,
Senli ýatlamalañ için gyjyklap,
Arzuwlarmyñ ählijesin üýşürip,
Jygyllykda mugt satýar hyýallam,
Umydymy ýene gyra süýşürip,
Oýandym...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 2.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
2
1 Seýrаn • 09:06, 15.05.2024
Berekella Baýram, goşgularyň ösüp barýar. Emma ki diýip söze girişsem, yzyndan ters zatlar ýazjakdyr öýtme. Ýöne şu "Daşym gysýar" diýip, içimi aýdyp düşündirmek gerekmi, ol şeýle-de düşnükli, ýöne biziň okyjylar şony gowy görýär.

Şu pikirleriňi ösdürip gidip otyrsyň welin, Jygyllyk sözi anyklaşdyrýar we çäklendirýär, hyýallaryňy başga ýerde satsaň näder, belki hakykatdanam şol ýerdir welin, ne gözel goşga zeper ýetiripdir.

Işiň ileri!
avatar
2
2 Aýgül_Garaýewa • 12:35, 15.05.2024
Bir del pikir tapyp, dessine şondan goşgy ýazjak bolmak, Seýranyňky ýaly teswirlere sebäp. Del pikir tapdyň, hop ýagşy! Ol bary däl. Ol poçti hiç zadam däl. Kosmos bn araň gowy bolanda, delje pikirler az gelenok. Iş, şolary tutup, tä wagty ýetýänçä bakyp-bejerip saklamakda. 
Häzir iş stolumyň üstünde-de şo pisint goşgy toplumy dur. Delje pikirleri üçin-ä çyzasyň gelenok, urdumşalyk edeni üçinem geçiresiň.
Birazajyk süňňüňizi saklap, özüňizi ele alyp ýazjak bolaýyň. Başgalary okamaýanyňyzam (ýat tutmak aňyrda dursun) bildirip dur. Bu, global kemçilik. Içki ösüşiň ýok ýerinde, daşky ösüşleriň bitirýän goşy ýokdur.
avatar
0
3 sussupessimist • 14:56, 15.05.2024
hemem mugt satyp bolanok, paýlap bolar. Gürrüň bolýar-bolanoklykda-da däl, ýöne daşyň gysmagy ýörite edilse-de, mugt satylmagy ýalňyşlyk bn edilenligi bildirip dur.
Hemem bu goşguda Bejidow öz territoriýasyndan çykyp, modernistleriň howlusynda, garaňkylykda serminip ýören ýaly görünýär: kä ýerde tümmeklere büdreýär, kä ýerde joýajyklara batýar.
avatar
0
4 sussupessimist • 14:57, 15.05.2024
gözlegdeligi welin gowy zat.
avatar
0
5 Mekan2 • 15:09, 15.05.2024
tümmeklere büdreýär bir zad-a ýatlatdy.
avatar
0
6 Мango • 18:10, 15.05.2024
mugt satmak barada sussupessimist aýdypdyr.
okamda meňem şoňa gözüm düşdi.
mugt paýlanýar...
paýlanýan bolsa wagty geçip barýandyr :-)

gözleglerine, dyňzamalaryna berekella diýip bolar.

"Senli ýatlamalañ..." diýilmegini birhili görýän.
senli.... menli.... diýip gurulýan sözler bir hili düzsuzrak ýaly (maňa görä)...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202