Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:05
Mährap kaýsy bilmedim
Suraty çeken: © Bäşim Nuraly

MÄHRAP KAÝSY BILMEDIM

Abdal maňa ebed jamyn sunaly,
Mesjit kaýsy, mährap kaýsy, bilmedim.
Ol güdazda janym erip ýanaly,
Abat kaýsy, harap kaýsy, bilmedim.

Bir tabeşe tap etmedim, toz boldum,
Toprak boldum, ataş boldum, suz boldum,
Daşdan bişdim, içden köýdüm, köz boldum,
Ki nar kaýsy, kebap kaýsy, bilmedim.

Güzer etdim bir mekansyz mekana,
Seýran etdim bir meýdansyz meydana,
Haýran galdym bir jahansyz jahana,
Beýit kaýsy hem bap kaýsy, bilmedim.

Nebse uýdum, özüm bilmeý, hyrs boldum,
Akyl işin dogry sandym, ters bildim,
Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym,
Kuran kaýsy, kitap kaýsy, bilmedim.

Magtymguly ol mekanda meks etdi,
Şeýhler turdy, ýigitler deý raks etdi
Her eşýadan ýar jemaly aks etdi,
Ab kaýsydyr, şerap kaýsy, bilmedim.

© Magtymguly PYRAGY

Surat: Bäşim Nuralynyň "Magtymguly" eserinden fragment
Bölümler: Goşgular | Görülen: 128 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
1
1 Мango • 23:14, 10.01.2023
Bäşim Nuralyň Magtymgulysy....
belki anatomiýasy nädogrudyr (kän bozugam däl), emma bu Bäşim agaň elinden çykan eser, gymmatly...
hem goşgy okaýas hem surat görýäs... :-)
hezillik!
avatar
1
2 Mekan • 23:41, 10.01.2023
Her kimiñ Magtymgulyny nähili gözöñüne getirýänligi gyzykly.

Biraz semizräk bolupdyr. Galyñ geýindirenden bolmagam ahmal.

Tama seretseñ "Magtymguly gurply eken" diyse boljak.

Düşegiñ bir-ä (şahyryñ sagyndaky) keçe öydýän. Beýlekiler daroşka meñzeyä.

Kitaplar:
1. Basgançak ýaly dur
2. Başaşak durlar. Arap hatyndaky kitaplary dogry goysañ, açylyan tarapy çepinde bolmaly.
3. Reñbe-reñ
avatar
1
3 Мango • 23:43, 10.01.2023
özümçe kommentläsim geldi...
===
Abdal - özüni Allah ýoluna bagyş eden, dünýeden bagyny kesen manewi derejeli zatlar, derwişler, öwliýalar... oňa, Magtymgula Ebedilik jamyny (Soňsuzlyk ylmyny) uzadaly bäri şeýle bir hala düşdi ki mesjit haýsy, mährap haýsy bilmedi (garyşdy).

"Ol güdazda janym erip ýanaly, Abat kaýsy, harap kaýsy, bilmedim".
Şu ýerde kiçijek bulaşyklyk bar. "güdaz" diýmek - ýakan, ereden... manyny berýär we sözlemde birleşik ulanylýar. meselem Takat-güdaz - Takaty ýakan.
emma Magtymgulyda aýratynlykda gidipdir...
ýeri bolýa...

Onuň (Magtymgulynyň) jany eräp ýanaly bäri - abat näme, harap näme bilmedi.
Bir (tabeşe) kynçylyga, horlanma çydamady, toz boldy, toprak boldy, ataş boldy, (suz) boldy - tutaşyp ýandy.
Daşyndan bişdi, içinden köýdi, köz boldy ki ot haýsy, kebap (oda bişen et) haýsy bilmedi.

(Güzer etdi) Geçiş etdi, geçdi bir mekansyz mekana, seýran etdi (synlady) bir meýdansyz meydany, haýran galdy bir jahansyz jahana, beýit haýsy hem bap haýsy, bilmedi.

Nebse uýdy, özün bilmeý, hyrs (açgöz, islegli, tamakin) boldy.
(Akyl işin dogry sandy, ters bildi - Akyly dogry bilip ýalňyşdy - diýdigimikä? Bilmedim.)

Her (eşýadan) zatdan ýar sypatyn - Allahyň sypatyn ders aldy (öwrendi), Kuran haýsy, kitap haýsy bilmedi (ähli zat Kuran, ähli zat Kitap - okap bilene).

Magtymguly ol mekanda meks etdi - eglendi, durdy, saklandy... Ol mekanda Şeýhler turdy, ýigitler deý raks etdi - ýerinde durup bilmän hereketler etdi, pyrlandy... (tans etdi). Her eşýadan ýar jemaly (Allahyň jemaly) aks etdi - şöhlelendi (отражение).
Ab haýsydyr, şerap haýsy, bilmedi...

Magtymgulyň şeýle goşgularyna haýran...
avatar
1
4 Мango • 23:51, 10.01.2023
Daşdan bişdim, içden köýdüm, köz boldum,
Hem daşyndan hem içinden köýüp-bişip köz boluşy - ajaýyp.
avatar
1
5 Mekan • 23:54, 10.01.2023
Sopuçylykda "hal" diýen düşünje bar. Ol düşünje de däl de, bir yagday, hal.
Meditasiya ha diyesim gelenok, nädip düşündirjegimem bilemok. Hydyr agañ bir oylanmasam bar şu temada.

Yokarky goşguda şo yagday bar yaly.
avatar
1
6 Medicall • 00:00, 11.01.2023
Akyl işin dogry sandy, ters bildi (Akyl işin dogry hasaplap ýalñyşdy diydigimikä?!)
avatar
2
7 Medicall • 00:05, 11.01.2023
"Her (eşýadan) zatdan ýar sypatyn - Allahyň sypatyn ders aldy (öwrendi), Kuran haýsy, kitap haýsy bilmedi (ähli zat Kuran, ähli zat Kitap - okap bilene"
Şu pikirñiziñ dogrydygyny ynha şu ýazgy-da tassyklayan ýaly:

OKU KENDİNİ, OKU ÂLEMİ, SENİ VE VARLIĞI TUTAN GÜCÜ ANLA
Alâk Sûresi 1: İkra bismi rabbikellezî halaka.
Meâli: Seni vücudlandıranın delilleriyle, yaratılışı araştır anla.

Kendi vücudunu okunacak Kur’ân bil.
Her varlığı okunacak Kur’ân bil.
Kur’ân diye okuduğun Mushaf-ı Şerîf’i’de Kur’ân bil.
Ve üçünü birbirinden ayırmadan oku.
Birinde olan hakikatin diğerinde de olduğunu anla.
Varlığı ve kendi vücudunu canlı Kur’ân olarak oku.
Eğer kendi vücudunu ve varlığı canlı Kur’ân olarak okuyamazsan, bil ki Mushaf-ı Şerîf ölüdür.
Mushaf-ı Şerîf’in de canlanmasını istiyorsan, kendini ve varlığı oku.

Cümle kâinat bir Kur’ân’dır.
Her varlık bir ayettir.
Her varlık kendindeki sonsuz ayetlerle yani sonsuz işaretlerle hakikatleri sunar.
avatar
1
8 Мango • 00:05, 11.01.2023
menem şony soradym: "(Akyl işin dogry sandy, ters bildi - Akyly dogry bilip ýalňyşdy - diýdigimikä? Bilmedim.)"

hawa. şeýledir. kä bir zatlary akyl bilen däl-de iman (ynanmak) bilen aň ýetirilýän bolmaly. şony diýýän bolmaly.
Allaha akyl ýetirmek mümkin däl, Oňa diňe ynanmaly - iman etmeli.
Akyl bilen yzarlasaň terse gidilýän bolmaly...
avatar
3
9 Мango • 00:08, 11.01.2023
@Nurdan. Gaty gowy mysal getirdiňiz...
geplemän, pikirlenmeli ýeri geldi şu wagt...
minnetdar.
avatar
2
10 Bagabat • 09:01, 11.01.2023
Her bir eser tapmaça däl.
Şahyr (ýazyjy we ş.m.) adatça (diňe Magtymguly däl, çyn ýazarlaryň aglaba köpüsi) öz hümmüldeşi (okyjysy we ş.m.) bilen “matal çözüşmeşek” oýnamaýar (diýip çak edýän). Ol ilki bilen özüni azara goýýan zatlary (“derdini” diýmäýin, çünki dertmi, gertmi, lezzetmi, ezýetmi...gutarnykly kesgitlenmedik) egismäge, özüni ýaýmaga çalyşýar. Şeýtmek bilen ol Äleme gözleg signalyny ýollaýar (diýip pikir edýän).
Ýurisprudensiýada (raýat hukugynda) “jemagat ofertasy” diýen düşünje bar. Mysal üçin, haýsydyr bir satyjy ýa-da öndüriji öz harydyny adresnyý (salgylaýyn) däl-de, umumy reklama etmek bilen şol reklamadan habarly bolan (okan, gören, eşiden) hemme potensial müşderilerine harydy satyn almak hakynda teklip bilen ýüzlenýär. Kim şo teklibi kabul etse-de akseptor bolýar.
Ýazaryň Äleme ýollan signal kimi tapmaly?
Hümmüldeşini (Allany). “Ýekäniň ýary Huda” diýilmeýämi?
Nämüçin (çyn) ýazar ýeke?
Sebäbi kalp zähmeti (“aň” ýa-da “ýürek zähmeti” diýmäýin, sebäbi bärden gaýdýar), ýowar däl. Ony köpläp alyp bolmaýar. Ony diňe çyn gürleýji (ýazar) bilen çyn diňleýji (hümmüldeş) alyp gidip bilýär (“alyp çykyp” diýmäýin, çünki o zähmetiň netijesi hiç haçanam hemmeleri kanagatlandyrmaýar. “Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal” diýilmeýärmi?).
Ýokardaky teswirleň birinde @myhmanyň: “hal” diýýän zady sopuçylyk akymynyň çyn eýerijileriniň (gara bokurdagy üçin üpül-sapyl, ýyrym-ýyrtyk geýnip, ygyp ýören gedaýlaryň däl-de), ylahy yşka boýyn berlip, girýän ruhy ýagdaýlarynyň bir basgançagy, ondan aňyrda “ahwal” bar. Şu zeýilli goşgularam ahwalda (trans, nirwana, satori we ş.m.) ýazylan eserleriň biri.
Ýöne bular ýaly eserler tapmaça düzmek maksady bilen däl-de beýan etmek maksady bilen ýazylanam bolsa, olaryň özünde açar hökman bolýar. Sebäbi on y ýazanam adam. Diýmek ol her neneňsi genial bolanda-da, paýhasyň özgeren ahwalyndaky halda ýazanam bolsa, barybir ol islese-islemese umumadamzat logikasyndan, emosional gurşawyndan düýpgöter üzňeleşip bilmeýär. Şo närseleriň çäginde hereket edýär. Ýagny sadalaşdyryp aýdanyňda, ynsanyň logikasyna ynsan düşünýär, leňňejiň logikasyna leňňeç (eger-de leňňeçde logika ba: bolsa :-)).
Meň pikirimçe, Magtymguly Pyragyň “Mährap kaýsy bilmedim” atly çuňňur sopuçylyk şygrynyň açary şu topbakdamaky diýýän:
Nebse uýdum, özüm bilmeý, hyrs boldum,
Akyl işin dogry sandym, ters bildim,
Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym,
Kuran kaýsy, kitap kaýsy, bilmedim.
Nebis ynsanyň “Meni” bilen aýrylmaz baglanyşykda.
Ylahy yşkam nebis.
Ylahy yşka bendesi nämüçin berilýär?
Özi üçin, hut şahsy özjanynyň “Meni” üçin Allany gözleýär, onuň jemalyny göresi gelýär.
Nämüçin?
Sebäbi şol onuň üçin görlüp-eşidilmedik LEZZETIŇ gözbaşy (“bolar” diýip ol ynanýar, uýýar).
Diýmek düýp-teýkaryna seretseň, jahanyň galan ähli zady (malk-mülk, at-abraý, şöwhet, gara garyn, rahatlyk we ş.m.) babatda öz teninem, ruhunam “öldürip”, nebsi başbitin terk eden göýende, indi Ylahy yşkyň nebis basgançagyna gadam basýar. Ýagny ol Allanyň jemalyny görmek bilen ýene-de özüniň şahsy zerurlygyny kanagatlandyrmagyň kül-külünde. Muňa-da öz aklyna, öz hakdan içen zehinine (ýagny, özgelerden “köp bilýänligine”), öz duýgy kämilligine melul bolan ynsan doly düşünmeýär. Hut şo sebäpdenem ol “özi bilmeý hyrs bolýa” – nebisden gaçyp, nebisden saplanyp, ýene-de nebsiň çoçgaryna çolaşýar-da, harsydünýä (hyrsa) öwrülýär.
Onuň bu nebis duzagyna düşmegiňe-de ýürekde gaýnan duýgusy günäkär däl. Sebäbi ony şu ýagdaýa özüniň hatda “tobasynda-da tekepbir”, öz-özünden, özüniň özgelerden köp bilýänliginden göwnühoş akly getirdi. Şol oýlana-oýlana ony “ýar jemalyny” görmeseň-ä düýbünden bolmajakdygyna, ony “görseňem”eşret çeşminde gark boljakdygyňa ynandyrdy. Şundanam şu setir gelip çykýar:
“Akyl işin dogry sandym, ters bildim”.
Emma soň ýene-de şol akyly oňa özüniň terse gidendigine düşünmäge mümkinçilik berdi. Ol düşündi: “Ýar Jemalynyň” nirededir bir ýok Älemlerde (mekansyz mekanlarda) däl-de, jahanyň her bir eşýasynda (zatjagazyndadygyna). Şuňa aňy ýetdi-de: “Her eşýadan ýar sypatyn ders...” almaga başlady. Şeýdibem “Kuran kaýsy, kitap kaýsy bilmän”, Kuranyň adaty bir kagyzdan ýa-da gönden (pergamentden) jiltlenen kitap däl-de, onuň içine ähli tükeniksiz Älemleňem, Allanyň Mübärek Keşbiniňem, hemme zadyňam girýändigi hakynda aňýetmez syryň çetjagazy onuň kalbyna açylyp ugrady.
avatar
1
11 Bagabat • 09:15, 11.01.2023
Ine şoň üçinem ol şo mekanda “meks edýär” – säginip synlaýar, ýetenine, ýetmegi başaranyna daşyna çykarmazdan ýaşyryn begenýär, töweregindäki ýetendeşlerine höwes bilen tomaşa edýär. Bu tomaşa-da şeýlebir gyzykly, özünçekiji, lezzetli welin, ol oňa bu mekanyň her eşýasyndan (zatjagazyndan) ýar jemaly aks edýär (şöhlelenýär, nurlanýar, garaýar). Hut şo aňk bolup durmagy zerarlam ol özüniň owurtlaýan jamyndaky içgi suwmy ýa şerapdygynam aňlamalaýar.
“Ab kaýsydyr, şerap kaýsy, bilmedim”...
Men-ä ine şeýleräk düşündim.
avatar
1
12 Мango • 12:24, 11.01.2023
şu setirleriň has gyzykly @ Bagabat:

Nebis ynsanyň “Meni” bilen aýrylmaz baglanyşykda.
Ylahy yşkam nebis.
Ylahy yşka bendesi nämüçin berilýär?
Özi üçin, hut şahsy özjanynyň “Meni” üçin Allany gözleýär, onuň jemalyny göresi gelýär.


"isläň diýip islemegi ýaratdym" diýen ýaly gürrüňem bar öýdýän. islemek üçinem ýaňky "men" gerek ýaly.
içimizdäki, özümizdäk "Men" hem "Ony" tanamak üçin Ol tarapyndan goýulan bir elementjik ýaly bolmaly.
belki şondandyr özüni tanan (meni-ni tanan) weli diýip aýdylýany. özündäki "meni" çözüp bilse, Oňa - özüniň ýaradanyna akyl ýetirer.
aslynda biz hiç zat. bir topar elementleň toplumy, diňe bizi gymmatly, janly edýän Ondan goýlan bir dirilik, ruh. Ol goýlan dirilikden ülüşjigem aýlanyp-dolanyp eýesine gowuşmaly. bu akymam hiç bir zat saklap bilenok. biz Ondan gelip, Oňa barýas. gysgaça-da Onuň Menligini tanamak üçin bize-de kiçijek Menlik berlen.
ýöne seresap bolmaly, özüňe Mendirin öýtmeli däl...
(bir zatlar-da diýdim welin....)
avatar
0
13 Bagabat • 12:51, 11.01.2023
Bu ýeriniň perdesi juda ýuka. Ýa-da gyldan inçe köpri ýaly. Belki "Enel-Hak" ynanjam şol köprüde hallanlap, oň ahyryna çenli dogry geçilip bilinmändiginden emele gelendir...
Men - Bu şahsyýetliligiň özeni. Onsuz şahsyýet ("taryhylyk, ägirtlik" däl-de "личность" manysynda) ýok.
Öňem biri aýdypdyr: "Dünýä düşünmek üçin adamyň elinde ýekeje serişde bar - özi". Ýene-de biri diýipdir: "Adam - edil ummandaky damjajyk ýaly bir zat. Ýöne damjajykda bütin dünýäň şekili görünýär".
Şeýlelikde adam ýaýaşan dünýäsine-de, özüne-de, Allatagala-da düşünjek bolsa ol ähli zady diňe öz "Meniniň" üstünden, eleginden geçirmeli. Başga alajy ýok. Sebäbi onuň serişdesi alternatiwasyz.
avatar
0
14 Mekan • 21:26, 11.01.2023
Ana şol daglaryñ-daşlaryñ boyun almaga gorkan amanady.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202