Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:26
Döndi döwür ýamana
DÖNDI DÖWÜR ÝAMANA

Eý, aşyklar, aglar men, geldi, geçdi zamana,
Ýagşa gadyr bolmaýyn, döndi döwür ýamana.
Ýaman aldy jahany, dönmez dili imana,
Köp pakyrlar aglaşyp, geler ondan amana,
Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman,
Başyň aldyň garyldyň, ne dost bildiň, ne duşman,
Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,
Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

Düşmegin ham hyýala – dünýä gelen ölmezler,
Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,
Janlar çekip çagyrsam, dogry ýola gelmezler,
Her ne bolsa ýuwdarlar, halal-haram bilmezler,
Diýrler: Hakdyr Muhammet, uýupdyrmyz Gurhana!.

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,
Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez,
Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,
Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,
Çarh guwanyr bu işe, bolmaz ahyrzamana.

Gapyl galdym, ýaranlar, öz-özümden riştim ýok,
Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok, puştum ýok,
Pikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, kiştim ýok,
Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok.
Elim bersem tutan ýok, düşdüm düýpsüz ummana.

© Magtymguly PYRAGY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 61 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 12:18, 19.08.2024
Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

"...müşdik"-li söz gyzykly eşdilýär (gyzykly eşdilýärmüşdik).

Magtymguly "çagasyz ýaşamak hözürli" diýjek bolýamy, ýa-da "çagalaryňyza baglanmaň, olary durmuşa ugrukdyryp (özbaşdaklyk berip) durmuşyň hözürini görüň" diýýämikä?
gowy maslahatmyşdyk. çagalara özbaşdaklyk berip, täzeden "bal aýyny" ýaşamak :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203