Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:57
Harap eýlär

HARAP EÝLÄR

Mümin bolan müñkir bolmaz sözüme,
Jepbar bu jahany, gör, harap eýlär.
Çoh närseler geler-geçer gözüme,
Bu dünýäni bet-bet kär harap eýlär.

Işi rowaç tapar bet iş tutanyñ,
Dilegi duş gelmez hak diýip ýatanyñ.
Ýer ýüzünde bolar güýç-güýç ýeteniñ,
Jahany zulum ile zor harap eýlär.

Ylma uýmaz, alymlary jet bolar,
Ýok işler ýol bolar, bar iş bet bolar,
Şerigat nist bolar, bet iş set bolar,
Ülkäni bir niçe töwr harap eýlär.

Balhy bogaz derdi, Nişapury-daş,
Amman şährin derýa, Basrany-ataş,
Medinäni açlyk, Mekkäni-hebeş,
Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.

Rum şährin eýleýir sagyka harap,
Emeni hulaç ýykar, Mosulny-agrap,
Küfäni jöwenek Bagdat şährin-ab,
Reý ülkesin dilnip, ýer harap eýlär.

Sözüme gulak biýr akyl, hemişe,
Termize tagun düşer, renj şähri-Kişe,
Öwlady-Sufýanda ady Gamyşa,
Yspyhany sahyp kär harap eýlär.

Samarkandy kybty ýygylar, bek basar,
Buhar şährin nan gytlygy türk basar,
Sarahsy mergi bozar, Merwi rik basar,
Şirazy türk, çogan mur harap eýlär.

Kaşgary, Hotany käfir hind eger,
Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,
Her keždum tiwe dek bir-birge deger,
Hindistany ahu-zar harap eýlär.

Aden şahy etgeç Lahora azmy,
Gaýdyp ýurdun tapmaz, dagmy ýa düzmi,
Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,
Etrapda her mülk, kim, bar-harap eýlär.

Darganyñ şährine gökden ses geler,
Ol bir ýowuz sesdir, eşiden öler,
Bulgaryñ şährini ol ors alar,
Orsy Deçjal bile nar harap eýlär.

Magtymguly, her kim diñlese jandan,
Bu işler öñ geler ahyrzamandan,
Mäti ýerden çykar, Isa asmandan,
Deçjaly ol iki är harap eýlär.

© Magtymguly PYRAGY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 127 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 28
avatar
1
1 Pero • 15:14, 23.03.2023
Şu goşgydaky ýer-ýurt aýlaryny,käbir sözleri düşündirip berseler-ä saýtdaşlardan köp razy bolardyk.
avatar
0
2 Tuman • 15:24, 23.03.2023
Hawa gowa bolardy
avatar
1
3 Medicall • 05:52, 24.03.2023
Balhy bogaz derdi- bu *bogaz damak, angina, faringit manydamyka? Amman şähri nireka?
avatar
1
4 Medicall • 05:58, 24.03.2023
hulaç, Mosulny-agrap, - ab?
avatar
1
5 Medicall • 06:20, 24.03.2023
Magtymguly Hezretleriniñ her setiri giden many, çözűlmedik matal, entek açylmadyk syr. Her kim bilýänini, düşünenini paýlaşaýsa, şonuñ özem uly zat. Elbetde Magtymgula düşünmek üçin añrybaş alym-ulama bolmaly, emma her kim öz düşünen pikirini aýdyp bilse-de bilmediklere bildirmekde uly kömek etdikleri bolardy..
avatar
1
6 Tuman • 08:11, 24.03.2023
Kejdum nämekäneý?
avatar
1
7 Pero • 08:36, 24.03.2023
Balhy bogaz derdi diyen yerine,men-ä nebsejeñlik diyip düşündim,ayaldogan
avatar
1
8 Pero • 08:40, 24.03.2023
Amman häzirem bar Oman dowleti bolmaly,ýalñyşmasam deñze çykýan yurt,ony suw alar diyya
avatar
1
9 Pero • 08:45, 24.03.2023
Basrany-ataş,
Medinäni açlyk, Mekkäni-hebeş,
Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.
Hmm diymek Basra diyen yeri o:t almalymyş,aralykdakylary düşnükli,Hyrat bn Kandahary ýylan harap eýlemeli diyya(ESTAGFURILLA)
Hyrat Kandahar häzir niredekä Owganmy,Eyranmy,Hindistanmy?anyk bilemok
avatar
1
10 Pero • 08:53, 24.03.2023
Rum şährin eýleýir sagyka harap,
Emeni hulaç ýykar, Mosulny-agrap,
Küfäni jöwenek Bagdat şährin-ab,
Reý ülkesin dilnip, ýer harap eýlär.

Rumy(nireka) sagyka(nämekä)
Emeni(?),hulaç(?)
Mosuly(?),agrap(?).harap eylar diyya
Küfäni(?) jöwenek(düşnukli),
Bagdady ab-suw
Reýi(?) ýer titreme har eder
avatar
1
11 Pero • 08:55, 24.03.2023
Termize tagun düşer, renj şähri-Kişe,
Öwlady-Sufýanda ady Gamyşa, ????
avatar
1
12 Pero • 08:57, 24.03.2023
Samarkandy kybty ýygylar,bek basar,
Buhar şährin nan gytlygy türk basar,
Sarahsy mergi bozar,Merwi rik basar,
Şirazy türk,çogan mur harap eýlär.

Kaşgary,Hotany käfir hind eger,
Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,
Her keždum tiwe dek bir-birge deger,
Hindistany ahu-zar harap eýlär.

Aden şahy etgeç Lahora azmy,
Gaýdyp ýurdun tapmaz,dagmy ýa düzmi,
Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,
Etrapda her mülk,kim,bar-harap eýlär. ??????????
avatar
1
13 Bagabat • 09:21, 24.03.2023
1. Bet-bet kär – ýaman (erbetlik getirýän, azgyn) hünärler, işler, pişeler;

2. Nist — ýok. Nist bolmak — ýok bolmak;

3. Set I — 1. Adat, däp, dessur, endik, edim-gylym. 2. Bent, böwet. 3. Erbetlik, ýamanlyk;
Set II — 1. Ýüz. 2. Set sal — ýüz ýyl;

4. Töwr — usul, tär, boluş, gylyk, adat, endik, ýagdaý;

5.Amman ýa-da “Rabbat-Amman”, Iordaniýanyň paýtagty, VII—IX asyrlarda Arap halypalygynyň düzüminde, 1516-njy ýyldan Birinji jahan urşy tamamlanýança Osmanly soltanlygynyň düzüminde bolupdyr;

6. Bogaz derdi – düwnük, angina, göçme manyda – nebis, harsydünýälik, doýmaz-dolmazlyk; Onsoňam goşgyň bir wariantynda "Balhy bogaz derdi" däl-de, "Balhy bugz derdi" diýlip berilýär. Bugz - buz, ýagny "Balh şäherini buz basar, üstüne buz ýagar" manysynda bolýar.

7. Ataş, nar – ot, ýalyn;

8. Hebeş – efiýopiýaly, negr;

9. Mar – ýylan, aždarha;

10. Sagyka — 1.Güýçli ýyldyrym; 2.Çekirtge;

11. Emen – häzirki Ýemen ýurdy;

12. Hulaç (höwlaj) – ýabany taýpalaryň biriniň ady, göçme manyda: galtaman, garakçy, alamançy;

13. Agrap — „arap” ýa „agraby” sözleriniň köplük sany. Göçüp-gonup ýören araplar, bediunlar; Bu söz "akrap" manysynda alynsa onda ol "içýany" aňladýar. "agrab (agraf)" manysynda alynsa onda ol "diwar, haýat" diýmegi aňladýar;

14. JÖWENEK [jöwönök], at. Togalajyk buz görnüşinde ýagýan ygalyň bir görnüşi. Öýlänler jöwenek gatyşykly ýagyn başlady;

15. Ab – suw;

16. Tagun (tawun) — mergi, gyrgyn;

17. Renj [رنج ] azap, dert, hassalyk;

18.Şehri-Kiş – Häzirki Yrakda, Gadymy Wawilonyň (Babylyň) 18 kilometr demirgazyk-gündogaryndaky gadymy şäher;

19. Sahyp — 1. Eýe, hojaýyn. 2. Patyşa, hökümdar. Sahyby-mansap — orun eýesi, wezipeli, uly wezipeli, dereje eýesi, ýer eýesi, wezipe eýesi;
Sahypkyran — 1. Bagtly, ykbally. 2. Sähetli gün doglan; ýyldyzy duşan; täleýi çüwen; planetalaryň şowly hatara düzülen wagty doglan. 3. Gündogar ýurtlarynda rowaç şalaryň lakamlary;

20. Kybty ]kybty: ]قبطى tire-taýpa ady, gadymy müsürliler, Numidiýalylar;

21. Rik (rig) — çäge, gum, çagyl;

22. Çogan mur – hüjümçi garynja, "çog, çogan - gyzyl", diýmek "gyzyl garynja" ýa-da sarygarynja, termit;

23. Käfir hind – butparaz hindiler;

24. Kejdum – 1.Içýan, äpet içýan; 2.Meteorit;

25. Tiwe, tewe – düýe.

Goşguda ýalňyşlyklar goýberilipdir. Belki göçürilende ýalňyşylandyr:

ahyrzanandan - ahyrzamandan;
oturlaryň sözleriň arasynda probel goýulmandyr.
avatar
1
14 Bagabat • 09:33, 24.03.2023
Hanymlar?!
Utandyrjak bolup ýatyrsyňyzmy ýa-da geografiýadan, taryhdan absolýut "baş çykarym imez" diýşen bolup, bizleri köp bilýänimize ynandyryp, degşen bo:p otyňňyzmy? :-).

Medine, Mekge (Mekke) - Arabystanda;

Rum - Wizantiýa (häzirki Türkiýe, Stambul); Rim (häzirki Italiýa, Rim);

Balh, Hyrat, Kandagar - Owganystan;

Termez - Özbegistanyň Surhanderýa oblastyndaky, respublikaň iň günorta şäheri; Buhara, Samarkant - Özbegistanda;

Horezm - Köneürgenç (Türkmenistan), giň manyda Özbegistanyň Horezm oblasty;

Aby-Jeýhun - Amyderýanyň suwy;

Basra, Mosul - Yrak;

Kufä ýa-da Kafa - Gadymy Krymdaky Feodosiýa şäheri, Krym hanlygy rus imperatrisasy Ýekaterina II-niň goşunlary tarapyndan syndyrylandan soň, ýykylypdyr. Sebäbi Gara deňizde gulçulygyň mesgeni hasaplanypdyr.

Ondan başga-da Küfä (Kaffa) atly häzirki Efiopiýaň (Hebeşistanyň, Bylkys melikäň ýurdy - Sybyhyň, Sabanyň) çäginde garaýagyz milletiň gadymy patyşalygam bolupdyr.

Reý, Şiraz, Yspyhan - Eýranda;

Kaşgar, Hotan - Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonyndaky gadymy uýgur şäherleri. Mahmyt Kaşgarlyň nisbasyny (tahallusyny, edebi lakamyny) ýadyňyza salaýyň.

Bu goşgyň:
"Öwlady-Sufýanda ady Gamyşa,
Yspyhany sahyp kär harap eýlär."
diýen setirleri, goşgyň başga bir wariantynda: "Öwlady-Sufýanda ady Gumyşa" diýlip berilýär. Meniň pikirimçe bu setirleriň manysy şeýle bolýar:
Öwlat - bu "weled - nesil, dowamat, ogul" diýmek bolýar. Diýmek bu setir: "Sufýanyň nesli, ady Gumşa, özem haýbatly, işi rowaç patyşa, ýagny sahyp kär (sahypkyran, sahypgyran)", Eýranyň Yspyhan şäherini harap eder (zaýalar, ýykan-ýumran eder).
Bu setirlere başgaça çemeleşseň, Deçjalyň ilki Yspyhan şährinde peýda bolup, onuň öz töweregine meslekdeşlerini öz hünäri, ussatlygy, ylymdarlygy, suhangöýlügi, şagalaň-şowhuna çulumlygy bilen jemlejekdigi hakynda dini hekaýaty göz öňünde tutanyňda şahyr "sahyp kär" diýende "hünärler jenaby" diýmegi we pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalama garşy giden Abu Sufýanyň nesli (dowamaty, yzyna eýerijisi) hökmünde Deçjaly agzaýan bolmagy ahmal. Anyk bilemok, ýöne "Gumşa" (Gumuň şasy) "Kumyşa" şonuň atlarynyň birem bolmagy ahmal.

Şu ýerde ýene-de bir zady ýatlamaly:

624-nji ýylyň 15-nji martynda Bedr urşunda ýeňlen mekgelileriň Abu Sufýanyň ýolbaşçylygyndaky üç müň adamlyk goşuny bilen Medinäniň ýanyndaky Uhut dagynda Muhammet pygamberiň ýedi ýüz adamlyk goşunynyň arasynda bolan söweş. Abu Sufýanyň duýdansyz goşun çekip gelmegi netijesinde, Muhammet pygamber gyssagly suratda diňe bir müň adam goşun jemläp ýetişýär. Emma olardan üç ýüz sanlysy Ibn Ubaýýyň ýolbaşçylygynda uruş başlamazynyň öň ýanynda söweş meýdanyny taşlap gaýdýar. Üç müň adamly goşuna ýedi ýüz adam bilen söweşmek Muhammet pygambere kyn düşýär. Ol söweşde musulmanlar ýeňilýärler. Uhut urşunda Muhammet pygamberiň kellesine gylyç degip, agyr ýaralanýar, zyňylan daşyň zarbyna iki dişi gaçýar.

Şumat hemmejigini özüňizem ýaman gowy bilip ýatyňňyz-laý, hanymlar! :-)
avatar
1
15 Bagabat • 09:44, 24.03.2023
Umuman-a magşar temasy häzirki döwrüň awtorlarynam gyzyklandyrýar. Mysal üçin:

AHYRZAMANA

Gel gardaş, syr açsam, ahyrzamandan,
Kadyr Alla hakyna aň et, pikir eýle.
Ne zamana ahyrýet ýakyna syndan,
Kurandan, hadysdan syr pikrin oýla.

Ahyrýet zamana ýakyn bolunsa,
Kyrk güni ýer ýüze ümür salynsa,
Däbbätul-arz äpet munda görünse,
Ynsan azgyn bolyban bozular şeýle.

Ol Abdylla ibni Mätiň zamany,
Ýer ýüzüni bozar haramlyk pany,
Aýyby bolmaz her iş bolunar many,
Ylymyň gür açyban bu işni söýle.

Deçjal ol Yspyhanhan Horasan ýurtdan,
Ýetmiş müň goşunly israýyl artdan,
Hudaýlyk höküme baglanar kertden,
Jadylyk mugjyza ylymyndan beýle.

Adam wysalynda bolunar keşbi,
Çep gözi örtülen, sag gözli eşgi,
Maňlaýynda käfir ýazylan yşgy,
Kime nazar salsa käfir bor şeýle.

Deçjal kyrk gün içre ýer ýüze aşar,
Merýem inbu Isa asmandan düşer,
Kuddusnyň şährinde kysmatlar duşar,
Isa Deçjal bilen söweşde beýle.

Merýem ibni Isa nazaryna düşen,
Deçjal her ýan gaçar pälinden aşan,
Isa pygaberniň gylyjyndan çaşan,
Amanatny keser ganyna neýle.

Ol zamanda kap dagynyň synyndan,
Äjut-mäjut atly adam kowmundan,
Uly goşun gaýdar öňu yzyndan,
Ynsan haýwan etin har eder beýle.

Äjut-mäjut derýa deňiz suwlaryn,
Guradar ýer ýüzün, asman guwlaryn,
Isa pygamber hem muslym gullaryn,
Dag gowakda gizlin bolunar neýle.

Merýem ogly Isa hem müslim gullar,
Gorkudan, açlykdan harlanar hallar,
Ýüz altyn dinara tapylmaz mallar,
Äjut-mäjut goşuny kesellär öýle.

Äjutnyň-mäjutnyň oňurga synyn,
Gurçuk iýer ajal dyndyrar baryn,
Ýer ýüzi maslyknyň kokuna zaryn,
Äpet guşlar ýoklar maslygy şeýle.

Asmandan dökülen ýagmyr nuryna,
Ýer zemin gül açar günüň zoruna,
Isa kelimulla kyrk ýyl ýaryna,
Ogul-gyzly bolar zamany beýle.

Isa pygamberniň ömri jem bolar,
Ýasrypda Resula gabyrdaş durar,
Hudaý takyk biler ol zaman geler,
Ahyr zaman bitip Ezraýyl öýle.

Deçjal, Äjut-mäjut zamanda sary,
Kuran-kerim asmana göteriler bary,
Gün günbatar dogar tobalar gury,
Kabul bolunmajak ol günden şeýle.

Halmyrat ylym etdi ahyr zamandan,
Run tenden üzülse ol seni mundan,
Ahyrzaman şol gün bolunar senden,
Dar gabyr içinde soragy neýle.

Halmyrat Orazow
24.02.2023 ýyl.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/23142-ahyrzamana.html. 24.03.2023ý.
avatar
2
16 Pero • 10:21, 24.03.2023
Ýatkeşlik diyen zat minusa gidip ýör mende-hä,şoñ üçin berlen soraglaram gülkinç görünmegi ahmal. Ýa-da bir wagtlar ýüzleý öwrenen bolmagym ahmal.
Bagabat aga,köp minnetdar! Gymmatly wagtyñyzy biz ýaly kütejiklere nämedir bir zatlary öwretmäge sarp edeniñiz ün Allaýalkasyn!
avatar
1
17 Bagabat • 10:31, 24.03.2023
Beh?!
Göz minusa gitsä-hä, oftalmologa görünilýä, gulak minuslasa lora, ýöne ýatkeşlik minuslap ýatsa kime ýüz tutulýarka?
"Serçänem gassaba soýduraýsaň" diýýä, türkmen.
Şoň üçinem bu ugurdan kän çorba sowadan hanym hökmünde @Nurdan hanym maslahat beräýmese :-)

(Degişýändirin.
@Bagabat.).

("Degişýän" diýip hetjiklemeseňem, degişýäniňe düşünerçeräk bardyrlar-la.
@Çymmyllyk.).

(Äý bediüzzamanda, "degişýän" diýip aýdaňda öýkelemeseler hezil edäýseňem gelişmän durmaz-la!)
(@Senzor.).

(Ok.)
(@Bagabat).
avatar
0
18 Bagabat • 11:10, 24.03.2023
Goşgy barada pikirimi aýtsam, arhaizmleri (ulanyşdan galan, köne sözleri) häzirki zaman sözleri bilen çalşyp, ýerbe-ýer goýsaň, onuň mazmuny şeýlebir "barypýatan syrly, matally" bolmagynam bes edäýýän ýaly.
Adaty suratlandyryjy (описательный) häsiýetli şygra öwrülýär duruberýär. Özem "suw", "ot", "keselçilik" ýaly düşünjelerem birnäçe gezek gaýtalanýar.
avatar
1
19 Medicall • 12:51, 24.03.2023
Öýkeleginji çymmyllak ýazmaly-da onno :))
avatar
1
20 Medicall • 12:51, 24.03.2023
Pes ýatkeşlik şu sebäplerden bolup biler:
Nesil yzarlamak arkaly,
Güýçli dartgyndan soň , ýa-da agyr keselçilikden soň, gany azlykdan ejir çekýänlerde, ýaşyň gartaşmagy bilen hem ýüze çykyp biler.
Ýatkeşligiň berk bolmagy üçin esasy beden saglygy hem ruhy saglyk özara berk sazlaşykda bolmaly. Adam organizimndäki haýsydyr bir ýetmezçilik ýatkeşligiň peselmegine getirip biler. Aşa ýadawlyk, wagtly wagtynda ukyňy almazlyk,(ukyňy almak esasy şert bolup durýar, sebäbi gowy alynan uky dürs pikirlenmäge, täze maglumatlary beýnä ornaşdyrmaga ukyp döredýär) nerw dartgynlylygy hem beýniniň ýadap kadaly işleýşiniň bozulmagyna getirip biler. Ýatkeşligiň berkemegi üçin ilki sebäbini bilmeli, beýniniň kadaly işlemegini gazanmaly, beýniniň işjeňligini gazanmak üçin maşklar, ýörüte türgenleşikler geçirilmeli, beýni maşklar, ruhy goldawlar, dermanlyk otlardan taýynlanan ýörüte melhemler. Wagtly wagtynda dynç almak, esasy üns berilmeli zatlaryň biri hem düzüminde ýatkeşligiňi ösdürmäge ýaramly önümler bilen sazlaşykly iýmitlenmegi gazanmak..)))
avatar
1
21 Medicall • 12:51, 24.03.2023
Şulary ýazyp otyrkam bir zat ýadyma düşdi, öňräk bir gürrüňdeşlikde gürrüňdeşimden “narkoman “ sözüni eşidipdirinde, yzky söze üns bermän, aldygyna şol ugurdan, şondan dynmagyň usuly, ýene beýlekiler barada leksiýa okap başlasam nädersiň:))
Olam şonça aýtjagymy aýdamdan soň, “men özüme narkoman diýemok, diňe narkoman ýaly diýdim” diýip torsarylan ýaly edip aýtdy welin şol “ýaly” söze üns bermedigim sebäpli menem bir gün öýkeläp oturmaly boldum☺)
Şoň üçinem Meňlim ol zatlary ýazyp saňa huşsuz diýjek bolan däldirin☺
Bizde ýörüte bejergi berýänçilerem, proseduralaram bar, bize gaýdaý sen gowusy))
avatar
1
22 Bagabat • 13:01, 24.03.2023
Eline gantel alyp, gimnastika edip ýören beýni göz öňüme gelip gitd-aý :-).
avatar
1
23 Medicall • 13:05, 24.03.2023
Bu beýni ýamman gűýçli beýikeni, kafe sygmajak bolup çogup daşyna çykyp dur :))
avatar
1
24 Medicall • 13:09, 24.03.2023
-- Hany ol?!
-- näme hany ol?!
--ýañky türgenleśip gelen beýni?!
--ay ol kafe sygmady.
-- onnoñ?
--onnoñy şo, ugratdylar.
-- niräk?!
--hotak!
avatar
1
25 Bagabat • 13:10, 24.03.2023
Heh.

Terapewtinji çamalak

Çymmyllyk lukmana ýüz tutdy.
-Nämmolýa jigijik?!-diýip ýaşy otuza ýeteňkirläberen täpbe-täzeje terapewt ondan sorady.
-Äý-ý,-diýip Çymmyllyk myňňyldady:-özümi birhili ýaman birtüýslek duýýan-laý. Birden-birden birdenkä men hiç zat etmesem-de öz-özünden kelle alyp gaçyp başlaberýä-dä.
-Nirä?-diýip lukman geň galdy.
-Äý, nemedar-ou...
-Hä, onda düşnükli,-diýip işine ezber lukman oňa soňuny soňlamaga maý bermedi:-Sen elbetde şumatky meň gözüme ilip ýatan simptomlaňdan çen tutsaňa-a dürtme däl-ä däl. Belki guýmagursak sortusyň. Ýöne o-ýem gümana. Munam has nokatlyja nokatlajak bolsaň, onda bäşdür-üçdür kelle mäşirige dönenlerden konsilium çagyryp äpbermeli bolýa. Onam sen etmiýäň. Gatnamaga ýaltanarsyň. Şoň üçinem sen däli bolmasaňam bejergi alyp goýaý. Öňünden. Ätiýaçlyk üçin. Nä wagt nä zamana, "garybyň maly gözüniň alnynda bolsa ýagşy" diýip, bir toýda Ependem sakgyjyny agzyndan çykaryp, burnunyň ujuna ýemläpdir-ä. Duýuspik iňglişmi?
Bu maslahatdan soň Çymmyllyga diňe:
-Ýes, aý du!-diýäge-de, oturanja ýerinden hekgerip-dikgeräýmek galdy.
Şeýdibem Çymmyllyk özüni bejerdip ugrady.
Nämeden?
Äý ýöne, keýpine...
avatar
0
26 Pero • 08:44, 25.03.2023
Güldirdiñiz,sagboluñ!
"Bilseñ hiç zat kyn däl"diýilişi ýaly barça görgi bilýänçäñe çenli-dä köplenç. A kä mahallar bolsa bileñsoñ uly görgä galýañ ruhy dünýäñde... Ýer-yurt atlaryny,könelişen sözleri ýatlatdyñyz weli,bilip duruberdik ,Bagabat aga! Ýöne diýseñ-diýmeseñem Gumşaly ýeri syrlyrakda,olam elbetde bilýänçäk
avatar
0
27 Medicall • 09:10, 26.03.2023
Öwrendik welin indi baryny öň bilýän ýaly bolup durýakenik diýýäňmi:)
avatar
0
28 Gurgenchli • 19:31, 26.03.2023
Ol günleri görmän ölüp gitjegimize şükür edip otyrybermeli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203