Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:24
Jahan peýda

JAHAN PEÝDA


Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň.
Zemin sebzezar olup, teninden aýrylar zeň,
Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,
Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,
Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar äheň,
Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,
Hyruja gelip, älem, kylarlar pygan peýda.


Surud-u seda birle, jahan ýüzi abatdyr,
Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr,
Hak yşkynda zinde jan , biliň, baky-haýýatdyr,
Her tende ki yşk olmaz, ruzy-ezel mematdyr,
Ýaz ötinçä ýer-u gök, günden-güne zyýatdyr,
Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy-arasatdyr,
Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda.

Zerbaba zowkun olma, baka ýokdur döwletde,
Ömrüňni bada berme, sen bu darel-mähnetde,
Ýeter saňa ir-u giç , ne ýazylsa kysmatda,
Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasretde,
Sowap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde,
Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda,
Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda.

Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan,
Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden,
Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,
Jan köýdi jeset içre bu ataşy-ahymdan,
Golum sunup, dilär men hajatym Allahymdan,
Bende men, umydym köp ol keremli şahymdan,
Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.


Magtymguly PYRAGY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 127 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Мango • 00:41, 21.03.2023
öňürtdiň... edil şu wagt taýýarlap goýjakdym...
ýöne "ene dilim"-iň goýan "Magtymgulysynda" kä setirleri başgaça... men şu warianty has dogry gördüm...
"Allahymydan" diýen ýerini ulaldyp göýber, kiçi ýazylanam bolsa...
avatar
0
2 Medicall • 00:47, 21.03.2023
diýseň gowy görýän şu goşgyny, aýdymynam gowy aýdýar Hemra
avatar
1
3 Мango • 01:02, 21.03.2023
"Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň"
başga owazlara-ha däl, hat-da öz owazyňa hem aşyk bolunýan günler bolmaly bu nowruz günleri...
"beh, bu ses menden çykýamaý" - diýip geň galynýan wagt :-)
avatar
1
4 Мango • 01:11, 21.03.2023
"Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan,
Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden"


bagty-syýah – owadan, owazly eşdilýär.
eliň-aýagyň şaýatlygy... bir pikirlendirip alýa...
avatar
0
5 Medicall • 02:15, 21.03.2023
harçeň nämeka? Sebzezar - ýaşyl bolýan bolmaly? Öňki dil owadan ýöne. sözler baý hem owadan owazly
avatar
1
6 Мango • 02:22, 21.03.2023
Ebr – bulut.
Giýa – ot, ösümlik.
Wabeste – bagly, bek, ýapyk.
Dahan – agyz.
Der – gapy.
Harçeň – leňňeç.
Sandugaç – garlawaç.
Jünbende – hereket edýän, mör-möjek.
Hazarpuş – gök, ýaşyl geýnen.
Memat – öli.
Heşir – mähelle, märeke, ýygnanyşyk.
Ýowm – gün.
Arasat – söweş meýdany.
Dary-mähnet – jepa öýi
Ömri-tebah – bozulan ömür, haýyp geçen ömür.
avatar
1
7 Мango • 05:54, 22.03.2023
Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan...
biderek sorag kellä geliberýä...
näme üçin "garany" "siýah" diýip alyp "Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan" -diýse bolýa-da aşakdakylary diýse bolmyýa?

Magtymguly, ýyglar men bu bagty-blägimden.
Magtymguly, ýyglar men bu bagty-çornymdan.
avatar
0
8 Medicall • 09:02, 22.03.2023
))
avatar
0
9 Medicall • 15:59, 22.03.2023
Diýmek Magtymguly Hezretleri bagty-syýahymdan diýen bolsa siýah sözi türklere türkmenden miras geçen bolmaly-da, türkleriñ şu wagtam ulanýan köp sözi biziñ köne sözlügimizde gabat gelýär.
Emma şol gadymy sõzleri biziñ häzirkizaman awtorlarymyz ulansa "türklere öýkünen" hasaplanýar, (bu hadysa gynançlymy, ya buýsançlymy düşünemok)))
avatar
0
10 Мango • 16:09, 22.03.2023
Etimoloji
"Kara" sözcüğü Türkçe, "siyah" sözcüğü Farsça kökenlidir.

Etimologiýa
“Gara” sözi türki, “siýah” sözi farsy gelip çykyşlydyr.
avatar
0
11 Мango • 16:11, 22.03.2023
Turklerem “gara” - “kara” sözüni azam bolsa ulanýarlar.
Köplenç “siýah” ulanýar. Siýaham - farsça.
Şoň üçin gelişse, gelişen ýerinde “çornyý” diýsegem bolarmyka diýýän :-) (diýemok).
avatar
0
12 Medicall • 16:17, 22.03.2023
yzarlap otursañ öñkülermiziñ köp sözem alynma sözler keni.. Şoňüçribem gara, syýah ulansagam, çornyy diysegem boljak bolup ýatan iken-da)))
avatar
0
13 Medicall • 15:36, 21.03.2024
Maña tizden tiz Ses dädemiñ sesi gerek bolup dur,

Mangoñam goly gerek bolup dur!

Gygyraýyn, eşitmezmika?!
Seesdäädeeeeee!
Mangoooo!

(Sesdäde! Mango! sagat 18-e çenli gelmeseñiz, sanawdan çykjak bolup dursuñyz!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203