Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:21
Märeke
MÄREKE

Öz işine gümra gadym giň jahan
Käte gam getirer, käte hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,
«Öýkeni giňär!» diýp, güldi jemagat.

Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy.
Şonda ol gözeliň ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandy.

«Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň?»
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämäň-nämedigini aňmaýan
Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.

Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.
Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.
Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
Soňky sapar için tutup aglady.

Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy
Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.
Diýdi il ýene-de juda sogduryp:
«Maşgalada öýke-de bor, kine-de!»

Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?
Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,
Saňa biperwaýlyk, endikmi, kärmi?

Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny?
Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.
Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny
Aglanlaryň oňatmyka ykbaly?

Hemme kişi bagtly güni aglanok,
Adam diýen gülenogam hesretden.
Eý, märeke, hiç düşünip bilemok.
Mähirlimiň?
Gaharlymyň?
Näme sen?

© Gurbannazar EZIZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 11:48, 08.06.2023
goşgy üç gezek aglamaly bolan gyz barada görünse-de, ol MÄREKE barada ýaly.

Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,
Saňa biperwaýlyk, endikmi
, kärmi?

jemgyýet, märeke, adamlar, toplum, toplulyk... her zada biperwaý bolsa, waý halymyza....
avatar
1
2 Pero • 18:27, 08.06.2023
Hawa, Mango kaka toplum biperwaý bolsa, iñ erbedi.
Bir gezek
filosofiýa mugallymymdan soradym:
- Mugallym, dünýäde iñ gorkýan zadyñyz näme?
-Biperwaý ýaṣlardan
gorkýan -diýdi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202