Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:37
Men özümi aýamadym
MEN ÖZÜMI AÝAMADYM HIÇ ÝERDE

Men özümi aýamadym hiç ýerde,
Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde.
Aglamda geň galdy terkidunýäler,
Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde.

Söýemde şeýle bir ýürekden söýdum,
Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men,
Adam söýsem, kimligine garaman,
Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.

Maňa bolsa «beýdip ýörme» diýdiler,
«Seniň bu bolşuňa diýerler tentek.
Sen entek ýaş ahyr, saňa gor gerek,
Seniň bar geljegiň öňüňde entek».

Men özümi aýamadym hiç ýerde.
Gorum gutarar diýip etmedim müýni,
Kä söýenim üçin urdular meni,
Kä gazabym üçin söýdüler meni.

Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum,
Şer işiň tersinde goýdum men şeri.
Soň görüp otursam, gutarýar eken.
Diňe berilmeýän zatlaryň gory.

Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriñ,
Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,
Bir gyzyl manat deý gizleýänleriñ,
Gutarýar ekeni ýürekde gory.

Men özümi aýamadym hiç ýerde,
Özümi bagş etdim özgeler üçin,
Dogry, käte azar berýär ýüregim,
Olam başga zatdan bolmagy mümkin.

© Gurbannazar EZIZOW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 15:17, 10.12.2022
hakykatdanam Ezizow başga!
1) Men özümi aýamadym hiç ýerde - pidakärlik
2) Söýemde şeýle bir ýürekden söýdum - ynsansöýerlik
3) Adam söýsem, kimligine garaman, Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen - ynsany bolşuna görä gowusy-erbedi bilen kabul etmek
4) Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum, Şer işiň tersinde goýdum men şeri - Şere päsgel bolup, haýry ýaýmak
5) Soň görüp otursam, gutarýar eken. Diňe berilmeýän zatlaryň gory - material zatlar azalyp biler paýlaşdykça, ruhy gymmatlyklar paýlaşdykça köpelýär (ber. bereketiň artsyn)
bir pursadyň içinde nämeleriň gürrüňini etdi.
ruhy şat bolsun şahyryň.
(halka peýdaly zat galdyranyň sogap depderi ýapylmazmyş)
avatar
0
2 Häki • 16:06, 04.06.2023
Özüňi aýamaly eken. Diňe özüňi däl, bir adamy däl, her kim özüni. Sebäbi, adam üçin özünden gymmatly hiç zat ýok eken.
avatar
0
3 Häki • 16:12, 04.06.2023
Şahyryň şu goşgysy bir wagtlar üýtgeşik täsirli goşgy ýaly bolup eşidilýärdi. Indi okaýan welin, pikirini bir ýere jemläp bilmän, "bir arapdan, bir şarapdan" uran ýaly bolup dur.

"Aglamda geň galdy terkidunýäler,
Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde."

Näme üçin aglanda terkidünýäler geň galmaly, ýa-da gülende bagtlylar geňirgenmeli?! Terkidünýä, dünýäden umydy öten, näumyt bende, ony bir agy geňirgendirýän bolsa, zor bolmaly ýa terkidünýä bolmaly däl. Bagtly adam öz bagtlylygyndan başga zady görýärmikä?! Garaz, kän...
avatar
0
4 Sag • 15:44, 13.08.2024
Öwseň öwübermeli,dögseňem döwübermeli. Diýmek, Ezizowyň bagtyna öwülmek düşüpdirdä
avatar

Старая форма входа
Total users: 203