Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:58
Serpaý

SERPAÝ

Söýüň meni— ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
bir pursatlyk söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni— ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý,
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

© Gurbannazar EZIZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 13:21, 08.04.2023
şahyr sözünde tapyldy: şalaryň elinden gelmejek serpaýy goýup gitdi...
avatar
0
2 Gerceknazar • 15:59, 08.04.2023
Serpaý

"Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý."

(Gurbannazar Ezizow)

Ah Gurbannazarym!
Beýik şahyrym!
Sen şeýle serpaýy etdiň jedelsiz.
Menem şeýle serpaý edesim gelýär.
Ylymym az,
Söz gorymam ýetersiz.

Kalpda kürsäp duran duýgylarymam,
Poslan demir deýin galmasyn çüýrap.
Gursakda gaýnaýan gaýgylarymam,
Dillerden döküler galmasa gurap.

Iň esasy näme hakda ýazmaly?
Aýt näme ýazmaly?
Şony ýazaýyn.
Bu ömrüme gör nämeler sygarka?
Ýazyp bildigimden göni ýazaýyn.

Şeýle uly bagty tapasym gelýär .
Jaýdar jümlelerim bolsun jaýba-jaý.
Menem şeýle serpaý ýapasym gelýär,
Şalaryň elinden gelmejek serpaý

Gerçeknazar Amannazarow
avatar
0
3 sussupessimist • 09:29, 01.03.2024
Şu güne baýramçylyk alamatyny berýän bir däp edinmeli, diňe özümiziňki bolsun.
Mysal üçin, adamlar her 1-nji martda birek-birege kitap serpaý etsin...
avatar
0
4 Mekan2 • 10:11, 01.03.2024
gowy pikir, öýi gözleşdireýin, däblýu si'e düşmediklerden galan bar bolsa "leninizm", "markisizm" kitaplardan paýlaşdyraýyn. ýerine çagalaň "mauglisini" alsamam bolýa.
avatar
1
5 Seýrаn • 13:59, 01.03.2024
Gerçeknazar, näme ýazjagyňy bilmeýän bolsaň ylmyňy artdyr. Soň özi gelýär.
avatar
0
6 Aýgül_Baýadowa • 14:36, 01.03.2024
Ýürek juga uly bolansoň, söýgi ýetmedik bolmaly. Ýogsa, maşgalasy, dost-ýar, dogan-garyndaşlary söýendirem welin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202