Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:13
Şahyryň gündeligindäki ýazgylardan

ŞAHYRYŇ GÜNDELIGINDÄKI ÝAZGYLARDAN

"...MEN ÝÖNE - G.EZIZ"

Men düýş gördüm. Düýşümde poeziýa bagynyň içinde aýlanyp ýörkäm, maňa Bagban duşdy we ol mähir bilen döşüme poeziýa gülüni dakdy-da, meni ýola salyp goýberdi.
1958/11 — 6
Öýde maňa käýeýärler. Esasanam — kakam. Ir ýatmagymy talap edýär. Men oňa giç ýatmaga endik edendigimi aýdýaryn. Ol bolsa bir-iki gün kitaplaryňy eliňe almasaň, soňra ýuwaşýuwaş olary ýatdan çykararsyň diýýär.
1958/11
Duýgy abstraktdyr. Şahyryň esasy daýanç nokady duýgy, netije-de abstrakt düşünje. Ony nähili ýüze çykarmaly. Duýgynyň abstrakt bolşy ýaly, Hudaý-da abstrakt. Ýöne adamlar ony belli bir sypatly, gylyk-häsiýetli hökmünde şertlendirýärler. Ýagny abstrakt düşünjäni konkret formalaryň üsti bilen düşündirýärler. Duýgy bilen nähili? Ony şahyrlar nähili konkretleşdirýärler? Diňe real dünýäniň predmetleriniň üsti bilen. Bäş abstraktdyr. Emma men elime bäş sany galam alsam, ol eýýäm konkretleşýär. Tukatlyk — abstrakt duýgy. Güýz pasly — onuň konkret formasy. (Men, nämüçindir, güýz paslyna tukatlygyň, optimistik tukatlygyň simwoly diýip düşünýärin). Adamyň asyrlarboýy edip gelen iňňän beýik işiniň biri-de ähli abstrakt düşünjäni, umuman, abstrakt dünýäni konkretleşdirýänligidir.
19/1 — 1963 ý.
Düýn Mämmet Seýidiň ýanyna bardym. Ol güldi-de: — Sen, how, her ýetene ýassyk bolup barýaň-la! — diýdi. Ol meni goldaýar. Men hakda aýdylýan zatlaryň esasy ýok diýýär. Hemişekileri ýaly, ol maňa ynanýar. «Miwesiz agaja daş zyňylmaýar». Onuň şu sözleri meniň ruhumy göterdi. Marks: «Poetu nužna bolşaýa laska» diýip, nähili dogry aýdypdyr. Birnäçe dogmatikler şindi edebiýatda barkalar, meniň iki ýaňagym mydam gyzaryp durar. Nähili küteklik!
11/IV — 1963 ý.
Sen öz-özüňe düşünmek isleseň, öz adamçylygyňy, gylyk-häsiýetiňi öwrenmek isleseň, Ýerdäki öz ornuňy bilmek isleseň näme etmeli? Bu meseläni dört diwary akyldarlaryň kitaby bilen bezelen jaýyňda çözüp bilmersiň. Olar seniň dünýä düşünmegiňe kömek eder, sen özüňde şol kitaplary ýazanlaram açarsyň, emma öz-özüňi açyp bilmersiň. Onuň üçin diňe halka gitmeli. Sen özüňi diňe özgelerden, olar bilen bolan tanyşlyklardan, gatnaşyklardan taparsyň. Hiç bir adamyň oý-pikiri, häsiýeti, ýeten medeni derejesi adamlardan, jemgyýetden daşarda açylmaýar. Mende özgeler ýaşaýar. Men özümi özgeleriň üsti bilen açýaryn.
15/VI — 68 ý.
Öýkünjeňligiň gutaran ýerinde şahyr başlanýar. Ol ýazýar, köpleriň aýtmagyna görä, oňat ýazýar, ony söýýärler. Ýöne günleriň biri ol özüne öýkünip başlaýar. Muňa çarhyň boş aýlanmagy diýilýär. Muňa öz şahyrçylyk talantyňa buýsanmak, tersine aýtsak weli, öz zehininiň barlygyna müňkürligiň ýoklugy diýilýär. Şahyr her gezek stoluň başyna geçende ýa-da her gezek täze goşga başlamazdan öň, öz güýjüne müňkürlik etmese, goşgynyň şowly çykmajagy belli. Öz-özüňe ynamyň başlanan güni şahyr gutarýar.
* * *
Sen maňa goşgularyňy görkez, men seniň kimdigiňi aýdaýyn!
* * *
Eger oturylyşykda, üýşmeleňlerde haýsy hem bolsa bir adam az geplese (geplemese hasam gowy), ol akylly ýaly bolup görünýär. Bu: «Aklyň bolsa märekede az sözle» diýdigi däl. Ol özüniň ruhy dünýesiniň ýalpaklygyny dymmaklygyň üsti bilen gizleýän bolsa kim bilýär?! Tersine, üýşmeleňde gyzygyp, nämedir bir zatlar barada şowhun edýänler ýaňra bolup görünýär. Bu: «Köp söz seni il içinde har eýlär-e» girmeýär. Onuň dymýanlara jany ýanýan bolsa kim bilýär?!
* * *
Edeplilik — boş awtobusa giren goja öz ýeriňi bermek däl, ýogsa biziň birtoparymyz şeýledirem öýdýäris.
* * *
Ýazýanlaryň juda känligine, gereginden artyklygyna her näçe igensegem, käte begenmänem duramyzok. Student ýyllarymyz ýadyma düşýär. Kursumyzda ýazmaýan, redaksiýalara goşgy ibermeýän student ýokdy. Biz duşuşanymyzda: «Salam» diýmeýärdik. «Goşgyň çykýarmy?» diýýärdik. Häzir olar medeniýetli, öňdebaryjy okyjylar.
22/VIII — 68 ý.
Şahyrlar (has beterem ýaş şahyrlar) goşgularynda «adamzat» sözüni köp ulanýarlar. Ýogsa olaryň birem adamzady tutuşlygyna görenok ahyry. Biz märekäni, mitingi, has ula gitse, futbol oýunlarynda ýüz müň adamyny birbada görüp bilýäris. Emma adamzat — ýüz müň däl ahyry! Olar käte adamzada ýüzlenip, adamyny unudýarlar. Hakyky şahyr bir adamyň üsti bilenem adamzady wasp edip bilýär.
* * *
Ýaramaz goşgy ýazan şeýle diýipdir: «Bir adama-ha ýaraýmagy mümkin». Şol adam şahyryň özi bolup çykypdyr. Oňat goşgy ýazan şeýle diýipdir: «Bir adama-ha ýaramazlygy mümkin». Şol adam şahyryň özi bolup çykypdyr.
* * *
Ýolagça ýol howpy hakda gürrüň berme.
* * *
Şahyr şahsyýet bolmaly. Näsini aýdýaňyz. Diňe şahyr däl — her bir adam şahsyýet bolmaly. Galyberende-de, şahsyýetden şahyr döremeýär, tersine, şahyrdan şahsyýet döreýär.
* * *
Iň beýik şatlyk şatlyga garaşmakdyr.
* * *
Şahyr iň oňat goşgusyny ölenden soň ýazýar.
30/VIII — 68 ý

© Gurbannazar EZIZOW

"Türkmenistan" gazeti 01.03.2023 ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 168 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 00:25, 02.03.2023
degişme ýaly ýazypdyr öýdýän:

Ýok!
Men Puşkinem däl,
Lermontowam däl.
Pyragy bolarnam
öýdemok heniz.
Men –
ýöne
G. Eziz.

Puşkin, Lermontow, Pyragy....
Ezizow şu üçlükden şekillendimi-kä?
avatar
0
2 sussupessimist • 09:26, 01.03.2024
gowy görýän şahyrlarydyr. Onsuzam döredijilige çynlakaý baş goşaňda - ondan pesine ymtylmaly däl.
avatar
0
3 Belki • 10:42, 01.03.2024
2-nji teswire. Rusça bilmeýän görgüliler nätmelikä ) Terjimäñ-ä sadagasy gideýin.
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 14:25, 01.03.2024
Düýşüňe şu şahyr girse gowymyka?
avatar
0
5 Mekan2 • 15:40, 01.03.2024
sms ýazmak üçin başy

Я нe Пушкин, нe ....,

diýip başlaýan goşgular kän. soňky setirlerde ýazjak sözüňe görä kapýa gabat getirip, islän şahyryň adyny ýa familýasyny goýaýmaly. Puşkini soňky söz edip ýörenem bar, oňa derek Ýesenin diýseň, şo bir rifma bolýa.

Я нe Пушкин, нe Эзизов,
Но могу сочинить стихов.
Ведь вся поэзия моя -
В двух словах: ЛЮБЛЮ ТЕБЯ!
avatar
0
6 Lacrymosa • 08:27, 02.03.2024
Puşkin bolup ýaşasaňam... Putin bolup ýaşasaňam... dünýe -- ýalan.... 5 günlük... oňam 3 gününi myhmana beräýseň... özüňe galýar 2 gün... 2 günlük dünýede ýene Puşkin bolup ýaşanyň gowudyr... owadan sözlere aldanypjyk ýaşaweriň, arkadaşlar, Puşkin deý..
..wiý, sözleriň owadanlygyna aldanyp diýjek boldum...bagşylarsyňyz-da...
avatar
0
7 sussupessimist • 13:09, 02.03.2024
Bu babatda: "Док, я вот думаю, что лучше: жить монстром или умереть человеком?" diýýä Leo dostum "Şatyr adasynda" (Shutter Island)
avatar
0
8 Мukam • 20:42, 02.03.2024
Şahyr iň oňat goşgusyny ölenden soň ýazýar.
30/VIII — 68 ý
Jaý aýdylan söz
avatar
0
9 Mekan • 22:41, 02.03.2024
Mukam gardaş, Gurbannazar 75-de aramyzdan gidendir.*

*"Aramyzdan gitdi" diysemem, men o wagt ýokdum.
avatar
0
10 Мukam • 00:26, 03.03.2024
Myhman ekäniñ özi biladi.
"Men henizem dirimikä" diýip, pikir edýädim!
Şahyr ölmeýär, olar ýaşaýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203