12:24 Bu men | |
BU MEN Ak gyşda azaşyp, Baharyň kalbyndan dömen! Ýollar ýadadyp azajyk, Ýene-de gaýdyp gelen... Bu men! Gidişim gidiş bolupdyr, Yzyma garamandyryn. Ýene seni gözläp geldim Goýnuna gara baglaryň. Ýeke söz ykbal çözýärkä, Bolma beýle biagyry! Dymma-da, Garap gözlerme Bir zat, bir zat diý ahyry! Ömrümiz goş ýazdyrypdyr Tez jereniň şahlarynda. Aýdylmadyk söz has agyr Diýlen sözüň ahmyryndan. Sözüme şübhe ýetişse, Gözüme dolan ýaşa bak! Bu ýel deý gelip-geçişde, Haýpdyr söýmän ýaşamak! Wagtyndan gijigen dürüň Arzysy arzan bolarmyş. Bir pursat säginen sözüň Soň ömre arman bolarmyş. Guş deý ganat kakýan kalbyň Eşdilýär gursakda sesi. Neçündir, çyr-çytyr bolup, Lebleriň syr saklamasy?! Ýaý deý ýaýylsyn gaşlaryň, Gussa çekme, Goý ahyňy... Gözlerime göni garap, Hany, bir zat diý ahyry! © Kakamyrat REJEBOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |