18:06 Beýnimiñ töründe baslygyp galan... | |
Beýnimiñ töründe baslygyp galan, Ýatlamalar arhiwini gorjadym, Lukgelenip, ýüpe bogulan ýaly, " Söýgi arhiw" bukjasyny dörjedim, Şol ýiten dunýämiñ gaty açylman, Giden eken tozanlanyp, çañlanyp, Ýüzüni emaý bilen süpurdim, Göz öñümden geçip gitdi janlanyp. Bilmedim ilkinji söýgimi ýa ýok, Ýöne meniñ hyýalymda döräpdi, Yşk - diýip, keşbemi, ýöne bir ugra, Bilmedim, ýürekde o:t köräpdi. Seni gordüm, gijelerne düýşimde, Gündizlerne señ daşyñdan synlardym. Daşyñdan guwanyp söýmegem başga, Şol yşga ýugrulyp, özüm güýmärdim. Sen bolsa söýýärdiñ özge ýigidi, Ýöne seniñ üçin, ol özge däldi... Hat-da, men seni, ondan gysganyp, Üýtgedipdim ýamana, ýagşy pälimi. Goýardym, öñünde päsgelçilikler, Gizlin, pynhan duşuşygyñ bozmaga, Gödekligim edip, bäsdeş ýigdimi, Urdurypdym. Senden göwnün üzmäge... Şonda-da öñüne bolsamda böwet, Söýgisi, meñkiden gelipdi üstün, Söýgimi, duýdurmak beýlede dursun, Gözümi ýaşardyp, aglapdym sessiz. Seniñ toýuñ boldy, Men ogryn garap, Söýmegñi isläpdim iñ soñky pursat, Beýnim bagtly bolmagyñy islese, Meñki bolmagyñy isledi gursak... Bu gün bolsa, Şol, arhiwiñ içinden Göz öñümde suratlaryñ janlandy. Ýüregimi söýgim bilen emdirip Emaý bilen süpirşdirdim çañlarny... Remezan Mämetgurbanow. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |