Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:41
Meniň dostum Gurbannazar /2
MENIŇ DOSTUM GURBANNAZAR
2.

ALLES ANFANG IST SCHWER -
ÄHLI ZADYŇ BAŞLANGYJY KYN


Nemesler hak aýdypdyr: alles Anfang ist schwer – ähli zadyň başlangyjy kyn. Işe başlamak – eýýäm işiň ýarysyny bitirene deň hasaplanýar. Iň esasy zat, men ýazmaga başladym. Diýmek, kitabyň ýarysy taýýar. Gurbannazar, men bu ýatlamany nähili ýazjagymy, haýsy edebi žanry, görnüşi ulanjagymy bilmedim . Ahmet Gurbannepesow:
– Derýa, sen forma gözläp ýörme-de, ýadyňa düşen zatlary ýazyber. Indi Ezizow baradaky her bir deliliň ýyl geçdigiçe gymmaty artar.

Men ýene-de oýlanýaryn, nämeden başlasamkam, haýsy ýerden alyp gitsemkäm diýip ýörkäm, Lew Tolstoýyň terjimehalyny ýazyşy ýadyma düşdi. Tolstoý hem öz terjimehalyny nämeden başlasamkam diýip ýörkä, onuň bir dosty:
– Sen özüňi bilip başlan wagtyňdan alyp gaýdaý – diýipdir.

Tolstoý onsoň şu sözler bilen başlaýar: “Men gara diwanyň üstünde ýatyryn, meni gundaýarlar, maňa bu ýaranok, men gygyrýaryn...”

Men Gurbannazar bilen ilkinji duşuşan pursadymdan gürrüň berip başlaýyn.

... 1960-njy ýylda men Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdim. Şol ýylyň güýzünde uniwersitetiň häzirki jaýy ýetişdirilip, oňa talyplar Köşi bagyndaky uniwersitetden gelip okuwa başladylar. Türkmen, rus, taryh fakultetleri bitewidi, şonuň üçinem talyplar biri-birini tanaýardylar. Aşakky kurslaryň talyplary ýokarky kursdakylara syn ederdiler, olar bolsa tersine, – aşakky kursdakylara.
– Beh, talyplar ýaman ownuk görünýärie-how – diýip aýtdy, soňam olaryň biri meniň kursdaşymdan:
– Sen näçe ýaşyňda? – diýip sorady.
Kursdaşym:
– On ýedi – diýdi.
– A sen näçe ýaşyňda? – diýip, menden soranda, menem: “On ýedi” diýip jogap berdim.
– Baý-bow, bular juda ýaş-la – diýdiler.

Indi görüp otursam, şol ýyllar talyplaryň köpüsi, bizden öňki kursdakylar 20-30 ýaşlarynda ekenler (uruş sebäpli okuwa giç giripdirler), biz bolsak, olaryň gözüne hakykatdan-da gögele görünýän ekenik. Yene-de bir aýratynlyk: filologiýa (türkmen-rus dilleri) fakultetinde okaýanlaryň hemmesi diýen ýaly geljekde şahyr, ýazyjy, hatda kompozitor hem, şahyr hem bolup ýetişdiler.

Uniwersitetiň üçünji gatynda durkam kimdir biri:
– Hanha, Gurbannazar Ezizow barýar, ol Hojaberdi Hanowa bagyşlap gowy goşgy ýazypdyr... – diýdi.

...Gijä galyp barýaň – okuw başlanjak,
Öňüňde ýapgyt däl, dim-dik basganjak.
Ýaýdanýaň, seredýäň depäňe bakan:
“Ah, nädip çyksamkam, nädip çyksamkam?

...Häzir bolsa galdy soňky basgançak,
Basym çyk, basymjak okuw başlanjak!...

Ynha, men seni şonda birinji gezek yzyňdan görüp galdym. Altmyşynjy ýyllaryň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligini alymlar entek öwrenerler. Men alym bolmamsoň, bu barada gürrüň etjek däl. Emma şol döwrüň şahyrlaryna, ýazyjylaryna, sazandalaryna biziň – ýaşlaryň garaýyşlarynyň uly söýgä ýugrulandygyny welin, ýatlasym gelýär. Biz olaryň goşgularyny ýat tutardyk, özlerem bize goşgularyny okap bermegi gowy görerdiler. Biz, ýaşlar, olaryň döredijiliginiň aşygydyk. Olaryň ýanynda bolmak, goşgularyny diňlemek, bardy-geldi dostlaşyp bilsek, bizden bagtly adam ýok ýalydy.

GÖKDEREDE BAŞLANAN DOSTLUK

Şol ýyllar tomus kanikuly döwründe talyplar Gökdere jülgesinde (öňki Çüli) dynç alýardylar, ol ýerde talyplaryň lageri bardy. Birnäçe talyplar Arçabilde (öňki Pöwrizede, Çülide) dynç alýan çagalar bilen lagerde işleýärdiler. Bu ýerde dynç almak gowudy. Uniwersitetiň hemme fakultetleriniň talyplary bu ýerde tomsuna dynç alýardylar. Esasan-da, Aşgabatda ýaşaýanlar dynç alardylar, welaýatlardan gelip okaýanlar tomsuna öz öýlerine gaýdardylar. 1961-nji ýylyň tom sunda men kursdaşym Mommak bilen şu lagere dynç almaga barypdym. Mommak Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebini gutarypdy, şu mekdebi Gurbannazar Ezizow hem gutarypdyr. Mommak bilen Gurbannazar öňden tanyş ekenler. Men Mommagyň üsti bilen Gurbannazara has ýakynlaşdym.

Talyplaryň dynç alyş lagerinde wagtyň gyzykly geçmegi üçin günde-günaşa haýsam bolsa, bir oýun guralardy, edebi agşamy, aýdym-saz agşamy, sportuň dürli gömüşleri boýunça ýaryşlar geçirilerdi. Ýeke talyp hem bu guralýan agşamlardan, ýaryşlardan çetde durman, hemmesi gatnaşardy. Şu ýerde men Gurbannazar Ezizowyň diňe goşgy ýazmak bilen däl-de, sport bilen hem meşgullanýanyny gördüm. Ol woleýboly gaty gowy oýnaýardy, ylgamakda bolsa, ondan öňe saýlanýan ýokdy. Seredip otursam, Gurbannazar Ezizow 1956-njy ýa-da 1957-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen ýaryşda birinji ýer alan eken. Küşt oýnamany gaty gowy görýärdi. Küşt barada entek gürrüň ederin, ýöne onuň saza aşykdygyny welin, şu ýerde bilip galdym.

Günleriň birinde Gökderäniň salkyn baglarynyň arasynda gezip ýörkäm, gulagyma hoş owaz eşidildi, klub tarapdan pianinoda çalynýan sazyň owazy özüne tabyn edip barýardy. Men bu gün agşam saz agşamy bolar diýip kluba tarap ýöräp, Aşgabatdan haýsy pianinoçy geldikä, ony görüp galaýyn diýip bardym, görsem, ynha, Gurbannazar saz çalyp otyr. Ol döwür türkmenler pianinony az çalardylar, bu biz üçin geň guraldy.
– Baý-bow, sen-ä sazanda ekeniň, beýle çalýan bolsaň, onda men Aşgabada gidip, öýden gyjagymy getireýin, onsoň goşup çalarys – diýdim.
– Gyjagyň bolsa getiräý, näme ony çalmak üçin alansyň-a, näbileýin-dä, çalyp bilýän bolsaň, ony şunuň ýaly ýere getirmän, nirede çaljak?

Gurbannazar, sen maňa şonda ynanmadyň, meniň türkmeniň iň gadymy saz gurallarynyň biri bolan gyjagy çalyp bilýänligime ynanmadyň, ýadyňdamy? Bu meniň çetime degdi. Men öýkämi daşyma çykarjak bolup durman ýuwdundym. Şolbada awtobusa münüp öýe gaýtdym-da, agşama çenli gyjagymy alyp, Gökderä öwrülip bardym. Indi-indi oýlanýaryn: şol gezek Gurbannazar meniň çetime degmedik - gyjak çalyp bilýändigime ynanmazlyk etmedik bolsa, onda men Gökdereden awtobusly Aşgabada gaýtmazdym. Şol wagt meniň aňymda tenha bir pikir bardy. Ol pikir hem özümiň gyjak çalmakda ussatdygymy Gurbannazara subut etmekdi.

Ýatýan ýerimizde talyplar ýokdy, agşam nahardan soň kimse kino, kimse suwa düşmäge, kimse-de peýwagtyna baglaryň arasynda dynç alýardylar. Men kino gutaryp, adamlar klubdan çykyp başlaýan badyna gyjagymy düzdüm-de, (bu gyjak biziň goňşymyz meşhur Çary Gurbanowyň maňa eden dört kirişli sowgadydy) çalyp başladym. Talyplar şol bada daşyma üýşüberdiler. Gurbannazar bolsa: “Muňa serediň-ä, geň zat, öz-ä türkmençe gürläninden rusça gürlänini kem görenok. Munuň türkmençe saz çalşyn-aý, haçan öwrenip ýörsüň-how?! Indi menem Aşgabada gidip dutarymy alyp gelmesem boljak däl” diýdi.

Ýöne, dutar üçin Gurbannazary Aşgabada ugratmadyk, sebäbi dutar şu ýerde-de bardy. Ana şondan soň Gurbannazar ikimiziň tanyşlygymyz dostluga öwrüldi soňundan ýegre dosta öwrüldik. Günde diýen ýaly ikimiz dutar bilen gyjagyň ýakymly owazyny gözel Gökdere jülgesine doldurardyk.

(dowamy bar)

© Derýa BAÝRAMGULYÝEW.
2007.ý.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Derýa Baýramgulyýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Hydyr • 23:18, 28.12.2022
Hakykatdanam Derýa gyjagy gaty gowy çalýardy. Ermeni, häzirbegjan, rus sazlarynam çalýardy. Ýumşak sesi bardy, aýdymlardan bilýänje setirlerini aýdyp, soňuny lä-lä-lä bilen gutarýardy. Hezil edip öz çalyşyna begenip gülerdi. Gurbannazar dutar çalyp, "Uzak ýaýlada eneäň hüwdüsi" goşgusyny aýdym edip aýdardy, Derýada gyjagyny çalardy. "Aý, gelin nirä barýarsyň, gök kürtäňi öl edip" diýip bir meşhur ýapbyldak aýdym bardyr, şoň heňine aýdardy. Gurbannazar Raj Gapuryň kinolaryndaky aýdymlary aýdardy, Derýa-da galman oňa gyjakda sazandalyk aderdi. Bizem Ylýas ikimiz 13-14 ýaşly oglan. Bu 1965-66 ýyllar bolmaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203