15:33 Meniň dostum Gurbannazar /6 | |
MENIŇ DOSTUM GURBANNAZAR 6. MAŞYN Gurbannazar maşyn edindi. Gyzyl reňkli “Ziguli” maşyny. Şol wagt hem Pribaltikada gyzyl reňkli kitaby çykypdy. Muňa hemmämiz begenýärdik. Gurbannazara maşyn sürmegi öwretmäge-de Baýramguly ikimiz başladyk. Maşyn sürmäge ýene-de şol ilerik baýyrlyklara, düzlüge giderdik. Gurbannazara maşyn sürmek kyn düşýärdi. Bir gezek ilerden özi rola münüp, öňki Lenin prospektinden gaýtdy. Ol aljyraýardy, bizem iki ýanyndan eýle sür-de, beýle sür diýip, ony hasam aljyradýardyk. Şol barmana Hudaýberdiýew köçesi bilen çatryga ýetende çatrygyň ortarasynda Gurbannazar maşyny siirüp bilmän duruberdi. Gapdaldan maşynlar signal berip, ony has beter aljyradýardylar. Şonda Gurbannazar: – Bulara sered-ä, yzlaryndan ýagy kowalaýan ýaly-la bularyň, hany şu ýerden gozganman dursam, nädersiňiz-ä? – diýip, maşynyň motoryny söndürdi oturyberdi. Rula Baýramguly geçdi. Gurbannazar deňimizden geçýän maşynlara seredip: – Duruberiň entek, gowy bir öwreneýin sürmäni, onsoň görersiňiz gapdaldan geçmäni – diýipdi. GURBANNAZARYŇ AÝRATYNLYKLARY Gurbannazar ýyly geýinmäni gowy görerdi. Şol barada Kerim Gurbannepesowyň bir degişmesini aýdardy... Bir gezek Gurbannazar gyşyň güni Kerim agalara baranda içerik girip, plaşşyny çykarypdyr, soň penjegini, soň žemperini, soň ýeňsizini, garaz, ýöne çykaryp durmuşyn... Şonda Kerim aga: – Boldy-how, Gurbannazar, deriňe ýetýäň beýdip – diýip, oňa degipdir. Gurbannazar degişmäni gowy görerdi. “Ýumorsyz adam ýarym adam, onuň bir zady kem ýalydyr” diýerdi. Sungatyň, edebiýatyň wekilleri barada özüniň pikirini göni aýdardy. Şol wagt talyp bolup okap ýören hemem populýar aýdymyň goşgusyny ýazan Allaýar Çüriýewe “Berekella, Allaýar, “Yüregimde ýalyn lowlar” diýen setirleriňi ajaýyp tapypsyň, molodes, şunyňy gaty oňarypsyň, köpräk şular ýaly setirler bilen goşgy ýazsaň, abraý taparsyň” diýerdi. Artistlerden, drama artistlerinden Hajy Annamämmedowyň ussatlygyny bellärdi. Juma Ýazmyradowa: – Şu artistiň talanty üýtgeşik, durşy bilen talant bolup dur, ýöne ownuk zatlara köp dalaşýar, obraz döretmeli” diýerdi. Ýaş artistleriň arasynda elmydama Juma aýratyn sarpa goýardy. Meniň pikirimçe, Gurbannazar Ezizow türkmeniň ilkinji şäher şahyrydy. Meniň şu pikirim, elbetde, hökman dogrudyr diýip bilmen, ýöne alymlar Ezizowyň şu taraplaryny öwrenerler diýip pikir edýärin. Gurbannazaryň gowy görýän zatlarynyň biri, olam krossword çözmekdi. “Ogonýok” žurnalynyň her sanyny tapyp alyp, şondaky krosswordy çözmän aýrylmazdy, çözüp bilmedik sözlerini oňa-muňa jaň edip sorardy. “Ogonýok” žurnalynyň indiki sanyna garaşyp, ondaky jogaplary görüp, öz çözgütleri bilen deňeşdirip görerdi. Gurbannazar krosswordyň 90 göterimine çenli özi çözerdi, soňam: “Görýärmiň, ediberşimi?” diýerdi, öz-özüne “Berekella, Gurbannazar!” diýerdi. Men Gurbannazara türkmeniň ilkinji şäher şahyry diýip aýdanymda, onuň döredijiligi barada däl-de, özüniň beýnisiniň berkän ýeri şäher diýip aýtjak bolýaryn! Ahmet Gurbannepesow bilen ikisi jedelleşýärler: “Şäher adamsy gowumy ýa-da oba adamsy?” – Meniň pikirimçe, şäher-ä şäher welin, ýöne paýtagt barada aýratyn bir zat bar. Paýtagtda ýaşaýan adamyň jogapkärçiligi juda uly bolmaly. Kimiň öňünde diýeniňde – öz halkynyň öňünde, esasan, paýtagta gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň öňünde. Paýtagtda ýaşaýanlary obadan gelen adamlar görende: “Baý, tüweleme, türkmen ösüp gidipdir” diýmeli. Paýtagtlylar özüniň dünýägaraýşy bilen, myhmansöýerligi bilen, mylakatlylygy bilen tapawutlanmalydyrlar. Özem şu ýerde Türkmenistanyň hemme ýerinden iň gowy wekiller ýaşamaly. Paýtagt adamlary özüniň watandaşlarynyň aladalary bilen ýaşamaly. Paýtagtda ýaşap, “5 sygrym bilen 50 sany goýnum bolaýsa” diýen pikirli adamlaryň bärde işi ýok. Paýtagtyň kynçylygyna döz gelmeli, ýöne, görüň-ä, öz obalarynda biabraý bolanlaram paýtagta gaýdyberýärler. Sebäbi bu ýerde ýaşaýjy kän, belki onuň pesligi, namartlygy bu köpçülikde bilinmän galar. Paýtagt durmuşynda şeýle zatlar seýregem däl ahyryn... Onsoň şol adamlara wezipe dagy ýetäýse, Alla ýaryň... Gurbannazar: – Derýa, seniň bu aýdýan zatlaryň üçin, şu zatlary pikir edip bilýäniň üçin, gel, men seniň eliňi gysaýyn-la – diýer. Ahmet bolsa ýuwaş-ýuwaşdan biziň pikirimize ulaşyp: – Elbetde, oba adamy ýönekeýje, şo-ol zähmeti bilendir. Umuman, men oba adamyny gowy görýärin. Bärde şäher adamynyň hasam, paýtagt ýaşaýjysynyň özüniň düşünmegi gerek, sen paýtagtlymy, diýmek, sen bütin Türkmenistanyň, türkmenleriň häzirki hem geljekki durmuşy bilen bolmaly. Diňe öz aladaň bilen ýaşamak paýtagt ýaşaýjysyna gelşenok. – Ýok, meniň pikirimçe, şäher adamy gowy, ol kalby arassalyk bilen tapawutlanýar, giň, ownuk-uşak zatlar bilen kän işi bolmaz. Gözýetimi giň, özüniň mertebesini gorar, jomartlyk bilen tapawutlanýar. Oba adamy bilen şäher adamyny men gürrüň açylandan tanaýaryn. – Ahmet, oba adamlary zähmetsöýer bolýarlar. Olar şähere gelibem, şäherdäki deň-duşlaryndan ökde çykýarlar, birbada agyr bolsa-da, soň rüstem çykýarlar. Dogry aýdýarsyň, şäher ýigidiniň öýi üstünde, nahary taýýar, eklenç barada aladasy ýok, köp zatlara biperwaýlyk bilen seredýär. Bu pikiriň bilen ylalaşsa bor, Ahmet – diýýärin. – Ýöne, şol oba ýigidi şähere gelen badyna “Menem sizçe bardyryn, ine, görersiňiz” diýip, soň öz maksatlaryna ýetjek bolup, öz mertebelerini depeledýän ýerlerem az däldir. Bir uly adam bolup ýetişende bolsa, şol özüniň ýaşlykda gören horluklaryny başgalara-da görkezjek bolýar, bu bolsa onda ýaramaz häsiýetleriň ösmegine ýol açýar. – Ahmet, men Derýa bilen ylalaşýaryn, ol köp zady dogry aýdýar. Men Gurbannazar bilen Ahmede ýüzlenip: Ýüwrük münüp, toý tutup, Dost-duşmana göz etsem... – diýip, türkmen aýdymynyň iki setirini okap: – Ýeri, bolýarmy şu? Näme üçin hökman dost-duşmana göz etmeli, ýok, men muňa düşünemok – diýenimde, Gurbannazar ýene Mämmet Seýidiň degişmesini aýdyp goýberer: Bu zatlara düşünersiň gowy sen, Okabersen Pawlik Morozowy sen... Gurbannazar ýetişip gelýän ýaş şahyrlardan Kakabaý Gurbanmyradowy, Atamyrat Atabaýewi, Nobatguly Rejebowy, Orazguly Annaýewi bellärdi. Bu ýaş şahyrlar ýygy-ýygydan Gurbannazaryň ýanyna üýşerdiler. Olar bilen oturyp poeziýa, edebiýat, tankyt barada köp gürrüň edilerdi. Bu ýaş şahyrlar Gurbannazara uly hormat goýardylar. Gurbannazar hem, umuman, ýaşlara hemme tarapdan görelde bolup bilýärdi. Gurbannazara meňzejek bolýardylar. Men bir gün Gurbannazara: “Seniň şahyr dostuň Atamyrat Atabaýewi bir beladan-a sypdyrandyryn” diýenimde, ol: “Indi senem şahyrlara kömek etjek dälmi? Bu seniň – hakyky komsomolyň borjy bolmaly ahyry” diýipdi. Soňky döwürlerde, hasam, Kakabaý bilen köp tirkeşipdi. Bir giin Kakabaý, Ýuriý Rýabinin dagy bilen Gurbannazar öýe gelip, goşgy okaşmak edipdiler. 1960-njy ýyllarda her ýylyň güýz aýlary talyplary pagta ýygmaga äkiderdiler. 1962-nji ýylda uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Tejeniň “Prawda” kolhozynyň “Jylaw” diýen ýerinde pagta ýygdylar. Şonda Gurbannazaryň gürrüň berşine görä, juda syçanly ýyl bolupdyr. Gurbannazary bolsa talyplar öz brigadasynyň aşpezi edip belläpdirler. Tejende nahar bişirenlerinde ýer ojagyny gazana laýyk edip gazýarlar, gazanyň agzy bilen ýer bolsa, bir göniilikde bolup duruberýär. Gurbannazar nahary ýetişdiripdir. Talyplar bolsa, günortanky çekimden soň, hersi öz gap-çanaklary bilen nahara tarap ýöräp ugraýarlar. Gurbannazar nahary atarmazdan öň etini gowy duzlapdyr, eti gaýnandan soň çorbasyna-da ep-esli duz atypdyr. Pagta brigadiri bolsa, bu ýaş oglan nahary oňararmyka, oňarmazmyka diýip, Gurbannazar gazanyň ýanyndan aýrylanda, ondan soraman, nahary datman ýene-de duz atypdyr. Nahar örän duzly bolupdyr. Talyplar gelip Gurbannazara: “Ertirki nahara duz galdyrdyňmy?” diýipdirler. Garaz, “Gurbannazaryň nahara duz atyşy ýaly” diýen gürrüň pagtadan gaýdýançalar galmandyr. Annaberdi Agabaýew Gurbannazaryň goşgularynda bimäçe meňzeşlikler bar diýýär. Bu olaryň biri-birleri bilen jedelleşenlerinde orta çykýan mesele bolmaly. Meniň pikirimçe, hemme kämil zatlarda meňzeşlik bar. Gowy adamlar, gözeller, aňrybaş tehnikada-da meňzeşlik bar, bu bolsa Gurbannazaryň goşgularynyň kämilliginiň alamatydyr. Gyşyň uzak gijeleri Gurbannazarlaryň öýlerinde oturyp, edebiýat barada jedeller edilerdi. Soňra Gurbannazar täze goşgularyny okap bererdi, özem “Nähili, bolupmy?” diýip sorar. Men: – Gurbannazar, “Sagat çot kakyp dur, şyk, şyk, şyk” diýenden “Sagat wagt sanap dur...” diýip alsaň, has türkmençeräk bolaýjak ýaly-la” – diýýärin. – Bu pikiriňi göreris – diýýär. Emma goşgusy welin, ýene öňküligine çapdan çykar. Ýene bir degişmesi bardyr. Birimiz: “Indi dynç alaýsak, öýli-öýe gaýdaýsak, wagt bir çene ýetdi, onsoňam, kelläm agyrýar” diýsek, ol şol bada: – Eh, sen, kelläm diýme-de, şutaýym agyrýar diý– diýip, kellesini görkezer: “Sende kelle barmy, agyrar ýaly, şu taýym agyrýar diýip görkez” – diýip degişerdi. Gurbannazar ýene-de türkmeniň geçmişi, ykbaly hakda gürrüň açar. – Görüň-ä muny, dünýä ýüzünde ençeme halklar ýaşaýandyr, emma ýekeje-de halylary ýokdur. Biziň türkmenlerimizde diňe bir halkyň içinde haly sungatynda özboluşly teke göli, ärsary göli, ýomut göli, beşir göli, garaz, sanasaň sogaby bar. Özem bir halkyň dünýä gymmatlyklaryna goşandy. Ýa-da, gawunlaryny alyp görüň. Waharman, garrygyz, göktorly, zamça, gülaby. Oturyp pikir edýärsiň welin, bular halkyň geçmişde ägirt bolanlygynyň alamaty. – Gurbannazar, ahal, ýomut atlary barada, ýorunja barada näme diýjek sen? – diýýärin. – Ahal, ýomut atlary dünýä belli atlar, ýöne ýorunjanam türkmenler döredipdirmi? – Hawa-la, Gurbannazar – diýip, men “Gurbannazaryňam bilmeýän zadynyň üstünden bardym-ow” diýip hondan bärsi bolýaryn. – Aýtsam, türkmen seleksionerleri ýörite at üçin iýmit diýip, baryp-ha, Parfiýa döwleti parlap ösýän wagty ýorunjany oýlap tapypdyrlar. Şonuň üçinem ýorunja otunyň hakyky mekany Turkmenistan bolmaly. Syn edip görseň, ýorunjadan doýan atlaryň endamy ýalpyldap durandyr. Ol ot şu ýerden dünýä ýaýrandyr, şuny bilip goýuň. – Berekella, Derýa, men şuny bilmeýän ekenim. Ýa-da türkmen dili barada gürrüň açar: “Geliň, kim bir söze köp sinonim tapmaşak?” diýip, özi seret diýen söze sinonimleri tapyp başlar: “Seret, eset, gara, bak, gözle, äňet, nazar eýle. Şunuň ýaly dilde beýik-beýik eserleri döretse bolar” – diýer. Gurbannazaryň gowy häsiýetleriniň biri, olam, arasyna tow düşen maşgalalary ýaraşdyrmakdy. Men olaryň atlaryny tutup oturmaýyn. Ýöne Gurbannazar iki juwanyň öýkeleşen wagty olary ýaraşdyrmaga ökdedi. Men şonuň usullaryny uniwersitetde partkom bolup işleýärkäm ulandym, gowy netije berýardi. Gurbannazarlarda saz çalyp otyrys, ikimiz. Ol sazdan tutýarys, bu sazdan tutýarys. Gurbannazar maňa: – Derýa, näme üçin “Sen-sen” sazyny biziň ajaýyp mukamçylarymyz çalmandyr-a? Ýogsa, eline birinji gezek dutar alan şol sazdan başlaýar. – Gurbannazar, dogrudanam, nädip şol saz ussatlar tarapyndan unudyldyka? Şu gürrüňler baryp, 1970-nji ýyllarda bolupdy. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda men Büzmeýiniň Garadaşaýak obasynda ýaşaýan Seýitmuhammetlere bardym. Onuň öýünde meşhur sazanda Ýagmyr Nurgeldiýew saz çalyp oturan eken. Men Ýagmyr aganyň dutarynyň kirişlerini gowşadyp, ony ýygnajak bolanda, oňa Gurbannazaryň aýdan şol sowalyny berdim: – Ýagmyr aga, näme üçin ussat sazandalar, şu döwrüň ussatlary türkmeniň “Sen-sen” diýen sazyny çalanoklar, bolmasa, hemme dutarçynyň ilki öwrenýän sazy şondan başlanýar-a? – diýenimde, ol: – Aý, ol birhili, ýeňil saz bolany üçin ussatlar özi üçin... garaz, çalmandyrlar – diýdi. – A siz çalaýyň. Meselem, Mylly Täçmyradow “Enäni”, “Nar agajyny”, hatda Çary Täçmämmedow “Ýarow jany” ýeňil sazlar diýip çalman goýmandyrlar ahyry – diýenimde, ol: – Hany, göreli-le çalyp, seniň diýýäniň dogry bolmagy mümkin – diýip, ýaňky sazy şeýle bir çaldy welin, özem haýran galdy oturyberdi. Meniň guwanýan zadym bolsa, aradan iki-üç gün geçmänkä telewideniýede ýaňky sazy Ýagmyr Nurgeldiýew çalyp goýberdi, soň radioda ýaňlandy. Gurbannazaryň bir wagtky aýdan şol pikirini şu döwürde durmuşa geçirenim üçin özümden göwnüm hoş boldy. SÖZSOŇY Hawa, ýazsaň ýazyp oturmaly, her günüň, her aýyň, her ýylyň barada, ýöne men şu ýerde häzirlikçe sözümi tamamlajak bolýaryn. Entek Halyl Kulyýew barada, umuman, uniwersitetiň 1960-njy ýyldan başlap, tä 1982-nji ýyla çenli döwri barada, ondaky okan talyplar barada, olaryň dünýägaraýşy barada, mugallymlar barada, uniwersitetiň ýolbaşçylary barada, umuman, häzirki zaman ýaşlaryna aýtmaly zatlar köp. Aýdara zat köp, aýtmasam, okyjymyň öňünde uly günä etdigim bolar. Şu ýerde beýik türkmen sopusy Mäne baba barada aýratyn durup geçesim gelýär. Mäne baba ölüm ýassygynda demini sanap ýatyrka, onuň talyplary başujunda otyrlar. Ol üm bilen talyplaryň birine “Şol tekjedäki kitaby al” diýýär. Talyp kitaby eline alýar. Pylan sözi tapyp, manysyny okap ber diýýär. Talyp şol sözi tapyp okap berýär hem-de halypasyndan bir sowal bermäge rugsat soraýar. Rugsat berilýär. Ýaňky talyp: – Halypam, özüňiz-ä soňky ýola barýarsyňyz, häzir şu dünýä bilen hoşlaşjak bolup dursuňyz, edil şu wagt şol sözüň manysyny bilmek size näme üçin gerek boldy? – diýip soranynda, Mäne baba: – Eý, oglum, hernä bilmän ölenden, bilip öleniň ýagşydyr – diýipdir. Men oýlanýaryn, eger-de, şu beýik pikiri nemes, iňlis, fransuz, arap, rus aýdan bolsady, onda ýaňky sözler olaryň okuw mekdepleriniň iň gömükli ýerinde ýazylyp goýlardy. Ýöne bu pikiri, bu ajaýyp mähek daşy ýaly sözleri aýdan türkmendi... Sowet döwründe türkmenler birnäçe özge halklar bilen gatnaşykly ýaşamagy öwrendi. Şol halklardan biziň gündelik durmuşymyza giren bimäçe däpler bar. Olaryň biri hem doglan günüňi bellemek. Gurbannazaryň doglan güni Nowruz aýynyň 1-i, meniňki -– Nowruzyň 4-i, men Gurbannazardan üç ýyl, üç gün ýaş. Ýylda-da doglan günümizi bellärdik. Baýdak aýynyň ahyrlarynda: “Nowruzyň 1-i ýetip gelýär, nähili belläris? Şuny, gel, ikimize ortalyk bolar ýaly, Nowruzyň 2-sine belläýeli” – diýip, ikimiz ylalaşýarys. Soň nähili bolýar? – Nowruzyň 1-ine Gurbannazarlara üýşýäris, 2-sine-de şol ýerdediris, soň Nowruzyň 3-4-ine bizde, yz ýanam aýyň 8-ine aýallaryň şol mahalky baýramçylygy ýetip gelýändir. “Bahar aýynda dogulmak, gör, nähili hezillik” diýerdi. Ýogsa-da, Täleýnama boýunça Baýdak aýynyň 20-sinden Nowruz aýynyň 20-si aralygynda doglan çagalar, eger gowy terbiýe alan mahallarynda geljekde belli adamlar bolup çykýar. Gurbannazar Ýazyjylar birleşiginde lşleýärdi. Bahar aýlary Ýazyjylar birleşigine ýerlerden köp goşgy iberilýän ekeni, bularyň bolsa hemmesini okamaly, jogap ýazmaly, şonuň üçin Gurbannazar Nowruz aýy ýetiberende: “Goşgular ýagyp başlar-ow indi” diýerdi. Men bolsa oňa jaň edip: “Yoldaş Ezizow, men bir ajaýyp poema ýazdym, siz şony okap, öz gymmatly pikirleriňizi aýdaýsaňyz – diýenimde, ol: – Jan, Derýa, oýun etmesene, şondanam bir oýun bolarmy? – diýerdi. – Dur entek, okajak däl diýiberme. Men bir beýik simfoniýa-da ýazdym, ony Nury Halmämmede diňledip görjek, senem diňläp göräý – diýenimde ol jak-jaklap gülüp: – Onda poemany saza geçirip, ikimizem Nura aýdyp bersek, Nury ýykylyp, soň galmaýaram – diýerdi. ...Arada Gurbannazarlara bardym. Gurbannazaryň ejesi Gülnabat daýza Gurbannazaryň ogul agtygyny gujagynda oýnadyp oturan ekeni. Gurbannazaryň agtygynyň adyna Abdyleziz diýip, onuň atasynyň adyny dakypdyrlar. Goý, adyna mynasyp ýigit bolsun! Gurbannazaryň nesli dowam edýär. Şu ýerde Gülnabat daýza Gurbannazaryň Krymdan ýazan hatyndan bir goşgy okap berdi, ol goşguda meniň adym hem bar eken. Şol goşgudan bir bendini okyja ýetireýin diýdim: ... Tokardan aýrylyp çalardy başym, Derýasyz saýramaz bagymda guşum, Hany Annaberdi - ol galam-gaşym, Loňkum sag-amanmy, ol ýerde, begler? Gurbannazary iň soňky gezek görşüm şeýleräk boldy. Men öýde otyrdym, telefon jyňňyrdady, aňyrdan Mele Badaýew maňa: - Derýa Kulyýewiç, Krasnowodskiden dostumyz Wladislaw Saparow gelipdir, ol seni görmän gitjek däl diýýär. Biz saňa “Türkmenistan” restoranynyň öňünde garaşýarys, gaýrat et-de, gel. Wladislaw Saparow uniwersitetiň ýuridiki fakultetini gyzyi diplom bilen tamamlap, Krasnowodskide sudýa bolup işleýärdi. Biz restoranda agşamky naharymyza başlanymyzam şoldy welin Gurbannazar Orazmyrat Gurdow, Yuriý Rýabinin, Orazguly Annaýew, moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow (onuň şoldugyny soň bilip galdym) dagy bilen girip, bir stoluň başynda oturdylar. Olar bizi görmediler. Restoran adamdan doludy. Men Mele bilen Wladika: - Pul ýagdaýyňyz gowumy? - diýdim. - Arkaýyn bolaý - diýlenden soň, ofisianty ýanyma çagyryp, Gurbannazaryň oturan stoluna iki çüýşe şampanskini biziň hasabymyza goýmaly diýip tabşyrdym. Ol diýenimiz ýalam etdi. Gurbannazar şondan soň bizi gördi we biçak begendi. Ol: “Oglanlar, siz şeýle bir gowy iş etdiňiz, myhmanyň ýanynda biziň abraýymyzy göterdiňiz, sag boluň, sag boluň, ine, türkmeniň türkmen bolýan ýeri” diýdi. Soň biz stolumyzy birikdirdik... Iň soňky duşuşygymyz eken, iki günden soňam şum habar geldi... ...Gurbannazaryň tabydyny öýden alyp çykanymyzda, Beki Seýtäkow Kerim Gurbannepesowyň elinden tutup: – Gurbannazarymyzam ýitirdik – diýdi. Şu ýerde Halyl şahyryň setirleri ýadyma düşýär: Gör, neneň hekaýat, bolmasam-da men, Adamlar öljek däl, baky ýaşajak. A men bolsa, adamlardan aýrylyp, Bir minudam ömür sürüp biljek däl... Dünýä hiç kime baky berilmändir, hemme-de gitmeli, ýöne wagty bilen bolaýsa-da! Ýok, toba estagpyrylla, men Ýaradanyň birnäçe işleri bilen razylaşyp bilemok... Şeýdip institutyň gapysyndan girip, ýokarky gata, talyplaryň ýanyna barýaryn. Gurbannazaryň: ... Häzir bolsa galdy soňky basgançak, Basym çyk, basymjak okuw başlanjak!... - diýýän sesi bolsa, şo-ol gulagymda ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur!.. 2000-nji ýylyň Baýdak aýynyň 9-y. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |