Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:10
Meniň dostum Gurbannazar /3
MENIŇ DOSTUM GURBANNAZAR
3.


GURBANNAZAR EZIZOW WE TÜRKMEN MILLI SAZY

Gurbannazaryň saza bolan söýgüsi juda uludy. Ol türkmen mukamlary radioda çalnanda ilkinji şelpelerinden haýsy sazdygyny tanardy. Diňe sazy tanamak däl, eýsem kimiň çalýandygynam bilerdi. Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň çalýan sazlarynyň-a aşygydy. Her saza üýtgeşik, özboluşly garaýyş bardy. Pürli Saryýewiň “Kerem geldi” sazyny durky bilen diňlärdi, emma şol sazandanyň “Aýna” diýen sazyna, Çary Täçmämmedowyň “Daglara bar” sazyna düşünemok diýerdi.

Gurbannazar dutar alyp şelpe kakmany, käbir ýeňil sazlardan çalmany gowy görerdi. Pürli Saryýewiň “Şatlyk” sazyny başdan-aýak bilerdi, ikimiz goşup çalardyk welin, şuňa çaga ýaly begenerdi. Gurbannazaryň saza bolan söýgüsi barada giňişleýin gürrüň etmäge maglumatlar köp. “Gurbannazar we dünýä halklarynyň aýdym-sazlary” diýip, ýene-de köp gürrüň etseňem boljak. Belki, bu barada Gurbannazar bilen gowy gatnaşykda bolan sungatçylar hem ýazar. Ol ylaýta-da, türkmen bagşylaryny gowy görerdi. Magtymguly Garlyýewe – ägirt, Sahy Jepbarowa – beýik diýerdi. Magtymguly Garlynyň aýdymlaryny diňlände “Be, özi bir doýdumyka şu aýdymlaryndan, sered-ä munuň bokurdagyny gaýnadyşyna, ýok-ýok, meniň ýaly muny diňläp bilýän dälsiňiz” – diýibererdi. Sahy Jepbarowa “O, dýadýa Saşa poýot. Derýa, smotri, çto delaýet-a?” diýýärdi.

Men Gurbannazara beşirli ady belli Öwlüýäguly bagşyny öýümizde diňlänimi aýdanymda göwni hoş bolup, Öwlüýäguly bagşy barada eşidenligini, emma ony görmedigine gynanýanlygyny aýtdy. Men indi-indiler şol bolan gürrüňleri ýatlap, Gurbannazaryň Öwlüýäguly bagşydan hem habarlydygyna haýran galýaryn. Meniň pikirimçe, ärsary ýolundan aýdym aýdyp, özboluşly uly ýoly goýup giden bagşynyň mirasy häzire çenli ýeterlikli öwrenilenok. Şol bir wagtda-da Gurbannazaryň hemme zada – sungada-da, medeniýede-de, türkmeniň aýdym-sazynyň gadymy ýollaryna-da, umuman aýdylanda, ähli zada gaty uly üns berenligine, onuň ýaşap geçen döwrüniň talaplaryna garam azdan, olary özbaşdak öwrenenligine seredip, ony beýikleriň hatarynda goýasym gelýär.

Gurbannazaryň öýünde Tuwakgylyç Gurbannyýazow ençeme gezek myhmançylykda bolupdyr. “Şu bagşy-da zehini Taňry tarapyn berlenlerden bolmaly, ýöne muňa az üns berilýär” diýerdi, haçanda men bu bagşyny tanaýanlygymy, ony Kerkide, G yzylaýakda köp diňlänimi aýdanymda göwni hoş bolardy. “Zenan bagşylara nähili baha berjek” – diýip sorasaň, ol:
– Nurjem al Rejebowanyň, Sülgün Meretgeldiýewanyň, Nabat Nurmuhammedowanyň, Roza Hudaýbergenowanyň gadyryny entek bilerler, howlukma – diýerdi.

Ýaş bagşylaryň arasynda Mäne Garaýewi, Oraznepes Döwletnazarowy bellärdi. Bir gün olaryň öýlerinden ördük, şonda Gurbannazar:
– Derýa, ýör, Mänelere gidip, bir-iki aýdym diňläli, senem gyjagyňy al, hezillik bor-ow– diýdi.
Men:
– Gurbannazar, gelşiksiz bolaýmasa, irden bagşynyň öýüne gyjagymy süýräp baryp: ”Hany, bir-iki aýdym aýdyp ber, men gyjakda kowalaýyn” diýsem, nähili bor-aýt? – diýdim.
– Hiç hilem bolmaz, woobşe, şahyr, bagşy, sazanda – bular il adamsy, şonuň üçin olaryň gapylary hemişe açyk bolmaly – diýdi.

Biz ir sagat onlara Mäne Garalara bardyk, görsek, ýeke özi, elinde dutary, öňünde magnitofony, özi aýdym aýdyp berip oturan ekeni. Mäne myhmansöýerlik bilen bizi garşylap, öz öýünde bir-iki aýdym aýdyp berdi. Soň Gurbannazar:
– Görýäňmi, Hudaý maňa ses berdi diýip oturanok, özüni kämilleşdirýär, ine, şeýdip ussat bolunýar – diýdi.

Mänelerden soň men Gurbannazara Oraznepes Döwletnazarowlara gideli, men Oraznepesiň ýanynda, Baýjan Işanyň ýanynda käwagtlar gyjak çalýardym – diýdim. Oraznepes öýlerinde ýok ekeni. Şu ýerde Oraznepesiň bir aýdan pikirini ýatlaýyn.

Altmyşynjy ýyllar türkmenleriň arasynda pianino, klarnet, truba, dep, akkardeon ýaly gurallar giň ýaýrap başlady, Oraznepesiň ýüreginde türkmen aýdymlarynyň geljegi howsala döredýärdi öýdýän.
Ol maňa:
– Derýa, şu gidişine gitse, ýene 20-30 ýyldan türkmen bagşysy diňlenjegem däl öýdýärin– diýdi.
Men:
– Yok, Oraznepes, türkmen dünýäde ýaşasa, onuň sungaty ýaşar, esasanam bagşyçylyk sungaty hiç wagt ýitmez – diýdim.
– Hemä şeýle bolsun-da!

Häzir professor Oraznepes Döwietnazarow türkmen konserwatoriýasynda ýaş bagşylara sapak berýär. Meniň ýaňky aýdan sözlerime şu günüň zehinli ýaş bagşylary Parahat Şyhymow bilen Kyýas Durdyýew dagy güwä geçýärler. Ikisem, tüweleme, göz degmesin, geljekde atly-abraýly, ussat bagşy bolar diýdirýär. Yene-de bir guwandyryjy zat – türkmen telewideniýesinde Bozagan Amanow täze aýdym-saz toparyny döredipdir. (Men ony tanamok, konserwatoriýada mugallym bolup işleýär diýdiler). Şol toparda türkmeniň bagşyçylyk ýollarynyň tas ýiteňkirlänleri täzeden dikeldilýär. Bu toparyň ýaş bagşylaiy änew ýolundan, ärsary ýolundan, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz, Ahal ýollarynda hem-de türkmen bagşyçylyk äleminde uly yz galdyranlaryň ýollaryndan şeýle bir ussatlyk bilen aýdym aýdýarlar welin, türkmeniň bu beýik sungatynyň hiç haçan öçmejegine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Begenjiňden gözüňe ýaş aýlanyňy duýman galýarsyň...

Men bir zady halamokdym, ol hem türkmen bagşy aýal-gyzlarynyň jukguldap, aýdymy bokurdagynda gaýnadyp aýtjak bolmagy. Men: “Jukguldy diýlen zat erkek adama mahsusdyr. Gurbannazar, men-ä aýal maşgala jukguldy ediberse, göwnüme bolmasa, şol aýdymyň üstünden gülünýän ýaly bolup görünýär” – diýerdim. Gurbannazar bu pikirim bilen ylalaşýardy.

Jukguldy, bokurdagyňdan gaýnadyp çykaryp aýtmak, seredip otursam, dünýäde üç-dört halkyň aýdym aýdyş usuly eken. Olar: tuw alylar, garagalpaklar, burýatlar, Bu halklaryň geçmişde biz bilen nähili gatnaşykda bolanyna sungaty öwrenijiler hem üns berseler, aýdymy bokurdakda gaýnadyp aýtmakda şu halklaryň nähili arabaglanyşygynyň barlygyny bilmek juda gyzykly bolardy.
Gurbannazar:
– Şu pikiriň goldanmaga mynasyp – diýerdi.
Gurbannazaryň saz älemindäki gözýetimi juda giňdi. Hindi, rus, ermeni sazlaryny gowy görerdi. Eline dutar alyp, şolaryň aýdymlaryna hiňlenerdi. Bir gezek dostumyz Baýram Amangeldiýewiň ekiz inileri Hydyr bilen Ylýas Oba hojalyk institutyny tamamlany sebäpli çakylyk etdiler. Hydyr bilen Ylýas şol çakylykda magnitofona Gurbannazaryň goşgularyny ýazdylar. Men şonda Gurbannazaryň sazandasy bolup, oňa bir-iki sany hindi aýdymlarynyň owazyny aýdyp bermegi haýyş edipdim, Gurbannazar goşgy okady, men ýanynda saz çaldym. Aýratyn dutar çalyp hezil beren köşili daýhan, ýaş sazanda Aýdogdy Amanmämmetdi.
Obada ady Allow diýlip tutulýardy. Ine, indi seredip otursak, şol ýazgylardan başga, Gurbannazaryň kän
bir sesiniň magnitofona geçirilen ýeri ýok ekenem. Gör, nähili bolýar?! Adam ýaşap ýörkä bu zatlar, daş-töweregindäki adamlar müdimilik ýaly, emma...

GURBANNAZAR EZIZOW WE NURY HALMÄMMEDOW

Gurbannazar Nury Halmämmedow bilen dostdy. Bularyň ikisi hem türkmeniň zehinleri, taýsyz ýigitlerdendi. Her haýsy bir gaýanyň şiridi. Gurbannazar Nurynyň sazlaryna uly hormat goýardy. Onuň “Nar agajyny” Glinkanyň “Nar agajyndan” has ýokarda goýardy. Bu hakykatdanam şeýle. Şol wagtlar Nury Halmämmedow Türkmenistanyň iň belli hem-de söýgüli kompozitorydy. Gurbannazar bilen Nury Halmämmet “Görogly” operasyny döretmek üçin ikisi onuň üstünde işläp başlapdylar. Bu operany döretmek üçin Medeniýet ministrligi bilen şertnama baglaşandyklary ýa-da baglaşmandyklary barada men hiç zat bilemok, ýone Gurbannazaryň şol operanyň librettosyny ýazanlygyny bilýärin, men ony Gurbannazaryň özi bilen bile okapdym, şol libretto soň şahyryň “Saýlanan eserleriniň” “Çykmadyk kitabym” atly ikinji tomuna girizilipdir. Şu operadan bir sazy Sahy Jepbarowa diňletdiler, bagşy şol aýdymy Nury bilen Gurbannazara aýdyp berip, aýdymyň sazy bilen sözleriniň şowly bolup çykanlygyna begenipdir. Şol aýdymyň sazyny gökdepeli meşhur aýdymçy Öwezmyrat Babaýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmeniň gerçek ýigitlerine döredilen goşga goşup aýdýar. Aýdym gowy bolup çykypdyr. Nurynyň ol sazyna “Görogly” şadessanyndan hem aýdym bar. Men Nurydan:
– Siziň ýazýan operaňyz entek çykanok welin, ýöne ondaky sazlara eýýäm aýdym aýdýarlar – diýenimde, ol:
– Bu gelejekde şol opera ýazylan sazyň boljakdygynyň şaýady – diýip jogap berdi.

Ýalňyşmaýan bolsam, Nury Gurbannazaryň sözlerine ilkinji bolup saz düzüpdi, şol saz bir kinofilmde aýtdyrylyp, tiz wagtdan meşhur aýdyma öwrüldi:

... Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri...

Bu aýdym häzir hem nusgalyk. Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar hökman dost bolaýmalydylar, olaryň sungata, edebiýata, saza, umuman, dünýägaraýyşlary köp halatlarda gabat gelýärdi. Nury bilen Gurbannazaryň häsiýetleri biri-birinden tapaw utlam bolsa, sungat barada, türkmeniň ykbaly barada söhbet edilende olaryň pikirleri bir ýerden çykýardy, bir ýerde-de birleşýärdi. Olar şeýle bir dostdy welin, kä halatlarda bulary gowy tanamaýan adam daşyndan seredip, käbir hereketlerine haýran galýardylar.

Bir gezek Gurbannazarlaryň howlusynda tapçanyň üstünde Nury Halmämmet bilen Gurbannazar küşt oýnaýardylar. (Olaryň howlusynyň demirgazyk tarapynda şol wagt talyp, häzir alym Gurbangeldi Geldiýew ýaşaýardy). Bularyň küşt oýnaýşyna syn etmek diýseň gyzyklydy. Gurbannazar Nurydan asgynrakdy, Nury
küştde ökde, her gezek Gurbannazary utup:
– Ynha, beýik kompozitoryň ediberişi – diýip, Gurbannazara degerdi.
Gurbannazar bolsa:
– Ine, häzir türkmeniň beýik şahyrynyň türkmeniň ýönekeýje kompozitorynyň petigulysyny berşine seret... – diýip, ýene oýna başlaýar.
Gurbannazar ýene-de utulýar, emma degişmesini goýanok:
– Eh, sen, saz düzüşiňem küşt oýnaýşyň ýaly bolaýmaly ahyry, sen bar zehiniňi küşte berip, saz düzmäni goýduň-la, soňky ýazýan sazlaryň itiň uwlaýşy ýaly, olardanam bir saz bolarmy? Şeýle dälmi, Derýa?
Men:
– Şu ýerde öz pikirimi aýtm akdan saklanýaryn. Ýöne men size bir hakykaty aýdaýyn. Siz entek hakyky ökdäni göreňzok.
– Kim ol?!
– Men barkam, eýse başga kim bolup biler?!
Küşte gezek gelende, men-ä ikiňizem kül-peýekun edermikäm öýdýärin – diýip, ikisine garşy küşt düzüp oýnajak bolýaryn, ýöne olaryň ikisem eýýäm küşt oýnaslary gelenok-da, bir-birlerine has beter degip başlaýarlar:
– Baý-baý-ow, meniň sazlarymy bütin dünýä diňläp ýör, türkmen halky ýaşadygyça meni – Nury Halmämmedi hiç wagt unutmazlar, men ölerin, meniň sazym baky ýaşar, ha-ha-ha!!!
– Seniň sazyňy sen dirikäň hiç kim diňlänok, öleňden soň-a woobşe hiç kime gerek bolmaz, a meniň goşgym welin, elmydama, adamzat dünýäde ýaşasa, ýaşar, ha-ha-ha!!!

Şular ýaly degişmäni diňe ägirtler edip bilýän bolmaga çemeli.

Şu ýerde Tolstoýyň bolşy ýadyma düşýär. M.Gorkiý öz ýatlamasynda Tolstoýyň ýanyna barşyny beýan edýär. Şonda Tolstoý öwünmek öwünipdir:
– Men senden güýçli.

Gorkiý Tolstoýyň bu öwünmesine geň galandygyny, onuň beýikdiginiň aýdylmanda-da aýandygyny aýdýar. Ýöne beýik läheňlerem käteler öwünmek isleýän ekenler. Nury Halmämmet bilen Gurbannazar Ezizowyň aýnap aýdan sözlerine dogry düşünmek gerek, ony kesä çekmeli däl.

Şu ýerde bir duýgymy beýan edeýin. Belki ýalňyşýandyryn, belki, hakykatdyr: küştde üýtgeşik bir güýç bar. Adam küşt oýnanda, näme üçindir, hökman öwünmek isleýär. Meniň özüm-ä şeýle. Eger durmuşda ähli öwünen ýerlerimi bir ýana, küşt başyndaky öwünmelerimi bir ýana goýsak, onda küşt başyndaky öwünmelerim bütin ömrüme öwünmelerimden bäş-on esse artyk gelsin gerek. Dünýä grossmeýsterleri Kasparow, Fişer dagy küşt tagtasynyň öňünde öwünmegiň lezzetiniň üýtgeşik bolýandygyny boýun alypdyrlar.

Rast, grossmeýsterler öwünýär, onsoň özgeleriň hem öwünjekdigi hak.

Şu ýerde Gurbannazaryň küşt barada aýdan pikiri ýadyma düşýär. 01: “Küşt oýny türkmen halkynyň içinde juda meşhur, bu oýny oýnamaýan türkmen az-azdyr welin, näme üçindir türkmenleriň arasyndan halkara grossmeýsterler çykyberenok” – diýerdi. Türkmeniň düzzüm oýnunyň özi köp zatdan habar berýär ahyryn. Görüp otursak, halkara ussatlygy almak üçin diňe bir seniň ussatlygyň ýeterlik däl ekeni, şu zatlaram Moskwada çözülýän ekeni.

Nury ýygy-ýygydan Moskwa giderdi, döreden eserlerini şol ýerde orkestre geçirerdi, köpräk eglenäýse, Gurbannazar:
– Be, Derýa, Nuryny ýürek küýseýär-le, ýaman köp eglendi-le, ol-a bu gezek bizi ýatlaýanam däldir-le, kellesi saza bir gitse, hemme zady ýadyndan çykaraýýar ol – diýerdi.

Günleriň birinde Gurbannazar maňa telefon edip, Nurynyň gelendigini, şolara gyjagym bilen barmalydygymy aýtdy. Men Nurulara bardym. Nury Halmämmedowyň 11-nji mikroraýonda ussahanasy
bardy, onuň jaýynda gowy pianino bardy, stoluň tekjeleriniň üsti notalardan, kartlardan doludy, kart aýtdyrylýandan Raweliň “Balero” diýen sazy eşidilip durdy, bu karty Gurbannazar goýdurýandyr, sebäbi ol şu sazy gaty gowy görerdi.

Gurbannazar bilen Nury ikisem küşde gyzyp oturan ekenler. Menem salamlaşanymdan soň:
– Hany, oglanlar, küşdi bir aýyrsaňyzlaň, hezil edip bir saz diňläýeliň – diýdim.

Gurbannazar bu teklibi makullady. Men gyjagymy alyp gelmändim, Nuiynyň ýanynda gyjak çalyp oturmak meniň üçin birhiliräkdi.

Gurbannazaryň haýyşy boýunça Nury “Dutaryň owazy” diýen sazyny pianinonyň başyna geçip, şeýle bir çaldy welin, häzire çenli gulagymdan gidenok. Soň-soňlar Gurbannazar bilen Nurynyň sazlary barada ikiçäk köp gürrüň edipdik, ol dutarda, men gyjakda Nurynyň täze döreden sazlaryny çaljak bolýardyk.
– Umuman, saz, kompozitorçylyk sungaty, Gurbannazar, meniň pikirimçe, XX asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap juda ösdi. Edil XIX asyr rus edebiýatynda birbada diýen ýaly Puşkin, Lermontow, Gogol, Nekrasow, Tolstoý, Çehow, Dostoýewskiý dagynyň döreýşi ýaly, türkmen kompozitorlaryna XX asyr düşdi. Hany, sanap göreliň: Aşyr Kulyýew, Nury Sary, Weli Muhadow, Daňatar Öwezow, Durdy Nurymow, Çary Nurymow, Hydyr Allanurow, Orazgylyç Gurbannyýazow, Nury Halmämmedow, Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow, Baýramdurdy Hudaýnazarow - şularyň hersi bir halkyň saz taryhynda bir asyry bezäp biljek ahyry...
– Şuny dogry aýdýaň, Derýa, XX asyrda türkmenler kom pozitorlara baý, muňa diňe guwanmak gerek, ýazyjylarymyz, dramaturglarymyz hem şu kompozitorlarymyz ýaly, döräberse bolmaýarmy, türkmen dramaturglary ýok diýen ýaly, ine, men bir drama ýazaryn welin, onsoň görersiň.

Seredip otursam, ol eýýäm şol wagtlar “Nesiller poemasynyň” pikirini edip ýörse nätjek?!

Adam biri-birine öwrenişip gidýär eken. Bir-iki gün duşmasak, ýürekler biri-birini küýseýändir-dä, bir ýerden telefon eder-de, degişip: “Näme, şeýdip komsomol diýip ýörjekmi, bizem, meždu proçem, komsomol ýaşyndan çykam zok, komsom ol baýragyna dalaşjak bolýaryn, şonuň iiçin seniň komsomollaryň arasynda goşgy okasym gelýär, hany. gurna-da – diýer... Yene-de bir gün jaň eder, özem iňlis dilinde degişer:
– Haw ýu mani? (Puluň barmy?)
Menem nemes dilinde:
– Ýa, ýa, ýa, zer gut, ýawol, (hawa, hawa, gaty gowy, bolýar) – diýip, ýadyma düşen sözler bilen jogap berýärin, bolmasa, ikimizem iňlis ýa-da nemes dilinde gürläp bilemzogam.
– Onda, ýarym sagatdan barýaryn, garaş maňa – diýer.

Men bolsa garaşyp oturandyryn, ol gelmez, öz ýanymdan öýkelän bolýaryn, ertesi ýüzüniň ugruna meniň işime sowlar:
– Düýn maňa garaşdyňmy?
– Hawa, garaşdym.
– A men seni aldadym– diýerdi-de, yzyndan gülüp goýbärdi:
– Sen meni bilýäň ahyry, seniň ýanyňa gelýärkäm pylany duşdy, “ýör-ýör” diýip goýmady, göwnüne degip bilmedim-dä, bolýar, men şu gün siziň hyzmatyňyzda, ýoldaş komsomol.

Gadyrly okyjy, men Gurbannazar bilen eden söhbetdeşliklerim iň yzygiderliligini saklap bilmeýänimüçin ötünç soraýaryn, ýöne men ýadyma düşýän zatlary hiç hili ýoýman, bolşy ýaly gürrüň berjek bolýaryn, şonuň üçin bada-bat ýadyma düşen zatlary hem ýüzüm iň ugruna ýazyberýärin. Komsomolly gürrüňime ýene-de öwrülip gelerin.

Gurbannazar okuwyny tamamlandan soň goşun gullugyna gitdi, menem 1965-nji ýylda goşun gullugyna gitdim. Şeýdip, indiki duşuşygymyz iki ýyldan soň boldy. Gurbannazar Samarkant şäherinde tankçy bolup gulluk edipdir. Goşun gullugy barada bir topar gürrüňler bererdi, şolaryň birini aýdyp bereýin:

Gurbannazara komandiri goşmaça tabşyryk berýär, kazarmanyň garşysyndaky agaçlara hek çalmaly diýip buýrulýar.
– Men elime reňklenilýän aldym, bir bedre heki suw bilen garyp, agaçlaryň ýanyna baryp, hek çaljak boldum, emma agaçlara öňki çalnan hekler şeýle bir arassa hem gowudy, hatda men olaryň üstünden ýene-de hek çalm aga dözmedim. Şeýdibem, bu tabşyryk maňa has aňsat boldy – diýip, agaçiaryň aşagynda kölegeiäp oturyberdim. Birdenkä komandiriň: “Ezizow, ко mne!” diýen buýrugyny eşidip, onuň ýanyna baryp: “Yoldaş komandir, siziň buýrugyňyzy ýerine ýetirdim” diýenimde, ol maňa: “Ezizow, sen agaçlara ýekeje saparam hek çalmadyň ahyry, men äpişgeden saňa syn edip, seredip durdum ahyryn” diýdi. Men: “Yoldaş komandir, men siziň äpişgeden seredip oturanyňyzy näbileýin” diýenimden soň komandir ýumşady hem-de maňa: “Ah, wy poety, zabawnyý narod...” diýip S. Ýeseniniň goşgusyndan bir setiri okap goýberdi.

Umuman, degişmek, ýomak atmak, anekdot aýtmak Gurbannazara mahsus zatdy. Degişmäge, birine degmäge, onuň häsiýetine görä bir zatlar tapyp gürrüň bermäge ussatdy. Ahmet Gurbannepesowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Öwlüýäguly Möwlamowyň, Kakabaý Gurbanmyradowyň ýatlaryna düşýän bolsa, olar hem meniň ýatlamalarymyň üstüni doldurarlar.

Gurbannazar öz döwürdeş galamdaşlary barada haýsam bolsa bir hadysa bilen baglanyşdyryp, olaryň şol pursatda özlerini alyp baryşlaryna bir degişme dörederdi. Meselem, Beki Seýtäkow bilen Mämmet Seýidowy duele çykaran bolýar. Olar pistoletde atyşmaly, şonda sekundant duelçileri ýaraşdyrjak bolup, Beki Seýtäkowa ýüzlenýär:
– Jenap Seýtäkow, atyşmany goýaýsaňyz nähili bolar, ýaraşmaga mümkinçilik bar, onsoňam siz pistoletiň öňünde durmakdan gorkaňzokmy?
– Ýok, ýok, gorkamok, Mämmediň daňdan atjak oky maňa degmez, arkaýyn bolaýyň, daňdan onuň eli bir ýerde duranog-a, men arkaýyn atyşjak, ha-ha-ha.

Sekundant şol teklip bilen Mämmede ýüzlenende, ol: “А-how, Ýaşulular Sowetiniň başlygy Beki pistoleti atjak bolsa bir gözüni ýummaly bolar-a, beýlekisi bolsa öňem görenok, ha-ha-ha.
– Gurbannazar, bu zatlary Beki aga ýa-da Mämmet eşitse, gaty görmezlermi? – diýsem, ol: “Men ilki olaryň özlerine aýdyp berýärin-ä, hezil edip diňleýärler” – diýdi.

Ýene-de bir degişmede Aşgabady nemesler basyp alan edýär-de, şolaryň öňünde şahyrlaryň bolşuny suratlandyrýar. Yene-de Mämmet Seýidow baradakysy ýadyma düşýär.

Mämmet Seýit nemes ofiserleriniň ştabynda dellekçi bolup işleýär. Bir gün duşmanlaryň sakgalyny syryp otyrka, Mämmet aga ol maňlaýygaranyň ýüzüniň persalasyny çykarýar. Yüzi päkiniň derdinden gara gan bolup otyrka, jaýa türkmen partizanlary girýär. Mämmet: “Ine, görýäňizmi, gerçekler, men şu ýerde-de bularyň ganyny içip oturandyryn” – diýýär.

Gurbannazar özüne-de degip gülerdi. Ol käwagtlar az-owlak sakawlardy. Onsoň sakawlar barada anekdot aýdyp başlar: Iki sany sakaw paýapylyň üstünde duşup, biri-birine ýol berýär, biri beýlekisine:
– S-s-sen g-g-g-geç – diýýär.
Beýlekisi:
– Y-ý-ý-ýok, s-s-sen g-g-g-geç – dýýär.
Şonda ol biri:
– S-s-sen n-n-n-näme ü-ü-ü-ü-üçin m-m-m-meniň a-a-a-agzyma ö-ö-ö-öýkünýäň? – diýip, ony paýapylyň üstünden itekläp goýberýär, ol bolsa suwagaçyp:
– M-m-m-men ý-ý-ý-ýüzüp b-b-b-bilemok a-a-ahyryn, m-m-men g-g-g-g-gark b-b-b-b-bolýan – diýip gygyrýar.
Paýapylyň üstündäki bolsa:
– S-s-serediň-ä m-m-m-muňa, g-g-g-g-gark b-b-b-b-bolýaram w-w-w-welin, ö-ö-öýkünmesini g-g-g-g-goýanok – diýýär.

Ýa-da, paraşýutly bir sakaw samolýotdan bökjek bolanda oňa instruktor alta çenli sanap paraşýutyň halkasyny çekgin diýip tabşyrýar. Ýaňky sakaw samolýotdan böküp, öňem gorkaklygyna sakawlaýan görgüli, beýle howa belentligini görüp hasam gorkupdyr hem-de sanap başlapdyr: b-b-b-bir, i-i-i-iki, ü-ü-ü-ü-üç, garaz, b-b-b-bäş diýende, ýere patlap düşýär-de, a-a-alty diýip paraşýutyň halkasyny çekip goýberýär.

Ýa-da: “Täzesini eşitdim, diňläň” – diýer.

Tokaýyň içinde haýwanlar aljyraňňy ýagdaýda her haýsy bir tarapa ylgap barýarlar, tilki towşany saklap: - Bu nä boluş? Nirä, nämeden gaçyp barýarsyňyz? – diýende, towşan:
– Gaçaweri, tilki jan, gaçaweri!
– Hä, näme boldy, näme üçin gaçaýyn?
– Aýynyň aňkasy aşypdyrmy, nämemi, bilmedik welin, ol kimiň gulagy üç bolsa olary goparyp taşlaýarmyş.
– A biz näme üçin gaçmaly? Biziň gulagymyz iki ahyry.
– Wah, tilkii jan, ol ilki soguryp, soň sanaýar ahyryn!

Onsoň başlanar gürrüňler:
– Eşitdiňizmi, Çary Aşyryň maşynynyň tekerleriniň ogurlanyşyny?

Çary Aşyryň GAZ-21 kysymly “Wolga” maşyny bardy. Ol, köplenç, ony howlynyň içinde goýup gidiberýän eken. Bir gün ir bilen maşyna münüp otlap gitjek bolanda, maşyn ýerinden gozganman dur diýýär. Çykyp seretse, dört tekerini hem ogurlap gidipdirler. Yerine bolsa kerpiç goýupdyrlar. Çary Aşyr bu wakany uçastkowoý milisä habar berýär. Milise ýaş türkmen ýigidi eken. Ol Çary aga bir topar biderek soraglar berip, ýüregine düşüpdir. Ahyram: “Tekerleriňiziň ogurlananyny kimden görýäňiz?” – diýip soranda, Çary aga: “Hydyr Derýadan görýän” – diýip jogap beripdir.

Hydyr Derýa, Towşan Esenowa, Çary Aşyr, Kaýum Taňrygulyýew dagy hemmesi goňşy bolup, bir jaýda ýaşaýardylar.
– Näme üçin Hydyr Derýaýewden görýäňiz? Kim ol? – diýip soraýan milisäniň ady belli türkmen ýazyjysyny bilmeýändigine Çary aganyň gahary gelip:
– Şondan başga adam däldir, ol öňem on ýyl türmede oturyp geldi, hökman şony sorag edip görüň – diýipdir.

Ana, saňa gerek bolsa, ýaňky milise biziň ady belli ýazyjymyz Hydyr Derýany üç günläp sorag edip ýörse nätjek?

Soň Hydyr aga Çary aga: “Goý, how, şu oýnuňy, “Itiň oýnam bolsa, göläň çynydyr” diýipdirler. Ýaňky milise, men-ä aňyrda duraýyn, öz ene-atasynam tanaýandyr öýdemok” – diýipdir.

Ine, görseňiz, biziň ýaşlarymyzyň arasynda öz halkynyň belli adamlaryny tanaýşy, ýöne, Hudaýa şükür, olar köp däl.

Garaz, “Dile geldi, bile geldi” diýipdirler. Birki agyz Mämmet Seýit bilen Beki aga barada gürrüň bereýin.

Mämmet agany iň soňky gezek, 1979-80-nji ýyllaryň tomsy bolsa gerek, görüpdim. Uniwersitetiň gaýybana bölümine okuwa girmek üçin abiturientler dokumentlerini tabşyrýardylar. Dokument alşygyň iň soňky günüdi, wagt agşamlap barýardy, bir seretsem, uniwersitetiň howlusynda Mämmet Seýit alakjap ýören eken. Men kabinetimden çykyp, Mämmet aga bilen salamlaşdym. Ondan näme kömek gerekdigini, bu wagtlar uniwersitetde näme işläp ýörenligini soradym. Ol maňa: “Derýa, sataşanyň gowy bolaýdy, sen kömek edäýmeseň, Meniň-ä bu zatlardan başym çykanok. Häzir uniwersitetde ne rektor, ne-de prorektor bar, gyzym Bäherdenden gelip, dokumentlerini tabşyryp bilmän otyr, bir sprawka ýetenok, özem şu gün dokument alşygyň iň soňky güni, ertir sprawkany getirerin, şu gün dokument alaýyň diýip haýyş edýän welin, hiç kim maňa gulak asanog-a” – diýdi.

Bu gezek Mämmet aga öňki degişmesi bilen “Ýaşulular Sowetiniň başlygy” diýmedi. Onuň keýpi ýokdy. Göwnüne gaty deglipdir. Gaty nebsim agyrdy, türkmençilik, musulmançylyk edip, kömek etmegi makul bildim.
– Bolýar, Mämmet aga – diýip, men onuň öňüne düşüp, gapysy ýapylan dokument kabul ediş jaýyny açdyryp, jogapkärçiligi öz üstüme alyp, dokumentleri kabul etdirdim. Men şol wagt partkomuň sekretarydym. Mämmet aga köşeşen ýaly bolup, sag bolsun aýdyp gaýtdy, ýöne şol wagtky öýke welin göwnünden çykmaýan ýaly bolup göründi.

Beki Seýtäkow barada Gurbannazar we beýleki galam daşlary onuň pulunyň kändigini, ýöne sowmany gowy görmeýändigini aýdýardylar.

1969-njy ýyldan 1970-nji ýyla geçilende Bitaraplyk aýynyň 31-ini – Täze ýyl gijesini Gurbannazar maňa bile geçireli diýdi. Özem dört adam bolýandygymyzy: sen, men, Beki Seýtäkow we Nargylyç Hojageldiýewdi öýdýän, hiç ýadyma düşenok, aýtdy. Her haýsymyz on manatdan çykarmaly, men razylaşdym, Gurbannazar bilen ýygnalan pula azyk aldyk, şonda Gurbannazar maňa: “Ýa, walla, Beki aga-da biziň bilen deň çykaraýýar-aý puly, men dagy şonuň ýerine bolsam, 25 manady oklap goýberjek” diýipdi. Täze 1970-nji ýyly gowy garşyladyk, Beki aganyň ýanynda bir owadan, juda owadan rus zenany bardy, bularyň bolup oturyşyna daşyndan guwanýardym.

1970-nji ýyllarda Moskwada türkmen edebiýatynyň günleri geçirildi. Şoňa Gurbannazar, Annaberdi Agabaýew, Beki Seýtäkow, ýene-de birnäçe şahyr-ýazyjylar gidipdirler. Gaýdyşyn Domodedowo aeroportunda Gurbannazar, Annaberdi hemmesi restoranda samolýota münmezden ozal, mäkäm oturýarlar. Emma samolýot howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli uçmaýar. Bular ýene-de bir gezek restorana barýarlar we barja pullaryny sowup, ýekeje manatsyz galýarlar. Samolýot bolsa, ýene-de uçmaýar. Olaryň
wagt geçirmek üçin restorana baraslary gelýär, barasyň gelende näme?! Pul ýok, puly kimden almaly – Beki agadan almaly. Annaberdi: “Ýok, ýok, men karz pul sorajak däl, kim sorasa şol sorasyn” – diýýär. Gurbannazary delegat edinip, Beki aganyň ýanyna iberýärler. Gurbannazar Beki aganyň ýanyna baryp: “Beki aga, maňa 20 manat karz pul beriň, Aşgabada baranymdan gaýtaryp bererin” – diýýär. Beki aga: “Gurbannazar, saňa gerek bolsa onuň gürrüňi bolmaz, ine, 20 manat” – diýip, iki sany gyzyl onlugy çykaryp berýär. Bu ýagdaýa syn edip oturan şahyrlar heýjanelek bilen Gurbannazaryň uly iş bitirenine begenýärler.
– Ertesi Aşgabada gelip işe baranymda göni Beki aganyň kabinetine baryp, düýnki karz alan pulumy “Taňry ýalkasyn” bilen yzyna gaýtardym. Beki aga ýigrimi manady eline alyp, gowy synlap: “Be, Gurbannazar, şindem karzyny gaýtarýan gowy adamlar bar-how” diýdi – diýip, Gurbannazar gürrüň berýärdi. Megerem, Beki agadan karz pul alyp, gaýtaryp bermeýänler köp bolandyr-da.

Gurbannazar öz döwürdeş şahyr-ýazyjylary, hudožnikleri bilen oturyp-turuşmany gowy görerdi. Hudožniklerden onuň gowy görýänleri Durdy Baýramow, Mämmet Mämmedow, Stanislaw Babikow, Çary Amangeldi, Tokar Tugur dagydy. Tokar Tugur bilen Gurbannazaryň garyndaşlygy hem bardy: olar bajadylar. Tokaryň döredijiligi türkmen üçin entek düşnüksizdi.
– Tokar, saňa kyn bolaýmasa, bu ajaýyp eserleriňi türkmen köpçüligine ýetirmek, düşündirmek.
– Men şu stilde işlemäni gowy görýärin. Onsoňam, oňa düşünmek her adamyň özüne, intellekt derejesine bagly ahyry.
– Onyň dogry, Tokar, ýöne eklenç üçinem bir zatlar döretmeli borsuň. Entek türkmen halkymyzyň arasynda mesenatlar döränok, döredijilikli, ukyply adamlara maliýe kömegini eder ýaly.
– Dogry, Gurbannazar, ýöne entek seniň eklenç üçin ýazan goşgyňy men-ä okap göremok, bolsa bir-iki sanysyny okap bersene, diňläli.
– Eh, sen, bir zat aýdyp goýberýäň! Aý, men, ýöne diýäýdim-le. Ynha, Kerim Gurbannepesow maňa: “Gurbannazar, hemme goşgularyňy şedewr etjek bolup ýörmezler, arasynda gow şagrak goşgularyň bolanynyň zyýany ýokdur, onsoňam, çagalaram-a eklemelidir. Hany biziň aramyzda uly baýlyk barmy? Tükenmez baýlygyň bolsa, işiň aňrybaş goşgy döredip ýörmeli...” diýdi. Görýärmiň, Kerim aga-da diýse diýýär weli, ýöne özi gowşak goşgy ýazanog-a.

Men ýaňy-ýakynda Tokaryň ussahanasyna baryp, onuň bilen başdan geçirenlerimizi ýatlap köp oturdyk. Şonda men oňa: “Gazanç üçin iş ýazaňokmy? Gurbannazaryň aýdanlary ýadyňdamy?” – diýenimde, ol: “Hawa-la, her gün diýen ýaly ýadyma düşýär, ýöne seredip otursaň, şol jedellerden bäri 25 ýyl geçipdir, emma şol ýyllarda (Meniň sungat ýoluna ýaňy başlan ýyllarym) Gurbannazaryň aýdan “gazanç üçin” diýen sözleri doly manysynda heniz-henizlerem dowam edip gidip otyr. “Gazanç üçin” iş ýazmasaň hor bolarsyň diýip, kärdeşlerimem, Orsýetdäki kärdeş dostlarym am , dünýä belli sungat öwrenijilerem henize çenli: “Tokar, bazar üçin iş ýaz” – diýen sözleri gaýtalap gelýärler. Olar: “Tokar, seniň işiňi diňe sungata gaty gowy düşünýän baý kolleksionerler ýa-da muzeý alyp biler” diýýärler. Men bolsa “içki sesimi” diňläp görýärin, Gurbannazar bilen eden gürrüňlerimizi ýadyma salyp: “Heý, bu gudratly käriňe ikilik edip bolarmy?!” diýip, onuň “Serpaý” kitabyny elime alanymy duýman galýaryn – diýip maňa gürrüň berdi.

Ykbal meni hudožnikler bilen has ýakyn bolar ýaly etdi. Men alty aýa ýeter-ýetmez wagt Hudožnikler Fondunyň başlygy bolup işledim. Ady belli hudožnikler bilen ýakyn aragatnaşykda boldum.

Gurbannazar diýerdi:
– Birnäçe sungat işgärlerini, artistleri, sazandalary, belli adamlary daşyndan tanap, olary sahnada, kinoekranda görüp ýörenden gowusy ýokdur, olar bilen ýakyn tanyşsaň, seniň bular baradaky öňki pikirleriň gabat gelmeýär-de, onsoň sen juda gynanýarsyň.

Gurbannazaryň şu diýenleri, hakykatdanam, dogry eken. Men, gadyrly okyjy, geljekde Halyl Kulyýew barada hem, hudožnikler barada hem, uniwersitetiň durmuşy barada hem ýazaryn, sebäbi uniwersitetden gömükli-gömükli döwlet işgärleri ýetişdi, okyjylary olaryň uniwersitetdäki durmuşy, dünýägaraýşy gyzyklandyrar öýdýärin.

(dowamy bar)

© Derýa BAÝRAMGULYÝEW
2007 ý.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Derýa Baýramgulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Medicall • 12:33, 29.12.2022
Hydyr Ylýas Agalarda ol ses ýazgy barmyka, Kerim Gurbannepesowyñ ses ýazgysy bar mende, Gurbannazar Ezizowyñka duśmadym hiç..
avatar
0
2 Medicall • 13:46, 29.12.2022
Şu mahal 1970-nji ýylda ýazylan Gurbannazar Ezizowyñ öz okamagyndaky goşgularyny Serdar Aga ugradypdyr. Tolgundyrdy, "Ussatlar ölmeýär.. " jümle dogry aydylan. Olar eserleri bilen, ýatlamalar bilen hakydalarda ýaşaýarlar.
@ Mango, saýtda bu ýatlamany paýlaşyp, bize okamaga ýetirýäniñiz üçin Alla ýalkasyn!
Serdar Aga! Ugradan ses ýazgyny bir dãl üç sapar diñledim.. Sizi-de Allaýalkasyn!
Ussatlaryñ-da ruhy şat bolsun!
avatar
3
3 Hydyr • 17:26, 29.12.2022
Şol ses ýazgylary bir sagad-a bardyr. Şol döwrüň uly lenta kassetasynyň iki ýüzem doludy. Biz olary Gurbannazarlara-da göçürip berdik. TÝUZ-da "Nesiller poemasynyň" antraktynda goýberjek diýip birnäçe goşgularyny göçürip aldylar. Geň galmaly zat, şol uly kassetany biz ýitirdik. Gurbannazardaky kasseta-da ýitipdir. TÝUZ-daka näme bolanyny bilemok. Şol wagt o ýazgylary arhiwe tabşyrmak kellämize gelmändir. Arhiwde ýene 5-6 sany goşgusy galypdyr. Özi okaýar. Megerem radiokomitet tabşyran bolmaly. Şol hindi aýdymlaryna çenli, kä goşgynyň dürli wagtlarda okalan 2-3 warianty bardy. Hersinde birhiliräkdi. Käsi gaty gussalydy. "Ýene howa garalyp..." diýip başlaýan goşgusyny bokurdagy dolup zordan soňky setirini aýdýanam bardy. Alla tarapyndyr-da, hiç zat galmady, diňe gulagymyzda galany.
avatar
1
4 Mekan • 23:00, 29.12.2022
Haýp, gaty haýp bolupdyr. Heniz CD ler çykmanka ýitendir-dä.

"Ýene howa garalyp..." diýip başlaýan goşgusyny bokurdagy dolup zordan soňky setirini aýdýanam bardy.

Diñe şu maglumatam meñ üçin nähili gymmatlydygyny bilsediñiz. Gurbannazary tanamak üçin...

Käşgä hemme yatlamalaryñyzy (diñe öz şayat bolanlaryñyzy däl-de, başgalardan (hasam agañyzdan) eşidenleriñizem) yazsadyñyz.

Ömrüñiz uzak bolsun, yöne hiç kimiñ baky gelmedigem bir hakykat. Yene käşgäler, hayplar bolmasa gowuda.

Näme üçin yaydanyanyñyza düşünemok.

Yazyan zatlaryñyz oylandyrya, yazjaklaryñyza garaşdyrya...

Yazanlaryñyz üçinem, yazjaklaryñyz üçinem Allah yalkasyn, iki dünyäñizem abat bolsun.
avatar
0
5 Hydyr • 23:09, 29.12.2022
CD ýokdy. Men başardygymdan ýazdym. Agamdan eşidenlerimem, başga-da bilýänlerimi ýazdym. "Diňe seň bilen Bakylyk bardyr" ýatlamaň ady. Garagum jurnaly kä ýerini kesibräk çapam etdi. Doly görnüşem bar. Men ýöne käbir detallary, bilmän galdyran bolaýmaýyn diýip Derýaň ýazanlarynyň yzyna ýazaýýan. Gaýtalaýan bolsamam bilemok. Gurbannazary ýatlamakdan ýadap bolanok. O bizi jigisi ýaly görerdi.
avatar
0
6 Mekan • 00:19, 30.12.2022
O kitaby tapmasak bolmaz, senzurasyzyny.
avatar
0
7 Medicall • 01:05, 30.12.2022
Meniñ diñlän ýazgym radiodan, ýa duşuşyklarda ýazga alynan bolmaly, jemi 7 minutlyk goşgy okaýar, öñürti alypbaryjy Gurbannazar Ezizowyñ okajagyny aýdýar.

Ol Sizdäki ýazgyñ ýiteni gynandyrdy. Biz bilenem şeýleräk bir ýagdaý bolup geçipdi. Irräkler bir ussatdan galan ýazgylar 2015-de biri bir gowy iş etjek diyip aldy-da "dereksiz ýitdi" Gynandyrdy, arhiwe bersem bolmadymy diýdirdi. Adamçylyk-da berilaýar, belki olam ýitirjek bolup ýitirilenem däldir, nesibi "ýitmekdir" -da.
avatar
0
8 Pero • 16:12, 30.12.2022
Ýatlamalary okamak şeýle tolgundyryjy,ýakymly bolýar...ýazan,ýetiren sagbolsun!
avatar
0
9 bibimeryem1998 • 08:42, 16.05.2023
Salam Hydyr aga mana G. Ezizowyn eserleri barada yazylan doktorlyk isler, hekayalar dalde eserlerne edilen tankytlar bar bolsa gerekdi. Salary nireden tapyp bilerkam?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203