Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:54
Meniň dostum Gurbannazar /5
MENIŇ DOSTUM GURBANNAZAR
5.


GURBANNAZAR HAÇAN IŞLEÝÄR?

Gurbannazar köpçülikde bolmagy gowy görerdi. Olaryň öýleriniň gapysy mydam açykdy. Myhmany güler ýüz bilen garşylaýardylar, özem ir bolsun, giç bolsun, gijäň ýary bolsun, nirede bolsak-da, “Yörüň, Gurbannazarlara” diýlip gaýdyberilýändir. Elbetde, bu öýüň döwletliliginiň alamatydy. “Kakylmadyk gapy gursun” diýerdi şahyr. Men, diňe men däl, hemmämizem Gurbannazaryň haçan ýazyp, haçan pozýanyny bilip bilmezdik, gabat gelemzokdyk, “Haçan ýazýarka?” diýerdik.

Men bir gezek ir bilen Gurbannazarlaryň öýlerine bardym, öňümden Hally gelneje çykdy. Gurbannazary sorasam: “Yok” diýdi. Yzyma öwrülenimem şoldy welin, birdenkä içerden Gurbannazar çykdy. “Kil munda!” diýen degişmesi bilen gygyrdy. Hally gelneje ýüzüni aşak saldy-da: “Ynha-da, Derýa, meni kyn ýagdaýda goýýar-da, öz-ä kim gelse-de, goýberme, men işläp otyryn” diýýär. Birnäçe adama “ýok” diýip goýberdim. Indem, ynha bolşy, menden bir aýyp görmäweri” – diýdi. Ine, şonda ömrümde ilkinji gezek Gurbannazaryň iş üstünde oturanyna gabat geldim.

AÇ-AÇAN GÜRRÜŇ

Gurbannazarlaryň öýleriniň içinde uzyn koridor bardy (häzir ony üýtgedip, uly jaý edipdirler), şol koridor göni Gurbannazaryň kabinetine barýardy. Onuň jaýynyň tekjeleri kitapdan doludy, her gezek barsaň, täze kitaby öňüňe oklap;
– Şuny okadyňmy? – diýerdi: – Al, oka ahyry, zat okaňyzok-how. Bu halkyň intelligensiýasy boljak bolsaň, köp okamaly – diýerdi.

Intelligensiýa barada, sungat barada, edebiýat barada... Bu gürrüňler elmydama ýanymyzda. Gurbannazar maňa “Turkmen intelligensiýamyz entek bärden gaýdýar, ýöne onuň şu durkuny saklap galanyna şükür etmeli. Türkmeniň gerçek ýigitleri, aýdaly, XIX asyryň düşünjeli mert türkmen adamlary Watanyň goragynda wepat boldular. Gökdepe urşunda şehit bolanlaryň sany-hasaby ýok. Ana, şonda türkmeniň gerçek ýigitleri gyryldy. XX asyra geçeliň. Rewolýusiýadan soň Jüneýit han, Eziz han, ýene-de birnäçeler gerçekleri yzyna tirkäp, Watan üçin, ar-namys üçin, halkymyz üçin göreşe çykdylar, ana, şonda-da ençeme gül ýaly ýigitlerimiz gyryldy. Şu gyrgynçylyk 1932-nji ýyla çenli dowam etdi, şonda basmaçylar diýip, ýene-de gyrdylar, olardan galan az sanly düşünjeli, sowatly türkmenlerem Staliniň 1937-nji, 1938-nji ýyllardaky repressiýalarynda gyryldy, galan sowatly türkmenler 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gidip wepat boldular, olaryň arasynda şahyrlaram ýazyjylaram, alymdyr mugallymlar-da bardy. Özem, üns beriň, beýleki halklaryň görnükli intelligensiýasy urşa gitmediler, olara eýdip-beýdip bron alyp, saklap galdylar, biz şonam edip bilmedik. Galanja intelligensiýanyň wekilleriniň köpüsi Aşgabadyň 1948-nji ýylyň ýer titremesinde ýer astynda galdylar. Şu zatlary göreniňde entegem gowy-la – diýip, çekip oturan çilimini küldana basyp söndürýär.
– Gurbannazar, häzir näme, şu günki gün barada aýdanymyzda, ynha, biz bar-a, men-ä halkyma gulluk etmäge taýýar.
– Eh, sen, halkyna gulluk etjek kändir welin, edil gulluk edip biläýjekleri çagalar bagynda saýlap goýandyrlar, hiç ösdürmezler. Bu hemme döwür şeýledir, ýurduňda başga halk agalyk etse, araňda biri saýlanaýjak bolsa, ony her edip, hesip edip ýoklarlar, ösdürmezler. Olar ösüp ýetişeberseler: “O näme, bu näme?” diýip sorag goýup başlarlar, bu bolsa agalyk edýänler üçin gerek zat däldir, düşün ahyryn.

Gurbannazar beýleki dostlarynyň ýanynda şu gürrüňleri edýärmi ýa-da ýok, ony bilmedim, ýöne meniň bilen şunuň ýaly gürrüňler etmegi gowy görerdi. Bu meniň şol wagt komsomolyň uniwersitetdäki ýolbaşçysylygym üçin bolmagam mümkin.
– Sen sered-ä, respublikamyzyň iň ýokarky wezipelerinde beýleki milletleriň wekilleri otyr. KGB, MWD, KPT, Ministrler Sowetinde halkyň ykbalyny çözäýjek ýerlerde biziňkiler ýokdur, bolaýanda-da bir nalajedeýinlerdir – diýip, bir anekdot aýdyp berdi.
– Moskwanyň köçeleriniň bir ýerinde Moskwa adamsy serhoş bolup, laýa bulanyp ýatyr, muny gören türkmen ýaňkynyň ýanyna baryp: “Eý, bolup ýatyşyň nähili? Aşgabada barsaň, bolmanda bir edara başlyga bolardyň!” – diýipmiş.
Düşündiňmi sen şu zatlara...

Gurbannazary şu pursatlar diňlemek diýseň gyzyklydy, juda gowudy, ol gürrüňini dowam etdirip, türkmenleriň dünýägaraýşyna, häsiýetine, umuman, bolşuna ünsüňi çekýärdi.

Gurbannazar:
– Men türkmenlere käwagtlar haýran galýaryn. Bir seretseň, hemme zada gözi ýetip duran ýaly, ýene bir seretseň, dünýäde iň yza galan halklaryň arasyna goşup goýberäýmeli. Bir seretseň mundan rehimli, mundan mert, mundan gaýduwsyz, şundan çydamly, şundan ynanjaň halk ýok ýaly. Ýene bir seretseň, şundan namart, şundan ýagşylygy bilmez halk ýogam ýaly – diýerdi. – Ine, sen görýärmiň, Derýa, düýn raýkom ýa-da ministr bolup ýörenleriň öňünde iki bükülip ýörenler, bu gün şolar işden pyzylaýsa, ony ýaňky adamlar depeläbem geçjekler. (Bu ýagdaýlara özüm ençeme ýyldan soň gabat geldim. Seniň öz ýetişdiren, ýola salan diňe işdeş ýoldaşlaryň däl-de, hatda öz ýakynlaryň, uly wezipe eýelänlerinden soň, seniň bilen salama-da sataşaslary gelenok. Senden gaçýarlar. Hemme zady diňe öz güýjüm bilen gazandym diýdirjek bolýarlar). Hany, seniň adamkärçiligiň?! Iň bolmanda öz çagalaryňdan utan, olar hemme zada düşünip otyrlar ahyryn. Onsoňam, “Mal eýesine çekmese – şumluk” diýipdirler. Şu nädogry hereketleri ýaşlaram görüp dur. Olaryň “Ýokary wezipä namartlyk edip geçse-de bolýar” diýen pikire gitmekleri mümkin. Olar “Namartja olam – sagja olam” diýen nakyla gulluk ediberseler nähili bolar?
– Gurbannazar, ýaňky nakylyň-a türkmene mahsus däl. Megerem, şol nakyl biziň dilimize başga bir halkdan geçen bolmaly.
– Eger-de başga halkdan geçip, biziň aramyzda mesgen tutan bolsa, onda şoňa görä adamlar türkmeniň arasynda az däldir.
– Gurbannazar, juda beýdip alyp gidibermäli. Biziňem geçmişde dünýä gymmatlyklaryna goşan goşandymyz az däldir.
– Men ony bilýärin, emma düşün, diňe geçmiş bilen ýaşap bolmaýar. Şu döwür, şu XX asyrda näçe ylmy açyşlar boldy? Awtomobil, uçar, raketalar we ş.m., emnia şol açyşlarda ýekeje-de türkmen ýok, näme üçin ýok? Ana, şu zatlaryň sebäbini edebiýatda, okuwda, sungatda, ikibaş söhbetdeşlikde adamlara düşündirjek bolmaly.

Ol ýene gyzykly pikirlere gümra bolýardy. Onuň taryhdan, tehnikadan, syýasatdan düşünjesi aňyrdanlygy görnüp durdy. Men gürrüňi dowam etdirjek bolup:
– Gurbannazar, seniň şu aýdýan pikirleriň Gerseniň “Byloýe i dumy” diýen eserinde-de bar – diýipdim.
– Hawa, aýt, hany diňläli.
– Diňleseň, Gersen rus halky barada käbir ýerlerde erbet zatlary ýazýar. Meselem, şol kitabynyň bir ýerinde şeýle mysal getirýär: “Biziň rus halkymyzyň käbir biderek häsiýetleri bar. Men bir gezek şeýle bir wakany gördüm. Bir şäherde gubernator işine barýar. Ýolda oňa her kim iki bükülip, salam berýär. Edaranyň öňünde bolsa, bar çinownikler oňa garaşyp durlar. Şweýsar onuň paltosyny emaý bilen çykaryp, elindäki çotga bilen onuň paltosynyň garlaryny kakyşdyiyp, asyp goýýar. Gubernatoryň aýakgabyny çykaryp, ony süpürip, köwüş goýulýan ýerde goýýar. Şu edilýän hormatlary gubernator hezillik bilen kabul edýär. Şol günem merkezden biri gelip, gubernatory işden boşadýar. Indi bolsa, hälki bükülýänler işden pyzylan gubernatory görmedik bolýarlar. Men Russiýadan çykmankam, şu biderek häsiýet diňe rus halkyna degişlidir öýdýärdim, ýöne men ýalňyşýan ekenim. Goý, watandaşlar meni bagyşlasynlar, beýle häsiýet nemeslerde-de, iňlislerde-de, fransuzlarda-da, italýanlarda-da ruslaryňkydan kem däl ekeni. Umuman, bu adamzadyň kemçiligi ekeni.
– Ana, görýärmiň, Derýa, rus ýazyjylary, rus akyldarlary öz halkynyň kemçiligini kitaplarda aýdypdyrlar. Bizem şony etmeli. Ine, menem saňa I. Buniniň “Oba” diýen powestinden şu gürrüňlerimize kybapdaş ýerini aýdyp bereýin?

(Men ýene-de “Gurbannazar bu zatlary haçan okap ýetişdikä?” diýen soragy özüme berýärin).

Obadan çykman ýaşap ýören dogan hemme ýerleri aýlanyp ýören doganyndan soraýar:
– Beýleki ýurtlaryň adamlaram biziňki ýalymy? Ýok beýle däldir, biziň ruslarymyz ýaly däldir. Ana, biziň rus nemeslerimize seredip göräý, rus ýewreýlerine syn et. Hemmesi özlerini päkize, tutanýerli alyp barýarlar. Hemmesi biri-birlerini tanaýarlar, biri-birlerine hormat goýýarlar. Kömek edýärler. Eger-de başga bir ýere göçüp gitseler, hat alyşýarlar. Ene-atalarynyň, maşgala dostlarynyň suratlaryny ogullaryna, agtyklaryna goýup gidýärler. Çagalaryny okuwly, bilimli edýärler. Olary söýýärler, olar bilen seýil edýärler. Özleriniň deňi saýýarlar – ana, çagalaryna ýatlamaga zat bar. Bizde hemmeler biri-birine ýagy, göriplik, gybatçylyk, biri-biriniňkä ýylda bir gezek barýarlar. Tötänden bir myhman geläýse, diňe şonda öýleriniň içini tertibe salyp başlaýarlar. Aý, näme, gürrüň edip! Myhmana bir döwüm çöregi gysganýarlar, hamala, myhman bulary garyp goýjak ýaly...

Gurbannazar soňra türkmen eserlerinde şunuň ýaly meseleler barada juda az ýazylýanlygyny aýdýardy:– Türkmen özi barada nähili pikir edýär? Ol özüni tanaýarmy? Öz hereketlerine baha berip bilýärmi?

Ynha, men saňa türkmen ýigitleriniň, gyzlarynyň obadan Aşgabada gezmäge gelişlerine baha kesip bereýin. Ynha, bararlar rus bazaryna, çigitden kiselerini doldurarlar-da, ýöräp barýan ýerlerini hapalarlar. (Köne rus bazarynyň töweregi Aşgabat ýaşlarynyň, köplenç, gezmäge çykýan ýerleridi, köne uniwermagdan tä telefon stansiýasyna çenli birnäçe attraksionlar bardy). Soňra agram ölçelýän gapanyň üstüne münüp agramlaryny, boýlaryny, güýçlerini ölçärler. Şol ýerdäkilere özlerini aldadarlar, özleriniň bar pullaryny sowup, obalaryna gaýdarlar-da, barybam, “Men Aşgabady gezip gaýtdym, ol ýerdäki şäherli oglan-gyzlary aňkardyp gaýdandyryn-how” diýer. “Ýogsa-da, manty bilen gutaplary erbet däl ekeni. Gelin-gyzlaryň bar höwesi şol moroženoýe” diýip güpülärler. Teatr, kino, opera, muzeý, kitaphana – muňa barýanlar az-azdyr. Ynanmasaň, özüňem syn edip göräý, bar-da.”
– Ana, şonuň üçinem terbiýeçilik işine biperwaý garamaly däl. Her bir edebi eseri okyjy okap, birazajyk hem bolsa dünýägaraýşyny giňeltse, özi barada pikir etse, ol eseriň gowy boldugy. Onsoňam, bu zatlar diňe şahyr, ýazyjy, hudožnik, mugallyma däl-de, hemme adamlara degişlidir.
– Dogry, Gurbannazar, men, ine, mikroraýonda ýaşaýaryn. Arada bir zada ünsüm çekilipdi. Mikroraýonyň ýaşaýjylary köpmilletli. Şonuň üçin okuwçylar mekdepden gaýdyp gelýärkäler olaryň ejeleri: “Wolodýa, Sergeý, Andreý, geliň öýe, öý işleriňizi edip, soň oýnamaga çykyň” diýýärler. Men hiç wagt türkmen eneleriniň “Myrat, Oraz, Baýram, öý işleriňizi ediň, soň oýnamaga çykyň” diýen sözlerini eşidemok.
– Şuny gowy belläpsiň. Derýa, ýöne bir zady welin unutmagyn, Hudaýa şükür, biziň gelin-gyzlarymyz türkmeniň abraýyny sakladylar. 100 yyidan gowrak wagt özge halkyň garamagynda türkmen gelin-gyzlary bir-ä milli geýimlerini ýitirmediler, birem özge halka, millete durmuşa çykmadylar. Mertebesini belent sakladylar.

Gurbannazaryň ýaşlar barada aýdan pikirlerine indi-indi düşünýärin.
– Türkmenlerden gowy kadrlar ýetişdirmek juda kyndyr.
– Ol näme üçin kуn – diýip, men sorapdym.
– Kynlygynyň sebäbi: “Bu zatlara düşünersiň gowy sen, okaberseň Pawlik Morozowy sen” – diýip, Mämmet Seýidowyň degişmesini aýdardy. Pawlik Morozow kim? Ol öz ene-atasyny satan adam. Partiýa üçinem edil şonuň ýaly türkmenler gerek. Sen kimiň goly astynda? Şony bilýärmiň?
– Biz respublika ahyryn, biziň öz konstitusiýamyz bar, onda milletiňe garamazdan, hemme deň.
– Eh, sen! Bir zada syn et! Ukyply adamlardan ukypsyz adamlar elmydama kändir. Ukypsyzlar ukyplylara gabat gelse, kakyp goýbärler. Agalyk edýänler türkmenleriň arasyndan ukyply, iň başarjaň adamlary döwlet işine, dolandyryş edaralaryna almazlar. Olar nämä gerek? Olar köpeliberseler, gerekli-gereksiz soraglary goýup başlarlar: “Biziň nebitimiz, gazymyz, pagtamyz nirä, näçe manatdan gidýär?” diýip başlarlar. Şonuň üçinem, olar ýaly işgär göze göründigi gaýdyryp goýbererler. Bahana-da, näçe diýseň tapylar: sünnet, galyň, öwlüýäde töwir galdyrypsyň. Gepiň gysgasy, gowşaklary, nalajedeýinleri ýokary çekmeli. Islän wagtyň ýüpüni dartyp oturar ýaly adamlar gerek. Sen hem ahmal bolma, duýduklary gaýdyryp goýbererler. Sen sorap gör okuwçylaryňdan: “Respublikamyzda näçe gaz öndürilýär? Näçe nebit çykýar? Olardan näçe girdeji bolýar? Köpüsi bilmez. Emma pagtany welin, hemmesi biler. Hatda haýsy raýonyň näçe pagta öndürýändigini bilerler. Bu zatlar halk nebitden, gazdan daşrak bolsun diýlip edilýär. Sebäbi ondan gelýän girdejiniň sany-hasaby ýok. Hany, olaryň biziň halkymyza peýdasy barmy? Pagtaňyz bilen boluberiň diýýärler, sebäbi näme? Sebäbi ýer ýüzünde pagta öndürmek yza galan halklaryň paýyna düşýär diýlip hasap edilýär. Sen pagta öndürýän döwletleri sanap göräý. Şolaryň haýsysy gowy ýaşaýar?
– Nätdiň-aý muny, Gurbannazar?
– Men-ä hiç zat edemok, ýoldaş komsomol. Hazar deňzi ýaly deňiz hemme halklara ýetdiriberenok. Şunuň daş-töweregini dünýä belli kurortlar etse boljak, hasam, Esenguly, Çekişler, Awaza, Çeleken töwereklerini. Bu ýerleriň deňziniň suwy örän arassa. Gowy howasam bar. Onsoňam, bir zada üns ber, her bir deňziň gyrasynda ýaşaýan halklaryň deňiz floty bolupdyr, bizde şolam ýok ahyryn. Haýran galaýmaly, deňiz bizde, deňiz ministrligi bolsa, deňiz ýok respublikada ýerleşýär.

Men Gurbannazary diňleýän, öýe baryp şu pikirleri ýazyp goýsam, soňra gerek bolar diýýärin. Emma, arman, hiç zat ýazmandyryn, gündelik aladalar bilen bolup ýörüpdiris. Bu hem, mümkin, türkmenleriň bir aýratynlygydyr...

GURBANNAZARLARYŇ ÖÝÜNDE

Hälki aýdyşym ýaly, Gurbannazarlaryň öýleriniň myhmansyz bolan wagty seýrekdi. Günleriň birinde ol maňa jaň edip: “Hany, durman gel, özem gowuja bolup gel, öýde myhmanlar bar” – diýdi. Onuň “gowuja bolup gel” diýen jümlesine men düşünýärdim, edil onuň diýşi ýaly hem etdim. Sagat irden 10-lar töweregidi, men “gowuja bolup” – iki çüýşe arak alyp, Gurbannazarlara bardym, içki öýünde Annaberdi Agabaýew, Ýuriý Rýabinin, Eduard Sklýar hem-de ýalňyşmýan bolsam, Annaly Berdiýew dagy stoluň başynda oturyp, edebiýat barada jedelleşip, meniň baranymy hem duýman galdylar. Men şu ýerde Eduard Sklýar bilen tanyşdym.

Oturylyşyk uzaga çekdi, bularyň edebiýat barada edýän gürrüňleri meniň üçin hem örän gyzyklydy. Biri bir pikiri orta atar, beýlekisi onuň garşysyna ýene bir pikiri aýdar– ynha, bir hezillik, ýöne diňläp oturmaly. Meniň bolup oturyşymy görüp, Eduard Sklýar Kedriniň goşgusyndan iki setiri aýdyp goýberdi:

“U poetow ýest takoý obyçaý,
W krug sadýas oplýowywat drug-druga...”

Annaberdi Agabaýew bu goşgyny terjime eden eken:

Şahyrlaryň edähedi, jem bolup,
Bir-birini çykarmakdyr püçege...

Men işe gitmelidim, oturanlardan rugsat soradym, şonda Annaberdi:
– Gurbannazar, sen bagtly adam, şunuň ýaly dostuň bar, meniňem dostlarym az däldir welin, ýöne şunuň ýaly irden öýüme “gowuja bolup” gelýänini göremok.

Annaberdiniň bu öwgüsini halaman durmadym. Gurbannazar bolsa:
– Meniň dostlarym şeýle-dä – diýip meni ugratmaga çykdy.

Gurbannazarlaryň öýündäki oturylyşyklar uzaga gidýärdi, men käwagtlar şolarda galýardym:
– Indi giç, gaýdyp oturma, men ýatyp uklap bilmerin, gije gaýtma, galaý bu gije – diýip, meni alyp galardy.

Gurbannazarlaryň öýi duz-çöreklidi. Onuň bu nahary halaýan, muny halamok diýen gürrüňini men-ä eşidemok. Ýöne onuň gowy görýän zady gowurdagy eredip, bir çemçe ýagy ýüzüniň ugruna içip goýbererdi.
– Şuny senem öwren, saglygyň üçin gaty gowy zatdyr.

Saglyk barada aýtsam, Gurbannazaryň “meniň pylan ýerim agyrýar” diýenini eşidemokdym. Ol sagat adamdy. Bir gyzykly zat, Gurbannazaryň burny ys almaýardy, şuny men geň görerdim:
– О nähili ys alaňog-a? Burun diýilýän zat diňe dem almak üçin däl-de, ys almak üçinem döredilendir ahyryn?! – diýenimde, ol:
-– Eger “Şipr” ýa-da “Karmen” odekolonyny burnumyň deşiklerine eltip ysgasam, şonda bir erbet zadyň ysy gelýär – diýip gülerdi,
– Aý, onuň burun bolaýşyny – diýip, men ýene-de degişmämi dowam ederdim. Ol bolsa:
– Şunuň ýaly owadan, grek burun Türkmenistanda-ha ýokdur, dünýäde-de ýok bolaýmasa...
– Ýok, burnuň görnüşine zat diýip biljek däl, ýöne mazmuny ýok, goşgynyň formasy bolup, mazmuny bolmasa nädýäňiz? Tankyt edýäňiz, menem seniň burnuň formasy örän oňat, ýöne mazmuny ýok diýýärin.
– Haý, türkmen, şunuň ýaly buruna-da at dakyp bilýäňiz?!
– Diňe burnuň däl, saçyňam-a ýaman ir agarypdyr – diýip, ony gününe goýamok.
– Aý, bir dostuň Aşyr bolsa, ýene biri Derýa bolsa, gözüňem agarar– diýip, yzyny goşga öwrüp goýberer:

“Razy, çalarypdyr, gara saçlarym,
Razy, hernä çalarmandyr ýüregim...

Hawa, “Jahan aýlanyp dur, oňatlyk örän...”

“Düýnüň özi garaşypdyk ýaşlyga,
A bu gün bolsa geçip barýar şol ýaşlyk..

Eýýäm ençeme ýyllar geçipdir, ýöne Gurbannazaryň ornuny meniň kalbymda başga hiç kim tutup bilenok. Şol boşlugyna dur.

Bir gün dynç alyş günüdi, ol maňa jaň edip, gelmegimi haýyş etdi. Men bardym, ol “Kil munda!” diýip, kakasynyň ussahanasyna alyp girdi. Men şu ussahana birinji gezek girişimdi. Bu ýerde şaý-sep ýasamak üçin hemme gurallar bardy. Gurbannazar:
– Ynha, men saňa gülýaka ýasalyşyny görkezeýin – diýip, bir guraldan eýran kümüş apbasysyny geçirdi, onuň görnüşi üýtgedi, soň ol meniň gözümiň öňünde bir täze gülýaka ýasady, ýüzüne diňe altyn çaýaýmaly edip goýdy.
– Altyny kim çaýýar?
– Ejem bilen Hally.

Men indi şol kysmy gülýakany gyzlaryň ýakasynda dakynanyny görsem, her gezek Gurbannazaryň ýasanydyr öýdýärin. Zergärçiligiň bu öýde ata-babadan gelýändigini men bilýärdim, ýöne Gurbannazaryň özüniň kümüş ussaçylygyndan başy çykýandyr öýdemokdym.
– Tüweleme, Gurbannazar, Hudaý saňa eçilip bilipdir.
– A, ty как dumal-a? Seret, Magtymgulynyň söýgülisi kim bolupdyr? Meňli bolupdyr, meniň söýgülim kim – Hally. Magtymguly zergär bolupdyr gerek? Menem azda-kände kümüş ussasy. Magtymguly şahyr bolupdyr gerek? Bolupdyr. Menem azda-kände şahyr... Gör, bu bolýan zatlary – diýip degşerdi.
– Gurbannazar, sen üstesine sazanda-da, dutary azda-kände, elbetde diňe meniň bilen, çalýaň ahyryn.
– Ha-ha! Bu zatlar öňküleriň üstüne.

Elbetde, eger-de men gündelik ýöreden bolsam, onda okyjy üçin ýekeje güni hem sypdyrman aýdyp bererdim, ýöne nätjek-dä, entek gündelik ýöretmek türkmen intelligensiýasynyň häsiýetine girmändir. Şindem bir pille.

DOSTLUK GATNAŞYKLARY

Men häli gürrüň beripdim. Gurbannazarlaryň gapysy ir diýmän, giç diýmän, elmydama açykdy. Gurbannazaryň özi hem käwagtlar wagtyna garamazdan “Ýörüň, pylanylara gideliň” diýip, ýanyndakylar bilen kim-de bolsa, bir dostunyňka gidibererdi. Bir gezek ýarygijeden soňdy. Gapy kakyldy, açyp görsem Halyl bilen Gurbannazar.
– Türkmeniň iki beýik şahyry gelip gije gapyňy kaksalar, özüňi bagtly hasap etmeli gerek, Derýa?! – diýip, Gurbannazar ikisi öýe girdi. Çaý-çörekden soň şeýle bir goşgy okaşyk boldy welin, arman, şol döwürde magnitofonym ýokdy-da.

Halyl bilen 1969-njy ýyldan bäri goňşy bolup oturdyk, ilki köne uniwersitetiň howlusynda, soňra bolsa altynjy mikroraýonda.

Anyk ýadymda däl, ýetmişinji ýyllaryň bahar paslydy.

Gurbannazar, men, Nury Halmämmet, Baýramguly Amangeldi bir ýerden gelýärdik, wagt giçdi, bahar ýagşy bolsa şeýle bir guýýardy welin, edil bedreden guýulýan ýalydy. Şu ýagşyň astynda Nury: “Gurbannazar, men şu taýdan hiç ýere gymyldajak däl, siz nirä gitseňiz gidiberiň, munuň ýaly ýagşy Hudaý elmydam berip duranok, gymyldajak däl” – diýdi. Gurbannazar bolsa:
– Ana, munuň kakyny tutup başlady, aý, men maňlaýy gara, elmydama Annaberdi bolsun, Nury bolsun, şular ýaly oturylyşykdan soň alada baryny berýärler-how, gör-ä, munuň bolup durşuny – diýdi.

Biz 10-njy mikroraýondadyk. Men:
– Şu ýerde Aşyr Bäşimow ýaşaýar, şolara baraly – diýdim. Ust-başymyz görer ýaly däl, Aşyryň gapysyny kakdyk, ol bizi mähirlilik bilen garşy aldy, emma Nury şol duran ýerinden gymyldaman, ýagşyň astynda durdy. Gurbannazar bardy - gaýtmady, men bardym – gaýtmady, soň bir seretsek, ýitirim bolup bir ýere gidipdir. Şonda Gurbannazar:
– Entek duruberiň, menem-ä Annaberdi bilen Nura bir gün iş bolaryn, ana, şonda görüberýäs – diýdi.

Megerem, Gurbannazar Nury hem Annaberdi bilen köp tirkeşenden soň, her hili ýagdaýlara gabat gelýän bolara çemeli.

1972-nji ýylllarda SK KPSS alkogolizme garşy göreş diýip karar çykardy. Bir ýerden Gurbannazar, Baýramguly, Amangeldi Amanow dagy jaň edip, maňa piwo satylýan ýere bar diýdiler. Hemmämiz bileräk bardyk. Şol wagtam piwo gutardy. Indi näme etmeli, nireden hem bolsa piwo tapmaly. Biz “Sumbar” dükanyndan çüýşeli piwo alyp çykdyk, şol bada ýüzugra açyp, suwsuzlygymyzy gandyrjak bolanymyz hem şoldy welin, iki milisioner biziň ýanymyza gelip, bize azar berip başladylar: “Näme üçin içýäňiz, şu taýy içilýän ýermidir?”, ýogsa, dükanyň daş-töwereginde serhoş bolup ýatanlaram bardy, olar bilen işleri ýok, biziň sypatymyzy medeniýetli gördülermi, nämemi, bilmedik. Gurbannazar:
– Biz erbet adamlar däl, içip ýykylyp ýöremzok. Bu Amangeldi Amanow – poligrafyň direktory, Derýa Baýramgulyýew – aspirant.

Şol ýerde bize Begmyrat Ussaýew hem goşulypdy, munam goýberenoklar.
– Begmyrat Ussaýew– uniwersitetiň dosenti hem şahyr, Baýram Amangeldiýew – Gosplanyň işgäri, menem Gurbannazar Ezizow – şahyr – diýip, ýanyndaky Pribaltikada çykaran kitabyny milisionerlere görkezdi. Olara geregem şoldy öýdýän. Gurbannazaryň elindäki kitaby aldylar-da:
– Indi şu adamlaryň biri şu ýerden gymyldasa, hemmesine sen jogap berersiň – diýdi.

Telefon apparatdan jaň edip, “jenaýatçylaryň” uly bir toparyny tutduk, tizräk maşyn iberiň – diýdiler.

Ýeri, bular üçin şahyr, mugallym ýa-da türkmen intelligensiýasy kim? “Şular ýaly adamlary köpräk tutuň” diýen buýruklary bar ýaly. Indi näme etmeli, bu uly masgaraçylyk, ertir bütin Aşgabat eşider. Gurbannazar Amangeldi Amanowa, Begmyrat Ussaýewe:
– Siz bir gidiň şu ýerden, biz öz günümizi göreris-dä – diýdi.

Bulary sypdyrdyk, şol bada aňyrdan sirenasyny gygyrdyp, milisiýanyň maşyny geldi. Içinde dört-bäş sany milisioner çykyp, biziň ýanymyza geldi. Şolaryň ulusy meni tanaýdy. Ony milisiýa işlemek üçin komsomoldan iberen özüm ekenim. Ol öňki bizi saklap oturanlara:
– Şulardan başga işiňiz ýokmy? Azar bermäň bulara! – diýip, bizi uly biabraýçylykdan sypdyrdy.

Gurbannazar bilen Baýram bolsa:
– Indi bar işimizi taşlap, barja zadymyzy satyp, bir ýerde komsorg bolup işlemesek armanly galarys, ýeri, ýaňkylara şahyr, dosent, direktor hiç kim, hiç zat, emma bu komsomol – partiýa işgäri bolsa abraýly, nähili bolýar bu zatlar?

OGUL KÜÝSEGI

Gurbannazaryň, Baýramgulynyň, Amangeldiniň, Aşyryň gyzlary bardy, hemmesi ogula garaşýardylar. Gurbannazar “oglum bolanok” diýip, juda alada edýärdi. Ol: “Siz ogully atalar, bu aladany bileňzok” diýerdi.
– Ogul boldurjak bolsaň pylan zat iýmeli diýdiler – iýdim, ogul bolmady, ýene-de biri pylan zat etmeli diýdi, onam etdim, ýene-de bolmady, indi men-ä ýöne oturybermesem, ile gulak salmaga-da gorkýan – diýip gülerdi.

Şu ýerde bir zady okyja aýtsammykam, aýtmasammykam diýip, pikir öwrüp, ahyry aýtmagy göwnüme makul bildim.

Günleriň birinde men, Tokar, Gurbannazar Ýalkym obasyna - Baýramgulylara gezmäge gitdik we olarda ýatmaga galdyk. Baýramgulynyň aýaly Orazsoltan gelnejemiziň aýagy agyr eken. Ine, daňdanlar öýde hysyrdy başlandy, bir salymdan soň Baýramguly: “Buşluk, ogul boldy” diýip geldi. Oglunyň adyna biziň hatyramyza Nökergeldi diýip at dakdylar. Häzir Nökergeldi Amangeldiýew respublikamyzyň tanymal aýdymçylarynyň biri. Bimäçe gyzdan soň ogul görmek türkmen üçin uly begenç, bagt.

Indi habary kimden al? Menden al. Men Gurbannazara, Amangeldä, Aşyr Bäşimowa: “Ogul boldurjak bolsaňyz, wagty ýetiberende meni öýe çagyryp, hyzmat etseňiz bolany, hökman ogul bolar, enşalla! Meniň aýagym düşýär” diýip, degşip ýaňkylara aýtdym. Ine, Hudaý tarapyn, Aşyr Bäşimowyň ogly boldy, men has beleň alýardym: “Ine, görýäňizmi, öňki güni Aşyrlarda oturdyk, aýdýan-a meniň aýagym düşýär diýip”.

Elbetde, bu meniň üçin degişme, ýöne Gurbannazar bilen Amangeldi, dogrudanam, wagty ýetiberende meniň yzymdan aýrylanokdylar. Amangeldilerde oturyp, uzynly gije küşt oýnap geçirdik, ertesi Amangeldiniň ogly boldy. Bol, bol, Derýa bol. Indi: “Gurbannazar, senem neni sypdyrma, hökman ogul bolar” – diýýärin. Iki gije Gurbannazarlarda bolduk – gyz boldy.
– Eh, sen, meni aldadyň.
– Bolar, enşalla, bolar, Gurbannazar – diýip hemmämiz Gurbannazaryň oglunyň bolaryna garaşýardyk.

Ogul boldy, arman Gurbannazar ony göriip bilmedi. Gurbannazaryň ogly Diller institutynyň iňlis dili fakultetini gutaryp, häzir sag-aman işläp ýör. Tüweleme, gowy ýigit bolup ýetişdi, öýli-işikli boldy. Gurbannazaryň nesli dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Gurbannazaryň ogly öýlendi. Tüweleme, gowy toý edildi. Toýa Gurbannazaryň ýakyn dostlarynyň biri A. Agabaýew ýolbaşçylyk etdi. Şu ýerde bir guwandyryjy zat, olam Gurbannazaryň maşgalasyna toý etmek üçin Eýran türkmen işewürleri kömek etdiler. Bu bolsa, Gurbannazaryň goşgularynyň Eýran türkmenleriniň arasynda-da uly hormata eýediginiň hem-de olaryň arasynda populýar bolandygynyň alamatydyr. Bu guwandyryjy faktdyr. Türkmenler: “Ýagşylyk ýerde ýatmaz”, “Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýipdirler. Eden ýagşylyklary üçin, Gurbannazaryň dostlarynyň adyndan köp sag bolsun aýdasym gelýär.

Şu ýerde gelnejemiz Hally barada iki agyz söz aýdasym gelýär. Türkmenfilmiň “Gelin” diýen filmi bütin dünýäni aýlanyp çykdy. Bütin dünýäniň kinotomaşaçylaryny türkmen gelniniň päkligi, wepalylygy haýran galdyrdy, olaryň birnäçesi ynamsyzlygam edipdirler, XX asyrda munuň ýaly wepalylyk galan däldir diýip. Emma ýalňyşýarlar, ine, Hally gelnejemiz Gurbannazaryň öýüniň ojagynyň oduny öçürmän, bütin häzirki zaman türkmen zenanlaryna, gelin-gyzlaryna görelde bolup otyr. Bu gahryman aýal, hakykatdanam, gahryman aýal. Gurbannazaryň aýaly Hally gelneje barada, onuň ejesi Gülnabat daýza barada näçe oçerkler, balladalar döredilse-de, bärden gaýdarmyka diýýärin. Şularyň, şular ýaly maşgalalaryň türkmen
halkynda barlygyna men guwanýaryn. Olar azam däldir. Ine, şunuň ýaly zenanlar biziň halkymyz üçin merdana ýigitleri, ojagyna wepaly gelinleri ýetişdirer durarlar, enşalla! Hally gelneje, Gülnabat daýza ýaly maşgalalaryň edep-ekramy-da, jemgyýetde, maşgala ojagynda, il arasynda özüni alyp baryşlary, perzende berilmeli terbiýesi bilen bütin türkmen zenanlaryna, aýal maşgalalaryna, nesil dowamatynyň sakasy bolan juwan gelin-gyzlarymyza göreldedir diýip, gaýtalasym gelýär!

(dowamy bar)

© Derýa BAÝRAMGULYÝEW
2007 ý.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 49 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Derýa Baýramgulyýew | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medenýet • 13:23, 25.01.2023
Fransuz ýazyjysy A.Dýuma ýüze golaý kitap ýazypdyr.ýaşy birçene baranda .men günde 25 sagatlap işlemeli boldup diýipdir onda biri günde 24 sagatbar ahyryn diýende.men bir sagay öň işe başlaýardym diýipdir.
avatar
0
2 Medenýet • 13:30, 25.01.2023
A nemis ýazyjysy Genrih Geýneden .Günortanky nahara çenli näçe iş etdiň diýip soralanda.ýaňy ýakynda ýazan goşgymy okadym setirleriniň arasynda otur belgisini goýdum diýýämiş.günortanky nahardan soň näme iş edtiň diýip soranlarynda şol goýan otur belgimi aýyrdym.diýip jogap beripdir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202